21:41

Otuz iki tohum kyssasy / poema-munazara

OTUZ IKI TOHUM KYSSASY

Ýaranlar, aýdaýyn men bir hekaýat,
Hekaýat magnysynda bu rowaýat.

Rowaýatda bitildi «Ekelnama»,
Barabar boldy hemme has-u aama.

Jepany Hazreti-Adam çekendir,
Otuz iki tohum baryn ekendir.

Sena aýdyp hemmesi çykdy ýerden,
Behiştiň dawasyny kyldy birden.

Tagalylla beripdir bize nygmat,
Behamdylla bilipdirmiz ganymat.

Şükür kyldyk ony şükürnasyga,
Bitildi her beýit bir dänesige.

Tamamy miweler şirin-u turşy,
Ýygylyp ýördiler jennete garşy.

Hemme «Bismylla!» diýip turdy ýerinden,
Gadam ileri basdy bir-birinden.

Jugary aýtdy: «Owwal özüm barar men,
Boýum uzyn, sakalym ak erer men.

Başymda selle-ýu sopynema men,
Hemmäňizden uly men, kethuda men.

Bilimi bäş ýerimden baglaýyp men,
Özüm jennete garşy çaglaýyp men.

Oşol halatda Bugdaý diýdi: «Akmak,
Senem peýda bolup sen mugjyzy-hak.

Tapypdyr sen nejasatdan kemaly,
Uzyn bolsa, boýuň gördi şemaly.

Howanyň şitdiginden agarar sen,
Ne ýüz birle jennete barar sen?!

Owamy sopyga meňzär syýagyň,
Ýüzüň aşgara meňzär, ýokdur ýagyň.

At-u eşek iýmez ajy palajyň,
Meniň ýanymda ýokdur hiç alajyň.

Seniň bäsiň göreý, kanda barardy,
Ne ýerde urdular, ýüzüň garardy?

Emelsiz sopy sen, tokmaga gaýym,
Başyňy sal guýy, bolgul mylaýym!»

Jugary ol zaman şermende boldy,
Ki boýnun egdi, başyn ýere saldy.

Jugary aýtdy: «Nobat ötdi bizden,
Ýörüň, Bugdaý, eýa, teklip sizden!»

Oşol halatda Bugdaý baş göterdi,
Daşynda jümleýi-galla oturdy.

Bakyp, her haýsyga saldy salahy:
«Kaýsymyza ejazatdyr ilahy?»

Hemmesi mähuw olup didary-aşyk,
Behişti-alyýa gülzary aşyk.

Ýygylyp etdiler jennet dalaşy,
Bu dalaşda görüň kim Noýba, Mäşi.

Hemmesi aýtdylar Bugdaýa: «Sizden!
Ejazat bolsa, siziň yzyňyzdan

Hemmämiz ileri pişwa bilipmiz,
Bu geňeşi özümize salypmyz»

Gopup Bugdaý, rowan boldy behişte,
Durup erdi oşol dem Arpa daşda.

Pesahat dili birle aýtdy Arpa:
«Eý, Bugdaý, kylmadyň hiç bize sarpa.

Owwalky maslahatda hup bakardyň,
Ki Adam iýdi, jennetden çykardyň?!

Niçik boldy, şerim gelmez ýüzüňe?
Tekepbir eýlediň munça özüňe.

Bir ursam, derdiňe tapman dowany,
Ki saldyň käýişe Adam, Howany.

Eden işler bu hiç ýadyňa gelmez,
Ki hyzmat etmeýin hiç kim ulalmaz» .

Ki Bugdaý diýdi: «Emri-Haktagala,
— Eý, Adam, iýme! — diýip kyldy töwella.

Niçik iş bolsa, ol ruzy-ezeldir,
Bu Bugdaý, Arpa, senden gözeldir.

Beýan etsem özüm owsapymy hem,
Eşitgil, Arpa, indi lapymy hem.

Egerçe ýag bilen bişsem mylaýym,
Tamam azadalar iýmäge gaýym.

Ki menden kesseler unaş, mahyja,
Ýyglyp zowk ederler bibi, hoja.

Ki menden etseler çelpeg-u gatmal ,
Ki ýüzüme ursalar şirin ketmal.

Men her kim iýse, eýlär halawat,
Iýen alym kylar her gün talawat.

Maňa bäs etmegil, sen kim bedel sen,
Syýasat eýlemegil, gury dil sen!»

Bu Arpa diýdi: «Eý, Bugdaý, eşitgil,
Turar bolsaň meniň dadymga ýetgil.

Seni her kim iýip tapsa mazany,
Meni iýip, Mustapa etdi gazany.

Kuwwatym birle köp kapyry çapdy,
Sogaby-ahyreti şonda tapdy».

Diýdi Bugdaý: «Arpa, nedir horuşyň?
Şerigat aldyda bolsun uruşyň.

Meniň birle kylar sen bäsi-bazy,
Sözüň bolsa, ýöri teklibi-kazy.

Meniň aşym birle nanymy iýrler,
Seni at-u eşekni iými diýrler.»

Ki Arpa diýdi: «Bugdaý, lap urar sen,
Şerigat aldyna barsaň, durar sen,

Seni her kim iýse, güýjüňe garra,
Günä etse, jogaby zerre-zerre.

Meni iýen kişiniň nebsi öldi,
Ryýazat birle jennete goşuldy.

Ki menden oldy ol kutby-zamana,
Eý, Bugdaý, neçün gelmiýäň amana?!»

Bu sözde etdi Bugdaý ençe tä˙hyr,
Towazyg eýledi we diýdi: «Tagsyr!»

Bolup biçäreýi, Bugdaý dat kyldy,
Bakyp her ýanyna, perýat kyldy.

Eşidip Mäş, Noýba, Şaly, Gürmek,
Işi boldy talatopda ýügürmek.

Bolup her kaýsysy öz renji birle,
Ýetişdi hem Gonak ol Künji birle.

Dary turdy, gyzyl ýalyk başynda;
«Özüm serkerdedir men bu goşunda!

Eýa, Şaly, niçik boldy hadysa?»
Beýan etdi muny Gürmek hapysa.

Bu Bugdaý ýyglaban kyldy yşarat:
«Ýetişdi Arpadan bizge hykarat».

Goşulyp hemmesi tugyýan kyldy,
Bu Bugdaý bildi, bagryny gan kyldy.

Dary diýdi: «Eýa, Arpa, niçik kaş,
Bu Bugdaý bile kyldyň munça dalaş?

Bu bugdaý çeýneseler lezzeti bar,
Hemmämizden ulugdyr, yzzaty bar.

Munuň birle niçik kyldyň kaşy sen?
Haram ölen derileriň aşy sen».

Diýdi Arpa: «Özümi häk kyldym,
Şerigatda özümi päk kyldym.

Dary şermendedir sen, iki dilli,
Soýuk sen, sary sen, piçesi gylly».

Gonak tokmagyny alyp ýügürdi,
Bu Arpanyň başyna birni urdy.

Hemme ok-ýaý alyp, myltyklaryny,
Bu Arpa tiz edip gylçyklaryny,

Uruş meýdanyny berpaý kyldy,
Polatdan özüne serpaý kyldy.

Ki sanjyp her birin boýnun deşedir,
«Eýa, Şaly, bu niçik har-hyşadyr?!»

Ikisin aralap, kyldy töwella,
Ýygyldy kazy, hoja, barça molla.

Diýdi Şaly: «Gonak hyş-u tebarym,
We leýkin ýag bilen süýtdür mydarym.

Bular bolmasa, Arpa bizden öwla,
Şerigatda eziz etdi tagalla».

Okadylar açyp niçe mesaýyl,
Hemmesi boldular Arpaga kaýyl.

Bu sözde Arpa diýdi: «Şah boldum,
Hemmäňizden özüm ussat boldum.

Goýuň indi bäs-u majerany,
Töre ediňler meni—sahypkyrany».

Bu sözde hemmesiniň gahry geldi,
Turup Noýba özün ileri saldy:

«Ki, Arpa, bäs edip, bizar eder sen,
Özüňe lap urup, menden öter sen.

Menem bu miweler ýegirägidir men,
Ysmaýyl goçunyň böwregidir men.

Meniň hyş-u tebarymdyr Gonak, Mäş,
Weli Jugary-ýu Bugdaýga garyndaş.

Bu Mäşden etseler mäşi-bürünji,
Ýüzüme keşde bolsun ýagy-künji

Tamamy medrese mollasy iýrler,
Okyp, molla bolup, pitwa biýrler.

Gonak birle Bürünji bir ederler,
Eger ýag bolmasa, hemşir ederler.

Söýüp iýmek hudaýymyň ryzasy,
Bu Merýem aşy diýrler, köp mazasy».

Gonak birle Bürünç hemşire boldy,
Bu sözde Künji andag hyra boldy.

Diýdi kim: «Abraýyň men erer men,
Ne çakly çeýneseň, lezzet berer men.

Eger ýag bolmasa, barysy haýran,
Meniň birlen ederler göşti birýan.

Seniň terbiýetiň otdan alawdyr,
Meniň birle seniň adyň palawdyr!»

Diýdi Künji: «Baryň abraýydyr men,
Öli birle diriniň toýudyr men.

Dirige toý, ölige aş ederler,
Meniň birle maksadyna ýeterler».

Gonak birle Bürünç andag uýaldy,
Bu Künji özüni ileri saldy.

Bu sözde Künji boldy şad-u horram
Bular içre özün tutdy mukerram.

Biline baglady sagdagyny hem,
Ki lap urdy, saçyp ol ýagyny hem.

«Bahadur men!» diýiban meýdana girdi,
Oşol pursatda Goza sana girdi:

«Ryýa üçin ederler toýy, aşy,
Meniň birle goýuň bäsi, dalaşy.

Ryýa birle palawy munda iýrler,
Meni ol ahyret abraýy diýrler.

Bu tohmum bergi injirden bolupdyr,
Bu owsapym jahan içre dolupdyr.

Hemme menden geer serpaýy-reňgin,
Özüm misgin bolup men beýle tesgin .

Behiştden Hazreti-Adam çykardy,
Muşakgatdan meniň reňgim agardy.

Otuz iki tohumyň şahydyr men,
Ölende adamyň hemrahydyr men.

Öli birle barar men birge ýoldaş,
Galar siz hemme, etmäň majera, kaş.

Karaman-kätibeýn iki melek bar,
Hemmäniň köňlünde jennet dileg bar».

Bu Bugdaý, Mäş, Noýba, Arpa Şaly,
Eşidip boldy haýran bu sowaly.

Hemmesi diýdiler: «Goza sözi hak,
Hemmämizi ýaradypdyr özi Hak».

Hemmesi bildiler Gozany öwla,
«Ulug sen!» diýip, hemme etdi töwella:

Doga eýläp, hemme zary kylarmyz,
Hemmämiz waspy-didary kylarmyz».

Bu sözi muhteser kyldy tamamy,
Bu Goza pişwa boldy ymamy.

Otuz iki tohumyň ýok hasaby,
Muňa ança ýazar bolsa kitaby.

Diýdi kim, Gaýyby, söz muhteserdir,
Ki mundan artygy hem derdeserdir.

____________________________________
TMGI, 1847-nji bukja, 2 sah.
Şol ýerde — 1847-nji bukja, 2 sah.
Ýokdurar —1151-nji bukja, 115 sah.
Yzyňyzdan ejazat bolsa bizden — 847-nji bukja, 3 sah.
Ki aýtgan sözleriň manyga gelmez,
Ki hyzmat etmeen hiç bende — 1151-nji bukja, 116 sah.
Gatmal — gatlama bolmagy mümkin.
Arpa — 1847-nji bukja, 4 sah.
Töre — şol ýerde.
Ki sanjyp, her birin bagryn deşedir,
Diýdi Şaly: «Bu niçik har-hyşadyr?» — 1151-nji bukja, 119 sah.
Hemmäňizge — 847-nji bukja, 6 sah.
Seňgin — 1151-nji bukja, 122 sah.
TMGI 1151-nji bukja, 114-123 sah; 1847-nji bukja, 1-9 sah; 77-nji bukja, 2-7 sah (daşbasma); 256-nji bukja, 2-7 sah (bu hem daşbasma).
Категория: Poemalar | Просмотров: 429 | Добавил: Haweran | Теги: Mahmyt Gaýyby | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Poemalar bölümiň başga makalalary

"Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024
"Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]