19:10 Kelte jümleler -2 | |
KELTE JÜMLELER
■ Baş egmek iki hili bolýar: biri ~ egniñe çenli, beýlekisi ~ dyzyña. ■ "Akyl satýañ" diýdi biri maña. Özi welin et satýardy. ■ Gözüñ çaşy bolsa, aýby ýok, özüñe geregini görersiñ. Imanyñ çaşy bolsa ~ beteri şol. ■ Il oñlasa atyñy soý, ýöne ondan öñ "iliñ" kimligini tana. ■ Iki at depişer, iýmli torba eşege galar. ■ Bazarda "Goý, menden gitsin!" diýilýän pursatlar bolýar. Şonda nepkeşlik iki elini ýüzüne tutup möññürermiş. ■ Nebis akmaýa bolup gelse-de, münme. Ýyksa, aýñalyp bilmersiñ. ■ Eşek aññyrany bilen aýdymçy bolmaz, şerraý gygyrany bilen beýemçi. ■ "Halallyk dollara satylmaýam bolsa, nämä gerek!" diýdi puldaryñ biri. ■ Iki egnimde iki perişde, emma ikisiniñem gözüne çöp atyp bilýän. ■ Sungatda oýnamak bir zat, oýnatgy bolmak ~ başga zat. ■ Itler gepleşende üýrýär. Adamlar beýtmejek bolmaly. ■ Ýüzügaradan aklyga garaşma, päli garadan ~ päklige. ■ Seni ýaradan ~ Hudaý. Seni adam etjek weli özüñsiñ. ■ Bilimiñ şasy bolsañam, wyždanyñ guly bolmagy başar. ■ "Men ~ ejiz" diýme. Adam diýen belent adyñ bardyr. ■ Dünýäni ahmal bilip, egilme, büküleniñ galar. ■ Işşegiñ eti bilen ýaşasañam, kellesi bilen ýaşama. ■ Nadanlyk akyly gamçylap dursa, onuñ elinden gamçysyny kim alar! ■ Hakykatyñ ajysy köpmükä ýa süýjüsi? Bir zat belli: onuñ ajysy sogan ajysy däldir, süýjüsi bal süýjüsi däldir. ■ Halkyñdan nägile bolma. Ol senden nägileligini aýdyberse, diliñi dişlemeli bolarsyñ. ■ Gurplulyk öz gurbuñdan däl bolsa, öwünme: öwündigiñçe, paş eder seni. ■ Wezipehonyñ pendi: säher bilen tur-da, kabinetiñe salam ber, onsoñ telefonyña... ■ Pirine hyýanat eden müridiñ takwalygyna bakma... ■ Çemçe bilen ýygnap iýdi ~ doýmady, çanak bilen ýygnap iýdi ~ doýmady. Diñe demir gözenekden uzadylan alýumin jamdan iýende, kanagat tapdy. ■ Göribiñ diline düşme: deñiz bolsañ, ýatasuw diýer, derýa bolsañ, ite suw diýer. ■ Halal-haramyñ terezisi eliñe düşse, özüñden başla. ■ Nebis halys alarladyberende, oýlangyn: içki öýe bir öz jesediñ sygýandyr. ■ Halka sygynsañ sygyn, ýöne halalhonlaram, haramhorlaram halkyñ içinden çykýandyr. ■ Dowzaha ýol salanlara-da behiştde ýer tapylmazlygy mümkin. ■ Dinem, pygamberlerem goý gününe. Olar agzamak üçin däldir, uýmak üçindir. ■ Bilmeýän bolsañ, öwretjek bolma. Bilýänden bolup dymjagam bolma. Iñ uly bilim ~ bilmeýäniñi boýun almakdyr. ■ Doga okañda, kalbyñdan gaýtsyn. Ýogsam agzy nasly aýdym aýdan ýalydyr. ■ Jynazadan şeýtel isleýän mollanyñ o dünýesi gömük bolmaly. ■ Köpügören kemçin: "Eliñe dollar tutdurýarlar weli, iniñ halallanan ýaly bolaýýar". ■ Sakgala goýulýan hormat onuñ eýesine goýulýan hormatdan artyk bolsa, beýle akyly syrdyran ýagşy. ■ Geçmişe sögme ~ pederler bardyr, geljege-de sögme ~ perzentler bardyr. ■ Zenanlardan zorlugyñ diñe erkekligiñe syrygýan bolsa, heleýçe ýoklugyñdyr. ■ Halkyñ zadyny "dokumentleşdirip" alsañam ~ ogurlykdyr. ■ Öwgi syrçadyr, köp çaldygyñça, öçer. ■ Ol sürünse - zemzen, gorksa ~ suwulgan. ■ Sözünde tagam bolmadygyñ pikirinde agram bolmaz. ■ Ol gelniñ dördünji äri, emma şol bir aýdymy: "Ölsemem, dönmenem senden..." ■ Aýal pälini bozsa, añtawçydan dalla ýetmez. ■ Öýüme ýeke köpük haram pul getirýän däldirin, elinje oýnaşyma eltýändirin. ■ Äre meñzejek bolup telpek geýdi, kethuda meñzejek bolup selle geýdi, jahyla meñzejek bolup tahýa geýdi, emma özünden özge hiç kese meñzäp bilmedi. ■ - A-how, ýalançy dünýä, ugur hanjak? - Ýalançyñ ýalan jogaby nämäñe derkar? ■ Özüniñ kimdigini bilmeýän adamyñ dili uzadan ýerine ýetýändir. ■ Muhammediñ dini adamoglyny bir akabadan inip-çykar ýaly etmegiñ ýoludyr. Kimde-kim ony agyzlary alartmak üçin ulanýan bolsa ~ dowzahydyr. Hudaýberdi DURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |