22:42

Lutuñ şäheri

LUTUÑ ŞÄHERI

Magtymgulynyñ eserlerini her gezek okanyñda, bir täze zadyñ üstünden barýarsyñ. Beýik şahyryñ ulanan köp sözleriniñ, ýatlan taryhy, legendar, dini şahsyýetleriniñ hem-de göterýän geografik atlarynyñ añyrsynda uly maglumatlar ýatyr. Şol zatlar bilen Magtymgulynyñ dürli çeşmeler arkaly doly tanyş bolandygyny baý döredijiligi aýdyñ subut edýär. Emma şygyrda az söz bilen köp manyny bermek prinsipine eýeren ussat şahyr geçmişiñ taryhy ýa-da gaýry wakalaryny beýan edende, olaryñ mazmunyny gysgaça ýatlamak ýa-da diñe ýañzytmak bilen çäklenýär. Hut şuña görä-de, beýik akyldarlaryñ ýa-da "Kuran", "Injil", "Töwrat" ýaly mukaddes kitaplaryñ ýörite tefsir-düşündirişler talap edişi ýaly, Magtymgulynyñ-da ençeme eserleri aýratyn düşündirişler talap edýär. Şahyryñ özi şu meseläni nygtap, sözleriniñ gysga, emma düşündirişiniñ köpdügini ýatlapdyr:

Magtymguly, sözüñ gysga, şerhi köp,
Bilmäne hiç, bilen kişä nyrhy köp.


Şahyryñ şu ýerde ulanan "şerh" sözüniñ manysy "açma, giñeltme; düşündiriş, bir kyn meseläni çözmek we anyklamak üçin ýazylýan düşündiriş" diýmekdir. Hakykatdan-da, Magtymgulynyñ käbir eserlerine şeýle düşündirişler berilmese, onuñ manysy doly ýüze çykman galýar. Elbetde, şahyryñ şeýle häsiýetlj çylşyrymly şygyrlary ýörite ylmy-derñew işini talap edýär, ony ýerine ýetirmek bolsa, ylmy edaralaryñ borjudyr. Şeýle uly meselän birki makalanyñ möçberinde çözmek hem mümkin däl.
Magtymgulynyñ döredijiliginde duş gelýän köp sanly taryhy şahslat bilen bir hatarda, "Kuranda", "Kasasyl-enbiýada" bar bolan pygamberlet hem ep-esli orun alypdyr. Şol pygamberleriñ biri-de Lutdur. Magtymguly "Bary bolmasa" Magrupy bilen aýdyşyk şekilinde ýazan "Eýwany tört" atly goşgularynda Lut bklen baglanyşyklu wakany, Lutuñ şäheriniñ uçran heläkçiligini ýatlaýar:

Begzadalar galdy çopan gahryna,
Ten kaçan döz getir ýylan zährine,
Bibat bolup, dönsün Lutuñ şährine,
Her ülkäniñ häkim äri bolmasa.


Bu ýerde agzalýan Lut kim? Onuñ şäheri nireden ol şäher nähili weýran bolupdyr. Ine, şu zatlary bilmek üçin Lutuñ ady bilen baglanyşykly wakalary gözden geçirmeli, "Eýwany tört" şygrynda şahyr Lutuñ şäheriniñ näme üçin berbat bolandygyny ýañzydýar:

Ruhul-emin Jebraýyl hyzmat eder ustada,
Lutuñ şähri zynadyr, bary gitdi berbada.


Şu gysgajyk ýatlamalaryñ añyrsunda uly waka bar. Onuñ beýany şeýle:
Ybraýym pygamber haçan-da Müsür ülkesinden göçüp, Palestina gaýdanda, doganynyñ ogly Luty-da öz ýany bilen alyp gidýär. Olar öz ýanlary bilen köp baýlyk we mal äkidýärler. Uzak wagt geçmänkä, baran ýerleri olaryñ mallaryna darlyk edýär. Şu sebäpli Lut Ybraýymyñ ýanyndan göçüp Sedum (Sodom) diýen ýerde ornaşýar. Ol ýeriñ ilaty juda betgylyk, bezzat bolup, her hili pyssy-pyjurlyklardan, ýol urmakdan, ogurlyk etmekden gaýtmandyrlar. Belli bir dinleri-de bolmandyr. Emma ol kowum bu erbet işler bilen-de kanagatlanman, has azgynçylykly işe görlüp-eşdilmedik ahlaksyzlyga ýüz urýarlar, aýallar bilen aragatnaşyk etmegiñ deregine oglanlary öz haram işleri (beçebazlyk) üçin peýdalanyp başlaýarlar. Olar özleriniñ by gabahat işlerini gizlemekden geçen, gaýtam başgalary-da şeýle iş bilen meşgul bolmaga çagyrýarlar. Olaryñ binamyslyk işleri, ahlak jähtden pese düşmekleri günsaýyn artýar. Netijede, Allatagala wahý arkaly Luty pygamberlige belläp, şol kowumy hedaýat etmekligi oña tabşyrýar. Şondan soñ Lut özüniñ pygamberdigini äşgär edip, ol kowuma öwüt-nesihat edip başlaýar, olary azgynçylykdan el çekmeklige çagyrýar. Emma azgynlyk batgasyna batan ol kowum Lutuñ päk ýürekden aýdýan sözlerine asla gulak gabartmaýarlar. Tersine, olar Luty, eger öz çagyryşyndan el çekmese, ýurtdan kowup çykarjakdyklaryny aýdýarlar we öz bet işlerini ýene-de dowam etdirýärler. Lut bu pasyk-azgyn kowumyñ duçar bolan ahlaksyzlyk keseliniñ beýleki kowumlaryñ arasyna hem ýaýramaklyk howpunyñ barlygyny görüp, Hudaýdan olara göz görkezmekligi we olary agyr azaba sezewar etmekligi soraýar.
Allatagala Lutuñ haýyşyny kabul edýär we öz perişdelerini ol kowumyñ üstüne iberip, olara degişli temmj bermekligi, agyr jeza duçar etmekligi buýurýar. Perişdeler Lutuñ şäherine barmazdan öñürti Ybraýymyñ myhman kabul edýän köşgüne barýarlar. Ybraýym olary geçip barýan ýolagçylar hökmünde kabul edip, köp hezzet-hormat edýär. Semiz bir göle soýup, süýji tagamlar taýýarlap, olaryñ öñünde goýýar. Olar tagama el urmaýarlar. Ybraýym bu ýagdaýy görüp howatyrlanýar. Emma uzak wagt geçmänkä, ýañky adamlar özleriniñ perişdediklerini bildirýärler hem-de Ybraýymyñ parasatly bir oglunyñ dünýä injekdigini oña buşlaýarlar. Ybraýym olara garap: "Meniñ nähili çagam bolsun, men bir garran adam, aýalym-da şeýle, ol çaga dogurmak ýaşyndan geçen aýal" diýýär. Şu gürrüñleri diñläp oturan Ybraýymyñ aýaly Sara gülýär we: "Nähili men çaga dogrup bilerin, men ömrümiñ köpüsini geçiren garry kempir, ärim-de meniñ ýaly garry" diýýär. Perişdeler olara Allatagalanyñ gudratyny ýatladýarlar, onuñ isleg-erkiniñ tebigat kanunlaryna bagly däldigini duýdurýarlar. Şeýle-de bolsa Ybraýym olardan nähili möhüm iş bilen nirä barýandyklaryny soraýar. Olar: "Biz bir günäkär kowumyñ üstüne iberildik, şol kowum azgynçylyga ýüz urupdyr, biziñ wezipämiz şol kowuma göz görkezmek we olaryñ üstüne azap indermek" diýip jogap berýärler. Bu sözleri eşiden Ybraýym örän gaýgylanýar. Ol Lut barada oýlanýar, oña zeper öýdüp tukatlanýar. Emma perişdeler Luta hiç hili zyýan ýetmejekdigi hakda Ybraýymy ynandyrýarlar, diñe onuñ aýalynyñ, azgynlara kömek edýänligi üçin sebäpli, azapdan sypmajakdygyny aýdýarlar.
Perişdeler Ybraýym bilen hoşlaşyp, owadan oglanlar görnüşinde Lutuñ mekany bolan Sedum şäherine ugraýarlar, haçan-da şäheriñ derwezesine baryp ýetenlerinde, guýudan suw alyp duran bir gyzy görýärler, ondan kömek soraýarlar, olara myhman bolmak isleýärler. Bu gyz Lutuñ gyzy eken. Ol gelip kakasyna: "Eý kaka, derwezäniñ ýanynda iki sany owadan oglan seni soraýarlar, men hiç haçan şolar ýaly görmegeý oglanlar görmändim, eger kowum olary görseler, hökman azar bererler, iş masgaraçylyga çeker" diýýär. Lut gyzynyñ bu sözünden çuñ oýa batýar, närahat bolýar, olaryñ nähili adamdyklary hakda gyzyndan sorag edýär. Olary kabul edip-etmezlik barada gyzy bilen maslahatlaşýar. Myhman almalymy ýa-da kowumyñ azgynçylyk häsiýetini düşündirip, kabul etmekden boýun towlap, ötünç soramalymy? Emma Lutuñ pygamberlik derejesi, ýokary adamkärçilik mertebesi ony ikirjiñlenmäge goýmaýar. Ol oglanlary garşylamaga howlugýar, kowum habardar bolmanka, olary gizlinlikde öz öýüne alyp gelýär. Emma Lut kowumdan heder edýärdi, olar gelip, myhman oglanlary zorlap alyp gidäýmesinler diýip gorkýardy, çünki ol azgynlar nadanlyk zerarly öz tebibini duşman saýýan nähoş ýaly, Luty özlerine duşman we bigäne bilýärdiler. Şol pursatda azgyn kowum bilen pikirdeş bolan Lutuñ aýaly bu ýagdaýy äşgär edýär. Myhman oglanlar hakda kowumyñ azgyn adamlaryna habar berýär.
Uzak wagt geçmänkä, azgyn jemagat gülüp-oýnap Lutuñ gapysyna gelýärler. Lut gorkuly we howsalaly ýagdaýda olaryñ öñünden çykýar. Ol azgynlara näçe öwüt-nesihat etse-de, olar gulak asman, bihaýalyk bilen Lutuñ öýüne hüjüm edýärler, paýyş sözler bilen oña sögýärler. Bu ýagdaýy gören Lut hiç hili çykalga tapman, hatda öz gyzyny olara nikalap bermekligi teklip edýär. Emma haram nebsiñ toruna düşen azgynlar göýä diýersiñ ker, kör bolan bolan ýaly Lutuñ ýüzüni görmek we gepini eşitmek hem islemeýärler, diñe oglanlary talap edýärler.
Lut alaçsyz galar umyt gapylary onuñ ýüzüne ýapylýar, oglanlaryñ giriftar boljakdygy ony uly alada goýýar. Ol çuñ gaýga batýar. Gark bolup barýan adamyñ özüni halas etmek üçin her zada ýüz urđu ýaly, Lut-da bu ýagdaýdan gutulmak üçin elinde baryny edýär. Emma hiç hili çykalga tapman, özüniñ ol ýurtda ýekeliginden, dost-ýarlarynyñ ýanynda däldiginden zeýrenýär. Ol azgyn kowuma ýüzlenip: "Eger meniñ güýjüm bolan bolsady, siziñ garşyñyzda şeýle horluga duçar bolmazdym, siz bilwn pugta dikleşip, size gaýtawul bererdim, eger siziñ şäheriñizde ýeke bolmadyk bolsam, dost-ýarlarym, dogan-garyndaşlarym meniñ ýanymda bolan bolsady, onda size göz görkezip, bu haýbat atmalaryñyzy-da derbi-dagyn ederdim" diýýär.
Perişdeler Lutuñ gahar-gazaba ýugrulan gaýgyly ýagdaýyny görenlerinde oña göwünlik berip aýdýarlar: "Eý Lut, biz seniñ Hudaýyñ iberen wekilleridiris. Biz seni halas etmek, azgynlary bolsa jezalandyrmak üçin şu ýere geldik, hatyrjem bol, olar hiç haçan ne saña, ne-de bize el gatyp bilmezler we tizlikdr pyssy-pyjurlyklarynyñ netijesini görerler". Köp wagt geçmänkä, ol azgym kowumy galagoply ýagdaý gurşap alýar, ýüreklerine howp düşýär, her haýsy bir tarapa gaçyp başlaýar. Muny gören Lutuñ göwni açylýar. Perişdeler Luta aýalyndan başga maşgala agzalaryny alyp, gijäniñ ahyrynda ol ýerden göçmekligi tabşyrýarlar. Lut öz adamlaryny alyp, ol ýerden daşlaşýar. Şol pursatda Allatagalanyñ emri bilen ol kowumyñ üstüne azap howpy abanýar. Güýçli ýer titräp, Lutuñ şäheri agdar-düñder bolýar, soñ asmandan daş ýagýar. Ertir turup görseler, Sedum şäheri (häzirki ady Esdem) çöl-beýewana öwrülip, azgyn ilatyñ hemme öý-esbaplary weýran bolan eken.
Magtymgulynyñ bary-ýogy iki setirde ýatlap geçen wakasynyñ dolurak beýany, ine, şu aýdylanlardan ybaratdyr. Bu hadysa barada musulmanlaryñ mukaddes kitaby bolan "Kuranyñ" ("Gurhanyñ") on dört sany süresinde azda-kände beýan edilipdir. Ylaýta-da "Hu:d", "Hyjr", "Şuara" we "Ankebut" sürelerinde Lut pygamberiñ başdan geçirenleri barada ýeterlik maglumat berilýär. "Kurandan" has soñ ýazylan "Kasasyl-enbiýa" kitabynda-da Lut hakynda, ýöne käbir üýtgeşmeler bilen ýörite bap bar. Şu iki çeşmäni deñeşdirmek arkaly Magtymgulynyñ "Kurandan" peýdalanandygyny görmek bolýar. Lut pygamberiñ başdan geçiren gowgalary bilen baglanyşykly bir zady bellemek gerek. Ol hem bolsa, şeýtanyñ ýoluna giden Lut kowumynyñ ahlak azgynçylygydyr we oglanlar bilen jyns gatnaşygyny etmelekleridir. Bu elhenç kesel Lutuñ zamanynda ýüze çykany sebäpli, araplar oña Liwat ýa-da Liwata at goýupdyrlar. Onuñ Ýewropa dillerindäki ady gomoseksualizmdir. "Kuranyñ kyssalarynda" görkezilişine görä, ol azgynçylyk keseli gadymu wawilonlylaryñ, assiriýalylaryñ we ýewreýleriñ arasynda öñden dowam edipdir. Müsürjñ gadym taryhynda dört müñ ýyl mundan ozal ol hakda ýatlanypdyr. Gresiýada hem bu kesel gadym döwürlerde bolupdyr, hatda olaryñ ertekilerine (mifologiýasyna), syýasy durmuşyna, edebiýatyna we sungatyna-da aralaşypdyr, çünki gadymy grekler aýallary her bir jähtden erkek adamlardan pes hasaplapdyrlar. Hristian dini Gresiý we Rime aralaşanda, bu gabahat amaly gadagan edýär.
Yslamdan öñki araplaryń taryhynda hem bu gelşiksiz adatyñ azda-kände bolandygyny gadymy çeşmelerden görmek bolýar. Yslamyñ gelmegi bilen onuñ köki gyrylýar. Gomoseksualizm ahlaksyzlygy Hytaý, Hindistan we Ýaponiýa ýaly ýurtlarda-da ýaýrapdyr. Emma bu azgynçylygyñ XVIII-XIX asyrlarda ýaýran iñ ryswa ýeri Türküstanyñ Buhara, Hywa ýaly şäherleridir. Ylaýta-da ol häkim toparlaryñ arasynda giñden orun alypdyr. Häzirki döwürde asmany (ylahy) şerigatlaryñ hemmesi biragyzdan şu gabahat häsiýete garşy göreşýärler. Onuñ jemgyýetiñ ösüşine, ynsanyñ mertebesine ýetiejek zyýanyny nazara alyp, "Kuran" oña garşy berk göreşip gelýär, jezasyny-da ölüm hasaplaýar. Magtymgulynyñ döredijiliginde hem "Kuranda" aýdylyşy ýaly, her dürli azgynçylyk, şol sanda zyna etmeklik iñ ýaramaz häsiýet hökmünde berk ýazgarylýar.

Aşyrpur MEREDOW,
TSSR-iñ ylym we tehnika boýunça Döwlet baýragynyñ laureaty, filologiýa ylymlarynyñ kandidaty.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 12.04.1991 ý.
Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 455 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Aşyrpur Meredow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Magtymgulyny öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]