22:22 Kelte jümleler -3 | |
KELTE JÜMLELER
■ "Türkmeni dürtmeseñ duýmaz". Ol bu nakyly gaýtalap ýör-gaýtalap ýör, dürtmesiz duýýanlar bolsa deñinden geçip dur-geçip dur. ■ Diñe bilýän zadyñ hakda gürleseñ, diliñe ençe ýyllap dynç biljegiñi unutma. ■ Çaman gopýanam bolsañ, her hal gopsañ ýagşy. ■ Derdiñi biri bilen paýlaşañda, öz paýyñam onuñ egnine atyberme. ■ Gor tutýanyñ eli ýuwulgy bolmasa, küýze "gusarmyş". ■ "Ozal garyp bolup, soñra baýan äri", esewan etseñ, münüp barýan maşynyndan tanarsyñ. ■ Hudaýdan gorkanok, öz kölegesinden weli öler ýaly gorkýar. ■ Aýdym ýürekden çyksyn diýýärler. Ses agyzdan çykýan bolsa, ýürek neýlesin. ■ Özüñe göwnüñ ýetende, ýene bir ýola oýlanyp gör, göwnüñ saña öte baha kesýän bolaýmasyn. ■ Göwün taryñdan çykan owazy hiç bir simfoniýadan eşidip bilmersiñ. ■ Türkmeniñ biri-birine göwni ýetse, bo-how, bu güýjüñ öñünde duran özüñ bolma. ■ Kime dirikäñ öli bolmak berlen, kime ~ ölükäñ diri bolmak. ■ Sen, byradar, darykma-da, jibrinme-de. Töweregiñe ser sal, many agtar. Set müñ kerem ýörelen ýodalar bilen barýansyñ. Muña düşün, eger düşünseñ, mañlaýyñy diwara uryberesiñ gelmez. ■ Çek asmany üstüñe! Eýgermersiñ! Gel, gowusy, şol asmanyñ astynda pälimizi päkläli... ■ Şugulyñ sözi diñe öz bazarynda geçginlidir. ■ Adamogly ozal-u-ahyrda geplän sözlerini bir çukura gapgaryp, ýañadan dil açsa, haýsy sözden başlarka? "Men ~ adamdyryn!!!" diýip seslenäýse, ne ýagşy. ■ Bu dünýäñ harmanyny kim sowrup, kim çäjini-samanyny saýlap biler? Ýa-da adamyñ daýyma çekmeli ejirimikä bi?... ■ Pikir basanda, ýegşeriliberme. Ol saña adamdygyñy duýdurýandyr. ■ Gurşunly kenegi tirläp goýberseñ, hatara düzülen aşyklary dyr-pytrak edip biler. Käte adamlaram, göwnüñe, aşyga çalymdaşdyr. Ýöne seresap bolmaly: kenek yzyna gaýtsa, ýüz-gözüñ diýip durmaz. ■ Tamdyrañ tarynda diñe owaz bardyr, sen ondan özge zat gözleme. ■ Aýallar kowmunda egri ýol geñlenmese, erkekler kowmunyñ ýoluny urdurdygy biläý. ■ Paýhasy sap dine sygdyryp bolmaz. ■ Geçmişe buýsanmak ~ paýyñdyr, geljegiñ gamyny iýmek welin borjuñdyr. Kim paýyny söýlär ~ hasapdandyr, kim borjuny söýlär ~ azapdandyr. ■ Bakylyk ýyllardan, asyrlardan, müñýyllyklardan durýan bolsa, biziñ döwür-heññamymyz hem bakyýetiñ ujundan bir parçadyr. Eýsem-de bolsa, men özümiñ şeýle kelteje ynsan ömrüm bakyýete dahyllydyryn diýip ýaşaýan göwnübelentler, kaýda siz? ■ Asmanyñ diregi bolmasañ, jahandan kineli bolup ýörme. ■ Gedaýdan gaýtargy dilemäge dili barýan hannasa etini iýen diýjekmi ýa bitini iýen? ■ Ten humaryna gözleriñ ümezlände, ruhuñdan jellat oýansyn. Bolmasa, haramlyk howzuna çümdügiñ biläý. ■ Ýüp düwnüni her näçe çigşenem bolsa, çözüp bolýar, çözüp bolmasa, kesip bolýar. Ýürek düwnüni çözüp bilene başym gurban. ■ "Gel, gardaş, iç döküşeli" diýdim. "Içim boş" diýdi. "Gel, gardaş, ýurduñ hossasyny paýlaşaly" diýdim. "Hossam ~ gara başym" diýdi. "Gel, gardaş, ertiriñ sözüni söýläli" diýdim. "Ertiriñ başyny agyrtma. Şu günlügimi tapsam, besdir maña" diýdi. ■Degimsiz çinownik adyny sorasañ, edarasynyñ adyny aýdar. ■ Müñ kişä ýaraşmagy ündänden iki kişini ýaraşdyrmak ybaly dälmikä? ■ Eteginde namaz okabermeli hadymlar metjitden tapylmasa, darygyberme. Ilçilikdir. ■ Gybat ogurlyk haryt mysalydyr. Gybatkeşler şol harydy ogryn paýlaşýandyrlar. ■ Töhmet ~ hyýanatdan ýasalan gülledir. Şeýle gülle bilen tüpeñleýän kişi, bilgin, bigaýratdyr. ■ Men derdimi özümde saklasam, sen derdiñi özüñde saklasañ, olam derdini özünde saklasa, nädip dertleri dep edip bolarka? ■ Ölüm her kesiñ başynda bardyr. Sen ony ömrüñ ahyrynyñ puçduguny döwnemek üçin ýatlama-da, gysga menzili ynanan şekilli ýaşamalydygyñy tekrarlamak üçin ýatla. Hudaýberdi DURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |