22:07

Türkmen halk matallary -13

XIII. HARBY  ENJAMLAR  HAKYNDAKY  MATALLAR

Agam agzyny açar,
Hemmeler ondan gaçar. (Tüpeň) 

Aýaksyz-elsiz daşa gider. (Ok)  

Aý, emirden-emirden,
Ýakan ody kömürden,
Guşlarda bir guş gördüm ,
Ýumurtgasy demirden. (Tüpeň)

Bar özi ýeke taýagym,
«Ur» diýsem, weýran eder,
«Ur» diýmesem, gülzar eder. (Top  ýarag) 

Bir agajym bar, 
Pürsüz-pudaksyz,
Men neneň çykaýyn, 
Elsiz-aýaksyz. (Naýza)    

Bir guşum bar, 
Dört ganat bilen uçar.
Tumşugy ýaryk, 
Emma daş deşer.
Öli guş diri guşuň ganyn içer, Eý, ýaranlar, gulak salyň,
Öli guş diri guşdan ýyndam uçar. (Peýkam)

Çyr çybyg-a, çyr çybyk,
Çyr çybykda höwürtge
Höwürtgede ýumurtga. (Tüpeň, ok) 

Dagdan iner eren dek,
Gözleri şa beren dek,
Oturyp nyşan kylsaň,
Bagyrar gär owlak dek. (Tüpeň) 

Daş gädikde torum bozlar. (Tüpeň) 

Esetdi-esetdi,
Çirkin ses etdi. (Tüpeň atmak) 

Gara güjük «wow» etdi,
Gumalagy dazlap gitdi. (Tüpeň)  

Garry düýäm «wä» etdi,
Gumalagy umma gitdi. (Tüpeň) 

Gyrda gürrüldär,
Suwda şirpildär. (Tüpeň) 

Iki agajy gerdiler,
Galandar ogly gurbaga,
Çagyryp çykdy daga. (Hyrly tüpeň)

Iki satan, bir büzzük,
Gidişi towşandan dazzyk. (Hyrly, gülle)

Ol nämedir?
Başy aýry, düýbi bar.
Başy üstünde,
Ak demirden börügi bar,
Haktagaladan perman gelse,
Jan almaga erki bar. (Ok) 

Ol öýde bir haly bar,
Halynyň hyýaly bar.
Uçup barýan guşlaryň,
Aýagynyň naly bar. (Peýkam)  

Özüme çekdim, 
Aňryk gaçdy,
Içi ýanyp, daşa düşdi. (Tüpeň we oky)  

Suw içmez, gägirer,
Owlak kimin lägirer. (Tüpeň) 

Şyrp etdi, Şybyrgandan aşdy. (Tüpeň) 

Şuw etdi,  otly gitdi. (Ok) 

Şuw etdi, suwulgan gitdi. (Ok) 

Tümen alsaň tüýsi bar,
Guýrugynyň misi bar. (Tüpeň oky) 

Ümürden-ä ümürden,
Ýapan nany kömürden.
Guşlarda bir guş gördük,
Ýumurtgasy demirden. (Myltyk )  

Ýagladym, ýugladym,
Ýük astynda gizledim. (Tüpeň) 

Ýaltandym-la turmaga,
Iki agajy germäge.
Zalym ogly gurbaga
Gygyrdy, çykdy daga. (Hyrly) 

Ýanymdaky ýandyrgyç. (Gylyç)  

Ýyldyr-ýyldyr ýylanjyk,
Uzyn boýly juwanjyk, Enesi gara ganjyk. (Gylyç) 

Ýylp etdi, ýylan çykdy. (Gyndan çykan gylyç) 

Taýýarlan: Nury SEÝIDOW.

Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 906 | Добавил: Нawеran | Теги: Nury Seýidow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]