07:17 Gyş ýatlamasy | |
GYŞ ÝATLAMASY
Goşgular
Gyş keşde çekende ak sapak bilen, Ümsüm ýatlaýaryn şu ahwaly men: Şo-ol gün köçeleri örtüpdi ak gar, Hamana ak haly düşelen ýaly. A bir zenan ele alyp sübesesin, Gök asmanyň emaý bilen zemine, Inýän päkligini gorajak bolup, Maşynlaň öňünden syrýardy gary. Bu päkligiň goragçysy zenanyň, Diňmezdi ýaragnyň sesi birjigem. Jogapkärli işde ýeke niýeti: Şol günler deý päk bolmagy geljegiň. ...Goramagy başardy ol päkligi, Işine bagyş edip bütin ömrüni. Ýyllar boýy asudalyk bezeýär, Ýurdumyzyň bagtyýarlyk döwrüni. Gyş keşde çekende ak sapak bilen, Ümsüm ýatlaýaryn şol zenany men. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||