08:32 "Türmä dutarym bilen girmäge rugsat beriň!" | |
"TÜRMÄ DUTARYM BILEN GIRMÄGE RUGSAT BERIŇ"
(1991-nji ýylda 40 müň sany bilen neşir edilen "Gurt Ýakup" kitabymdan parça) Bu kimiň sözüdir öýdýäňiz!? Jenaýatkäriň sözümi? Ýok. Ol beýik sazanda, beýik dessançy bagşy Gurt Ýakubyň sözi. Dürli kabinetlerde sorag edile-edile, minnetli sözlerden gerk-gäbe doýrulyp, çekelene-çekelene surnukdyrylan bagşy gözenegiň aňyrsyna atyljak bolanda: "Türmä dutarym bilen girmäge rugsat beriň!" diýipdir. Türkmeniň gadymy, gahrymançylykly geçmişini aýdymlaryň, dessanlaryň üsti bilen halka ýetirmekden başga günäsi bolmadyk bagşyny, edil halk duşmany ýaly yzarlapdyrlar. Bu ezýetlere çydaman, ýürek ýarylara gelen bir gezegi Gurt Ýakup çöle tutduryp gidipdir. Bir çopanyň çatmasynda uzak gije dessan aýdyp derdini egsipdir. Ertir öýe gaýtsa, hemişeki pogonsyz maýor ýolunda durmyş. - Ýeri, bu gezek näme bahana taparkaň? - Bahana gözläp ýöremzok. Bir geçimiz tazygyp, çöle gaçdy weli, şony gözläp gelýän. - Dogry. Geçiňi dutarly gözleýänsiň? - Aý, näme, bagşynyň dutardan başga ýaragy barmy?! Ýanyma alanymy-da bilmändirin. - Gepiňi kes-de düş öňe! Hemişeki sorag edilýän sowuk jaýda pogonsyz maýor bir düwmä basypdyr weli, çopan goşundaky her bir ses, hatda köpegiň üýren sesi hem ýaňlanyp durmyş. Gurt Ýakup nirede oturanyny hem unudypdyr. "Bä-äý, gowy ýazylypdyr. Radiýo berseňem boljak ekeni" diýipdir. Ýöne munuň nädip ýazylyp bilinjegine akly ýetmän kösenipdir. Ah, biçäre Gurt Ýakup! Sada ýüregiň daşyna gara kerep örenlerini saňa aýtsalaram ynanmazdyň. Bu dünýäde ähli kişi aýdym-saza muşdakdyr, şonuň üçin bagşa ýamanlyk edilmez öýdýänsiň. Sen meşhurlygyňy bilmän, duýman geçdiň gitdiň ahyry. Sen öz kelläňde näçe aýdym, näçe kyssa jemlenenini biljek bolup kösenerdiň. Ony-da bilibilmän geçdiň gitdiň. Seniň eginleriňde oturan kelle däldi-de, kelle görnüşli türkmen hazynasydy. Gaýtalanmajak hazynaly türkmen kellesidi. Şoňa görä Gurt Ýakupdan: "Näçe aýdym, näçe dessan bilýäňiz?" diỳip soralanda jogap berip bilmesdi. Ölüm ýassygynda ýatyrka, ol aýaly Aksoltan gelnejä: "Ölüm her kişiniň başynda bardyr. Gurt ölýä diýip aglama, Gurduň bilýänjeleri özi bilen gidýä diỳip agla" diỳipdir. Türkmenlerde bir adat bar: öz beýik ogullaryny ölenden soň tanaýar. Biz Gurt Ýakup ölmänkä, onuň beýikligini bilen bolsak, onuň kellesindäki hazynany ýazga geçiren bolsak, elbetde, oňa beýiklere goýulýan hormaty goýan bolsak, arman, arman şeýden bolsak, onda bu gün bagşynyň başyndaky hazynamyz topraga gömüldi diýip ahmyr çekmezdik. Belki, Gurt Ýakubyň özi hem altmyş ýaşamanka gara ýere garylyp gitmezdi. Güman imandan aýyrar diýselerde, Gurt Ýakubyň ölümi bilen bagly bir sanjymy aýdasym gelýär: Gurt bagşy, biçäre, öz ajalyna öldümikä? Ýa-da haýynlaryň biriniň elinden ajal şerbetini içdimikä? Sebäbi, Gurt Ýakup gaty güýçli duşmanyň garşysyna çykypdy. Elbetde, gelenler geçdi gitdi,zamanalar üýtgedi. Gurt Ýakubyň ýoly döredi, ençeme şägirdi ýetişdi. Emma, emma medeni hazynanyň bir aýratynlygy bar: bir ýitdimi, gaýdyp ony tapjak umydyň ýok. Öz umydymyzy özümiz kesmesek ýagşy. Oraz ÝAGMYR | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |