08:43

Ýaşyl sähra

ÝAŞYL SÄHRA

Gyzlañ pöwrize gaş gülýakasyndan,
Ýyldyrym nurundan ýasalan ýaly.
Gülleñ gözelligne gark bolupdyr, gör,
Ýaşyl sähra ýada salýar hyýaly.

Arşdan bakyp duran nurana Günüñ,
Zerden sapaklary guçup dur ýeri.
Heserläp guşlaryñ nagmalaryndan,
Üýtgeşik bir ylham gaplaýar seri.

Erkin şemal ýüzin salyp ak atyn,
Gör, nirädir eñip barýar alñasap.
Umman ýaly tolkun atýar maýsalar,
Ümsümlikden özboluşly heñ ýasap.

Çaga ýañak, nerme-näzik gülleri,
Tirmäge dözeñok.
Gözüñ nur alýar,
Bu sähranyñ namazlyk deý goýnuna,
Diñe ýagşy niýet bilen girilýär.

Amangeldi AMANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 414 | Добавил: Nurdan | Теги: Amangeldi Amanow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Soltan / Goşgular - 27.03.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]