19:42 Şamahy galasy | |
ŞAMAHY GALASY
Goşgular
Şamahy galasy gyryň üstünde, Salgymlap dur geçmiş bolup, düýn bolup. Göwher dänesi deý ýeriň astynda, Mertler ýatyr mertebesi beýgelip. Şol ärleriň gan-derine eýlenip Su günlere ýeten Salamat-esen, Aýböwürim, bir ajaýyp mesgen sen. Pälwanlar ýaşapdyr görkezip güýjün, Danalar paýhasdan geýipdir täjin, Munda kerwen çeken bezirgen, täjir, Söwda etse, başgalardan saýlanyp, Ýene seniň bazarlarňa aýlanyp Gelmegi arzuwlap, niýetläp öten, Aýböwürim, Bereketli mesgen sen! Daýhan penjesinden seçilen ýaly Agşam asmanynda ýyldyzlar doly. Serginje şemally, salkyn howaly, Ak derekler salam berer towlanyp, Akar ýaplar salam berer köwlenip, Aýdym joşar belentlerden, peslerden, Aýböwürim, aýdym ýaly mesgen sen! Aýböwürim, mukam ýaly mesgen sen, Mertebäň hem hiç bir ýerden pes gelmez. Gördüm seniň gyrlaryňa aýlanyp, Mähir siňen ýerleriňe aýlanyp, Eglenip esli wagt durdum aslynda, Astynda genji-kän geçmişim ýatan, Şamahy galasy gyryň üstünde. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |