05:13 157 ýyl ýaşap on patyşany başdan geçiren Zaro aga | |
157 ÝYL ÝAŞAP ON PATYŞANY BAŞDAN GEÇIREN ZARO AGA
Geň-taňsy wakalar
Zaro aga diýilýän ýaşuly ýaşan ömründe on sany osmanly patyşasyny, ýigrimi sekiz baş weziri, bäş sany-da premýer-ministri başdan geçirip, alty söweşe gatnaşypdyr, jemi ýigrimi dokuz gezegem öýlenipdir. Hawa, uzak ýaşasy gelmeýän adam ýok. Ýöne onuñ syryny ýa-da tilsimini bilýänem ýok. Muña garamazdan dünýäniñ iñ uzak ýaşan adamlarynyñ sanawynda bir osmanly türküniñem hem ady bar. Geñ görer ýaly zat ýok. Onuñ adyna Zaro aga diýýär. Käbir çeşmeler onuñ 16-17 gezek, käbiri 29 gezek öýlenendigini habar berýär. Zaro aga ömrüniñ soñky sanlyja ýylyndan başga wagt hiç haçan lukman zadyñ nämedigini bilmändir we çynlakaý bir kesele ýolugyp görmändir. Ýaşulynyñ bäşi gyz on üç çagasynyñ, ýigrimi dokuz agtygynyñ bardygy aýdylýar. Ondan "Näme üçin köp öýlenýärsiñ?" diýip sorasalar, "Dagy näme edeýin, alan aýallarym derrew garrap ölýärler" diýip jogap berenmiş. Gümrükhanalarda hammallyk (ýükçi) eden Zaro aga az wagtyñ dowamynda özüni görkezip hammallaryñ brigadiri bolupdyr ýigrimi ýyl zähmet çekensoñ Hammallar guramasyny döredipdir. Eklenç etmek üçin täzeden Stambula gelen Zaro aganyñ iri, daýaw, berdaşly sypaty köşgüñ ünsüni çekip, ol harby gullugygy köşkde geçirýär. Rus urşunda dogduk depesine dolanan Zaro aga Şerif Mürzäniñ tiredeşleri bilen bile uruşa gatnaşýar. Ol bu uruşda aýagyndan ýaralanýar. Zaro aga dünýä metbugatynyñam ünsüni çekipdir. Bu bolsa onuñ belli bir derejede ölümini çaltlaşdyrypdyr. Birnäçe taryhy binanyñ gurluşygynda işlän Zaro aga 150 ýaşdan soñ Amerika tarap ýola düşüpdir. Emma onuñ durmuşy pikir edişi ýaly gowulaşyp gidiribermändir. Amerikadan žurnalist tüýsüne girip gelen iki sany kezzap birgiden boş wadalary berip ýaşulyny Amerika gitmäge yrýarlar. Zaro aga Nýu-Ýorkda uly dabara bilen garşylanýar. Emma ony alyp gidenleriñ niýeti başga bolup çykýar. Olar ýaşula ýörite tikilen penjek geýdirip sirke çykarýarlar "Dünýäniñ iñ uzak ýaşan adamy" diýip görkezýärler. Hatda bu kezzaplar "Zaro aga bulen surata düşmek 10 dollar, ony ogşamak 15 dollar" diýip yglan eder ýaly derejede öte geçýärler. Şunça ýaşap sagdynlygy elden bermedik we lukmana görünmedik Zaro aganyñ soñky ýylynda inçekesele ýolugýar, ýüregagyra sataşýar. Kezzaplar 150 ýaşdan geçen görgülini ştatma ştat aýlap, işlerini bitirenden soñ, ony kör-köpüksiz Stambula getirip taşlap gidýärler. Ýaşynyñ soñunda gören görgüsine, ýuwdan hunabasyna çydamadyk Zaro aga 1934-nji ýylyñ 29-njy iýunynda Stambulyñ Şişli Eftal raýonynda gözlerini ömürlik ýumýar. Onuñ gubury häzir Stambulyñ "Eýýup" gonamçylygynda. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |
| |