02:29 Tebigatyñ gyzy | |
TEBIGATYŇ GYZY
Goşgular
Uzak syýahatdan dolandy öýe, Tebigat enäniň "Ýaz" atly gyzy. Sowgatlary bilen begendirdi ol, Uly doganlary "Tomusdyr,Güýzi". Jigisi "Gyş" bolsa ylgap geldi-de, Uýasyny gujaklady mazaly. "Ýazyň" beren oýunjagny aldy-da, Oýnamaga çykdy öňküsi ýaly. Penjiräni açyp tämiz howadan, Içerini gandyrdy-da birsellem. "Ýaz" öýüň her çüňkün bezäp başlady, Dürli reňkli owadanja güllerden. A soňra mähirli garaýşy bilen, Mährem käbesine ýylgyryp bakdy. "Ýaz" alyp saçyna ildiren gülün, Tebigat enäniň döşüne dakdy. * * * Ýalňyzlyk hakynda okasam şygyr, Dünýämi gaplaýar ne dert,ne gussa. Ne-de sumat bolýar ýylgyryşlarym, Ýüzümden,gözümden ýüregim gyssa. Aýdym aýdyp garga gyryk ses bilen, Nurly gündizlerde,Aýly gijede. Ýogsam,ýüregimde berç bolup ýatan, Gussaly setirler bardy nijeme. Syýamyň göz ýaşy bolan setirlem, Bu gün ak kagyzda döredýär gülki. Gamgyn ylhamymy inçe ýol bilen, Sen gyz gözelligňe baglansyň belki. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||