18:23

Ýagşy perzent diňe ýagşy ata-enede bolýar

Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 717 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Bagabat  
43
Elbetde internet maglumatlarynda Kowusnamanyň, Wagzy-Azadyň awtorynyň agzalmazlygy kemsinme döredýär. Ýöne özüňkiniň ýagşysyny ýaýmak, ilki bilen her kesiň öz işimikä diýýärin.

1
2 Bagabat  
43
Kowusnama her bir adama düşnükli. Wagzy-Azat meniň pikirimçä alymlara niýetlenen. Sagdynyň Bossany hem, Ýusup Balasugunly, Jamynyň, Rumynyň eserleriniňem terbiýeçilik ähmiýeti juda güýçli

0
3 Bagabat  
43
Karneginiň gyzyklylygy, şeýlebir sada hem durmuşy edip düşündirýär. Meniň pikirimçe, maşgala gatnaşyklaryny düşündirmekde Artyknur we Aşgabat Nohurowlar hem juda düýpli iş bitirdiler. Sogap iş.

0
4 Bagabat  
43
@Haweran, meniň pikirimçe Gündogar terbiýeçilik mekdebiniň has täsirli ideýalaryny çagalaryň aňyna komiksleriň, ýöntemje animasiýa şekilleriniň we gysgajykdan düşnükli jümleleriň üsti bilen girizmek usullaryny giňden ulanmaly we ornaşdyrmalymyka diýýärin. Ýogsa indi ýetginjekler Karnegini ýa-da A.Nohurowy okamaga-da ýaltanýarlar.

0
5 Bagabat  
43
Kutadgu bilik bolsa ýaşlarymyzyň aglaba köpüsi üçin syrlar dünýäligine galýar. Edil biz üçin kwant fizikasynyň nazaryýeti ýaly biggrin

0
6 Bagabat  
43
Artyknur aga gaty talantly adam. Türkmençiligem, tebigy ylymlaryň garaýşynam özüne siňdirip, özleşdirip, düýbünden üýtgeşik zady emele getirmegiň hötdesinden gelen dörediji. Ol öz kitaplary bilen birentek ýaşlaryň gözüni açyp, nähili ýaşamalydygyny öwredendir. Özüm barada aýdanymda ýadyma düşýär, ýaşuly edebiýat mugallymym 14-15 ýaşymda ýazan hekaýalarymy okap: "Bu aýal-gyzlaryň içki dünýäsini nireden beýdip öwrenip bildiň-ä! Biz elli ýaşdan ötüp bu zatlary bilmeýäris!" diýip degşerdi, pahyr. Şonda menem ýaş oglan, Artyk aganyň kitabyny 6-7 gezek okap ýat tutup gidendigimi, zenan psihologiýasyny, maşgala psihologiýasyny şol ýerden öwrenendigimi aýtmaga utanardym.

0
7 Bagabat  
43
Megerem, Pyragynyň elinde Artyk aganyň kitaby bolan bolsady, onuň "duzsuz tagama meňzetmejek" bolup jan çeken "dünýe sözi" hasam "kyssasy şekerden datly, ýaranlar" bolardy. biggrin

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]