22:30

Jeff Bezos müdimilik ýaşamak isleýän ýaly, ýöne ol näme isleýändigine üns berse gowy bolardy

Категория: Publisistika | Просмотров: 426 | Добавил: Gökböri | Теги: Salma Şah | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Gumlygelin  
8
Makalany okap menem baky galmak hakda pikirlenip gördüm. Ol Jennetden binesip bolmak bolup, gaty ýürekgysgynç bolup göründi.

0
2 sabyrly  
908
Wagty gelende genetikany üýtgedip, bedeni ýaşardyp bolaram welin, ýöne bu diýeni "müdimi ýaşaýyş" däl-ä?!
Baky ýaşaýyş bar bolsa, ölüm bolmaly däl. Geljekde bularyň bedeni juwanlaşdyrany bilen ölüme garşy durup biler öýdemok. 100-200 ýyl köpräk ýaşap bilerler, ýöne ondan artyk bolmaz.
Bolany.

0
3 Haweran  
411
"Kime nesip etdi, ol aby haýat,
Derdi aşa geler, bu jandan zyýat."

Ýa-da:
"Adam ogly garramasa, ölmese,
Garyş ýer tapylmaz ekin ekmäge."
Magtymguly.

Bu dünýäde durmuş her kime bir hili garaýanam bolsa, ahyrynda ölümiñ hemmeler üçin deñdigem bir gowy zat. Ýogsam bolmasa... ...

Makalada aýdylyşy ýaly özüne ölümiñ ýokdugyny magat bilýän adam ogly soñabaka şeýtanlaşaýmasa, Hudaýa pitjiñ atmaga başlaýmasa we ölümi öz başyna özi salaýmasa, dünýäniñ soñuny getiräýmese ne ýagşy... Bu babatda awtoryñ wampir hekaýatlaryna salgylanmasy dogry.
"Güýçlerini şeýtandan alýan başy ölümsiz bu mahluklar ýer ýüzüne kesel we ölüm ýaýratmak üçin gelipdirler."
http://kitapcy.com/news....19-5856

Gadymy "Gilgameş" eposynda hem hökümdar Gilgameşiñ baky ömür sürmäge synanşyk edendigi aýdylýar.
Dini edebiýat hem bu synanşykdan öz paýyny alypdyr. Meselem, Idris pygamberiñ baky diri galmak üçin Ezraýyl perişdä guran hilesini ýada salyñ. Ýa-da halk döredijiliginden mysal alalyñ: "Gorkut atadaky" "Gorkudyñ gabry gazylgy" boýy dana Gorkudyñ ölmezlige çäre gözleýän ynsanyñ iñ soñky günündäki peýdasyz urnuşy muña mysal hökmünde iñ gowy epizod bolsa gerek.
Jeffiñ soñy-da gadymy hytaý hökümdary Çin Şihuanyñkydan gowy bolmazmyka diýýän:

"... ölümden gorkma duýgusy Çin Şihuangda çaksyz güýçli bolupdyr. Ol ebedilik ýaşaryn diýen umyt bilen rowaýatlarda arzuwy edilýän "Aby-Haýat" dirilik suwuny tapmak üçin elinden gelenini edipdir. Ölmezligiñ çäresini gözleýän Çin Şihuang munuñ üçin alys ýurtlara ilçi yzyna ilçi ugradypdyr. Gadymy patyşalaryñ we alymlaryñ kükürtli simap içip 10 müñ ýyl ýaşandygyna ynanyp, içýän şerabyna simap goşup içer eken. Imperator alhimikler tarapyndan özüne baky ömür bagyş etjekdigi wada berilen simaply suwlary aşa köp ulanýandygy sebäpli, elli ýaşynda ýurduñ gündogar welaýatyna ýörişe çykanda aradan çykypdyr."
http://kitapcy.com/news....18-6540

0
4 Rova  
1228
Gowy makala.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]