17:05

Erkinligiñ şahyry

ERKINLIGIÑ ŞAHYRY

Erkinlik şahyry, Şewçenko, atam,
Men seniñ gaşyñda oýlanyp durun.
Göreşdiñ,
Göreşe iterdi seni
Sütemli durmuşy, il-günüñ, ýurduñ

Özüñe şeýle bir beýik at goýduñ,
Kiçi göwün bilen,
Zehiniñ bilen.
Badaşdy ykbalyñ ýowuz durmuşda
Söýgüli topragyñ, halk-iliñ bilen.

Iliñ üçin isläp erkin günleri,
Iliñ üçin ýowuzlyga döz geldiñ.
Sürgünlere sürülseñ-de kemlikde
Il içinde çynar ýaly beýgeldiñ.

Saña dogry gelen şol agyr ykbal,
Çyn şahyryñ -
Halk oglunyñ ykbaly.
Müñlerçe şahyrlar geçdi jahandan
Ýöne azdyr saña meñzeş -
Señ ýaly.

Señ özüñ saýladyñ şeýle ykbaly
Göwün bermän haldan üzñe şöhrata.
Göreşdiñ şa ýoly -
Şa tagty bilen
Halkyñ bilen ýetmek üçin myrada.

Erkinlik arzuwlap ýazan şygyrlañ
Garyp iliñ goltugyndan göterdi.
Namysa ýugrulan halk ogullarny
Göreşlere,
Ýeñişlere ýetirdi.

Batrak aýallaryñ,
Katerinalañ
Hem-de Gannalaryñ solan keşbini,
Setirlere saldyñ zaryn ses bilen
Endiretdi okanlary, eşdeni.

Türkmen ilinde-de dostlar tutunyp,
Göwün matlabyñy açyşyñ hakda.
Türkmen çopanynyñ geýmini geýip,
Türkmeniñ çaýyny içişiñ hakda.

Seniñ pähim-duýgulara ýugrulan
Setirleriñ,
"Gündelikleñ" gür berýär...
...Bu gün azat ilde, azat dillerde
Aýdymlañ aýlanyp dünýäni görýär.

Sen indi türkmeniñ hakyky ogly,
Hemişelik geldiñ Aşgabadyma.
Goşulyp otyrsyñ il guwanjyna
Saýlama köçäni berdik adyña.

Sen muña laýyksyñ, Şewçenko, atam!
Halk oglunyñ bolmaz belli bahasy.
Halka hyzmat eden -
Joşgun derýadyr,
Baky gülzar bolar kenar-ýakasy.

Begmyrat USSAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 238 | Добавил: Haweran | Теги: Begmyrat Ussaýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]