17:52

Ynjama

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 606 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mämmetnazar Babanazarow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025
Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025
Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025
Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025
Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025
Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025
Lolular / Goşgular - 08.01.2025
Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025
"Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025
Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 merdan18  
1808
YNJAMA

Giç gelen ýaz ýaly garagöz ykbal,
Meni beren gözlegiňden ynjama.
Uludan dem alyp, göwnüňi ýykman,
Nazaryňa dözmegimden ynjama.

Bir gonan bagyňdan uçup gitme kyn,
Köňülden köňüle göçüp gitme kyn,
Bolsa-da pyşyrdap aýtmaga ýakyn,
Eşitmedik sözleriňden ynjama.

Şol gün ýaprak ýagdy, saralyp ýagdy,
Şemal ne dälidi, ne-de bir sagdy,
Saňa heser bilen bakmaly wagty,
Gabak örten gözlerimden ynjama.

Ýürekdeş ýagyşlar inende sessiz,
Saňa bagtly günler hemaýat etsin,
Ömrümde bir gezek mähirden tesdim,
Öz göwnümi ezmegimden ynjama.

Sen bir eziz serwi, başlary galyk,
Eh, owadan owa, çyglanma, çalyk,
Meniň aýdylmadyk sözlerim bolup,
Damja gaçsa, gözleriňden ynjama.

Mämmetnazar BABANAZAROW.

Bu başgaça eken: Has gowy. Mämmetnazar agaň erbet goşgusy ýok ýogsa-da...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]