06:57

Söz manysyn añar bolsañ

SÖZ MANYSYN AÑAR BOLSAÑ

Häzire çenli nohur sözüniň taryhylygy, gelip çykyşy hakda rus hem türkmen alymlary tarapyndan ençeme ylmy-derňew işleri alnyp baryldy. Dürli pikirler orta atyldy. Professor A.P.Poseluýewskiniň, belli taryhçy etnograflar G.Karpowyň, G.P.Wasilýewanyň bu baradaky işleri gymmatlydyr. Bu hakda dürli pikirleri orta atýarlar. Biziň hem pikirimiz şol hakda.
Bu dialektiň dil aýratynlygy hakda ýörite iş ýazan dosent Haýdar Muhyýew professor A.P.Poseluýewskiniň 1931-nji ýylda “Türkmenowidenie” žurnalynda çap edilen makalasyndaky pikirlerine salgylanyp, öz pikirlerini hem orta atýar. (“M.Gorkiý adyndaky TDU-nyň ylmy ýazgylary” 16-njy goýberiliş, 1959). A.P.Poseluýewskiý makalasynda şeýle gürrüň berýär: Mäti molla diýilýän adam Eýranyň Mämmedabat şäherine gidende şol ýerde bir garry mollanyň gadymy golýazmalaryndan nohur hakda okandygyny aýdýar. Ol golýazmada Nohur galasyny hem oňa birleşýän obalary Tegrakyň ogly Nohur esaslandyrypdyr diýlipdir. Professoryň ikinji bir çaklamasy bolsa “degişme” häsiýetlidir.
Alym Haýdar Muhyýew ýokardakylardan tapawutly öz pikirini ... alymlarynyň taryhy maglumatlaryna daýanyp, şeýle delilendirýär: “geçmişde agyr horluk nohur türkmenleri täze göçüp gelen ýerlerinde öňkä garanda arkaýy durmuş gurup, öz ýurtlaryna simwolik at goýan bolmaklary mümkin. Sebäbi “nohur” pars sözi bolup, onuň “no” bölegi täze we “hur” bölegi “Gün” (planeta) manysynda gelýär. Onuň göçme manyda “bagt” sözüniň manysynda gelşine hem duş gelmek bolýar. Halk arasynda “mundan gün bolmaz, gören günümiz horluk boldy” ýaly görnüşinde gelende “gün” sözi ýaşaýşy-durmuşy” aňladyp gelýär. Şeýle bolsa “nohur” sözi “dokuz eşeklini” aňlatman, “täze güni”, täze durmuşy, täze bagty” aňladýar” diýip, öz pikiriniň hakykata has ýakyndygyny nygtaýar.
Filologiýa ylymlarynyň doktory Soltanşa Atanyýazow “Türkmenistanyň toponomik sözlügi” diýen kitabynda (Aşgabat, 1970, 118-nji sah) nohur hakda şeýle ýazýar: “Nohur – etnik at. Ýerli ýaşulular bu sözüň manysyny “dokuz hüýr gyzyň mekany” (pars dilinde “no” – dokuz, hury – “hüýr”, “hüýr gyz” (Nuhuň Nohur atly oglunyň mekany diýip iki hili düşündirýärler”.
Görşümiz ýaly, bu sözi böleklere bölüp, her kim özüçe düşündiriş berýär. Onuň “no” bölegi birinde “dokuz”, birinde “täze” diýen manylary berýär. “Hur” bölegi ondan hem bulaşyk. Alymlaryň biri ony “har” sözünden ýasap, “eşek, eşekli” diýse, beýlekisi “hury” sözünden diýip, “hüýr gyz” ýasaýar. Başga biri bolsa “hur” Gün planetasy diýýär. Garaz, çaklamalar dürli hili many berýär. Onsoň hem ol kimiň oglunyň ady bolanda-da onuň hem manysy bolmaly.
“Nohur” sözi mongol dilinde hiç bir çaklamasyz, böleklere bölmezden, tutuş bir manyny berýär. Mongol dilinde ol “dost” diýmek eken.
Harby ýazyjy Alekseý Kotenew geçen uruş ýyllary Zabaýkal frontundan urşa gatnaşyp, rus hem mongol esgerleriniň arasynda bolýar. Ýapon samuraýçylaryna garşy bolan söweşlere gatnaşýar. Ol özüniň “Nohur” – znaçit drug (“Sowetskiý woin”, 1981) (“Nohur” – diýmek – “dost” diýmek) diýen kitabynda, şol söweşler hakda söz açýar. Dokumental eserleriň bu ýygyndysynda kitaba at beren dokumental hekaýasy bar. Ol eseriň gahrymanlary leýtenant Maýurow bilen mongol ýigidi Damdindorjyň tanyş boluşlary hakda şeýle ýazylýar:
"Mongol ýigidi öz adyny aýtdy:
- Barybir sen aýdyp bilmersiň, sen maňa ýöne nohur diýäý, Mongolça “nohur diýmek – dost diýmekdir” diýýär.
Gazaply söweşlerde bile bolup rus hem mongol esgerleri uly ýeňiş gazanýarlar. Leýtenant Maýurowy hem onuň ýene iki ýoldaşyny mongol ordeni bilen sylaglaýarlar. Bu hakda Damdindorj oňa gutlag hat ýazýar. “Biz seni gutlaýarys. Sen gowy nohur, ýoldaşlaryň hem şeýle eken sylagyňyzy almaga bize – Mongoliýa geliň."
(51-nji sahypa).
Başda biziň salgylanan ylmy çeşmelerimizde awtorlar bu sözüň dogry gelse gelmese, çaklamalar bilen pars sözleri bilen baglanyşdyrmaga çalyşýarlar. Aslyýetinde bolsa türkmen halky hem Türkmenistanyň taryhynyň örän köp halklar bilen baglanyşykly bolandygy bize belli ahyry. Häzirki wagtda ol mesele has-da düşnükli boldy.
Mongollar bilen biziň halkymyzyň taryhy gatnaşyklary aýratyn, hem üns bererlikdir. Şu ýerde biz pikirimizi delillendirmek üçin käbir dilçi alymlarymyzyň işine salgylanmakçy. Belli türkmen lingiwisti, dosent Ýazmuhammet Çöňňäýew özüniň köp işlerinde mongol hem türkmen dilleriniň leksiki gatnaşygy hakda yzygiderli pikir ýöretdi. “Türkmen diliniň leksikasy” (Semasnologiýa, Aşgabat, 1973) diýen kitabynda hem bu meselä ýörite bölüm bagyşlaýar. “Mongol dilindäki manysyna görä, türkmen dilinde dar manyda ulanylýan sözler” (63 sah) diýen bölümde alym ençeme sözüň köki, döreýşi, aňladýan manysy hakda çintgäp, mongol hem türkmen diliniň söz düzümindäki garnaşyklary nygtap, gyzykly netijeler çykarýar.
Alym Soltanşa Atanyýazow ( “Türkmenistanyň toponomiýasy” Aşgabat, 1981) diýen kitabynda türkmen toponomiýasynyň sözlük düzüminde dürli dilleriň täsirini belläp, “mongol sözlerinde hasyl bolsan toponimler” (50-nji sah) diýip, ýörite bölüm berýär. Bu awtor hem Türkmenistanyň dürli etraplarynda mongol sözlerinden emele gelen ýer-ýurt atlarynyň. Aňlatmalarynyň az däldigini deliller, mysallar bilen düşündirýär.
Ýeri gelende aýtsak, mongollara kowumdaş bolan burýat dilinde-de “dost” sözi mongol dilindäkä ýakyn bolup, “noher” diýip aýdylýar.
Biziň halkymyzyň taryhynyň juda gadymylygy, onuň köp ýerlere ýaýrap, köp halklar bilen gatnaşandygyny, gatyşandygyny örän köp sanly taryhy hem edebi, ylmy çeşmelerden tapyp boljakdygyna şübhe bolup bilmez. Şol düşünjäni tas synlap, belli dilçi alym filologiýa ylymlarynyň doktory Ata Annanurow “Edebiýat we sungat” gazetinde çap edilen (10-njy aprel, 1987 ý.) “Taryhdan – rowaýata, rowaýatdan – ertekä” diýen makalasynda: “Gadymy oguz taýpalarynyň VII-VIII asyrlarda demirgazyk Mongoliýada – Orhon derýasynyň boýunda ýaşandyklaryny, olaryň soňra Günbatara süýşendikleri, şeýdip ilki häzirki Gazagystanyň Ýedisuw diýen ýerinde mesgen tutandyklary, ondan Amyderýanyň boýuny syryp, günortalyga – häzirki Türkmenistanyň territoriýasyna süýşendikleri, soňra Horasana, Kiçi Aziýa, Yraga, Siriýa, hatda Müsüre çenli baryp ýetendikleri barada maglumatlary türkmenleriň we Türkmenistanyň taryhyna degişli materiallardan görmek bolýar” diýip, örän dogry ýazýar. Şeýle bolansoň, halkymyzyň uzak hem çylşyrymly taryhy durmuşynyň, milli özboluşlylygynyň her taraplaýyn öwrenilmäge mümkinçilik dörän şu döwründe öň edilen işlere täzeden seretmek, gözlegleri dowam etmek dogry bolardy. Şol jähtden biziň sereden bu pikirimiz hem üns bererlikdir. Irki köp döwürli gatnaşyklar esasynda mongol sözleriniň, aňlatmalarynyň türkmen durmuşyna düýpli aralaşmagy “nohur” sözüniň hem gadymy döwürlerde häzirki Nohur obasyna at berip, soňra şol ýeri özüne mesgen – watan edinen adamlaryň – “nohurly” adyny alyp, ösüp-ýaýrap giden bolmagy mümkindir.
Sebäbi şeýle atly oba bir sany – diňe Bäherden etrabynda bar. Onuň wekilleri bolsa “nohurly” ady bilen köp ýerlere, hatda goňşy döwletlere-de ýaýrapdyr. Onsoň hem köp aňlatmalar, at dakmalar, düşünjeler şol halkyň häsiýeti, dünýägaraýşy, durmuş-ýaşaýşy bilen baglanyşykly bolar. Şeýle bolansoň, biziň bu pikirimiz hem hakykata has ýakyn bolsa gerek.
Galyberse-de, şuňa meňzeş işlerde halkymyzyň geçmiş taryhy, türkmen diliniň taryhy dialektologiýasy bilen iş salyşýan alymlara-da täzeçe pikirlenmäge zat bar. Belki, olar hem öz pikirlerini aýdarlar.

Begmyrat USSAÝEW,
Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň dosenti.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 503 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Begmyrat Ussaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Jeyhun  
637
Nohur diýip taýpa ýok. Nohur ýer-ýurdyň ady. Nohurlylar bar. Olar türkmenleriň dürli taýpalaryndan durýarlar. Meselem: alili, ýazyr we beýlekiler.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]