03:09

Ýörejek ýodasyny ýitirene ýol bolsam

ÝÖREJEK ÝODASYNY ÝITIRENE ÝOL BOLSAM

Kalbymyñ çuñlugynda,
Dert köwlenýä buraw deý.
Derdim dünýäñ ýüregne,
Buz çöküpdir gyraw deý.

Ýagşylardan has öñde,
Ýol alypdyr haýýarlar.
Bu jahanda sahabat,
Azalypdyr haýyr hem.

Ýagşylygyñ ýoluny,
Açyp bilsem gyrdap men.
Ejiz düşse gol berip,
Çekip alsam girdapdan.

Ýörejek ýodasyny,
Ýirirene ýol bolsam.
Buz çöken köñüllere,
Mähir çaýjak gül bolsam.

Belki derman bolardy,
Kalbymdaky azara.
Şonda Hakyñ nuruna,
Barýan ýol hem uzar-a!?

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 488 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024

Teswirleriň ählisi: 5
2
1 Garaýolly  
27
Ajap shygyr

2
2 Okyýjy  
Şu gelniň döredijiligini beter gawy görýän. Ajaýyp goşgy bolupdyr.

2
3 Garaýolly  
27
Ine,Gyzylgul uyamyzdan yene bir gowy goshgy.Hawa,liriki gahryman turuwbashdankalbynda mesgen eylan,koñlunde gemre baglan, yuregini gaplap alan, ruhy duygynyñ syzgysy bolan dert-derdeser barada ahmyrly gurruñ beryar.Yagny, ,,kalbymyñ cuñlugynda dert kowlenyar buraw dek,derdim dunyañ yuregne,buz cokupdir gyraw dek,,diyyar.

2
4 Garaýolly  
27
we

1
5 Gumlygelin  
8
Sag boluñ Şyhmyrat aga.Ýöntemje goşgularyma siz juda beýik syn berýäñiz we mende ýene döretmäge höwes döretýäñiz.Ömrüñiz uzak bolsun agam.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]