16:19 Mähek bilen Röwşen | |
Mähek bilen Röwşen
Oňuşypjyk oýnaýar – Mähek bilen Röwşen. Iş etse, kem goýmaýar – Mähek bilen Röwşen. Ynsan, zähmet hakynda Bilýär matal, nakyl-da. Menikli hem akylly – Mähek bilen Röwşen. Bilýär eýýäm kän zady, Ejesiniň mydary, Enesiniň myrady – Mähek bilen Röwşen. «Tämiz – goşa gül ýaly, Duýar söýer dünýäni» Diýip, enäň söýýäni – Mähek bilen Röwşen. Hoş söze gulak asar, Oýnar, ulalar, öser, Durmuşa gadam basar – Mähek bilen Röwşen. Gurbandurdy ORAZOW # G.Orazowyň «Mähek bilen Röwşen (çagalara degişli)» (Aşgabat 2014) kitabyndan 1-nji goşgy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |