07:57

Türkmençilik barada düşünje

Категория: Publisistika | Просмотров: 690 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Akjemal  
243
bar yere tanys gerek diyilyani bolupdyr smile

0
2 Bagabat  
43
Tanyşlyk etmek, tanyşmak-ysnyşmak, dogrusy ýaman zat däl. Adamzadyň jemagat bolup ýaşamagynyň özeninde duran esasy zatlaryň birem şol. Ýöne, jemgyýetiň psihologiýasy diňe sarp edijilik ýoluna düşenden soň "tanyşlyk" düşünjesem şoňa görä üýtgäp, betnyşan-grotesk keşbe girýär we ynsanlyk nukdaýnazaryndan "tanyşlyk" düşünjesiniň özeninde duran birek-birege goldaw-hemaýat bermek ýörelgesiniň ornuny "diňe birek-birekden peýdalanmak" ýörelgesine çalyşýar. Şeýdibem, "peýdasyz perişdeden aşna döw ýagşy" diýen nakylyň tejribede ulanylyşyny has giňeldýär.

0
3 Gurgencli  
324
Internetdäki şahyrlar barada-da bir hekaýa ýazsaň hezil edip okardyk:)

0
4 Bagabat  
43
@Gurgencli, bar ahyry şu saýtda o diýýäniň. Ine salgysy: http://www.kitapcy.ga/news....30-9461

0
5 Gurgencli  
324
O hekaýaňyzy bilýän agam, men online okamok, int.e giren wagtym okajak zatlarymy telefonyma ýükläp alýan, online okamaga bizde hemme ýerde-de int. tutanokda, okan eserlerime int.e giren wagtym teswir ýazaýynam diýýän soň ýatdan çykýada:). Men diňe şahyrlar barada ýazmagyňyzy soradym. O hekaýaňyzda entek ýazyjylyga hyýallanýan biri suratlandyrylýan. Men ýazmagyňyzy soraýanym, goşgy ýazyp, ýaýradyp, öňki line we ş.m ýaly programmalarda sargyt alyp satyp ýörenler barada.

0
6 Gurgencli  
324
Başga dilden goşgy terjime edip öz adyna geçirip internetde ýaýradýan epizot hem goşsaňyz:).

0
7 Gurgencli  
324
Aşyr Hanyň goşgy satýanlara "Goşgy satmaň" diýen goşgysy bar. Şu ýere seret:
http://www.kitapcy.ga/news/gosgyny_satman/2019-09-24-8230

0
8 Gurgencli  
324
Olar barada-da ussatlyk bilen ajaýyp bir hekaýa ýazjagyňyza ynanýan.

0
9 Bagabat  
43
Gowy pikir. Hekaýanyň ideýasy gowuja edip işlenilse, hekaýa gyzykly bolup biler. Eseriň ideýasy bilen baglylykda bir taryhy waka ýadyma düşdi. "Dile geldi bile geldi" aýdaýyn. Puşkin bilen Gogol buhary pejiň (kaminiň) öňünde gijara kofe içip otyrmyşlar (Aslynda-ha, şerap diýlip aýdylýar welin, biz owadanlap "kofe" diýip ýazsagam ýakamyzdan aslyşyp durmazlar-la). Onsoň Gogol özünde hiç hili eseriň ideýasynyň ýokdugyny, kalbynyň gurruk guýy kibi boşap galandygyny aýdyp, zeýrenipdir. Puşkin gülüpdir-de bada-badam Gogola "Öli janlar" eseriniň baş ideýasy bolan haýsydyr bir jüwlük emeldarjygyň Russiýanyň ülkelerine aýlanyp ýerli mülkdarlardan olaryň merhum gullarynyň (krepostnoýlarynyň) resminamalaryny satyn alyp, soňam girdejisiniň belli bir bölegini degişli emeldarlar bilen paýlaşmak arkaly şol "öli janlary" döwlet gaznasyna satmak bilen bagly aferany amala aşyryşy hakynda ideýany gürrüň beripdir. Gogol dessine "pil sesin aňan hindiniň awçysy kimin", "gulaklaryny keýerdipdir-de" bu ideýa boýunça uly göwrümli eser ýazyp boljakdygyny aýdypdyr. Şonda Puşkin göwnühoş ýylgyryp: "Ony saňa peşgeş berýän!" diýip jogap gaýtarypdyr. Gogolyň meşhur "Öli janlary" ine şeýdip döräpdir. wink

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]