05:43 Röwşeniň galamlary | |
Röwşeniň galamlary
Dürli-dürli, Syrly-syrly: Gara, gök, sary, Ýaşyl hem mawy... Galamlary Röwşeniň. Görersiňiz ak depderde Älemgoşar öwsenin. Sergin sähranyň üstünden Uçup barýar kän durnalar. Ýaşyl baglardan ýokarda Batböregi ýel pyrlaýar. Ýöne weli, ol galamlar Kämilleşmeli entejik. Ýogsa towşan – gysga gulak, Tilkiň guýrugam – keltejik... Özem, tilki hezil edip, Çölüň üstünde uçup ýö:r. Şol mekirligne tilkiniň Ganatam bolsa, niçik bor?! Galamlaryň ýalňyşyny Düzetmeli diýe-diýe. Goýnuň sakgaly bolýarmy, Gördüňizmi şahly düýe?! Gökdäki Aý – dört burç bormy? Kerpije meňzeş agynja. Depeleriň gözleri bar, Ädik geýipdir garynja… Baganamy ýa-da bulut, Bakyp, seljerip bilmeli. Ýyldyzlary ýerde goýup, Gökde çekipdir gülleri. Bir zat belli: iş-ä önýär – Barysy jem bolsa olaň. Ýerjagazy gädilip du:r – Birisi kem bolsa olaň. Röwşeniň galamlary Ýaşyl, sary, gyzyl, gara... Çyzyberse, ýazyberse, – Kämilleşer dura-bara. Goňur galam, sary galam, Dürli-dürli, Syrly-syrly. Oraýany, mawy galam… Bir-birine tekge bolar, Bir-birinden ökde bolar. Gurbandurdy ORAZOW #çagalara degişli 3-nji goşgy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |