20:03

Saryklar

SARYKLAR

Türkmen halkynyň ençeme taýpa-tiresi ýaly onuň saryk taýpasynyň hem müňýyllyklaryň süňňünden öz gözbaşyny alyp gaýdýan gadymy kökleri bar.
Elbetde, saryklar hakdaky maglumatlary hem hökmirowanWagt bu mahala çenli kemip bilenini kemip, üýtgedip bilenini üýtgedipdir. bu wagtyň häsiýeti, ol hemişe hemme zada synçy şaýat bolýan-da bolsa, soňra onuň juda seýrek has maňzyna dolan zatlaryny, ýa-da şol zadyň aýry-aýry böleklerini saklamak häsiýeti bar.
Men on ýigrimi ýyl mundan ozal, halkymyz tarapyna derwiş bilen aralaşyp ugran wagtym, taryhdaky Garagumda salan yzlary synlap otyrkam, Garagum hakda şeýle setirler dilime gelipdi.

Manyly ümsümlik, syrly ümsümlik
Asyrlara kän ýyllary ýaramlyk
Ötdi öz üstünden telim begleri.
Özi galdy kimdir birne garaşyp.

Boşan Garagum hakynda ony nygtap ýazylanda bolsa, soňra men onuň has taryha aralaşamsoň, onuň garyp çarwa ata-babalaryň dikmesine hem degişlidigine göz ýetirdim.
Bir wagt professor N.Aşyrow Leningrada aspirantura baranda, belli alym, onuň ylmy ýolbaşçysy akademik Bertelsden: «Men haýsy döwüre degişli taryh bilen bagly iş alarkam diýende ol Türkmen halkynyň taryhyna gözigidijilik hem guwanç bilen: «Sen türkmen ahyryn, taryhçysy haýsy gözýetimine barsaňam ata-babaň öňüňden çykyp durandyr» diýipdir.
Taryhy dörýän kişiler öz praktikalarynda uly alymyň şu aýdan manyly sözüniň bir däl-de müň kerem mamladygyna hakykatdanam göz ýetirendirler.
Türki kowmuň barlygy çarwaçylyk, daýhançylyk atly iki sany ganatyň birligindäki dünýäde önüp-ösen halk diýmek bolar. Bu halklar bolsa taryhyň atasynyň aýtmagyna görä skif, darmat, sak we ýene-de müňlerçe at bilen Hindiýet bilen Gara deňiz aralygynda Gündogarda Hytaý diwarlarynyň aňyrsyna geçen, Günbatary Afrikanyň kenarlaryny oturan halk bolupdyr.
Bu maglumat bolsa türki kowum hemmesi taryhyny özüniň häzirki oturan ýerinden gözlemek bilen birlikde şu derelerden hem gözlemelidir diýildigidir.
Taryhy aýdyňlaşdyrmaga kynçylyk döredýän zadyň biri-de, onuň ýeterlik öwrenilmänligi hem birnäçeler üçin birtaraply halklaryň gadymýetine özüniň onuň dowamy hasaplaýanlaryň şu günki derejesinden çen alan, baha kesýänligidir.
Muňa mysal köp, ýöne olaryň dünýäň gözüne ileni «Erik Kerenin Babaýanyň tümmeklerimidir. Ol ähli ýerden geçip iki gözleme ýerine ýewreýini gözläpdi, hat-da başga halka degişli ýadygärligi görmediklige salan, ony hem öz isleýşiçe teswirläp geçipdi.
Şeýle ýagdaýlary sowet taryhçylarynyň hem birnäçesine göniden göni bagly.
Hatda olar taryhyň parslar bilen bagly we bagly däl bölegini olar bilen baglap şeýle bir uly taryhy aýanlyk etdiler welin, entek-entek ol agyr töhmet daşyny eginden aýryp zyňar ýaly däl. Olar ellerinde hiç hili tutarygy ýok ýerinden skif, sak, sarmat, massaget we beýleki çarwa taýpalaryň eýran dilinde geplänligini nygtadylar.
Hany subutnama? Olaryň getirýän subutnamasynda, olaryň geýimleri eýranlylaryňka meňzeş bolupdyr, ýaraglaryndan mysal getirlen.
Nädip şu zatlar bu halklaryň eýranlylara meňzeşdigini tassyklap bilýärmiş.
Ýene-de bir çeşme saklaryň, massagetleriň, ýa-da gadymy eýran ýazgylarynda gabat gelýärmiş. Gelse gelipdir-dä, ol birnäçe ýerde, Eýran şasy Dariniň bakna eden, urşan halky hökmünde getirilýär.
Şol ýazgylarda Kum we beýleki käbir Ýewropa ýurtlarynyň hem ady tutulýar, eger şu usul bilen eýe çykmaly bolsa onda ol ýurtlar hem Eýranmyka?
Sorag köp. Ýöne bu soraglary köpeldýänler, Eýranyň persleriniň öz döreýşinden bihabar adamlardyr.
Grantowskiniň ýazmagyna görä Eýran parslary gadymyýetde bu ýere Don töwereginden gelen gelmişek halk bolupdyr. Çak bilen olar Orta Aziýa iki ýol bilen Kawkaz daglarynyň üsti bilen gelipdirler, Geredotyň berýän maglumatlary boýunça persleriň hanynyň ogly Midi şasy Atiaganyň gyzy Mananda öýlenýär. Bu midiler bilen persi ýakynlaşdyrýar. Soňra bolsa ol halk Midi ýegeni Makodonyň ogly Kiriň eline geçýär.
Alymlaryň tassyklamagyna görä, persleriň derejelenmegine Midiý medeniýeti sebäp bolupdyr.
Persler aralaşansoň mellekçä ýer berseň, ýer eýesini ýerden çykar pursady başlanypdyr, Eýranlylar çarwa halklaryň ýerini almak üçin dürli haýýarlyklara ýüz urupdyr. Bu bolsa soňra persleriň ähli gadym medeniýete eýemsiremegine we ony öz ata-babasynyň taryhy hökmünde dokumentleşdirmäge mümkin bolupdyr.
Ol gelmişek atlaryny bolsa gonup-göçüp ýören çarwa halkyň adyna geçiripdirler.
Çarwa halkyň persler gelmezden öň müňlerçe ýyl bäri ulanyp kämilleşdirilip gelýän Otparazlyk dinini alyp, ony öz adyna geçirmegi bolsa gelmişek persleriň täze ýerde ornaşmagyna we özlerini has erkin eýe duýmagyna sebäp bolan zatlaryň biri hasap etmek mümkin. Şu zatlary bilmek, persleriň gelmezinden öň Gerodotyň soifleriniň territoriýasynda ykbaly, dili, däp-dessury bir-birine ýakyn halklar ýaşapdyr diýmäge doly mümkinçilik berýär.
Wagtyň hem güýçlä laýyk işleýänini taryh häli-şindi görkeze-görkeze gelýär.
Çarwalar Hytaý-Aral, Gara deňiz, Hindi okean arasynda ol uly möçberli tolkin bolup çarpynýan wagtlary, olaryň däp-dessur hem ynamyna öwrülen ony bu kowumlylar bilen goňşylykda oturan Ýewropalylar, şol dessurdaky öküz bilen birlikde gowluk hökmünde öz ýürekleriniň törüne geçiripdirler.
Kir dünýä päkligi çaýypdyr. Makadonskiý öz kanunyny, musulmançylyk hem öz kada-kanunynyň synyna ýapyşyp halklara aralaşypdyr. Ari, skif, sak, sarmat we ýeneki gadym taýpalar – türkmen kowmuň ata-babasy bolup taryhyň çetinden giren halk bu gün dünýäniň dürli künjeginde, türkmen, türk, gazak, özbek, gyrgyz, ýakut we ýene-de köp halklara öwrülip öz ýoluny dowam edýär.
Türki halklaryň iştimat – gelip-çykyş taryhy onuň göterýän atlaryndan has ir başlanypdyr, ençeme babatda bolsa gadym taýpa-tire atlary soňra öz halkynyň emele gelen derýa, bir goly bolup goşulypdyr. Türkmen taýpalarynyň arasynda öz adyny türki adyň döremeginden has ir alyp gaýdan taýpalaryň biri-de saryk taýpasydyr. Ol türkmen halkynyň içinde sadadan gelen ynanjaň, şahandaz seýranda bolsa gerek ýerinde yňdyrma öküz topulyşly kiçi göwün taýpa hasaplanýar.
Saryk taýpasynyň adyndan belli bolşy ýaly, olara saryýagyzlyk mahsusdyr.
Olaryň ady hut öz sypatlaryndan gelip çykypdyr diýmäge doly esas bar.
Sary reňke türkmenler sary diýse-de, köp halklar özbek, gazak, gyrgyz we başgalar «saryk, saryg» diýýärler. Sarylaryň bu toparynyň adyny onuň töwereginden gelip çykan bolmagy mümkin.
Saryk tiresiniň häzirki zaman wekilleriniň hereketlerinden, onuň özboluşly edim-gylymyndan, dünýäde aýratyn apalap hormat goýulýan, Türkmenistan çäginde az tanalýan halysyndan, palasyndan, gadym ussalarynyň ýasan şaý-sep motiwlerinden hem halkynyň hele-bäri zady hasaba almaýan geçirimliliginden, onuň uzak ömür süren süýeginiň ýadawlygyny duýsa bolýar.
Dürli çeşmeler saryýagyz adamlaryň kalbynyň giň, gatnaşyk etmek üçin ýakymly, ýerlikli bolýanlygy, hakynda ýazypdyr.
Taryh öz dowamynda munuň saryklara hem gönüden göni degişlidigini öz mysalynda telim gezek subut etdi.
Saryklar gadymy bolsa onda ol näme üçin bize belli bolan şejerelerdäki taýpalaryň arasynda ýokkan? diýilmegi kanuna laýyk soragdyr. Göräýmäge gadymy boljak bolsaň bu sanawda adyň agzalaýjak ýaly.
Özi-de özbek, gazak, türk, azerbaýjan, gyrgyz we beýleki ähli türki taýpalaryň aňynda öz ata-babasynyň saryýagyz, gözi gök bolandygy hakyndaky pikir arkaly arka ynama öwrülip gezýär.
Ptolemeýiň seriki isidonlary diýen jümlesi isleseň islemeseň gulagyňa saryk sözüne meňzäp eşidilýär. Onuň maglumatlaryna görä serikler Türkmensitanyň Gündogar eteklerinde Aşapdyrlar (Gärim töwerginde. Haçan-da ýüpek ýol döränsoň haly ýüpegi şol «Serikler» bolupdyrlar.
Pillininiň aýtmagyna görä (serp...)ler, Orta boýludan uzynrak, çynar boýly, saçly, gök gözli, grubyý sesli hem dilli (не пригодный для разговора) (Рденниг. Ук. соч. М1961. с. 69)
Ýu. A. Zuýew (şol ýerde. 196. s. 106-107) öz işinde gadym türk ýazgylarynda 650 ýyllarda Utukenskaýa Çerny (наход. Восточный Хангале, была названа в области Синг-ли). Bu hem sarylar diýen lakamy berýär.
Ptolemeýiň, Plininiň hem Hytaý çeşmesiniň şol bir ýerlerde şol bir sarylary ýatlamagy, ol ýeri Gündogar Türküstana belli bir wagtyň sarylaryň bolmanda bir toparynyň ýurdy-mekany bolupdyr diýip pikir etmek mümkin. Hytaý syýahatçysy Çjan Sýan gaýdyp gelip öz imperatoryna maglumat berende, häzirki Ýedisuwyň töwerekleriniň öň SE atly taýpa degişli bolanyny. Uly hanlaryň günbatardan çozup alanlygy, olaryň günorta çekilenlikleri barada (Se – hytaý çeşmelerinde sak) bir görnüşi diýmek.
Ý.A.Zuýewiň berýän maglumatlaryna görä (Se) hytaýça sir (sarylary aňladýar). «Uly hanlaryň tarapynda» yerilylaryň arasynda bölek (саского, сарского и юестийского) bölekleri ýaşaýar diýilýär.
Bu düşündirilşi ýeterlik bolmadyk maglumatlar öňki maglumat bilen bilelikde seretseň sarylar düýejiler saporyna öwrülip diýen ýaly gelýär.
Iki halkyň başga bir güýçli «Usun» toparynda berilýän ýene bir maglumatyny ýatlalyň:

«Серики о граничена с запада Скофией, по ту сторону Имайское горы с Севера и также свосто кане известный землей, сюга – остальной части Индии по ту стороны Ганга…»

Ptolemeýiň (geografiýa VI-150 agzan şäherleriniň içinde Serikleriň, şäherleriniň arasynda Orasan hem ady tutulýar.
Orasan bolup bilse Horasanyň adyna degişli, taryhyna degişli diýmäge mümkin.
Meşhur Hindi gadymy dessany bolan, Mahabharatanyň sahypasy türki kowmuň aňyndan habar berýän ygtybarly çeşmeleriň biri hökmünde seretmek mümkin.
Onda sakdyr tohar ýaly çarwa taýpalaryň arasynda kanklar hem agzalýar.
Ptolemeý, (geograf VI-II) hem kimleriň ýany bilen akinailary ýatlaýar. Akinan sözüniň kynyk sözüň biraz, ýagdaýa görä üýtgemesini mysal.
Pillini (Demodeniň maglumatlary hakda) Selwigiň Antioha bilen aňrysyna eden ýörişinde kany-kanuka, skif taýpalary hökmünde agzalýar. Kanlara, kanianlary biraz üýtgäp Gynak ady hökmünde seretmek mümkin.
E.Uulu Klys pikiriçe Siraken saryk (жёлтый) kun sözlerden dörän bolup bolmagyny çak edýär.
Saryk-Kynyk – köp babatda biri-birini ýatladýan bu iki sözüň şol bir halk bilen baglydygyny hasap etmek mümkin. Gynyk-saryk şol gadymyýetde şol bir manyly iki hili dürlilikdäki aýdylşy.
Galyberse-de kynyk, sarygyň gadym çeşmeleriň şol bir salga berlen ýerinde bolmagy biziň bu pikirimizi ýene-de bir ýola nygtaýar.
Awesta hem öz sahypasynda Kangylary ýatlaýar. Has gadymy kanglar hakda ýatlaýan çeşmeleriniň biri-de, «Şi-szi»-niň «Taryhy ýazgylarydyr.» Onda kanglylaryň Dawaniden 2000 km demirgazyk-günbatarda ýaşaýany «Это кочевые всадник в обыкновенных совершенносходствует снежицами, имеет до 90000 войск».
В Истории старших хан говорится что Канюй на востоке подчинен хуннам (416) (Бачурин) на юге юежини. Париска Пенайский (сказание стр-27) Gynygyň gunlar bilen kidaritler bilen urşy bes etmek üçin öz aýal doganyny Kungiýe (gynyklara berýär).
Taryhyň bu pursatynda öňki bolan kanglaryň bir amatly öwrümde iki garşydaşynyň hem agasy bolanyny çak etmek mümkin.
Eger jerçi ýa hunlar il arasy bolan bolanlygynda, ol öz uýasyny haýsydyr şolaryň biriniň alnyna bererdi.
Kany adynyň Mahabharatada ýatlanylmagy, bu tiräniň şu ýer bilen ykbal baglydygyny görkezse, Ammiana Merkeliñ pikiriçe ol ýerdäki derýa Gans adynyň galmagy-da bu ýerlerde ýaşan şol gynyk taýpasy bilen baglydyr.
Daşkendiň golaýynda gadym Kank şäheriniň harabaçylygy bar.
Pers patyşasy Dariniň ýazdyran Behistun ýazgylarynda sak-kynyklaryň Skinha atly serdarynyň ady agzalýar. Muňa sak-kynyk sözlerini özünde jemlän serdar hökmünde göz öňüne getirmek mümkin. (Sak-kynyk) sakynak, sakydak.
Ahemenid döwletiniň döremegi güýçlenmegi netijesinde çarwa we çomry halklaryň Aziýada gadymdan ýaşap ýören köp halatlarda ykbaly hut şu Aziýada täze peýda bolan we aktiw ýerli halk bilen goşulyşýan pars döwleti bilen bagly bolupdyr. Munuň şeýledigini biz soňky çeşmeleriň manysynda görýäris. Orta Aziýa halkynyň adyny olar hem, özlerine tutupdyr, özlerine bap edip üýtgedipdir. Gadym perslere degişli bolan Perespol ýazgylarynda, Dari Gistaspyň dyza çökeren halklarynyň arasynda Parakla Parfiýa adynyň deňinde agzalýar.
«Paraklary. Kilyçyň pikirine görä ol gadymy týurkiň saryk adydyr. (Sary-saryk) sözlerden emele gelen.
Strabonda Siraklar Azow deňzi bilen Gara deňiz arasynda ýaşan halk.
Iesidor Horenskiý «Parfiýa düşelgeleri (8-10) grekleri ýatlaýar. (Tamorlaryň 5 shoýny golaýynda.
Taryhçylaryň meşhur Şirakda, (Goleniň harby hyzmaty) işinde XII-12) gürrüňi edilýän Şirýanda Sarags sözüniň göniden göni sinonim manysyny görýär.
Şiragyň adyna taýpasynyň adynyň dakylmagyny pikir etmek mümkin.
Şiragyň – Sarygyň edermenligi soňra Şirak diýen persiň ady bilen bellenilýär. Ulanylýar. Ýogsam ol persleri aldap çöle äkidip heläk eden adam. Şirak saryk pers diýilse, pers persi nämüçin aldap gyrsyn diýen jogapsyz sorag döreýär. Sebäbi ol pers gastaly Dariň goşunyny gyrýar ahyryn.
Sarygyň obrazy soňky müň ýyllyklarda köp ulanylýar. Ruslaryň 1812 ýyldaky, fransuz goşunyny öz yzyna düşürip tokaýda heläk eden Iwan Susanini hem adyna berilen şol Şirak-Sarygyň dünýäň aňynda galan edermenligidir.
Ariler öz möwritini ötürip dünýä ýüzüne etmeli täsirini edenden soň saryýagyz halkyň ykbalynyň ikinji etabynyň başlanmagy bolupdyr.
Taryhçylaryň tassyklamayna görä ariler hem sarylar ýaly gök gözli, saryýagyz pälwnsypat bolupdyr.
Sarylar, Ariler bu iki sözüň bir meňzeş eşidilşi diýseň-diýmeseň, Ari sözüniň bir öwrümde sary, ol halkyň, sypatyny görkezýän söze öwrülenligiini çak etmäge mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, bu taýpanyyň atlry ünsüňi çekýär. Belli bolşy ýaly Arileriň Arwana diýen ýaly mal atlary hem özüne bap bolupdyr.
Saryk taýpasy «ar» sözi bilen iň köp gabat gelýänligini biziň barlaglarymyz görkezdi. Arnageldi, Arnajuma, Annanýaz, Arnatäç, Arnagül, Arnamyrat, Arnaberdi, Arinýaz – Ärinýaz, Artyk. Bu meselede sarylaryň şol Ari halkynyň ýaýran ýeri hasaplanýan Hindistan, Skandinawiýa, Ural, Müsür ýaly ýelerde ýaşaýanlygydyr.
Mümkin bu meselede dürli pikirler bolup biler, ýöne biziň ýokarda getiren mysallarymyz hem bu iki halkyň unudylan geçmişde şol bir köküň miwesidigini çak etmäge mümmkinçilik berýär.
Taryhçylar üçin indi bir wagtdan bäri, Ari goňşy bolup ýaşan Polowesler – Gypjak sözüne öwrülip barýar. Ýewropaly taryhçylaryň has-da rus taryhçylarynyň geň häsiýeti bar. Orusýet bilen bagly halklary soňky müňýyllykda ürç edip öwrenen hut şolar boldular.
Häzir Orta Aziýa okyjylary hem rus taryhçylarynyň sözüne gadym Polowesler – Gypjaklar diýen pikiri ýöredýär. Bu iki at iki halkdyr. Muňa alys köki bir zat diýip bolar. Emma Polowesleri gözi bitdik Gypjak diýmek elbetde dogry däldir. Olar saryýagyz ari sypat bolupdyr. Ruslar, beýleki slawýanlar bilen alyşyp, gyz berişipdir. Ruslar bulara diňe bir gan gatyşyk däl, olaryň sary reňki hem mongol-tatarlaryňkydan az siňen däldir. Özi-de rus çeşmeleri polowesleri duşman hasap etseler-de beýleki gypjak, peçeneg has mert, geçirimli hasap edýär. Olar ruslaryň 28 çozuşyna 8 çozuş bilen jogap beripdirler.
Balhaş-Dunaý aralygy Gypjak-Poleweslere degişlidir. Çeşmeler X-XI asyrda olar Ýewropa geldi diýilýär.
Bu ýalňyşdyr. Polowesler ol ýerde öň oturan buGypjaklaryň gelen we belli bir derejede Polowesler bilen garylşan iki güýje öwrülip belki Rusa hem gazap eden döwrüdir. (Oguzyň Günorta ganaty).
Polowes diýlen gadymy rus dilinde sarylar diýmekdir.
Rus goşuny Wladimir Monomah döwründe polowesleri häzirki Rumyniýanyň, Wengriýanyň, Bolgariýanyň, Ýugoslawlaryň ýerine gaçyp çykarýar. Şeýle-de Ruslar polowesleriň kömegine hemişe mätäç bolupdyrlar. Şonuň üçin Monamahyň iki oglu-da polowese öýlenipdir.
Polowes kanuny boýunça «Ak gelin» almak diýseň gowy görülipdir. Olar ak gelinlere gyzyl ädik, telpek geýdirer ekenler welin myhmançylyga gelende ene-atasy hem tanamaz ekeni. Şonuň üçinem ruslar gelende owadan bolsaň, has owadan bolaýyn diýseň Poloweslere sarylara heleý bol diýen ynam gezipdir.
Sährada ýaşaýan polowesler hany Sarçan (Sary han, sarylar hany). (Ruslar Togar hany – Tugarhan) edişleri ýaly muny hem diýipdirler. Ikisi Kawkazyň häkimi Otragy yzyna sähra çagyrýar.

«Ему ты песен наших спой,
Когда же на песен не отзовешься,
Свежи в пучок евшан степной,
И дай ему (?) он вернётся»

Bu setirler Sarylaryň nirede bolsalar-da, sary bilen baglydygyna şaýatlyk edýär.

«Aýdyp ber sen oňa öz aýdymymyz,
Öwrülmese ol şonda-da yzyna.
Al ýanyňa sähraň ýowşan bogup,
Ber sen oňa – gaýdyp geler yzyna».

«Слова «Сарык» которым тоже звали полевцев» Р.Подолный «Пути народов».
Soňra awtor öz pikirini ösdürmek bilen saryk-polowes – gypjaklaryň Müsürde ýüz elli ýyl gowrak höküm sürenligini ýatlaýar.

* * *

«Saryklaryň» Saryk adynyň gelip çykyşy bolup bilse olaryň asly keşbinden gelip çykan söz bolmaly. Taryhda özüne men «pylany» diýip at goýýan halk gaty seýrek bolýar. Bu ady haçanda bolsa bir mahal bu halkyň keşpleri bilen baglan, olar bilen goňşy bolan ýurtda iş salyşan halklar tarapyndan belen bolmaly.
Özi-de bu at sary sözüň gadymy türki sözleriň biridigini göz öňünde tutup, ony bu halka beren halkyň ondan uzakda bolmadyk başga bir türki kowmuň berenligini, özi-de bu hadysanyň bäri bärlerde däl-de Oguz han gadymyýetiniň töwereginde çak etmek mümkin. Sebäbi taryhda Oguz hanyň her çykanyna Aý han, Gün han, Dag han diýip at goýupdyr. Olardan ýaýran ýaýrawlara at, döwlet, orun paýlapdyr.
Oguzhan ata haýsydyr bir ogluna, at goýanda hemişe, jemgyýetdäki derejesini, haýsy ugra rüstemligini hemişe göz öňünde tutupdyr. Ol döwürde atly bolmak, Oguzhan öz sagynda bir gädigi ynandy diýmek bolupdyr. Serkerde soweşde her oglunyň rüstem ýerini nazara alyp ony şol ýerde söweşe salyp, uly ýeňiş gazanypdyr.
Oguz hanyň ýigrimi dört kyblasynda «Saryk» taýpasynyň ady ýok. Belki sarylar bu ady biraz gijräk alandyrlar. Belki-de olar şol döwür häzire çenli gelip ýetmedik başga bir taýpa adyny getirendirler. Biziň juda ir giden zehinli alymymyz A. Bekmyradowam şol pikirde ekeni. Ol bir gezek Nobatguly bilen maňa:
– Saryklaryň Oguzhanyň haýsy ogly bolanyny siz bilýäňizmi – diýdi.
Men dogrusy ol wagt bu mesele bilen gyzyklanmaýardym diýsemem ýalňyş däl. Biz ýerli-ýerden ýok-da ýok boluşdyk, onuň aýtjak bolýan täzeligine garaşsyk.
Emma ol neresse «Häzir aýtjak däl, ýöne ol Oguzhanyň oglunyň biri eken, ony anykladym. Tizden makala çykaryp ony ulyile aýtjak. Sizem şonda bilersiňiz.
Biz Ahmediň diýýäniniň aňyrsynda bir zadyň barlygyny ynanýardyk, ýöne ol neresse garaşylmadyk ýagdaýda dünýäden ötmegi bilen bu mesele şol öňküligine galdy. Çykmaly makala-da çykmady. Men Ahmediň aýdany bilen bu halkyň häzirki wekilleriniň hüý-häsiýeti bilen deňeşdirip, ol çaklamanyň bolup biläýjek, bilmejegi hakynda pikir öwürdim.
Birinjiden-ä bu taýpaň adamlary, diýseň ýadaw görünýäler. Adaty bolmalysyndanam has giň, esasy bölümlerine juda sadalyk mahsus. Aýdym-saza jany bilen berlen «Sarygyň suwçusy, salaryň bagşysy» diýilýär. Tiz aldanýar, öz göwnüne osup özgeden ýamanlyga garaşmaýan, ynanjaň halk.
Ýewropa alymlarynyň pikiriçe bu häsiýetleriň köpüsi, taryhda uzak ýol geçen, argyn-ýadaw taýpalara, halklara degişli bolýar.
Ikinjiden, olaryň adama at dakyşlarynda, geýim geýmekde hem özge taýpalaryňkydan tapawut kän. Saryklar esasanam çaga at dakanda oňa geljek durmuşda ýolunyň, bagtynyň ak bolmagyny arzuwlap aga ýakyn at dakýarlar. Agageldi, Agamyrat, Agaberdi, Akmyrat, Agaman, Aganazar, Allanazar, Akjagül, Aksoltan, Annabat, Aýgözel.
Bu taýpada häzirki döwürde «ar» goşulmasy bilen döreýän atlaram bir bölek Arnageldi, Arnajuma,Arnaöwez, Arnaguly, Arnabibi, Arnasoltan, Arnatäç, Arnagül.
Umumanam bu taýpada «Ar» sözi bilen döreýän sözler başga-da köp.
Geliň indi ýokarda ýatlan «Ar» sözümiziň habaryny almaga synanyşalyň. «Ar» sözi, kimden birinden köýen aryny ýerine salmagyň ugruna çykmak ýaly yklan kalbynyň ýagdaýyna bagly bolan belli söz.
Bu taýpanyňhem bu uzak ýolda, ary ähli ýerlerde az bolan däldir. «Ar» sözüniň bölek bolup bu taýpanyň sözlük düzüminde bir ýerden goşulan bölek goýna meňzäp durmagy, onuň «Ar almak bilen bagly, şoňa bolan islegiň döreden bolmagy, onuň köp ýerde köp arynyň bar bolmagy, onuň diňe bir türkmen topragynyň çäginde däl, dünýä çäklerinde hem taryhda ýüz ugra ýatlanylyp geçilýänliginiň özi-de üns berilmäge haklydyr.
«Turkmen i turkmeniýa» kitabynyň käbir berýän maglumatlaryna üns bereliň: Abulgazy han öz «Şejeresinde» Durunda oturan baş egmezek saryklary gyryp dargadandygyny ýazyp Sarygyň Köpetdag eteklerinde hem bir wagt oturymly bolanlygyny habar berse, G.N.Karpow «Tekeler, ýomutlar, ärsarylar bilen birlikde saryklar 1747-nji ýyl, Wabiş han döwründe Hywada ýaşaýardylar» diýip maglumat berýär.
1717-nji ýylda, ýagny 15-20 ýyldan soň saryklar Amyderýanyň sag kenarynda, Çärjewiň gabadynda ýaşandyklaryny ýazýar. «Türkmeniň saryk taýpasy» Aşg. 1939 ý. 3 sah. Abdurahman Tali «Istoriýa Abul Faýz hana» str. 105-106. Fardaus al ykbal – L-491-a, 536a-565-b işlerinde «Сарыкы жившие на левом берегу Амудары в переделах Чарджоу разделили на поколения, алаша, кара, бакавул…» diýip beýleki dürli çeşmeleriň «Saryklara on sekizinji asyryň başlaryna Buhar hanynyň hyzmatynda bolup, (Arnaseýitpir, Buhar hanynyň terbiýelän, onuň hormatly atalygy Orak bilimli adam bolanlygy we dereje bolanlygy hakda aýdylýar. Taryhy maglumatlar onuň diňe bir saryk, teke, ýomut üçin däl-de, özbek, gazak, garagalpak halklarynyň içinde hem bilimiň gapysyaçylyp Ýazguly pir, Molla töre ahun, Gara ahun, Arnaseýit pir Amyderýa boýunda belli bir döwürde töwerekdäki özbek, täjik halklary bilen inçelik bilen düşünişip köpelen, jemlenen mesgenidir.
Teke taýpasynyň on bäşinji asyrda Orta Aziýadan Teýmirleñ tarapyndan kowlup, talanyp, atylanlary hem ýene yzyna gelmegi gazanan hut hem dereje Arnaseýit piriň hyzmaty bardyr. Ol öz dogany Tekäniň wekilleri, alys ýoldan – ýaşulularymyz iberdi bizi öz ýanyňyza watana gaýtaryp getirmäge kömek ediň diýip gelende ol öňe düşüp Buhar hanynyň ýanyna barypdyr. Buhar hany, nämüçindir tekeleriň gaýdyp gelmegini ilki göwnemändir. Diňe öz mertebeli bilim atasy Arnaseýit piriň göwnüne degýänligini sözüni ýykýanlygyny gören wagty, ol iki üç günden soň ýene-de ony ýörite huzuryna çagyrdyp şeýle diýipdir:
– Hormatly atamyz, dogan seniňki oňa sözüm ýok. Ýöne seniň doganyň Teke oňluga Tallymekan giden däldir. Bilimdarlar ýazgy agtardylar. Ony biziň gadym atamyz Temirleň «Siz ýurda siňýän halk däl» diýip, olaryň hyýanat-ýamanlygyny görensoň ýörite «Gözüm görmesin» edipdir. Şondan soň olar telim ýüz ýyl şol ýerde ýaşapdyrlar, Hindi-Hytaý bilen gatyşyp-garyşyp gyrlyşyp gezipdirler. Häzirem olar Hytaýlylaň zarbyna çydaman, özlerine girere deşik gözleýärler. Indi olar gelende görersiň, ol baýdak boýly bugdaýreňk dag bölegi ýaly tekäňä ýokdur, indi olaň ýerine gözleri bitdik elek hytaý ýüz hem hindilere meňzeş saraýagyz adamlary görersiň. Bir zat, biziň baba kelamymyzy Temirleňiň raýyny ýykyp, bet pygyllynyň galan bolmagy mümkin. Getirin diýseň getir, atam dogan seniňki, ýöne bölüp bölübräk getir. Soň ol tekeleriň bir bölegine Garabaýyr diýlen ýerden, ýene birine Täjigistanyň bir ýerlerini, üçünji bölegine bolsa Yssyköl töweregine gelmegi maslahat beripdir. Ýöne ol ýene-de Arnaseýit pire: Atam getirseňem-ä getir doganyňy welin ýöne soňra özüňem gaçjak ýeriňi peýläp goýaweri – diýip, olaryň gelmegini gaty bir göwnäp barmaýanyny ýöne ýüzdenem geçip bilmeýänini ýene bir ýola ýatladypdyr.
Şeýle-de bolsa, «Görogly» dessanynda soňra, Ýedigümmez dagyna gaçyp çykan Jygaly begiň, ol ýerden doganoglanyna Röwşenden habar edip:
– Ýurda bar, ol ýerde meniň dogan oglanym bardyr, şoňa aýt, goý bizi göçürip äkitsin! – diýip ugradýar. Bu jümle bir tarapdan tekäniň saryk bilen bir ataň ogludygyndan habar berse, ýene bir-de ol doganoglanyň obrazy Arnaseýit piriň obrazyna meňzeýär.
Bu görnükli din wekiliniň at-abraýy soňra ol Buharada türkmenleriň ençeme tireleriniň birleşmeginde öz mynasyp ornuny eýeläpdir. Şol döwürler, özbek, täjik, türkmen halklarynyň garyşyp gatyşyp oturan bir-birege iň gowy düşünýän wagty bolupdyr. Haçanda Ärsarylar ygyp-tozup Müňgyşlakdan inip ugran mahaly Amyderýa boýy türkmenlerden doly eken. Buhar hany olara «Ýer ýok, goý Garabekewilden, Kerki aralygyndaky jeňňeli mülk edinsin» diýipdir.
Çeşmeler ol döwür Ärsary babanyň töwereginde galan sarylaryň gelenlerinde mata-pamyk geýimleri oňly bilmän deri geýimlerde gelendiklerini, Garabekewil-Mübärek arasyndaky saryklar bilen goşulşyp soňra şolaryňka mahsus geýim geýendikleri aýdylýar. Är Sary baba döremezden ozal şol bir Sary adygöteren zanny bir taýpa öz özi bilen gatyşyp-garyşmak şeýle bir kynam bolmandyr.
Olaryň ýene bir uly böleginiň Kaspi ýakasynda ýaşaýan düýejilere, ýomutlara goşulyşyp Japarbaý bölegini emele getirenligi hem ýatlanylýar. «Hiç bir zat yz goýman geçmeýär» diýleni türkmen edebiýatynda döwür-döwrana görä üýtgänem bolsa türkmeniň ol ykbalynyň yzy bilen bir derejede rowaýatlara, ertekilere öwrülip galanlygy görünýär. Arnaseýit piriň obrazy hem Seýit pir höküminde özbekdir täjik halklarynyň birnäçe dini-legendar şahslarynyň süňňüne siňipdir. Olaryň halypa has täsir beripdir. Gynansagam, Arnaseýit Saryk piriň obrazyny bize dolap berýän, diňe Hoja Ahmet ahunyň ýazyp ýören «Arnaseýit pirleriň piri» makalasyndan başga zat ýok. Bolsa-da olar özbek, täjik dillerinde bolmaly.
Saryklaryň Amyderýa boýundan Merwe göç etmeklerine hem hut şu Arnaseýit piriň Buhar hanlygy bilen türkmenler arasyndaky düşünişip edilen gatnaşyk bilen baglaýan alymlaryň bolmagy hem esassyz däldir.
Haçanda Buhar hany Welnamy Eýranyň elinden Merwi (1778-nji ýyllarda) alanda ol Baýramaly hany syndyryp onuň ýerini türkmeniň Saryk tiresiniň wekillerine peşgeş bermegidir. Rowaýatda aýdylyşyna görä, pirimiz agşam düýşüme girdi, ol ak egin başlymyş, meni atymyň jylawyndan tutup Merw galasyna getirdi. Menem onuň hormatyna Merwiň ýerini pirimiziň neberesi Saryk iline peşgeş etmekçi diýenmiş.
Saryklaryň taryhy Gara şahyr hem öz meşhur «Maru-Mahu-Jahan» goşgusynda Welnamanyň bu ýagşylygyny minnetdarlyk bilen ýatlap geçipdir.

Maru Şahu Jahan asly mekanym
Köp döwranlar sürdüm seniň üstüňde.
Baýramaly handan aldy Welnamy,
Türkmen beglerine berdi engamy.

Şundan soň Maryda oturan gajar türkmenleriň ýerine saryklar bu ýere köpçülikleýin göçüp gelipdir. Olaryň arsyz bir bölegi bolsa Amyderýa boýlarynda, Buhara eteklerinde, Garaköldir Zerawşan boýlarynda galypdyrlar. Olaryň nesilleri häzirem şol ýerlerde ýaşaýarlar.
Taryhçylar belki olaryň gadym geçmişde Sarylar kendini, soňra Samarkant hökmünde tanalan meşhur şäheri olaryň geçmiş ata-babalarynyň döredenini ýatlan bolsalar, onda olar Sarylar ýene-de bir ata-baba gadym şäheriniň birini Sarygyň Taganyň ogullary Seljuk atalary gadym paýtagty Merwi ýene-de eýelediler diýip ýazardy. Öz mertebeli serdarlary Togrul begiň, Alp Arslan, Sanjaryň... gubury ýatan ýerleri.

(dowamy bar)...
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 1767 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Agageldi Allanazarow | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 16
0
1 miracle  
503
dowamyny nireden okap bolor?

0
2 Hаwеrаn  
245
Agageldi agadan alan elektron kitaplarymyñ arasynda bar eken, makala doly yazylyp gutarylman eken... şonda-da okyjylar u.n gyzykly bolar diyp goyupdyk..
Yaşulydan yene sorap göreris, dynan bolsa yzyny goyayarys..

0
4 miracle  
503
hawa, kop sagbolun

0
3 Hаwеrаn  
245
Bu makalañ diñe dowamy dal, bizde paylaşylan başky bolegine-de başga yerde duş gelen dalsiñiz.. )

1
5 yazlyseyidow58  
863
Tatarlar saryk diýip goýuna aýdýarlar. Türkmeniň bir taýpasyna “teke“ diýip at dakylan bolsa näme üçin saryklaryň çarwadarlygyny göz öňünde tutup “goýun” ýagny saryk dakyp hem bilinmezmi ?
Saryýagyzlyk türkmeniň diňe bir saryk taýpasyna mahsusmy ? Saryýagyzlyk ähli türkmen taýpalaryna we Siziň belleýşiňiz ýaly köp halklara hem mahsus.
Siziň getiren adam atlarňyzda “ar” sözi däl-de “arna” sözi köp gabat gelýär.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde “arna” sözi “derýanyň özünden aýrylyp, ýene şoňa goşulýan goly” diýip görkezlen. Eger-de saryklarmyzyň Çärjewiň gapdalynda oturumly bolandygyny ýatlasak hemme zat ýerbe-ýer bolýar. Türkmeniň suwy ýüzüne sylyp mukaddes hasap etmegi bilen Derýageldi, Derýaguly we ş.m. at dakyşy ýaly “arna” sözi bilen bagly atlar hem şol yryma uýup dakylyp biliner.
Biziň düşünşimize görä Agageldi, Agamyrat, Agaberdi atlar, aradan çykan merhum, özünden uly erkek doganyň hormatyna ady dakylýar.
Türkmen hanlary we serdarlary. A.:Türkmenistan Ylymlar Akademiýasy “Ensiklopediýa” neşirýaty, 1992.: “Musulmanlara Çingizden (Temüçin, Jeňgiz) hem on esse zyýat zowal ýetiren patyşa Teýmirleň (Teýmir agsak – ölmeziniň öňüsyralarynda musulmançylygy kabul edýär) Garagumuň üsti bilen Köneurgenje we Bedirkende geçmekçi bolanda, Aman han Döwletýar beg oglunyň baştutanlygyndaky teke türkmenleri uly uruş edýärler, edil Gökdepe (gala) urşundaky ýaly söweşip gyrylýarlar. Soňra Teýmirleň ol ýerleri basyp alansoň, külli tekäni tüketmek maksady bilen olary Hytaý serhedindäki ot-çöp bitmeýän, tozanly, ýel öwsüp ýatan şor ýere — Taklamekana (Hytaýyň günbataryndaky çöllük ýer) sürgün edýär. Tekeler bu kapyryň gazabyna uçrap, Taklamekanda, Nurgarabaýyr dagynda, Kermenede (Özbegistanyň häzirki Nowaýy şäheriniň sebitleri), Kelif-Uzboýuň ( Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Kelif obasyndan Mary welaýatynyň Repetek demir ýol bekedi aralykda) ýakasynda, Artguýuda (Owganystanda), umuman, dört asyra golaý ýurdundan aýraçylykda ýaşaýarlar.” “. Şirgazy hanyň söwer dosty Döwletmämmet Düýegöz aga Şirgazy (1715-1723 ýyllarda Hywa hany) handan ygtyýar alyp, 1719-njy ýylda külli tekäni Wasa göçürip getirýär.” Ýagny Siziň bir hany gepledip ýazyşyňyz ýaly däl-de tekeler watan goragynda asgyn düşeni üçin mejbury Siziň aýtmyşyňyza görä “kowlup, talanup, atylypdyrlar”.

Şirgazy hanyň sözleriniň toslamadygy bir mysaldan aňsa bolýar.Ýagny ”Häzirem olar Hytaýlylaň zarbyna çydaman, özlerine girere deşik gözleýärler” diýen sözlere görä tekeler Wasa gaýtmazynyň öň ýanynda Hytaýyň gapdalynda Taklamekanda ýaşap ýören bolýar. Ýöne olar dolanyp gelýänçäler ýene ýokarda agzalşyna görä Taklamekandan soňra dört ýerde mesgen tutupdyrlar.
Arnaseýit pir diýip atlandyrylýan şahs taryhy eserlerde gabat gelýänmi?.

“Indi olar gelende görersiň, ol baýdak boýly bugdaýreňk dag bölegi ýaly tekäňä ýokdur, indi olaň ýerine gözleri bitdik elek hytaý ýüz hem hindilere meňzeş saraýagyz (Hindiler saryýagyz?)
adamlary görersiň.”
Wenger syýahatçysy Arseniý Wamberi: “..... Teke adam adaty uzyn boýly: kelte boýlysy seýrek. Syratly göwreli, giň gerdenli we döşli, gollarynyň penjesi kiçi we aýagy kiçi; ýüzi dogry sypatly we gowy süýrümtik. Saryýagyz, dogry gyýylan gök gözli, seýle hem tekeleriň belli bölegi gara saçly garamtyl-goňur reňk gözli. Olar aziýaly sypata meňzemeýärler, gaýtam pähimli rimlilere meňzeşdirler we eger-de uly telpekleri we uzyn donlary (elmydama gyzyl gara reňkli) bolmasa aziýaly diýmek mümkin hem bolmazdy......
“Ýöne ol ýene-de Arnaseýit pire: Atam getirseňem-ä getir doganyňy welin ýöne soňra özüňem gaçjak ýeriňi peýläp goýaweri.” Bu Sözleriňiz, Seljuklar Amyderýadan geçip mesgen tutmaga Mahmyt Gaznalydan rugsat soranlarynda, Mahmyt Gaznala weziriniň aýdan sözlerini gaýtalaýar.

0
6 Sergezzan  
707
Tatarlar saryk diyip goyuna aytyan bolsalar, onda saryklar bilen goyunlar ikisi bir tohumdan bolyar

0
7 yazlyseyidow58  
863
Gep tohumda däl, tiräň taýpaň gün-güzerany üçin edýän işinde. Saryk doganlarmyz häzirem goýun geçini esasy ösdürýänleriň biri ahyry. Goýun diýilse goýuna meňzedip dälde goýundar many bolmagy mümkin.

0
8 Sergezzan  
707
Goyun bolman çopan ekenda, meniň ucin bolsa ikisem shol bir zat

0
9 Gülsüm  
430
Gopal näme diýmek

0
11 bbaygeldi  
843
Gopal gedemiñ bir görnüşi... bu sözi Baýraçlylar, Pendililer, Akgaýalylar ulanýar (umuman Tagtabazar)

0
12 Haweran  
411
"Pylanyñ gop-gop edip (ýa-da güp-güp edip pañlaýşyn-aý) ýöräýşin-äý" diýýärler-ä, bizde-de. Gopal, gopalmak - gomal, gomalmak (güplemek) sözi bilenem hem manydaş, hem meñzeş.

0
13 bbaygeldi  
843
Olaram öz aralarynda weýler bilen jakgallara bölünýärler eken... meselem (gitjekgäl aytjakgäl... weý nirde bolduñ)...

0
10 Gülsüm  
430
Hindileriñ saryýagyzy barmyka? Makala gowam welin, käbir ýerlerinde ynandyryjy faktlar ýok

0
14 Spring  
859
Saryklarda Arna (a:t goşulmasy) adam atlarynda köp gabat gelýär. Mes: Arnageldi, Arnamyrat, Arnagül, Arnajemal....

0
15 bbaygeldi  
843
Siziñ ol arna diýýäniñiz Lebap tarapda dakylýar. Arna bolsa derýadan bir ýap akyp gaýdyp ýene şol derýa guýýan bolsa aýdylýar. Мurgap derýasynda bolsa arna yok bolaýmasa. Ýok saýtdaş men-ä gabat gelmedim, bolmasa ömrümiñ 5 aýy şol ýerde geçdi... olarda köp gabat gelýän atlar. Akmyrat, Agamyrat, Sahymyrat, Аşym, Naýyp, Aýlar, Аýtokar, Aýnowça, Aýparça...

0
16 yazlyseyidow58  
863
“Haçanda Buhar hany Welnamy Eýranyň elinden Merwi (1778-nji ýyllarda) alanda ol Baýramaly hany syndyryp onuň ýerini türkmeniň Saryk tiresiniň wekillerine peşgeş bermegidir.”
1. 18-19 asyrlarda ýaşap geçen pars taryhçysy we syýahatçysy Mir Ahmet Buharalynyň “Orta Aziýanyň taryhy” atly kitabynda ýazyşyna görä Şamyrat Welnamy 1785-1800 ýyllar aralygynda Buhara emiri bolan. Onuň Merwi syndyrmagy hem 1778-nji ýyllarda dälde 1785-nji ýylda , ýagny emirlik döwriniň ilkinji ýylynda bolupdyr.
2. Merwiň üstünde Buhara emirligi, Hywa hanlygy, Eýran şalygy aralarynda öň hem ençeme gezek söweşler bolan. Özbek emiri Şamyrat Welnamy hem Merwi gören düýşi üçin dälde, özüne bakna etmek üçin bir türkmen taýpasyny (Eýrana degişli gajar türkmenlerini) gyrgyna berip, olary watanyndan aýyryp, Hywa sürgün edip, başga bir türkmen tirelerini olaryň ýerine göçürip getiripdir. Özem diňe bir saryklary hem däl-de salyrlary hem getiripdir. Onuň bu hereketi mes toprakly Merwe özüne bakna ilaty getirip, ol çäkden ýygnalýan salgytlary artdyrmak we Merwde öz dikmeleri Baýramaly hany we onuň ilatynyň ýok edilmegi sebäpli Eýrandan howp abanar gorky bilen gorag üçin araçy ýerleri döretmek bolandyr. Gajar türkmenlerini Merwden gysyp çykarmakda Buhara emiri saryklaryň we salyrlaryň güýçlerine hem daýanypdyr.
3. “Çeşmeler ol döwür Ärsary babanyň töwereginde galan sarylaryň gelenlerinde mata-pamyk geýimleri oňly bilmän deri geýimlerde gelendiklerini”
Şeýle ajaýyp halylary, haly önümlerini dokan ärsarylaryň gel-gel mata dokap bilmeýişlerini diýsene?!.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]