05:46 Seret ykbal! | |
SERET YKBAL!
Seret ykbal! Umytlarmyñ eýesi, Näme görýäñ bu gün meniñ didämde? Goluma ildirip täsin gandalyñ, Kä bakmadyñ, kä ýetişdiñ idämde. Seret ykbal! Ömrüñ ilki söýesi, Juwanlygma talañ salyp nädipsiñ? Many gözläp men durmuşda sermendim, Emma, ömri sen bimany gädipsiñ. Seret ykbal! Meñ ömrümiñ dawasy, Altyn-zerden zerrejigem dahylsyz. Diñe setirleri-setire sepläp, Öz başyma dünýä gursam, bahylsyz. Seret ykbal! Kaýyllygmyñ güwäsi, Saklajak bolamok, ömri gädiber. Emma,opurlanda ömrümiñ dagy, Setirlemden dikseñ birje ýadygãr. Seret ykbal! Şonda gözlem owasy, Bagtdan ýaşa dolup balkyldap gider. Galam berip señ köreden uçgunyñ, Ullakan ot bolup ýalpyldap gider. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||