09:06

Türkmen halk matallary -12

XII. SAZ  GURALLARY  HAKYNDAKY  MATALLAR

Alsaň, eliňde oýnar,
Kaksaň, ýürekde gaýnar, Eliňde tutup başlaňda,
Dil bitip, ajap saýrar. (Dutar)

Alty guşak, ýedi gözdür,
Agzy bilen süýkeýär.
Agzy dilsiz, içegesiz, Eýse, sözläp aýdýar. (Gargy tüýdük) 

Bir oglan bar, jansyz,
Geplände dili bar,
Gygyranda sesi bar. (Tüýdük) 

Dili bar-a, dili bar,
Diliniň dildary bar.
Uzyn boýly bir pälwan.
Bir kesejik kemi bar. (Dutar) 
 Elinde hasasy, 
Kendirden bagy,
Kellesi aşakda, 
Demirden guşagy. (Tamdyra) 

Elmydam dilli dildar. (Tüýdük) 

Gök demirden dillije,
Uly ile bellije. (Gopuz) 

Iki gulak bar başynda,
Iki dili saýraýar.
On üç guşak bar bilinde,
Içi boşdur, saýraýar.
Bogazyndan boguberseň,
Içi bilen saýraýar. (Tamdyra) 

Iki gulak başynda, 
Halaýyklar daşynda,
On üç guşak bilinde,
Şady-horram dilinde. (Tamdyra)  

Jansyz oglan dil bilen düşürer. (Tamdyra) 

Kellesi kädiden,
Gözi jöwherden,
Süňňi polatdan. (Gyjak) 

Matalym madyram bilen, Ýedi kilit tam bilen,
Ne dili bar, ne agzy,
Sözleşer adam bilen. (Dutar) 

Suwsuz ýap içinde gulan gygyrar. (Tüýdük) 

Süýkäberseň saz eder,
Diňle, göwnüň ýaz eder. (Gyjak) 

Uzyn-uzyn urganym,
Ujyn tutup durganym.
Sagdyrganym saýrap dur,
Sapy meniň golumda. (Tamdyra) 

Uzyn-uzyn uç agaç,
Ujy meniň golumda.
Saýrap duran garlawaç,
Saçy meniň golumda. (Dutar) 
 Ýedi menzil ýolda Ýeňňemiň aty kişňeýär. (Tüýdük) 

Taýýarlan: Nury SEÝIDOW.

Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 778 | Добавил: Нawеran | Теги: Nury Seýidow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]