08:21 ... Ýene bir gün | |
... ÝENE BIR GÜN
…Ŷene bir gün bu goňşylaryň iki-üç öý beýle ýanyndaky bir sümelgäni heýkeltaraş Täçmyrat Çaryýew satyn aldy. Täçmyrat hä diýmän Baýram Lallyk diýen güýçli hudožnigi boş ýerden jaý salşyp göçürip getirdi. Täçmyrat türkmeniň gadymy klassyk ýaşaýyş durmuşyny örän gowy bilýär. Özem giň adam, sözüň agramyny, reňkini, ornuny gaty gowy bilýär. Oňa derek Baýram gaharly, içse hasam gaharly. Ol bir gezek serhoşka birine ―Dişiňi owradaryn" diýdi weli, şonda Täçmyrat: ―Owratsaňam çörek çeýnärlik goýarsyň ahyry" diỳip ara düşdi. Gowy zady Täçmyradam, Baýramam öwünmäni bilmeýärdiler. Onsoň şahyrlaryň öwünişip, pelpelleşip oturyşlary olara ýaramaỳardy. Bir oturylyşykda Atamyrat (Atabaýew): ―Öwünip aýtdygym dal, Magtymgulyňky ýaly goşgulary näçe diýseň ýazyp bilýän" diýdi weli, Täçmyrat ýylgyrdy-da: ―Atam, maladys. Hälem ýazdym diýmediň" diỳdi. Emma Atamyrat badyny gowşatmady. ―Seniň oýnuňam bolsa, meniň çynym. Ölülerden Magtymguly. Dirilerden özüm. Goşgy ýazyşmakda nähili şahyryň bolsa çykar orta!" diýdi. Şonda beýle ýanda gyşaryp ýatan Nobatguly (Rejepow) dikelip: ―Atam, meni hasap edeňokmy?" diýende Atamyrat ýylgyryp: ―Seniň ölüligiň, diriligiň belli däl-ä" diýdi. Oraz ÝAGMYR | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |