20:57

Nedir şa hakynda rowaýatlar / dowamy

▶ NEDIRIŇ OÝNY

Günlerde bir gün Nedir keýpsiz halda Mürze Mihdi han bilen köşgüň basgançagyndan ýokary çykyp barşyna, oňa şeýle ýüzlenýär:
«Näme etseň et-de, meni güldür, eger gülkim tutmasa, seni ölüme buýraryn!».
Mürze Mihdi han hernäçe gülküli sözler aýdyp, Nediri güldürjek bolsa-da, başa barmaýar, şa asla gülmeýär. Basgançagyň ahyrky iki pellesi galanda, Mürze Mihdi han öz ýanyndan pyşyrdap, bir zatlar aýdýar, ony bolsa Nedir eşidýär. Mürze Mihdi: «Eý alla, men näme etsem-de, peýda bermedi, indi eger bu ograş tä soňky pellä çenli gülmese, dat meniň günüme! Ol meniň başymy iýer!» diýýär. Ine, şu sögünç sözlerini eşidende, Nediriň gülküsi tutýar.

▶ BETBAGT ESGERIŇ TEMMISI

Hindistanyň Kernal diýen ýerinde Nediriň goşuny hindi goşunlarynyň garşysynda ýüzbe-ýüz bolup Durka, Nedir: «Gijelerine çadyrlarda ses-üýn bolmaly däl, hiç hili ot-yşyk ýakmaly däl» diýip buýruk berýär. Şol gijeleriň birinde ol Tähmasyp han Jelaýyr bilen goşunyň ordasyny barlap ýörkä, daşdan bir çadyrda ölügsije yşyk görýärler. Şol çadyra baryp görseler, bir esger şem ýakyp, şonuň ýagtysynda hat ýazyp oturan eken. Nedir oňa ýakyn baryp, ondan: «Näme ýazýarsyň?» diýip soraýar. Esger: «Adaglyma hat ýazýaryn» diýýär. Nedir: «Hany ýazanyňy oka» diýýär. Esger:
«Ertir duşman bilen söweş başlanjak, eger uruşda ölsem, şu hat sana ýazan iň soňky hatym bolar, seni hudaýa tabşyrýaryn» diýip okaýar. Nedir esgere garap:
–Şonuň yzynda «häzir gije, men şanyň beren buýrugynyň tersine şem ýakyp, saňa hat ýazdym, öz esgerlik wezipäme amal etmänligim üçin temmi edilmäge mynasyp. Şoňa görä, hanjar bilen garnymy ýyrtyp, hut şu ýerde ýer astyna girýärin, ebedilik hoşlaşýaryn» diýip ýaz – diýýär. Şondan soň ol esger hanjar bilen özgarnyny ýyrtýar. Şol gijäniňözünde ony ýerleýärler.

▶ ÝERINDE AÝDYLAN ŞYGYR

Hemedanyň ýakynynda Nedir şa bir depäniň üstüne çykyp, bir daşyň üstünde oturyp, esgerleriniň osmanlylar goşuny bilen söweş edişine syn edýär. Howa tupan ekeni. Bir it hem Nediriň ýanynda duran ekeni. Mürze Mihdi han hem şol ýerde bar eken. Şonda Nedir şa Mürze Mihdi hana garap:
–Şu mekan we şu ýagdaýymyz mynasybetli bir şygyr aýt – diýip buýurýar.
Mürze Mihdi han duran ýerinde beýnisinde şart-şurt düzüp, şu beýdiaýdýar:

Howa tupan-u hemdemim it, oturgyjym daş,
Bagşy heňne derek top-tüpeň sesi boýdan-baş.

▶ NEDIRIŇ SORAGY HEM TEMMISI

Bir gezek Nedir şa öz goşunlary bilen bir çölde düşlän wagtlary, şol golaýda bolan obalaryň ilatyndan bir adam oňa şikaýat edýär, ýagny bir esgeriň zor bilen gatygyny alyp içendigini aýdýar. Nedir şa şol esgeri çagyryp, sorag edýär. Emma esger beýle işiň bolandygyny inkär edýär. Nedir şa ýaňky şikaýat eden adama garap:
– Häzir şu esgeriň garnyny ýarjak, eger içinden gatyk çyksa-ha ol öz jezasyny alan bolýar. Ýogsam seni-de öldürjek– diýýär. Şonda şikaýatçy kabul edýär, emma esger boýun towlaýar. Nedir oňa:
– Indi sen iki günä etdiň. Biri-häraýata zulum etdiň. Ikinjisi-de Nedire ýalan sözlediň. Şondan soň oňa temmi bermekligi buýurýar.

▶ ERJELLIK

Nedir şa Kandahar urşunda şäheri birnäçe wagt gabap ýatmaly bolýar. Ol uruş zerarly halys ýadaýar, haldan düşýär. Günlerde bir gün bir diwaryň kenarynda oturyp, çuň oýa gidýär. Tötänden gözi diwardan ýokarlygyna çykyp barýan bir garynja düşýär. Ol bir dänäni agzyna alyp, diwaryň üstüne ýakynlaberende, däne agzyndan gaçýar. Garynja ýeňe ýere düşüp, şol dänäni agzyna alyp, ýokary dyrmaşmaga başlaýar. Ýene-de däne agzyndan gaçýar. Ol ýene ýere düşüp, dänäni agzyna alyp, ýokary çykarmaga talaş edýär. Ol diwaryň ortasyndan aşanda, däne ýene-de gaçýar. Garynja ýedi gezek şu işi gaýtalaýar. Ahyr soňunda ýaňky dänäni diwaryň üstündäki hinine eltýär. Nedir bu wakany görüp, her bir işde durnuklylyk, erjellik zerarly üstünlik gazanyp, maksada ýetip boljakdygyna göz ýetirýär, ondan ybrat alýar. Şeýlelikde, Kandahary gabamagy dowam etdirip, iň soňunda-da ýeňiş gazanýar.
Şu rowaýat emir Teýmur barada hem aýdylýar.

▶ GÖZI KÖR RYZAGULY

Bir gije Nedir goşun ordasynyň çadyrlaryny barlap ýörkä, bir çadyryň gapdalyndan geçip barşyna, görse, onda çyra ýananok. Ol daşardan: «Näme üçin bu çadyrda yşyk ýok?» diýip gygyrýar.
Çadyrdan biri:
–Kör adama çyra nämä gerek–diýip, jogap berýär.
Muny eşiden Nedir, ol sesiň öz ogly Ryzaguly mürzäniň sesidigini aňýar. Şonda şeýl-e bir gahary gelýär, hatda şol günüň ertesi ogly Ryzagulynyň gözi oýulyp kör edilen wagtynda şol ýerde bolup, şol işiň öňüni almak üçin töwella etmedik adamlary ölüme buýurýar.

▶ ÝATKEŞLIGI SYNAP GÖRMEK

Nedir bir ýere syýahata gidip barşyna, ýolda belli bir ýerde Mürze Mihdi handan: «Syýahatda iň aňsat we güýçli «iýmit näme?» diýip soraýar. Mürze Mihdi han: «Çörek bilen ýumurtga» diýip jogap berýär.
Şol syýahatdan birnäçe ýyl geçýär. Tötänden ýene bir syýahatda ýollary şol ýerden düşýär. Nediriň birnäçe ýyl şondan öň soran soragy ýadyna düşüp, Mürze Mihdi hanyň ýatkeşligini barlap görmek maksady bilen: «Mürze Mihdi han näme bilen?» diýip soraýar. Ol-da tizlik bilen: «Gurban, duz bilen» diýip, jogap berýär. Bu jogap Nedire ýaraýar. Mürze Mihdi han-da Nediriň ýatkeşligine we huşuna geň galýar.

▶ WADA WEPA ETMEZLIK

Nedir şa Maşatda ymam Ryzanyň guburynyň üstünde salnan jaýyň ortasynda ýerleşýän suw anbary üçin Hyratda bolan bir daşy getirmek isleýär. Muny amala aşyrmak örän kyn bolany sebäpli, hiç kimonyboýun almaýar. Ahyrda bir adam ol daşy otuz günde Maşada getirmegi boýun alýar. Emma ol öz ýanyndan oňa hyzmat edip, sylag alaryn diýen umyt bilen, beren wadasyndan iki gün öň, ýagny 28 günde ol daşy Maşada getirýär.
Nedir oňa: «Eger wadaňa wepa edip, otuzynjy gün daşy getiren bolsaň, hökman sylag alardyň, beren wadaňa amal etmän, iki gün öň getireniň üçin sylagdan mahrum bolduň» diýýär.

▶HAFYZYŇ DIWANYNDAN ATYLAN PAL

Nedir şa owganlary ýeňip, olary Yrakdan, Ispyhandan we Parsdan çykarandan soň, osmanlylary-da Eýran topragyndan kowup çykarmagy ýüregine düwýär. Şu maksat bilen ol Hemedany, Kirmanşany eýeläp, soň Tebrizi almaga ugraýar. Şonda geljekki ýagdaýyň, boljak urşuň näme bilen gutarjakdygyny öňünden bilmek üçin, Hafyzyň diwanyndan pal atýar. Tötänden aşaky gazal çykýar:

Şatlyk getirse içgi, açylsa ýel bilen gül,
Içmegil meý saz bilen, müftilerden ägä bol.
Şygryň bilen aldyň sen Yragy, Parsy, Hafyz,
Nobaty ýetdi indi, Bagdada, Tebrize gel.

▶ HAMMAMYŇ GOLAÝYNDAKY MÖHÜR GAZÝAN

Bir gün Nedir Kelatdaka hammama gidesi gelýär. Hammamyň gapysyna baranda, bir möhür gazýana gözi düşýär. Oňa: «Meniň üçin, hammama girip çykýançam, bir möhür gazyp taýýarla, onuň ýüzünde «Kuranyň» üç süresi hem-de meniň we atamyň ady bolsun» diýip buýurýar. Bu işi buýurýanyň Nedir şadygyny bilen ýaňky möhür gazýan adam aljyraýar, näme etjegini bilmeýär. Şonda onuň şägirdi ussadynyň şeýle çykgynsyz ýagdaýa düşenini görüp:

«Ýa eýýuhel-muzzemmil», «kul owhiýe tebarek,
Nedirguly-ýe efşar ferzend-e Mir Mübärek»–

–diýip ýaz diýýär. Möhür gazýan-da şeýle ýazýar. Nedir hammamdan çykanda, oňa berýär. Şeýlelikde, Nedirden sylag hem alýar.

▶ DIŞ DÖWÜJI JOGAP

Rowaýatlarda aýdylyşyna törä, Nediriň bir esgeri birnäçe owgan esgerini Şiraza äkitmäge buýruk alýar. Olar ýolda baryşlaryna, Günabat diýen ýere ýetenlerinde, owgan esgerleriniň biri hetdenaşa begenç bilen hoşal bolup:
«Hut şu ýerde owgan güýçleri safawileriň goşunlaryny iň soňky gezek ýeňipdir» diýýär.
Şondan köp wagt geçmänkä, olar Şirazyň on sekiz kilometr demirgazyk gündotarynda ýerleşýän Zergan diýen ýere baryp ýetýärler. Şonda ýaňky Nediriň esgeri owgan esgerine garap:
«Hut şu ýerde-de Nedir şanyň goşuny owganlaryň iň soňky esgerine çenli ýok edipdi» diýýär.

▶ SENIŇ ÝALY SERDAR ÝOKDY

Nedir şaňyň owganlara garşy uruşlarynyň birinde bir türkmen esgerine gözidüşýär. Ol goşunyň öň hatarlarynda duşman bilen aldym-berdimli söweş edip, olardan ençemesini öldürýär, ýene-de gahrymanlarça öňe okdurylýar. Onuň şeýle batyrlygyny gören Nedir şa ony ýanyna çagyrýar-da ondan:
«Sen öň niredediň, safawiler döwründe Eýran goşunlarynyň owganlardan masgara bolup ýeňilýän wagtlary ýokmudyň?» diýip soraýar. Şonda ol esger:
«Şahym, meniň ýaly esgerler şol wagtda-da köpdi, ýöne siziň ýaly serdarymyz ýokdy» diňip jogap berýär.

▶ GURBAGALARYŇ LAL BOLŞY

Nedir şa Mazanderan şäherleriniň birinde köşkde ýatyrka, gurbagalaryň wakgyldysy onuň rahat uklamagyna päsgel berýär. Şonda ol Mürze Mihdi hana gurbagalaryň sesini kes diýen buýruk berýär. Nediriň buýrugy hökman ýerine ýetirilmelidigi üçin, Mürze Mihdi han çäre agtaryp, köp oýlanmaly bolýar. Ahyr- soňunda bir goýun öldürip, şonuň içegelerini çykardyp, arassalap, ýel berdirip, gurbagalaryň wakgyldaýan howuzyna taşladýar. Şondan soň gurbagalar, şol ýel berlen içegelerden ýylandyr öýdüp gorkup, seslerini kesip, her haýsy bir burçda bukulýar.

▶ NEDIRIŇ ESGERLIK ÝAŞAÝŞY

Tähran bilen Tebriziň ýolunda Miýananyň golaýynda Şaapbasyň döwründen galak bir kerwensaraý bar. Nedir bir gije aýazly, garly sowuk howada ýeke-täk özi şol kerwensaraýyňgapysyndan girip: «Iýmägenämäňiz bar?» diýip gygyrýar. Kerwensaraýçy ýumurtga bardygyny aýdýar. Nedir birnäçe ýumurtga bişirmegi buýrup, özi atyna iým bermäge meşgullanýar. Soň biraz naharlanyp kerwensaraýça: «At iýmini iýip bolanda, meni oýar» diýip, atyň keçesini üstüne örtüp ýatýar. Kerwensaraýçy ony aýdan wagtynda oýarýar. Nedir çaltlyk bilen atlanyp, kerwensaraýça garap şeýle diýýär: «Ýakyn wagtda şu ýere birnäçe esger gelip ýeter, şolara: «Bu ýerde saklanmasynlar, tiz hereket etsinler diýip, Nedir buýurdy» diý.
Kerwensaraýçy Nediriň adyny eşidende howatyrlanýar. Nedir oňa birnäçe kümüş pul berip ýola düşýär. Aýdyşy ýaly, birnäçe sagatdan Nediriň goşuny şol ýere gelip ýetýär. Kerwensaraýçy Nediriň buýrugyny esgerlere aýdanda, olar saklanman, ýollaryny dowam edýärler.

▶ AR ALYŞ

Haçan-da Pethaly şa gajar Horasana gelende, Nedir şanyň agtygy Şahruhyň ogly–Nedir mürze Maşatda eken. Şonda Pethaly şa gajaryň buýrugy boýunça ony öldürýärler. Soňlar şu sözlemi köp gezek tekrarlar eken: «Nedir şa babamyz Pethaly han gajary Maşatda öldüripdi. Indi bolsa Pethaly şa şol zalym Nedir şanyň çowlugy Nedir mürzeden onuň aryny aldy».

▶ GAN YSY

Dagystan uruşlarynda bir gün Nedir nahar iýmek üçin Araz derýasynyň gyrasynda, bir ýasy daşyň üstünde oturýar. Gollaryny çermäp, gana bulaşan gylyjyny dyzynyň üstünde goýup, çörek bilen sogan iýip başlaýar. Şol ýerde Nedir şa rus patyşasynyň ilçisini ýanyna talap edýär we oňa garap: «Eýrana degişli bolan şäherlerdäki rus goşunlarynyň perman berijilerine yglan et, eger tizlik bilen şol şäherleri boşadyp, yzlaryna gitmeseler, men edil şu görşüň ýaly, şu ýerden olaryň üstüne hüjüm edip, hemmesini öldürip, jesetlerini deňze döküp, kellelerini rus imperatoryna ibererin» diýýär. Bu ýagdaýy ilçi imperatora habar berip: «Men Nediri geýimleri gan ysyny berýän halatda gördüm, rus goşunlary näçe tiz Eýrandan çyksalar, şonça oňat boljak» diýip maslahat berýär. Şondan soň imperatoryň buýrugy boýunça rus goşunlary hiç hili uruşsyz Eýran şäherlerini boşadyp, Nediriň ygtyýaryna berýärler.

▶ ŞAPARAZLYK

Bir gezek Nedir çölde aw awlap ýörkä, öz esgerlerinden daş düşýär. Örän suwsap ýörşüne bir çesmäniň başyna barýar. Görse, bir oba aýaly çeşmeden suw alyp duran eken. Nedir onuň küýzesini alyp, çeşmeden suw içjek bolýar. Aýal gahar bilen: «Sen Nediriň esgeri dälmi, rugsatsyz meniň küýzäme el urup, onuň gazabyndan gorkmaýarmyň?» diýýär. Nedir aýalyň bu sözlerini eşidip utanýar we ondam ötünç soraýar. Soň goşawuçlap suw içjek bolýar. Aýal suwy bulançakladyp başlaýar. Nedir muny görüp gaharlanýar, sebäbini soraýar. Aýal: «Ilki seni tanamadym, ýüzüňe siňe seredip, Nedir şadygyňy bildim, özüň ýadaw, endamyň derli halda sowuk suw içjek bolduň, nähoşlarsyň öýdüp gorkdum, indi eger temmi berilmäge laýyk bolsam, jezamy berip bilersiň» diýýär. Nedir aýalyň sözlerini makullap, oňa hoşamaýlyk edýär we öz goşunyna tarap ugraýar. Ol öz ýanyndan «şunuň ýaly gadyrdan halk hiç haçan duşmandan ýeňilmez» diýýär we şu ynanç bilen-de Nedir hemişe uruşlarda ýeňiş gazanypdyr.

▶ PAL ATMAK WE UMYTLY BOLMAK

Nedir Bagdada goşun çekende, birinji gezek ýeňilýär. Eýran esgerleri gaçyp dargaýarlar we her kim öz obasyna tarap ugraýar. Nedir-de adamlaryndan aýra düşüp, ýeke özi Eýrana tarap gaýdýar. Ýolda gelşine öz ýanyndan: «Indimeniň işim gutardy, güýç-gudratym elimden gitdi» diýip oýlanýar. Edil şu pursatda öňünden gidip barýan iki sany esgere gözi düşýär. Nedir öz ýanyndan pikir edýär: «Şu iki esger arkaly pal ataýyn, esger olar meniň buýrugymy ýerine ýetirseler-ä, meniň şol öňki Nedirdigim we işimiň gutarmandygy mälim bolar, eger-de ýerine ýetirmeseler, onda men ýola düşüp, öz obama gidibermeli» diýip oýlanýar. Nedir gidip barşyna, şol iki esgeriň yzyndan ýetýär. Şolaryň birine beýlekisini öldürmegi buýurýar. Ol esger boýun egip, tizlik bilen ýoldaşyny öldürýär we: «Haýp, öldürenim öz doganymdy» diýýär. Nedir bu paldan hoşal bolup, öz gelejegine umytly bolýar. Ol öz ýanyndan «men entegem şol öňki Nedir ekenim» diýýär we doganyny öldüren esgere-de hoşamaýlyk bildirip, köp kömek edýär.

▶HAJY APBASGULYNYŇ JEZASY WE HAJY EŞREFIŇ SYLAGY

Nedir entäk patyşalyga ýetmänkä, bugdaý getirmek üçin öz obasyndan Horasanyň demirgazygynda ýerleşýän raýonlaryň birine gidýär. Galanyň skladyndan bir mukdar bugdaý satyn alyp, çuwallaryny doldurýar. Alan bugdaýlaryny ýükläp, gaýtjak bolup durka, skladyň hojaýyny Apbasguly hajy gelip, skladça käýeýär: «Näme üçin menden rugsatsyz bu türkmene bugdaý satdyň» diýýär. Nedire bolsa alan bugdaýlaryny yzyna dökmegi buýurýar. Nedir köp towakga edip: «Biz siziň myhmanyňyz, birnäçe gün bäri garaşdyk, bugdaýyň bahasyny näçe diýseňiz berjek» diýip ýalbarsa-da, hojaýyn kabul etmeýär, asla size bugdaý satjak däl diýýär. Çuwallary boşatdyryp, Nediri gazap bilen skladdan çykaryp kowýar. Nedir oňa garap: «Eger güýjüm bolsa, berk temmiňi bererdim, haýp» diýýär. Apbasguly bolsa, oňa: «Her wagt şa bolanda, meniň gözlerimi kör etmäge buýruk beräý» diýip ýaňsylaýar. Nedir pahyr boýnuna urlan ýaly bolup, ol ýerden daş çykýar. Tötänden şol ýerde bu wakany görüp duran Hajy Eşref atly başga bir adam Nediriň halyna rehimi inýär we ony öýüne äkidip, hyzmat edýär. Soňundan bolsa, oňa gerek mukdarda orta baha bilen bugdaý satýar. Gitjek wagty ýolda iýjek naharyny-da taýýarlap berýär.
Bu wakadan ençeme ýyl geçýär. Nedir serdarlyk derejesine ýetýär. Bir gezek öz goşunlary bilen, şol ýere barýar. Şonda Apbasgulyny we Hajy Eşrefi ýanyna çagyrýar. Olar gelenlerinde, Nedir Apbasgula ýüzlenip: «Birnäçe ýyl mundan öň maňa näme aýdanyň ýadyňdamy? Şol aýdan sözüňi indi ýerine ýetireýin diýip, onuň iki gözüni kör etdirýär. Soň Hajy Eşrefe garap: «Men seniň skladyňdan bugdaý ýüklän wagtymda, şol ýerde köne dolagymy galdyrypdyryn» diýýär. Hajy Eşref: «Hawa, häzirem şol ýerde durandyr» diýip, bir adam iberip, ony getirdýär. Nedir onuň dogruçyllygyny we eden hyzmatyny nazara alyp, mülkünden salgyt almazlygy buýurýar.

▶ GUDRATYŇ LEZZETI

Daragez ýaşulularynyň rowaýat etmeklerine görä, Nedir ýaş wagtynda Destgirt diýen obadan Sadat galasyna atly barýarka, ýoly bir gawun-garpyz ekilen bakjanyň üstünden düşýär. Atyň üstünden gylyjy bilen gawundan, garpyzdan dürtüp alýar-da, bişen bolsa iýip, bişmedigini zaýalap taşlaýar. Birden ekin sakçysy gelip, onuň üstüne gygyryp başlaýar: «Näme beýle zaýaçylyk edýärsiň, eger hojaýynyma aýtsam, seniň mazalyja temmiňi berer» diýýär. Emma Nedir onuň sözlerine asla gulak gabartmaýar. Sakçy alaçsyz galyp, oba gidip, ekiniň eýesi bolan gala häkimi Seýide habar berýär. Ol-da birnäçe ýigide: «Nediri tutup getiriň!» diýip buýurýar. Olar baryp, Nediri atyndan düşürip, mazaly ýençýärler we Seýidiň ýanyna alyp gelýärler. Seýit galanyň ilatynyň öňünde Nediri masgaralaýar, «Oglanlar, bu betgelşigiň ýüz-gözüne, bolgusyz ýabysyna, onuň eýer-şaýyna serediň» diýip ýaňsylaýar. Galanyň ilaty-da ony masgaralaýarlar. Ahyrsoňy Seýit ony kowup goýberýär.
Bu wakadan ençeme ýyl geçýär. Nedir patyşalyga ýetýär. Hindistany basyp alyp. Maşada gaýdyp gelşine, ýolda Darageziň on iki kilometrliginde we Sadat galasynyň on kilometrliginde bolan Çapyşly obasynda düşleýär. Şol ýerde Seýidiň aýdan gyjytly sözleri ýadyna düşýär, ony tiz getirmegi buýurýar.
Haçanda Seýit Nediriň ordasyna gelende, onuň goşunlaryny, köp sanly gözel ahal-teke atlaryny, olaryň gymmatbaha göwherler bilen bezelen eýer-şaýlaryny görüp, geň galýar we gorkup howatyrlanýar. Nediriň garşysyna gelende bolsa, onuň haýbatyndan, dabarasyndan ýaňa titräp başlaýar. Nedir oňa seredip: «Hä, meni neneň görýärsiň, ýüz-gözüm, keşbim nähili, atlar, olaryň esbaplary niçik?» diýýär. Seýit aljyraňňyýagdaýda: «Men gudratly wagtym saňa islänimi etdim, indi sen gudratly, meniň bilen näme edeýin diýseň, edip bilersine diýýär. Seýidiň şu mert sözi Nedire ýaraýar, netijede onuň günäsini geçip, Sadat galasynyň girdejisini we onuň ýanykdaky «Musulman» atly çeşmäni-de oňa bagyşlaýar. Häzirki wagtda hem şol mülk Seýidiň nesilleriniň ygtyýarynda saklanyp gelýär.

▶ ESGER IÝMITI

Nedir Kawkazda uruş edip ýörkä, «owganlar Hyratdan Maşada gelip, şäheri gabap ýatyrlar» diýen habary eşidýär: Şol ýerden gyssagly. Maşada tarap ugraýar. Ýolda Nişabure ýetende, bir kerwensaraýa barýar, şonuň hojaýynyndan: «Iýmäge nämäň bar, unuň, toşabyň, ýagyň barmy?» diýip soraýar. Kerwensaraýçy şol zatlary tizlik bilen tapyp getirýär. Nediriň hut özi ol zatlary garyşdyryp, hamyr edýär, mazaly ýugurýar we üç sany uly togalak edip, bir togalakdan azajyk iýip, galanyny horjunyna salýar. Beýleki iki togalagy bolsa kerwensaraýça berip: «Meniň esgerlerimden birnäçesi şu ýere gelende, şolara ber hem-de olara aýt, bu ýerde saklanman, Dizabatda özlerini maňa ýetirsinler» diýýär. Kerwensaraýçy Nediriň buýrugyny ýerine ýetirýär, netijede Nedir ýeňiş gazanýar.

▶ KELATYŇ GENJI-HAZYNASY

Nedir şa özüniňdürli ýurtlardan getiren köp mukdardaky gyzyl-kümüş pullaryny, gymmatbaha göwherlerini synlamak üçin, Kelat galasynyň beýik daglarynyň başynda ýörite jaý saldyrýar. Baýlyklary ýesirlere göterdip eltdirip, soňundan-da olary öldürýän ekenler. Her bir hazynada bolsa diňe bir adamy sakçy hökmünde belleýän ekenler, onuň yzyna gaýtmaga ýoluny-da baglap, azygyny-da aşakdan eltýän ekenler. Ol ýokardan tanap sallap alýan eken.
Bir gün sakçy görse, azyk getiren adamlar nätanyş eken. Sakçy olaryňpälleriniň bozukdygyny aňyp, tanapyny aşak sallamaýar. Şeýlelikde, ol köp wagtlap suwsuz we azyksyz galyp, heläk bolýar.
Häzirki döwürde-de Nediriň gaznasyndan bir mukdary şol Kelat daglarynyň başynda barmyş diýen gürrüňi halk agzyndan eşitmek bolýar. Emma anyk ýerini hiçkim bilenokmyş. Kämahallar sil gelende, şol daglaryň eteginden ýek-ýarym kümüş pul tapylýar.

▶ PERMANDAN BOÝUN TOWLAMAK

Uruşlaryň birinde Nedir serdarlarynyň birine, birnäçe esger bilen birlikde, duşmanyň geçäýmegi ähtimal bir köprini gorap saklamagy buýurýar. Ol serdar ýeterlik güýç bilen şol köprini ýoklamaga ugraýar. Emma ol baranda köprüden geçip, duşmanyň üstüne hüjüm edip, ony ýeňýär we gaçmaga mejbur edýär. Ol öz ýanyndan oňat hyzmat edendirin öýdüp, Nedirden sylaga garaşýar. Emma haçanda, Nediriň huzuryna gelende, ol oňa gaty käýeýär we: «Saňa köprini gorap saklamak buýrulypdy, näme üçin birugsat duşmana hüjüm etdiň» diýýär. Soň perman berip, ony jezalandyrýar.

▶ HAKYKATA ÖWRÜLEN DÜÝŞ

Nedir bir gezek Ebiwertden (Bawertden) üç-dört adam bolup Maşada barýarkalar, gije ýolda ýatmaly bolýarlar. Nediriň süýtdeş dogany Ybraýym ýatman, garawul bolup oturýar. Nedir uklaýar, düýş görýär. Düýşünde onuň ýanyna bir adam gelip: «Meniň bilen ýöri, seni çagyrýarlar» diýýär. Nedir onuň yzyna düşüp gidýär. Bir agajyň ýanyna barýarlar. Görse, onuň saýasynda bir nurana adam oturan eken, aýaklarynyň üstüňde bolsa bir gylyjy keserdip goýan eken. Nediri alyp gelen adam: «Bu hezret Alydyr» diýýär. Nedir oňa salam berýär. Aly oňa garap: «Sen Nedir owşarsyň, sen çopansyz goýun sürüsi ýaly sergezdan bolup ýören dagynyk ilaty halas edip, bu betbagtlykdan gutarmalysyň. Sen süriniň sakçy itisiň we ony gorap saklamalysyň!» diýýär. Soň hezreti Aly oňa bir gylyç berip: «Sen Eýranyňşasy bolarsyň» diýýär. Nedir: «Seniň bu sözleriň dogrudygyny men nädip bileýin?» diýýär. Aly: «Şu nyşan bilen: edil şu pursatda seniň ýoldaşlaryň şu, ýere ýakynlaşyp gelýän bir kerweni talamaga garaşyp durlar. Emma sen olaryň öňüni al, olara aýt, ol kerwene zyýan ýetirmesinler, birnäçe sagat garaşsynlar, başga bir kerwen geler, şondaky tyllalary alyň, işiň şowuna bolar. Ol tyllalar nähakdan olaryň eline düşendir» diýýär.
Şu pursatda Nediriň dogany Ybraýym ony ukudan oýarýar. Nedir gören düýşüni oňa beýan edýär. Şol wagtyň özünde hem bir kerwen ýakynlaşyp gelýär, ýoldaşlary ony talajak bolýarlar. Nedir her edip-hesip edip olary bu işden saklaýar. Birnäçe sagatdan başga bir kerwen gelip ýetýär. Nedir dagy ondaky tyllallary eýeleýärler. Şondan soň Nedir: «Indi düýşümiň hakykatdygyna düşündim» diýýär.

▶ HOWP SALMAKLYGYŇ ULAGLARA TÄSIR EDIŞI

Darageziň ýakynyndaky «Allahu-ekber» atly dagyň, geçmesi örän kyn bolan ýolundan Nediriň esgerleri top arabalaryny dagyň üstüne çykarmaly bolýarlar. Emma ulaglar toplary daga çykaryp bilmeýärler. Şonda bir esger: «Eger Nedir şa maňa aman berse, men ulaglar toplary daga çykarar ýaly bir iş edeýin» diýýär. Şa aman berýär. Ýaňky esger top ýüklenen ulaglary pugta gamçylap başlaýar hem-de gaty ses bilen gygyryp, Nedire sögýär we ulaglara-da howp salyp gorkuzýar, eger ýaltalyk etseler, Nedir şanyň buýrugy bilen heläk boljakdyklaryny aýdýar. Şeýle sögünçler we gorkuzmalar netijesinde ulaglar zor edip, toplary dagyň başyna çykarýarlar.

▶ MÖHÜR GAZDYRMAGYNYŇ SEBÄBI

Eýran şaýylary, ylaýta-da ipyhanlylar owganlaryň zulum-süteminden ejir çekýän wagtlary Nejep alymlaryna öz agyr ýagdaýlaryny bildirip, birnäçe gezek hat ýoldapdyrlar we olardan hemaýat isläpdirler. Nejebiň uly seýit alymlarynyň biri bu ýagdaýy eşidip, örän howsala düşýär. Şeýle halatda ol bir gije düýş görýär. Düýşünde Muhammet pygamber bilen hezret Alynyň huzuryna baryp, Eýran şaýylarynyň arza-şikaýatlaryny beýan edýär. Edil şol pursatda Apbas ibn Aly gapydan girýär. Ol boýny bagly (bir haýwany öz ýany bilen alyp gelýär. Ol haýwan örän haýbatly, onuň gözleri-de kiçi we ýiti eken. Şol adam gelenden soň hezret Aly: «Tizlikde şaýylar halas bolarlar» diýýär. Düýş gören seýit ençeme wagtlap öz gören düýşüniň ýorgudyny bilmegiň intizarynda gezýär. Nedir şa iş başyna geçýär. Bir gezek Nedir Nejebe zyýarata barýar. Şäheriň hemme alymlary we ruhanylary onuň huzuryna barýarlar. Diňe ýaňky meşhur seýit barmakdan boýun gaçyrýar. Nedir şa munuň sebäbini soraýar. «Ol takwa adam, baryş-gelişden, syýasatdan daşda durýar» diýip jogap berýärler. Nedir şa nähilibolsa-da ony görmek isleýär, seýit nähili meýil etse, şony kabul edip, onuň bilen duşuşmaklyga buýruk berýär. Seýit şaýylaryň bähbidini nazarda tutup, näalaç bir ulaga münýär-de, bir-baş Nedir şanyň çadyryna baryp girýär, ulagyň owsaryny bolsa çadyryň gazygyna daňýar. Nedir şa seýidi hormatlap, ony garşylaýar. Haçan-da seýidiň gözi Nediriň gözüne düşende, ol birnäçe gezek belent ses bilen: «Allahu-ekber, Allahu-ekber» diýip gygyrýar. Nedir şa howatyrlanýar we geň galmaklyk bilen bu gykylygyň sebäbini soraýar. Seýit gören düýşüni Nedir şa gürrüň edip berýär. Şol pursatda Nedir şa bir ýüp tapyp getirmekligi buýurýar, şony-da öz gerdenine daňyp, bir ejiz haýwan ýaly ýagdaýda hezret Alynyň Guburyna zyýarat edýär. Soňlar hem her wagt Alynyň guburyna zyýarat etjek bolanda, gerdenine boýunýüp dakyp, özünihaýwan ýaly iýdip äkitmeklerini buýruk berýän eken. Oşuň hezret Aly ibn Ebitalyba aýratyn imanywe ynanjy bolupdyr. Şonuň üçin onuň guburyny remont etdirip, eýwanyna-da gyzyl çaýdyrypdyr: Şol wagtdan başlap, özi üçin «Alynyň dergahynyň iti – Nedirguly» diýen ýazgy bilen möhür gazdyrypdyr.

▶ «ÝEDULLAHU FOWKA EÝDIHUM»

Nedir şanyň buýrugy boýunça remont edilip, gyzyl çaýylan Nejebiň eýwanynyň gapysynyň ýokarsynda ýazmak üçin mynasyp bir sözlem aýtmagy ussalar Mürze Mihdi handan haýyş edýärler. Ol bolsa Nedir şadan soraňdiýýär. Ussalar Nedir şa ýüz tutýarlar. Şa gapynyň ýokarsynda «Ýedillahu fowka eýdihum» («Allanyň eli olaryň ellerinden ýokarydyr. Allanyň güýç-gudraty olaryňkydan ýokarydyr») diýen ýazgyny ýazmaklygy buýurýar. Nediriň şeýle ajaýyp sözlemi ýazmaklygy buýrandygyny eşidende, Mürze Mihdi han geň galýar. Ol: «Bu sözler hökman Allatagaladan Nedire ylham bolandyr» diýýär. Şony barlamaküçin bolsa, birnäçe günden soň, ýene-de Nedirden soramagy ussalardan talap edýär. Olar soranlarynda, Nedir öňki beren jogabyny unudandygy üçin: «Şol öňki aýdanym» diýip jogap beripdir.

▶ AÝAL ERKEGIŇ IŞINE GATYŞMALY DÄL

Bir gün Nedir şanyň örän oňat görýän aýallarynyň biri onuň bir işine gatyşyp, ondan şol işi etmezligi haýyş edýär. Nedir şanyňmuňa juda gahary gelip: «Aýallar meniň işime asla gatyşmaly däldirler» diýýär. Ol aýal aýdan sözüne puşman edýär.

▶ TEŞNELIK

Haçan-da Nedir şanyň goşunlary Kirmanyň ýoly bilen Maşada barýarkalar, Lut çölünde, Tebes şäheriniň ýakynynda suwsuzlyk zerarly, agyr ýagdaýa sezewar bolýarlar, esgerlere ölüm howpy abanýar Şonda Nedir şa Tebese adam iberip, kömek soraýar. Şol wagtda araplaryň şeýbany taýpasyndan bolan Tebesde ýaşan Alymerdan han bir müň düýä suw çeleklerini ýükläp, Nediriň goşunlaryna iberýär we esgerleri ölümden gutarýar. Şonda Nedir şanyň hökmi bilen Alymerdan han Tebesiň we Gaýynatyň häkimligine bellenýär. Onuň nesilleri häli-häzire çenli Tebesde ýaşar ýörler.

▶ ADAM ÖLDÜRILEN GEÇELGE

Kelatyň geçelgeleriniň biri «Adam öldürilen geçelge» diýip atladyrylýar. Beýle at galmagyň sebäbi şeýle: Şu geçelgäni goraýan esgerleriň biri şol ýerden bir aýalyň birnäçe goýun sürüp barýanyny görýär. Ol esger bir gap bilen şol aýalyň ýanyna baryp, goýunlaryndan biraz süýt sagyp bermegini soraýar. Aýal: «Goýny tutup dur, süýt sagaýyn» diýýär. Esger oturyp, goýny tutup saklaýar. Aýal esger üçin süýt sagmaga başlaýar. Şol pursatda esgeriň gözi aýalyň ýalanaç aýaklaryna düşýär we bet niýet bilen iki elläp aýalyň aýaklaryna ýapyşýar. Aýal gaharlanyp iki eli bilen esgeriň kellesine urýar-da gaçyp, özüni halas edýär. Bu habar beýleki esgerlere, aýalyň maşgalasyna we Kelatyň häkimine baryp ýetýär. Emma abraý saklamak üçin bu wakanyň üstüni bassyrýarlar.
Şol aýalyň taýpasynyň başlygy bolan wakadan habardar bolup, geçelgä gelýär we şol esgeri dagyň başyna çykaryp sorag edýär, gapyllykda bolsa ony dagyň başyndan itekläp ýere taşlaýar. Netijede esger heläk bolýar. Taýpa başlygy birbaş Maşada gidip, Horasan häkiminiňhuzuryna barýar, bolan wakany beýan edip, Kelatyň häkiminden şikaýat edýär: Horasan häkimi-de ondan gadyrdanlyk edip, häkimlik hökmüni eline berip, Kelata ugradýar. Şol zamandan başlap hälki geçelge «Adam öldürilen geçelge» ady bilen meşhur bolýar.

▶ ÝÜKÇI GEÇI

Nedir şa Kelatyň Hasar daglarynyň ýollaryny beklemek we gözegçilik diňlerini saldyrmak ugruna çykýar: Emma dagyň üstüne suw, laý-palçyk ne beýleki gurallary çykarmagy ulaglar başarmaýar: Şonda Nedir şa geçiler arkaly suw we beýleki zatlary dagyň üstüne çykarmagy buýurýar. Şeýlelikde, diňler we beýleki kiçijik ýollar baglanýar.

▶ ÇÖRЕK GYTÇYLYGY

Nеdir şа Şirаzdaka, Ispуhanda çörеk gуtçylygy bаr diýiр еşidýär. Şаnyň ýаkyn аdamlarynyň biri bir gijеde özüni Ispуhana ýеtirip, ýаgdaýy düzеtmäge döwtаlap bоlýar. Şоl wаgtyň özündе Nеdir оña häkimlik pеrmanyny bеrip ugrаdýar. Оl аdam gijеsi bilеn ýоl ýöräр, еrtir dаň bilеn Ispуhana bаryp ýеtýär. Täzе häkim şähеr dеrwezesiniň ýаnynda bir nаnbaýa (çörеk mаgazinine) bаryp, çörеk sоraýar. Çörеkçi: «Un tаpmadym, çörеk ýоk» diýiр jоgap bеrýär. Нäkim оny çörеk tаýýarlamakda ýаltalyk еdenligi üçin jеzalandуrýar. Оndan sоň hökümеt jаýyna bаryp, öñki häkimi öldürýär wе: «Tä mеn hаmmama giriр çуkýançam, şähеriň hеmme ýеrinde çörеk bоlmaly, ýоgsam, çörеkçiler öldüriljеkdir» diýiр buýruk bеrýär: Наmmamda köрräk saklаnmak üçin sаkgalyna hуna çalуp, şоl mаzaly rкňk аlýança оturypdyr. Вir sаgatdan sоň, оl hаmmamdan çуkýar. Görse, şähеriň hеmme ýеrinde çörеk реýda bоlupdyr. Şеýdip, çörеk gуtçylygynyň öňi аlnypdyr.

▶ GYLYJYŇ OGLY NEDIR

Nedir şa Hindistany basga alanda, ol ýurt bilen dostluk aragatnaşygyny pugtalandyrmak maksady bilen, ogly Nasrulla mürzäni Hindistan patyşasynyň ýakyn garyndaşlarynyň biriniň gyzyna öýlendirmek isleýär. Şu niýet bilen sawçy iberýär. Emma sawçylyga gidenler netije gazanman, yzlaryna öwrülip gelýärler. Çüki olaryn şeýle däbi bar eken: Hind şalarynyň neslinden bolan gyza öýlenjek adam özüniň ýedi arka şa neslindendigini sanap beýan etmelieken. Sawçylyga baranlar bolsa şeýle etmegiň hötdesinden gelip bilmändirler. Şonda Nedir şa olara garap:
– Baryň-da aýdyň: Nasrulla Nedir şanyň ogly, Nedir bolsa gylyjyň ogly,  Gylyç-da Gylyjyň ogly, ýedi arka çenli sanaberiň! Sawçylar şeýle hem edýärler. Gyz tarapy bu sözleriň manysyna düşünip, razyçylyk berýärler. Şeýdip, Nasrulla mürzäniň toýy tutulýar.

▶ TAGTY-TAWUS ROWAÝATY

Nedir şa köp sanly goşunbilen Hindistany eýelemek üçin ýola düşýär. Tiz wagtda onuň edermen esgerleri Penjap, Lahur ýaly şäherleri boýun egdirip, Delä baryp ýetýärler. Haçan-da, Hindistan patyşasy Nedir bilen ýüzbe-ýüz bolanda, onuň haýbatyndan heder edip, atydan düşüp, weziri bilen birlikde, Nedire teslim bolýar, özüniň patyşalyk täjini başyndan alyp, tagzym bişen Nedir şa uzadýar. Nedir bolsa, ol täç-telpegi Hindistan şasy Muhammet şa gaýtaryp berýär-de: «Biz tagta-täje mätäç däl, biz dünýäde penasyzlaryň – hor-homsularyň, garyp-gasarlaryň howandarydyrys» diýýär. Hind patyşasy Nedir şanyňbu jomartlygyny görenden soň, özüniň hazynasyny açyp, bar baýlygyny, gymmatbaha göwherlerini oňa hödürleýär, şolaryň arasynda «Tagty-tawus» atly almaz, ýakut, lagyl, alyn ýaly dürli gymmatbaha daşlar bilen bezelen gadymy şalardan galan bir tagt hem bar eken. Nedir şa şol tagty sowgat hökmünde kabul edip, Deliden Eýrana alyp gaýdýar. Emma Hind şasy soňabaka bu eden işine puşman edýär. Wezir-wekilleri-de oňa teýene edip başlaýarlar. Şondan soň nädip şol tagty Nedirden yzyna almak barada gije-gündiz oýlanyp gezýär.
Günlerde bir gün Hind şasynyň dana bir weziri gelip: «Şahym, beýle gam-sussa batyp oturma, bu müşgiliň alajyny mentapdym» diýýär. «O nähili tapdyň?» diýende, dana wezir: «Nedir şanyň göwnüni awlap biljek bir görmegeý näzenin tapmaly, şonuň üsti bilen ol tagtyň almazlaryny, dürdäne gymatlyklaryny yzyna gaýtaryp almaly» diýýär. Şa bu sözleri makullaýar. Dana wezir şonuň ýaly näzenini tapmagyň ugruna çykýar, oba-oba, şäher-şäher aýlanyp, ahyrda aýa sen dogma, men dogaýyn diýip duran owadan bir näzenin gözeli tapýar. Bu barada şaha habar berýär. Hind şasy ol gözel gyzy ganyna çagyrýar, gizlin syryny oňa beýan edýär. Watanyň abraýyny gorap saklamaklygy, nesillerden galan tagty-tawusyň almazlaryny, merwerit we dürlerini gaýtaryp almaklygy oňa tabşyrýar. Gyz kabul edenden soň, ony öz ýakyn mähremleriniň biri bilen Eýrana ýollaýar. Bu mährem täjir görnüşine girip, gyza-da keniz-gyrnak geýimini geýdirip, ýany bilen alyp gidýär. Birnäçe wagtdan Ispyhan şäherine baryp ýetýär. Kenizi «satmak» niýeti bilen bazara çykarýar. Onuň görk-görmegi hemmeleri haýran galdyrýar, ol baradaky gürrüňler bütin şähere ýaýraýar. Bu habar Nedir şanyň köşgüne-de baryp ýetýär. Şa köşgüniň emeldary gelip, hind täjirine şeýle ýüzlenýär: «Biziň merhemetli şahynşahymyz göwherşynasdyr. Bu göwheriň gadryny diňe şol biler, iň gowusy sen bu gymmatbaha düri şoňa sowgat et». Bu sözleri eşiden ýaňky täjiriň umytgöwnüniň gunçasy açylyp ugraýar. Täjir kabul edýär. Keniz patyşa laýyk bolmasa-da, men ony şanyň hyzmatkärligine bereýin, ýöne bir şertim bar. Aýda bir gezek köşkde ony görmäge maňa hiç kim päsgel bermesin.
Şeýdip, Nedir şanyň köşk emeldary ýaňky gyzy köşge getirýär. Bu ajaýyp gözel gyzy görenden, şa ony tüýs ýürekden halaýar. Ol näme diýse kabul edýär. Tizlikde ol gyz şanyň mahsus hyzmatkäri bolýar we köşkdäki bar syrlardan ägä bolup başlaýar.
Bir gije keniz gyz öz maksadyny amala aşyrmak ugruna çykýar: Emma ol «ýolbarsyň guýrugy» bilen oýun etmekligiň hata işdigine düşünmeýär.
Nediriň toplan dürli göwherleri, gymmatbaha zatlary bir uly jaýda saklanyp, onuň açary-da hut Nediriň özünde bolýan eken.
Gijeleriň birinde Nedir serhoş bolup, keniz gyzyň ýatak jaýyna barýar. Gyz garaňky jaýda ony garşylap, göwnüni awlaýar. Onuň mest bolup uklanyndan peýdalanyp, jaýyň açaryny jübüsinden çykarýar we başga bir otaga baryp, açaryň edil özi ýaly edip suratyny çekýär. Soň şol suraty täjire berýär. Täjir bolsa şoňa meňzeş açar ýasadýar.
Nedir şa bir gün ertir ukudan oýananda, bir adam gyssanmaç köşge gelip, ýüzlerçe owganlaryň Eýran araçägine aralaşyp talaňçylyk edendiklerini, köp sanly mallary sürüp äkidendiklerini habar berýär hem-de şol mallary gaýtaryp almaga Nedir şadan hemaýat isleýär. Bu habary eşiden şa goşun taýýarlap, Owganystana tarap ýörüş edýär. Şu pursatdan peýdalanyp ýaňky hind keniz gyzy tizlik bilen täjire habar ýetirýär. Özi bolsa şanyň mähremi we köşk kenizleriniň bikesi hökmünde bir oturyşyk– zyýapat tertip berýär, hemme hyzmatkärleri agşam şol meýlise çagyrýar, içiljek şeraplara bolsa bihuş dermanyny guýýar. Meýlis mazaly gyzyşanda, şol şeraplary hödürläp hemmeleri bihuş edýär. Şondan soň hälki täjiri çagyryp, ikilikde şol göwherleriň, tagty-tawusyň saklanýan ýörite jaýynyň gapysyny açyp, ondaky gymmatbaha hazynany alyp, şol gijäniň özünde täjir Eýrandan Hindistana tarap ýola düşýär.
Nedir şa birnäçe gündeň owganlary ýeňip, öwrülip gelýär. Almaz hem dür-göwherler saklanýan mahsus jaýynyň gapysyny açýar. Görse, ne tagty-tawus bar, ne-de almaz, ne-de göwherler. Şa geň galýar, oýlanýar, soňtizlik bilen keniz gyzyňýatak jaýyna barýar. Şol ýerden bolsa öz açaryna meňzeş açary tapyp alýar. Haçannda Nedir şa hakykata göz ýetirende, keniz gyza ýüzlenip:
–Eý hyýanatkär içaly, tagty-tawusyň almazlaryny nätdiň, Nediriň tygyndan gorkmadyňmy, nädip hazynanyň gapysyny açmaga het etdiň?–diýýär.
Peri sypatly näzenin gözel edep bilen tagzym edip, Nediriň aýak basan ornuny öpüp, oňa şeýle jogap berýär:
– Eý patyşa! Tagty-tawus biziň Watanymyzyň namysydy, gadymy şalarmyzdan arkaba-arka gelýän nyşanady. Men Watan namysymyazat etmek üçin öz namysymy bada berdim. Meniň niýetim päk, men öz arzuwymy göre alyp gitmedim. Eý şahym, sen biziň öýümizi weýran etdiň, ýalňyz göwherimizi-de elimizden kakyp aldyň. Eger men hyýanat eden bolsam, şonuň deregine Watanymyzyň amanadyny gaýdyp aldym. Hudaýa şükür, öz maksadyma ýetdim, Watanymyň ar-namysyny goradym.
Nedir şa keniz gyzyň bu sözlerini eşidip, ony öldürmäge yşarat edýär. Salym wagt geçmänkä, keniziň ýatakjaýy gana boýalýar: Gyz dür dänesi ýaly bolup, akýan gana togalanyp ýykylýar. Şol pursatda solan gül birden açylyp, Watany bilen hoşlaşyp şeýle diýýär:

Sen ýoluňda gurban etdim bu janym,
Gaýgyrmadym seň ýoluňda gül-ganym.

▶ NEDIRIŇ OSMANLY PATYŞASY BILEN
ŞAHYRANA URŞY

Rowaýata görä, osmanly patyşasy Nedire bir hat iberip, şonda aşakdaky beýtleri ýazyp goýberipdir:

Goşunmyň sanyny sen biler bolsaň,
Seret ýyldyzlara, sen görer bolsaň.

Osman nesli eger göterse meni,
Pereň penjesinden gutarsa meni,

Şeýle bir uraryn agyr gürz bilen,
Birbaş gidersiň sen tä Mazanderan.

Nedir şa osmanly patyşasynyň bu hatyna jogap hökmünde aşakdaky beýtleri ýazyp iberipdir:

Daň atanda ertir ýüzüni açyp,
Ýyldyzlar asmandan giderler gaçyp,

Bürgüt gorkmaz baýguş bolsa köp sanly,
Iki ýüz rumla deň jübt horasanly.

Haýdar nesli berse işime rownak,
Konstantinopolda dikerin baýdak.

▶ HUWEL-ALY-EL-ALA BISMILLAH-AR-RAHMAN AR-RAHYM

Ibtida hamdy hudaýy-ahad-u ferdi-gadym,
Kadyry-em zel-ualym-u dana-ýýu hekim.

Ol ki bu gün köwn-u mekany ýaradyp gudratdan,
Ol ki bu bahr-u berri halk edip şöwketden.

Iki älemde odur bendelere ýawer-u ýar,
Hikmetinde görüner bendelere müň asar.

Halky-älem hemme mätäçdir ol dergaha,
Ol urup nur-u zyýa köwkeb-u mihr-u maha.

Hamdy-hakdan soňra ogly galam nurefşan,
Be sena gosteri-ýe hatmy-rosol–fahry-jahan.

Nebi-ýe haşymy ol Ahmed-u mahmud syfa:t,
Kim hudadan ola daýym-le salam-u salawat.

Al-u eshabyna hem rahmeti-bisýar ola,
Ola hak ýaweri, her kim olara ýar ola.

Hamdy-hak na’ti-nebiden soňra ba sydky-zyban,
Farzdyr bendelere medhi-şehenşahy-jahan.

Ol şehenşahy-felek mertebe-ýe çarhy-serir,
Şah Nadyr ki oldy tek, oňa ýok misl-u nezir.

Diýmek olmaz bu şehenşeh ki ola pygamber,
Ýa mukarraby-melekidir olup ez now’y beşer.

Lik çün gudraty-hak zahyr edip biş ez piş,
Nazary-hak oňa her kimse diýse, hak diýmiş.

Nesep ile şeref-u fahry-ojagy-Teýmur2
Hesep ile: be jahan şahy-şehandyr meşhur.

Mustafa hulk-u Mesiha dem-u Ýusuf talgat,
Bu Aly danyş-u Hatam kef-u Lukman hikmet.

Gabylyýet-le oňa werdi hudawendi-kerim,
Täç-u tagty-şehi-u adl-u kerem-u hulky-azym:

Her şerafet ki diýsem şahy-şehandyr kämil,
Merhemetden onuň eltafy-hudadyr şamyl.

Ygtykady buýuryr ol şehi-päkize nahat,
Bakylmyş sydky-hudawende ederler bile ýat.

Ele gelmez beýle döwlet be sypah-u şemşir,
Olabilmez beýle ykbal be fazl-u tedbir.

Sen werip sen oňa bu saltanat-u tagt-u sypah,
Sen werip sen oňa täç-u kemer-u ferr-u külah.

Döwletim hafyzy sen-sen, saňadyr umydym,
Men saňa baglamyşam sydk, budur tä’ýidim.

Döwletiň müňkürni sen eýlediň har-u zelil,
Duşmanyň körlügine ýawer ol, eý, rebbi-jelil.

Çüwki sydky biledir hakkyna ez ruýy-ýagyn,
Bu sebäpdenoňa eltafy-huda oldy mo’y:n.

Elni tutdy hudawendi-jahan gudratdan.
Kamýap etdi ony ma’dalat-u şöwketden.

Bagt-u ykbal ile hiç kim beýle olmaz baky,
Gün kibi döwletine, äleme röwşen taky.

Şa:hy-gul noşw-u nema boldy nem-fezýinden,
Ki bu eş’a:r olup medhsera Gülbünden3.
__________
Düşündirişler:
1) Nedir şanyň döwürdeşi owşar türkmenlerindenbolan şahyr Gülbüniniň oňa bagyşlap ýazan goşgusy. Bu goşgy Kelat dagynyň kemerinde (Derbendi-Argunşahda) 14 metr beýiklikde hekgaklanyp ýazylypdyr.
2) Şahyryň Nedir şahy Teýmura degişli etmegi, belki onuň edermenligi, gudraty, köp ýerlere goşun çekenligi we köp ýurtlary basyp alanlygy zerarly bolsa gerek.
3) Gülbün (Golbon) –ýa-da Gülbüni owşar (afşar) Nediriň zamanynda ýaşan türkmen şahyry, türki dilde goşgy ýazyndyr.


▶ NEDIR ŞA HEKAÝATY

Nedir şanyň asly-ýurdy Alili, ýagny Kaka raýonynda Arapgala – Bawert obasyndan bolan: Emma ol ýaş wagtynda bir uruşda Eýrana ýesir düşen: Ondan hem Hywa gul edilip satylan. Hywada bir adam Nedir şany satyn alyp, birnäçe wagt saklap, ondan soň goluna bir jübt öküz berip, daýhançylyk etdiren. Nedir şa hem öküz sürüp ýatan.
Bir gün satyn alan hojaýyn ony görmäge gelen. Görse, öküzler ýany adamsyz ýer sürüp ýören eken. Nedir şa, bolsa, mundan bihabar köýneginiçykaryp, geýimine seredip otyrka, hojaýny ahysta-ahysta bildirmän, ýakyn gelip görse, Nediriň arkasynda bäş penjäniň yzy bar eken. Hojaýny Nedirden bu ajaýyp işleri görüp, ony öýüne alyp barýar-da:
– Eý Nedir, sen ýurduňa gitseň, seni azat edeýin, at-ýarag bereýin. Emma sen patyşa bolar sen, gelip, Hywany hem alar sen. Şonda Hywanyň ygtyýaryny maňa berer sen –diýip, dilinden hat alyp, abat at-ýarag, harjysy bilen berip, ýola salypdyr. Şondan soň Nedir arkaja gelip, öz ýanyna atly ýygnap, Eýranyň bir ýanyndan alamançylyk edip ugran. Birnäçe balaja (kiçijik) şäherlerinieýeläp, ondan hem içgin-içgin Eýranyň içine giripdir welin, Nediriň daşyny alypdyrlar, birnäçe adamlaryny aldyryp, zordan gaçyp çykyp, bir garry kempiriň öýüne myhman bolupdyr, aç, suwsuz. Emma kempir bulara mäşden aş bişirip, öňünde goýupdyr. Nedir şa bolsa, çemçe bilen çanagyň ortasyndan dolduryp alyp içipdir welin, gyzgyn aş onuň agzyny ýakypdyr. Myhman ýerleri –kempir muny görüp: «Eý myhman ýigit, Nedir galtamanýaly orta urma-da, gyragyndan-gyrasyndan kem-kemden alyp içerler»– diýipdir. Şondan soň Nedir bu garrynyň aýdan sözünden akyl edinip, Eýranyň çetinden-gyragyndan alyp, soň hem Eýrana patyşa bolupdyr diýip aýdýarlar.
(Molla Püri Abam oglunyň ýazan ýazgylaryndan,
1942ý., Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň golzazmalar fondy,
inw. № 919 «E».)

▶ KEÝMIR KÖR WE NEDIR ŞA

Keýmir körüň asly-özi türkmen, türkmeniň hem utamyş diýlen taýpasyndan, utamyşda hem Akdaşaýak diýlen obadan. Akdaşaýakda hem gyzyllar diýen tireden. Şol gyzyllar diýlen obanyň ilaty Keýmir körüň öz nesilleri bolmaly.
Keýmir aga eneden bolanda, gözleri abat eken. Emma oglan wagtynda pyçak oýnap, öz gözüni özi kör edipdir. Soňra Keýmir aga belagata (ýetginjeklikýaşyna) ýetenden soň: «Şol gözümikör eden pyçagy elimden alan bolsalar, şol wagt biraz aglardym, indi ölinçäm aglamaly boldum» diýen. Emma Keýmiriň özi ýaňy ýigitlige ýetişip barýan ýaş oglan bolsa-da, oba ýaşulularyň maslahatyna goşulyp, märekede sözlemekçi bolup, bir gün meýlisde orta çykyp, men hem ýaşulular jogap berseler, sözlejek diýen. Onda oturan ýaşulularyň biri: «Oglan, seniň ataň kim, eneň kim, märekede öňe düşüp söz aýtmaga?» diýen. Keýmir aga orta düşüp, belent owaz (ses) bilen haýbatly: «Atam bir bulut, önem bir gäwgul, degdi bir baran, çykdy bir läle – diýip, – eý ýaşuly, meniň atam-enemi neme kylur sen, meniň özüme bak» diýen. Oturan halklar Keýmiriň aýdan sözlerini dogry tapanlar. Ondan soň obalaryň ýaşululary öz aralarynda maslahatlary bolsa Keýmiri çagyryp, öz ýanlaryndan orun berip: «Sen oglan, ýaş hem bolsaň, öz bildigiňden maslahat berer sen» diýip aýdanlar. Ondan soň Keýmir –Keýmir bolup, halk içine ady dolup, her iş bolsa «Keýmir biler» diýip, onuň halk üçin janyny pida edýändigini hemmeler bilýärler. Şol wagtlarda hem Nedir şa diýlen bir güýçli patyşa bar eken. Ähli türkmenler Keýmir agany ýaşuly edip, onuň yzyna düşýän ekenler. Emma ol şu Nedir şa bilen aralary saz bolman, öz halky bilen gumuň içinde göçe-göçlükde, kä oňda, kä munda gezip ýören. «Obaň nirede?» diýseler, «Hatapgalada» diýip jogap berýän eken.
Şol zamanlarda Hywanyň patyşasy-na Ýolbars diýer ekenler. Keýmir aga hem bu Ýolbars han bilen aragatnaşyk edip, dostluklary bar eken. Bir uly iş bolsa Ýolbars han: «Kör teke gelsin, bu işe maslahat bersin» diýip aýdar eken, aralary şeýle saz eken.
Şol günlerde Nedir şa Hywa hany Ýolbars hana «maňa paç-hyraç bersin» diýip, ilçi iberipdir. Ýolbars han Nedir şanyň iberen ilçisiniöldüripdir. Şondan soň Nedir şa ilçisiniň öleňini eşidip, gahar-gazap bilen hanyň üstüne goşun çekipdir, sansyz goşunbilen birniçe ýollaryň zähmetin çekip, Hywa ýakyn baryp düşüpdir, Amyderýanyň üstünden adam, at geçer ýaly ýogyn demir zynjyr bilen köpri gurdurypdyr. Şeýdip, olar Hywanyň bir ýanyndan girip baranlar. Emma Ýolbars han gyssanyp, maslahat edip, Keýmir köri çagyryp: «Körteke, akyl ber, maslahat näme?» diýip soran. Şonda Keýmir aga aýdan: «Meniň sözüme gulak salyp, beren maslahatymy kabul etseň, bu gelen Nedir şa güýçli patyşadyr, sen hem onuňiberen ilçisini öldürdiň, indi wagtlaýyn bir ýana gaçaly. Nedir şa bolsa, Hywany aldym diýip, özünden bir häkim goýup gider. Şondan soň biz hem gaýdyp gelip, bir hile bilen onuň goýan adamsyny aýryp, owwalky ýerimizde oturarys» diýip aýdan. Şonda Ýolbars han: «Kör teke, bilmediň, bu öz aýagy bilen gelen togma (iýmit), bagtly ikini tutar, bagtsyz birini tutar» diýip aýdan. Ol kör tekäniň maslahatyny kabul etmändir. Şondan soň Nedirşa goşunlaryny haýdap, Hywanyň şäherini gyssagly almaly diýip, şäheriň daşyny gurşapdyr. Ýene Hywa hany Ýolbars han gyssanyp, Keýmir köri çagyryp: «Kör teke, maslahat ber!» diýip aýdan. Şonda Keýmir kör: «Ýolbars han, gaçaly!» diýip, owwalky maslahatyny beren. Ýene-de: «Kör teke, bilmediň, öz aýagy bilen gelen togma, bagtly ikini tutar, bibagt birini tutar» diýip aýdan. Ondan soň kör teke: «Eý han aga, meniň beren maslahatymy kabul etmediň, indi seniň boljak işiňi aýdaýyn: bu zalym Nedir şa şäheriň daşyny gabap alypdyr, halklaryň haly teň bolupdyr. Millet bäş gün, üç gün saňa garar, ahyry ilat bu zuluma çydap bilmän, seniň ýanyňa öz ýakyn adamlaryň, wezir-wekilleriň, ýagny seni ýatyryp-turuzýan adamlaryň gelip saňa aýdarlar: «Ýagly günümizde hanymyzdyň, ganly günümizde özüň barsaň bolmaýamy? Oglan-uşak paýlaşyga gitjek» diýip, seni tutup bererler, eger gaçmasaň,saňa tagt ýok, maňa bagt ýok, sen Nedir şanyň ilçisini öldürdiň, goluna, düşseň, saňa hezil bermez, meniň bilýän maslahatym-a şudur, başgasyny-da özüň ýagşy biler sen» diýip aýdan. Ýolbars han ýene Keýmir körüň maslahatyny dogry tapmandyr. Şondan soň: «Han aga, indi men gitdim!» diýip, Keýmir aga gaçyp gidipdir: Ondan soň Nedir şanyň goşunlary, Hywa adamlaryny ýaman horlap, häli aldym, şindi aldym diýip gysyp ugrapdyrlar. Hywa adamlary bu işe takat edebilmän, Keýmir aganyň aýdany ýaly, Ýolbars hanyň ýanyna gelip: «Ýagny günümizde hanymyzdyň, ganly günümizde oglan-uşak paýlaşyga gitdi, indi özüň baryp, köp halkyňy ölüme bermän, birözüň barsaň ýagşy, eger barmasaň-da halklaryň maslahaty şeýle boldy, seniň özüňi tutup, Nedir şaga alyp barjaklar» diýip, öz wezir-wekilleri üýşüp, Ýolbars hany tutup, el-aýaklaryny baglap, Nedir şaga alypbarypdyrlar: Nedir şa Ýolbars hany görenden. «Eý ithan, ilçini hem öldürmek bolarmy?» diýip, gahar-gazap bilen jellatlaryna buýruk beripdir. «Çukur gazyp, başyny aşak, aýaklaryny ýokary ediň» diýip, ýere gömdüripdir. Hywany hem basyp alypdyr.
(Molla Püri Abam oglunyň ýazan ýazgylaryndan,
1942ý., inw. № 919 «E».)

▶ NEDIR ŞA WE TEKE ÝAŞULULARY

Keýmir körüň wagtynda Keýmir agany Nedir şa birnäçe tekäniň ýaşululary bilen gelsin diýip çagyrypdyr. Keýmir aga-da birniçe türkmen ýaşululary bilen Nedir şanyň huzuryna barypdyrlar. Birniçe gün Nedir şa bulary myhman saklapdyr. Şonda ol türkmen ýaşulularyna garap: «Siziň araňyzda «öý keramat» diýen söz barmyş, şol dogrumy?» diýen. Şonda türkmen ýaşululary «dogrudyr» diňip aýdanlar. Nedir şa: «Şeýle bolsa, oý keramat bilen meniň ýaşym näçe, ýylym näme, biliň!» diýipdir. Türkmen ýaşululary: «Keýmir aga bilsin» diýipdirler. Şonda Keýmir aga biraz wagt pikir edip oturypdyr-da, Nedir şa garap: «Ýeriňizden turuň!» diýip aýdan. Nedir şa kör tekeden bu sözi eşidip, tizlik bilen ýerinden turupdyr. Keýmir aga: «Indi oturyň!» diýen. Nedir şa oturypdyr: Keýmir aga aýdan: «Eý Nedir şa, seniň ýylyňy, turşuňyzy towşan turuş görüp, towşan diýjegim hem bilmedim. Ýene bir bolşuňdan bars hem diýmek ýadyma geldi, ikisiniň haýsyny diýjegimi bilmedim». Soň «garry eneň barmy?» diýen. Nedir şa «bar» diýen. «Bar bolsa, garry eneňi bir çola tama salyp, dogry aýtmasaň, öldürer men diýip, ýalandan şert edip sorasaň, aýdar» diýen. Şondan soň Nedir şa enesini çagyryp, kör tekäniň aýdanyny edip, enesinden: «Meniň ýylym näme?» diýip soran. Şonda Nedir şanyň enesi aýdan: «Eý oglum, sen iki ýylyň arasynda dünýä geldiň. Seniň ýylyňy towşan diýsek hem boljak, bars diýsek hem boljak. Ikisiniň arasynda haýsyny diýjegimizi bilmedik» diýip jogap beren. Şondan soň Nedir şa Keýmir aga we ýoldaşlaryna halat-serpaý bagyşlapdyr.

▶ OBAM HATAPGALADA

Günlerde bir gün Nedir şa Keýmir köri çagyrypdyr. Kör teke hem öz adamlary bilen baryp, Nedir şanyň ýanynda bolupdyrlar. Keýmir agadan Nedir şa habar alan: «Obaň, iliň-günüň, ýurduň ne ýerde?» diýip soran. Şonda Keýmir aga: «Meniň obam, ýurdum Hatapgalada» diýip jogap beren. Şonda Nedir şa: «Eý kör teke, sen halklaryň bilen bir akaba suwly ýere göçüp gelseň» diýen. Kör teke bolsa: «Eý Nedir şa, iltipatyň çoh, ömrüň uzyn bolsun, il onda, men mundadurna gökde, duzak , ýerde, öz ýurduma baryp, halkyň ýaşululary bilen maslahat edip, ondan soň siziň, aýdan ýakymly sözüňize jogap bersem» diýip aýdan. Şondan soň Nedirşa soran: «Eý kör teke, näçe müň öýli halkyň bar?» Onda Keýmir aga; «Men bu ýerde bilmeýän, mürzebaşy bilmese» diýen. Ýene Keýmir aga aýdan: «Eý Nedir şa, maksadyň meniň halkymyň näçe müň öýli ekenini bilmek bolsa, indikigelenimizde, her bir öýden bir gurt alyp gelip sanasak, şonda mälim bolar» diýip aýdan. Şondan soň Nedir şa özüniň has ýakyn adamlary bilen, ýene her ýerden çagyrylyp baran ýaşulular bilen meýlis edip oturan wagtlarynda, Ugurly gazak diýen adam Nedir şa tarapyndan bir iliň üstüne han goýlan. Emma şol Ugurly gazak meýlisde keýpi kök bolup, «ýaş ýigit wagtymyzda tekeleriň arasynda gezip, olaryň gelin-gyzlaryny eýle ederdik, beýle ederdik» diýip, ýaramaz sözler aýdypdyr. Ugurly gazagyň bu aýdan sözleri Keýmir aga gaty degip, başyndaky telpegini aşagyna salypdyr. Kör tekäniň bu işinden Nedir şa habardar bolup, Ugurly gazaga aýdan: «Kör teke başyndaky telpegini aşagyna saldy, indi eger duşsaň, senden şu ýaramaz aýdan sözleriň aryny almasam, şu telpegi dolanyp geýmen diýip aýdany bolsa gerek» diýen. Şondan soňra her kim şadanrugsat alyp, öz obasyna gelenler. Keýmir aga-da öziline gelip, obasynyňedermengahryman ýigitlerini we ýaşulularyny çagyryp, maslahat edip, kyrk güne çenli her adam atly atyny seýisläp bakyp, häzir bolmaly, alamana gitjek diýip, öz halkyna jar çekdiripdir. Keýmir aga Ugurly gazagyň obasyna jansyz iberip, näme habar bolsa, näme iş bolsa bilip duran. Ondan soň Keýmir kör öz iliniň edermen ýigitlerini we bar güýjüni ýygnap, Ugurly gazakdan aryny almak maksady bilen atlanyp, gije-gündiz zähmet çekip, bir ýere baryp düşüp, Keýmir aga jar çekdirýär: «Doňlan diýeň guýyny tapjak bu goşunyň içinde adam, barmy?» diýýär. Şonda bir adam: «Men taparyn, aga!» diýen. Keýmir aga bu adamdan: «Sen tekäniň haýsy tiresinden?» diýip soraýar. Ol adam «pylan tireden» diýen. Onda Keýmir aga: «Sen tapmarsyň» diýen. Ýene bir adam: «Men taparyn» diýen. Keýmir aga: «Sen tekäniň haýsy tiresinden?» diýen. «Pylan tiresinden» diýse, muňa hem «Sen tapmarsyň, git» diýen. Ondan soň ýene bir adam: «Keýmir aga, men taparyn» diýen. Şonda Keýmir aga: «Sen tekäniň haýsy tiresinden?» diýip soran. Ol adam: «Men amaşa» diýen. «Amaşanyň hasy tiresinden» diýse, «kübe diýen tiresinden» diýen. Şonda Keýmir aga: «Sen taparsyň» diýip, bu adamy garaňky gijede öňe salypdyrdar. Ol adam hem goşunyň öňünde gije ýol başlap baran. Ýarym gijeden geçenden soň, bir ýerde durup: «Eý Keýmir aga, men ýaş ýigit wagtymda şu ýerlerde goýun bakýardym. Şol wagtda bir uly çerkeziň aşagynda ýatan towşana taýagymy salypdym. Şol: görünýän çerkez bolsa gerek» diýip aýdan. Baryp, taýagyny tapyp alypdyr. Şondan soň ol adam Keýmir aganyň şol diýýän guýusyny tapyp, düşüp atlary we özleri rahat alypdyrlar. Ondan soň kör teke maslahat bilen her ýerde suwly guýy bolsa, özleri alyp, şaýlaryny tutup, guýulary gömüp, Ugurly gazagyň obasyndan ogryn habar alyp, bir gün at gezdirip ýören adamy tutup, Keýmir aganyň ýanyna getirenler. Keýmir aga bu adamdan Ugurly gazagyň ýagdaýyny sorasa, ol adam jogap berip: «Ertir Ugurly gazagyň toýy bar, pylan ýere-de örük öýli çykardy» diýip aýdan. Keýmir aga bu adamyň barça habaryny alyp, «baryň, muny gylyçmyrada tabşyryň» diýip öldürdipdir. Şondan soň Keýmir aga öz goşunynyň bir kemsiz şaýyny tutup, Ugurly gazagyň toýuna toýçy bolup baryp, onuň özüniň we obasynyň tamam gelin-gyzlaryny atyň ardyna salyp gidenler. Bu Ugurly gazagyňhalky hem ýaragsyz toýa gelen ekenler. Duran toýçy hem bularyň yzyndan kowalap gidýärler. Howa bolsa gyzgyn, tomus wagtynda suwsap, ýadap, haýsy guýa gelseler gömülen, suwdan eser ýok. Keýmir aganyň goşunlary bolsa, azykdan, suwdan üpjün, soňky guýa baryp düşýärler. Ugurly gazagyň goşunlary – atlary, özleri suwsuzlykdan her haýsy çöpüň düýbünde lybaslaryny çöpleriň üstüne atyp ýatanlar, Keýmir aga bolsa, öz adamlaryna: «Depä çykyp bakyň, jylawyny süýräp ýören atlar görünýärmi?» diýen. Adamlar görse, atlar jylawyny süýräp, her haýsy bir çöpe kellesini sokup duranlar. Şondan soň Keýmir aga goşuny bilen atlanyp baryp, adamlary gyryp öldürip, Ugurly gazagy birniçe adamlary bilen diri tutup, Keýmir aganyň ýanyna getirenler. Keýmir aga jar çekdirip, her kim Ugurly gazagyň gözüniň öňünde onuň gyzy bilen ýatsa, şol gyzy şoňa berjek diýip, Ugurly gazagyň gyzyny bile ýatan ýigide baryp, Keýmir aga Ugurly gazakdan ar-namysyny müň esse artyk alyp, sag-salamat öz iline goşuny bilen gelipdirler.
(Molla Püri Abam oglunyň ýazan ýazgylaryndan,
1942ý., inw. № 919 «E».)

▶ KEÝMIR KÖR WE NEDIR ŞA

I.

Keýmir kör türkmenleriň iň batyr adamlaryndan biri eken. Ol hiç bir hana boýun egmeýän eken. Hanlar ony öý-öý çagyryp, gel diýip görer ekenler. Hanlar Keýmiriň gepinden onuň batyrdygyny biler ekenler.
Bir gün Nedir şa Keýmiri ýanyna çagyryp: «Sen aýdyp ber, günäli adamyňbilen günäsiz adamy nähili tanap bolýar» diýipdir: Onda Keýmir kör:
– Günäli adam meniň gözüme kellesiz görünýär – diýipdir. Nedir şa muňa oturyp, pikir edip, pikir edip, näme diýjegini hem bilmän:
–Bar, ýoluňa gidiber –diýip, Keýmir köri gaýtaryp goýberipdir.
Söwdaly Keýmir kör gözi kör bolsa, ol nähili ýoluny görýärkä? Keýmir kör ýaş wagtynda düýe çopan bolan wagty elinde pyçak oýnap otyrka, elindäki öz pyçagy gözüne degip kör bolupdyr Öňki geçen adamlaryň aýtmagyna görä, Keýmir körüň nirä gitse, öňünde bir gara goç gezip ýörmüş. Ol goçuň her şahynda bir çyra barmyş. Keýmir kör şol çyradan ýagty görýärmiş. Emma başga adamlar ol goçy görmeýämiş. Keýmir kör örän zor adam bolan.

II.

Keýmir kör Hywadan gaçyp, birnäçe wagtlar gumlarda göçe-göç, bir gün onda, bir gün munda sergezdan gezipdir. Ahyry Eýran şasy Nedir şa bilen baryşyp, aşna, bolanlar. Şondan soň Nedir şa bir gün Keýmiri çagyryp aýdan:
– Eý kör teke, men Eýranyň bir ýagşy ýurduny saňa bereýin, göçüp gel, ýer-suw, mülk ýagşy zatdyr.
Şondan soň Keýmir aga Eýranabaryp, özbaşyna ýurt tutup, gala saldyryp, birnäçe wagt Eýranda oturypdyr. Ondan soň ýene bir gün Nedir şa Keýmiri çagyryp:
– Eý kör teke, ikimiz garyndaş bolaly, gyzyňy maňa ber. – diýip aýdan. Onda kör teke: «Eý Nedir şa, şalar şalar bilen, gedalar gedalar bilen bolsa mynasyp, meniň sana laýyk gyzym ýokdur. Emma «ber» diýseň alajym ýok, bereýin» diýipdir. Nedir şa hem «berseň bolar» diýen. Onda Keýmir aga aýdan: «Meniň gyzymyň bajasyna kyrk iner, kyrk maýa, kyrk erkek arwana, kyrk at, kyrk däne tohum baýtal, kyrk gyz, segsen ýigit bezegi bilen barsynlar. Üç gün hem myhman saklap, sizden baran goýunlary we tüwüleri bişirip berip, üç günden soň gyzy alyp gaýdarlar» diýen.Ondan soňkör teke obasyna gelip, adamlary ýygnap: «Şeýle iş boldy, Nedir şanyň adamlary gelerler, her haýsyň birini öýüňize iberiň-de, çaý-çörek beren boluň-da, derrew kellesini kesiň hem-de öý goşlaryňyz daňylgy bolsun. Malsyzlar bolsa, şol gelen mallardan alyp, ýükleriňizde taýyn bolsun. Şu ýerden gidilende hem ýetim köşeklerden bäş-üçüni ýurtda daňyp goýup gideliň» diýip, maslahat edenler. Ondan soň şanyň adamlary gelin almaga gelenler. Kör teke hem adamlaryny çagyryp: «myhmanlara ýagşy hyzmat ediň, erkek adamlaryny her haýsyň birini öýüňize alypbaryp, ýagşy naharlar beriň!» diýip, şanyň segsen adamsyny her biri öýlerine alyp baryp, kellelerini kesipdirler. Şondan soň ol ýerden göçüp, nirde sen Dörtgül diýip gaçypdyrlar. Nedir şa bolsa, garaşyp oturan, öýlenjek ýigit-dä! Emma şanyň adamlary geler wagtynda gelmändirler. Adam iberip görseler, şanyň adamlary ölüşip ýatanlar. Her ýerde bir köşegi daňyp gidipdirler. Şanyň adamlary bolan işleri Nedir şaga baryp aýdanlar. Şa hem goşun atlansyn diýip, näçe müň goşun iberipdir. Olar-da gumuň etegine baryp, aňry gidebilmän yzlaryna gelipdirler. Kör teke bolsa, halky bilen Dörtgüle baryp ýetipdirler.
(Bagyr obaly Baýmyrat Rahmet oglunyň dilinden ýazylyp alnan rowaýat, 65 ýaşly.
Ýazyp alan molla Püri Abam ogly, 1942ý.)

▶ NEDIR PATYŞA HAKYNDA

Nedir patyşa ýaşlygyna bir kel ýetim oglanmyş. Çagalygynda oglanlar bilen oýnap ýörende, eli bilen ýeriň üstünde esgerler ýasaýarmyş. Munuň ýaly esgerleri ol ýerde, bu ýerde birnäçesini edipdir. Tut çybyklardan tüpeň edinip, gabygyndan hem bag (ýüp) edýär. Çybygy egreldip gylyç edinýär. Çagalary iki topar edýär. Olar 10-12 ýaşly çagalarmyş. Bular uruş hasabynda bir-birlerine çozýarlar.
Nedir şeýdip ulalýar. Ýuwaş-ýuwaşdan ondan-mundan at alyp, daşyna atlylary ýygnapdyr. Atlylary ýygnansoň, birnäçe obalary basyp alýar. Her obadan muňa atlylar, adamlar goşulýar. Şeýdip, goşun düzýär. Nedir gelip-gelip, ahyrynda patyşa bolupdyr. Ol hemme ýere–bütin Eýrana patyşa bolupdyr. Nediriň gala eden köp depeleri bar. Olar Mara çenli gidýärmiş: Depeleriň içi garawulhanamyş. Nedir patyşa bolansoň, Maşatdan bäride Goçantda mekan tutupdyr. Bu taýda onuň päli azýar. «Erte men adamlaryň gözlerini çykaryp, ondan ymarat bejertjek» Diýýär. Neçjara (agaç ussasyna): «Şu gije maňa ýüz batman agaç ununy pyçgylap bermeli diýip» perman edipdir. Ussa öýüne gelip, nahar damagyndan geçmän: «Men pyçgylap, beýle kän uny nirden taparyn» diýip, aýalyna zeýrenipdir Aýaly bolsa oňa: «Gel, Soltan Mahmytdan-da uly hudaý bar, gorkma, naharyňy iý!» diýenmiş.
Bular bu ýerde galsyn, indi jemagatdan habar bereli. Jemagat gije ýygnanyp: «Şanyň öýüne çozup, öldürip dynalyň» diýýär.
Dört ýüz adam gylyç we başga zatlar bilen ýaraglanyp, patyşanyň aýalynyň iki aýal doganyny öňlerine salyp, patyşanyň saraýyna (köşgüne) çozanmyşlar. Gije tirkeşip barýarkalar, jemagat dagap gidýärler. Patyşanyň aýalynyň doganlary seretseler, yzlarynda hiç adam ýokmuş, jemagat gorkusyna gaýdypdyr. Şonda iki dogan maslahat edýärler. Olar birek-bireklerine: «Ikibaşdan erte bizi öldürjek, ýör gideli, baryp göreli!» diýenler. Belet ýerlerine baryp, gapyny açyp, içeri girýärler. Gyzlar ýalaňaç gylyçly, Nediriň öýüne girip görseler, aýaly patyşanyň başyny dyzyna alyp oturanmyş. Gyzlar öz doganlaryna: «Biz muny öldürjek» diýseler, doganlary: «Ony öldürmäň, haýp!» diýip, gözünden boýur-boýur ýaş akdyranmyş. Ol akan ýaşlar hem Nediriň ýüzüne damyp, oýanýar. Gyzlar Nedire: «Seni öldürjek!» diýýärler. Ol: «Näme üçin?» diýip, näçe ýalbarsa-da: «Ertir sen jemagatyň gözüni çykarjak, şonuň üçin biz seni öldürjek, hemmeler dynç bolar» diýip, onuň dady-perýadyna bakman, gylyç bilen bölek-bölek edipdirler.
Indi habary kimden eşitmeli? Habary neçjardan eşitmeli! Nediriň aýaly neçjara gelsin!» diýip, bir nökerini iberýär. Azan wagtynda neçjaryň gapysyny bir gazak «tak-tak» edip kakýar. Neçjar muny eşidip: «Wah, öýüm ýykyldy, ine, aýal, başyma geldiler. Men saňa aýtmanmydym» diýýär, ah çekýär. Onda aýaly: «Howlukma, hudaýyň özi kerimdir» diýýär: Gelen gazak: «Gel, patyşa öldi, oňa tabyt bejer! Hanumyň permany şeýle» diýipdir. Neçjaryň aýaly begenip: «Gördüňmi? Meň aýdanym baldy» diýipdir. Şeýdip, neçjar baryp, tabyt bejerýär. Nediriäkidip gömýärler. Onsoň ýakyn wagtda iňlisler Goçantda Nediriň hazynasyny açyp, ondaky şol wagtky ýaraglary alypdyrlar. Onuň gyzyllaryny hem aljak bolanlarynda, eýranlylar duýup, goýmandyrlar.
(Rowaýaty aýdan Gylyç Mergen Alybekow» 1939ý.).

Soñy.

Elektron görnüşe geçiren: Erkin ÇARYÝAROW.
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 588 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Aşyrpur Meredow | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Dokma  
Çapýanam musulman, çapylýanam

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]