19:04

Siziň pikiriňiz nähili?

Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 338 | Добавил: ssaparay | Теги: Aýsapar Emelowa | Рейтинг: 4.8/5
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Bagabat  
43
Oglanjyga ejesiniň öwreden 20 zady ☺

1. Ejesi oňa özgäniň zähmetine hormat goýmagy öwretdi: “Eger-de siz bogalaşyp, biri-biriňizi öldürmek isleýän bolsaňyz, onda daşaryk gidiň, men edil ýaňyja içerini süpürdim!”;

2. Ejesi oňa Hudaýa ynanmagy öwretdi: “Şu biderek zadyň ýuwup aýrylanyny diläýgin!”;

3. Ejesi oňa logika (mantyga) laýyk oýlanmagy öwretdi: “Sebäbi men şeýle diýip aýtdym, ine şonuň üçin!”;

4. Ejesi oňa emele geljek netijeler barada oýlanmagy öwretdi: “Ine häzir 4-nji gatyň penjiresinden gaçarsyň, onsoň men seni ýanym bilen dükana äkitmerin!”;

5. Ejesi oňa sebäp bilen netijäniň arasyndaky baglanyşygyň nämedigini düşündirdi: “Eger-de sen häziriň özünde möňňürmegiňi bes etmeseň, onda men seni ýenjerin!”;

6. Ejesi oňa bolup bilmejek kynçylyklary ýeňip geçmegi öwretdi: “Agzyňy ýum-da, çorbaňy iý!”;

7. Ejesi oňa çydamlylygy öwretdi: “Hemmeje zady iýip tükedýänçäň saçagyň başyndan turmarsyň!”;

8. Ejesi oňa geljege mert seretmegi öwretdi: “Hany garaş bakaly, men seniň bilen öýde mazalyja gürleşerin!”;

9. Ejesi oňa öz-özüňi bejermegiň esaslaryny öwretdi: “Eger-de sen gözüňi çaşartmagyňy bes etmeseň, galan ömrüňe-de şol durşuňa galarsyň!”;

10. Ejesi oňa çeýe bolmagy öwretdi: “Seret hanha, ýeňsäň garagäz!”;

11. Ejesi oňa ekstrosensorlygy öwretdi: “Switeriňi geý, men seniň üşeýändigiňi duýýaryn ahyry!”;

12. Ejesi oňa nädip ulalmalydygyny öwretdi: “Eger-de gök önüm iýmeseň, hiç haçanam ulalmarsyň!”;

13. Ejesi oňa genetikanyň esaslaryny öwretdi: “Bu bolgusyzlyklaryň barysy saňa kakaňdan geçen bolmaly!”;

14. Ejesi oňa özüňi nähili alyp barmalydygyny öwretdi: “Kakaň ýaly özüňi alyp barmagy häziriň özünde bes et!”;

15. Ejesi oňa mümkin bolmadyk zatlara-da ynanmagy öwretdi: “Men seniň içiňi görüpjik durandyryn!”;

16. Ejesi oňa hemme zadyň oňat tarapyny görmegi öwretdi: “Ýene-de öz otagyňy mal ýatagyna öwräýdiňmi?!”;

17. Ejesi oňa danalygyň nireden emele gelýändigini öwretdi: “Sen meniň ýaşyma ýet, onsoň akyl sat!”;

18. Ejesi oňa degişmegi öwretdi: “Haçan-da ot orujy enjam bilen aýagyňy kesäýseň, gözüň ýaşyny seçelendirip meniň ýanyma ylgap gelmäge het edäýmegin!”;

19. Ejesi oňa durmuş hakykatynda nädip ýaşamalydygyny öwretdi: “Men saňa million gezek aýtdym – ulaldyp geplemegiňi bes et!”;

20. Ejesi oňa göriplik etmezligi öwretdi: “Dünýäde millionlap garyp çagalar ýaşaýar, şolaryň hiç biriniňem seniňki ýaly ajaýyp ata-enesi ýok!”.

Çeşmesi: http://fit4brain.com/914

0
2 ssaparay  
1436
Munça zatlaryň üstüne buz ýaly suw içip, uludan dem alaýmasam, başga aýdara söz-ä galmady! :)

0
3 Gurgencli  
324
Perzendini okatmak isleselerem köp ene-atada okatmaga, ylym öwretmäge mümkinçiligi bolmaýar. A tersine mümkinçiligi barlaryňam köpüsi çagasyna biperaý garaýar. Garaz bu dünýäde herkim herhili, tutuş jemgyýeti üýtgetmegem elimizden gelmeýär. Şonuň üçin bu zatlara kelle agyrdyp oturmak hökman dälmika diýýärin

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]