18:32

Täzelenen / hekaýa

Категория: Mistika we fantastika | Просмотров: 361 | Добавил: Injener | Теги: Rahman Zulfikarow | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Mistika we fantastika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 16
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Awtor edil J.M.Kutzee ýaly öz atdaşyny familiýadaşny eseriniñ gahrymany edipdir. Bu biziñ edebiýatymyzda birinji gezek bolmagam mümkin. Maksadyñ PostMorte atly bir eserem bardy, gowudy şolam.
Awtora üstünlik!

0
2 Bagabat  
43
Özboluşly eser bolupdyr. Ýöne harp ýalňyşlyklary kän ekeni. Gowy edip redaktirlemeli. Mysal üçin: "jokrama ysdy" - "jokrama yssydy" bolmaly. Elbetde harp ýalňyşlyklary eserde esasy zat däl ýalam welin, onda-da, kyssa ýa şygyr ilkinji nobatda ýazuw önümi bolansoň, onuň baş elementi söz, dürs ýazuw bolýar duruberýär. Şo sebäpdenem, harp ýalňyşlyklary okyjynyň ünsüni eseriň içki ruhy tebigatyny, kompozisiýasyny duýmakdan sowýar. Ruslar: "погружение в среду" diýýär-ä. Ine şondan.
Bu esere özüm-ä hekaýa däl-de, kiçi powest diýerdim. Dogrusy, hekaýa, powest bölünişigi rus-sowet edebiýatynda we şol edebiýatyň sferasyndan iýmitlenen beýleki edebiýatlarda bar. Günbatar edebiýatynda, häzirki zaman türk edebiýatynda-da "powest" diýen žanr ýok. Olar hekaýa-da, poweste-de "kiçi kyssa" - flash fiction (small prose) - малая проза diýýärler.
Bu eseriň özi maňa-ha heniz gutarylmadyk bölek/parça ýaly bolup dur. Şol sebäpdenem, belki bu romanyň parçasydyr. Bilemzog-a :-).
Eseriň sözlemlerini meniň pikirimç-ä başyndan başlap hasam tygşytlaşdyryp bolardy. Mysal üçin: "Howa tomusdy, sagat günortan iki töwerekdi" diýen ilkinji sözlemi: "Tomus, on dört töweregi" diýseň hem-ä artykmaç sözler aýrylýar-da, şol manyny berýär, hemem sözlem derrew ýadadyp ugraýan, endikli öten zaman işliginiň "dy, di" goşulmalaryndan saplanýar.
Ýene-de bir zat, hormatly @Rahman Zulfikarow, men düýbünden plagiatda aýyplamakçy bolamok, sebäbi köplenç döredijilik ideýalarynyň birwagtyň özünden bir ýa-da iki adamda däl-de onlarça adamda birwagtyň özünde birmeňzeş birme-bir görnüşde emele gelýändiginiň şaýady boldum. Şol sebäpdenem ruslaryň "И сно́ва здра́вствуйте!" atly serialyna tomaşa edip, eseriňize täzeden girişmegiňizi maslahat beresim gelýär. Bu serialda Andreý Merzlikin öz çeper keşbini juda gowy janlandyrypdyr.
Siziň bu eseriňiz bolsa komediýa žanrynda däl-de, çuňňur filosofiki eser bolup biljek.
Döredijiligiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.
Belliklerimi dogry kabul edersiňiz diýip umyt edýän.

0
5 Injener  
1
Harp ýalňyşlary mende mydama barlaý, köplenç telefonda ýazanym üçin, köplent ikilenç redaktirlamaýanym üçin, ýa-da iň sadasy käbir sözleri çyndan hem nädip ýazjagymy bilemok. Ýokardan agzan söz sazlamalyryňyzy esasanda şahyrlar gowy oňarýar. Men beýle edip seljerip bilemok, dogrysy biziň ülkämizde ýazyjylyk üçin känbir matiw hem ýok...

0
8 Bagabat  
43
Hut şonuň üçinem awtor öz ýazan zadyny boldum edenden soň ony keseki birine redaktirlemäge bermeli diýiliýär-dä. Awtor näçe zabun, talapkär bolsa-da öz ýazan zadyna zerur derejede talap edeiji, rehimsiz çemeleşip bilmeýär. Edil ata-enesiniň öz çagasyna dözmeýşi ýaly, olam özüniň "ruhy perzendine" sapsym dözüp bilmeýär. "Ursa-da, sögse-de" barybir "nebsi agyryp, haýpy gelip, söýüp urýar”, öz eserine kesekiniň rehim-şepagatsyzlygy bilen daramagy başarmaýar.
Söz syntgylamagy, söze geregiçe tygşytly çemeleşmegi, sözlemlere geregiçe ýowuz daramagy şahyrlaryň başarýandygy hakyndaky pikiriň ýüz-ä däl, müň göterim goldaýan.
Elbetde, "идеал не достижим", ýöne muňa hökman ymtylmaly-da. Kämilleşjek bolsaň başga alajyň ýok.

0
11 Azat_Nurgeldi  
283
"Sapsim" diýen sözüň biziň obamyzyň ýaşulylaryny ýatladyp gitdi." Serewne "bize ors diliniň täsiri ýetipdir.:-)

0
6 Injener  
1
Bir zat okap otyrkam, ýa-da oýlanyp otyrkam, aram aram kellä örän täsin pikirler gelýä, çyg ideýalar diýseň hem bolýa. Şol ideýalary bir zat edip ýazasym gelýär, ýöne makala hökmünde ýazsaň düşünmesi kyn bolýa, hekaýa öwürseň azajyk gyzyklanýan ýaly hem bolýa. Kellä gelýän käbir ideýalary, hatda sözede öwürip bilemok, diňe multfilma öwüräýmeseň? Çaga wagtym Hudaý, Şeýtan we başga görünmeýän güýçler bilen diýseň kän gyzyklanýadym, indem Allah maňa köp syrlary açan ýaly bolup dur, ýöne biziň materýalistik esasynda gurlan dünýämizde, ruhy dünýäň ýagdaýny düşündirip bolanok eken....

0
9 Bagabat  
43
Çagalyk dostumyň kakasy pahyr 80 ýaşap aradan çykdy. Şonuň 60 ýylyna golaýyny obaň mekdebinde üýtgewsiz türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işledi. Şol altmyşa golaý ýylyňam 40-a golaýyny, ilk-ä mekdepde, soňam iki ýyl harby gullugy hasaba almasaň, adaty durmuşda günde-günaşa diýen ýaly maňa mugallymçylyk etdi. Ine şolam maňa: “Senden oglum, ýaman kän zat öwrenýän” diýip gaýtalardy. Şonda bir gezek, men, mugallymym pahyryň: “Ýazyjylyk, şahyrlyk näme?” diýen soragyna: “Bilmeýän zatlaryňy bilmeýänlere öwretmek” diýen bolup, owadan sözüň hatyrasyna, suňşuran bolup goýberdim.
Şonda mugallymym: “Bäh, haýran galdym-aý!” diýdi. Onda menem içimden: “W-a-a-h, mollum jan, şumat näme lýapnut edenime (samahyllap goýberenime) özümiň nä derejede hüwwet edip (haýranymy hekgerdip) oturanymy bir bilsediň...” diýip pikir edenimi bilýän.
Indem bir syry aýdaýyn, şonda “lýapnut” eden şo jümlämiň manysyna häzirem düşünemok.
Ýazmak - ine şuň ýaly bir zatlary üznüksiz “lýapnut” edip ýörmek-dä :-).

0
7 Injener  
1
Şu ýazgyň ideýasy Kurany Kerimden döredi. Kuranda Allah, kyýamatda hiç kim Menden kineli gitmez diýýär, Biz hiç kimiň göwnüne degmeris. Eýse nädip adamy göwnüne degmän, dowzaha zyňyp bolýar? Diňe bar zadyň adalatlydygyna ynandyryp. Şu ýerden hem bir näçe pikirler gelip çykýär. Günä eden adamlar, diňe öz çenden aşa alan zatlaryny yzyna goýýarlar, hiç kim hiç kime nägişelik bildirip bilenok. Şu ýazgylardaky ideýada, şol Kurandaky aýdylan zady ýönekeýleşdirmäge ymtylma, bilemok näderejede başa baranyny?

0
10 Bagabat  
43
Pygamberimiz, Iki jahan Serweri, Muhammet Alaýhyssalamyň bir hadysy bar:
Bir gün sahabalar Pygamberimize dat edipdirler:
-Sen gideniňden soň, kim bize Kurany-Kerimi düşündirer, diniň ýoluny açyklap berer?
Onda Allanyň Resuly diýipmiş:
-Döwrüne görä dini düşündirenlerem, Kurany-Kerimi tefsirlänlerem Beýik Rebbimiziň özi berer.

0
3 Babay  
1481
Eseriň baş gahrymany Rahman, içi öçli, görüp, sadist, mazahist adam ekenlaý. Ýogsa, bir adamyň çekýän jebirine hot duşmanyň bolsa-da el çarpyp begenip bolasy ýokdy. "Bagt" diýilýän nerse eýsem duşmanlaryň (halamaýan, saňa zyýan, zeper eden adamlaryň) ahy-nalasy, jebri-jepasymyka?!
Birhili soňky döwür ýazylýan zatlaryň köpüsi adamlardan içi sowan adamlaryň galamyndan çykýan ýaly duýulýar maňa. Garaz, adam bolmany oňarmalyň-da adamlary ýigreneliň.
("Many-mazmunyna ýetmän bir zat diýýä" diýýäýmäň, eseriň sužeti gönüden-göni Gurhanyň süreleri bilen bagly, täzeden direliş, jokrama yssy, goşgy dilende gürleýän äpet (perişde), magşarda eden etmişleriňe görä beriljek jebri-jepa, ýöne men-ä şonda-da kimdir biriniň çekýän ahy-nalasy gulagymyň eşidýän hoş owazy edip, keýp alyp diňläp bilmezdim.)

0
4 Injener  
1
Hakykatda "bagt" dälde "Gawah" bolmaly, ýöne türkmen diline geçirme kyn bolýa köp düşünjäni. Umumy ideýany aýdamda, kyýamatdaky boljak proseslary adaty düşünje geçirmek, ýa-da ylmyň meýdanyna, ýa-da logiki tarapdan seretseň, sypyp bolmaýan proseslera öwürmek. Ýöne ýazan zadymyň iň esasy gödek ýeri, ähli ideýany dialogiň üsti bilen okyýjyň üstine dökmek, hakykatda bolsa ideýany sýužetiň üsti bilen berilýär. Beýle etseň ýazmaly zatlaň hem ep-esli artýar...

0
12 Shapak_A9602  
1502
Hekaýa.clan su öýdýan şol saýt size degişlimi? Käwagt açylýar, käte asla acylanok näme üçinkä? Siziň ýazýan zatlarynyz gorkunç we gyzykly...Şol saýty ýeňil açylar ýaly edip bileňzokmy?

0
13 Injener  
1
Şol saýtdaky zatlar şu ýerdede bolmaly. Hakykatdan hem aram aram saýt ýapylýar we soň açylýar. Näme üçin beýle bolýanyna özümeň düşinemok, ýöne saýdyň özinden däl.

0
14 Pegass  
1546
Korrektor gerek bolsa, arkaýyn habarlaşyň: sapahommat@gmail.com

0
16 Injener  
1
Kömek teklip edýäniň üçin sag bol Sapa, şahyr bolaňsoň-a sözleriň nähili bolmalydygyny gowy düşünýänsiňlaý? Ýöne edebiýat bilen "в серез", meşgullanar ýaly, biziň ýurdumyzda hiç hili stimul ýoga.

0
15 Pegass  
1546
Çynym bilen aýdýan, lezzet alýan korrekturadan.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]