21:52 Eýran kyrk ýyldan soñ rewolýusiýasyny Ýakyn Gündogara eksport edibildi | |
EÝRAN KYRK ÝYLDAN SOÑ REWOLÝUSIÝASYNY ÝAKYN GÜNDOGARA EKSPORT EDIBILDI
Publisistika
Eýranyñ Rewolýusion gwardiýasynyñ esgerleri / Fotosurat: AFP Eýran rewolýusiýasy 1979-njy ýylyñ 11-nji fewralynda amala aşanda, rewolýusiýanyñ lideri aýatolla Ruhulla Homeýni ilkinji etmeli iş hökmünde rewolýusiýany tutuş sebite ýaýma ideýasyny orta atdy. Orta atylan ideýa boýunça gysga wagtyñ içinde köp sanly işler ýola goýuldy. Saddam Hüseýini gazap atyna ataran we Eýrana garşy uruş yglan etdiren faktor-da ýaş şaýy rewolýusiýasynyñ Yrak, Liwan, Palestina bilen bir hatarda Ýakyn Gündogaryñ köp ýerinde häzir atlary köp eşidilýän guramaçylykly toparlaryñ düýbüni tutmagydy. Palestinada "Yslam jihady", Liwanda "Hizbullah", Yrakda "Yrak Rewolýusiýasynyñ Ýokary yslam soweti" ýaly toparlanmalaryñ işini çaltlyk bilen ýola goýdy. Häzir Palestinada "Hamasy-da" belli bir derejede gözegçiligi astynda saklaýar we hemaýatkärlik edýär. Yrakda YŞYD-a garşy gurlan "Haşdi Şabi" häzir ýurduñ ykbalyny kesgitleýji uly güýje öwrüldi. Owganystanda bolsa "Taliban" indi Eýrandan alýan ýaraglary bilen günde onlarça raýatyñ ölümine sebäp bolýan aktlary amala aşyrýar. Eýranyñ Siriýadaky täsiridir güýji-hä jahana aýan. Ýemende goldaýan husileri Tähran hökümetiniñ saudlara garşy wekilçilik urşuny alyp barýar. Eýranyñ gönüden-göni gurduran we goldan şol ýaragly toparlary bilen bir hatarda Nigeriýa, Päkistan, Hindistan, Bahreýn, Saud Arabystany ýaly başga-da birnäçe ýurtda oña garaşly ýagdaýda hereket edýän raýat-jemgyýetçilik toparlary örän täsirli. Birinji gezek Iordaniýanyñ patyşasy Abdylla tarapyndan düşünjeleşdirilen "şaýy ýarymaýy" şu günki gün tamamlanyp barýar we Eýran şol agzalan ýurtlaryñ köpüsine Rewolýusion gwardiýasy bilenem, paramilitar harby güýçler arkaly-da höküm edýär. • Saklap bolmaýan güýç hökmünde Eýran Eýran rewolýusiýasynyñ lideri Homeýniniñ rewolýusiýany eksport etmek (goñşy ýurtlara-da syçratmak) pikirini çynlakaý howp hasaplan käbir Pars aýlagy ýurtlary Saddam Hüseýiniñ başlan urşuna diplomatik, logistik we maliýe goldawyny berdiler, emma sekiz ýyla çeken ýykgynçylykly uruş Eýranyñ rewolýusiýany berkitmegi bilen gutardy. Eýran yrak urşunyñ yzysüre sebitdäki harby we propoganda işlerini ýygjamlaşdyrdy, maksadyna ýetmek üçin uly-uly ädimleri ätdi. Eýran ezeli we ebedi duşman hökmünde kesgitlän döwleti ABŞ-nyñ Owganystany okkupirlemegine Talibany özüne howp hasaplaýandygy üçin goldaw berdi. Waşington-Tähran aralykda gyzgalañly dowam eden söwdalaşyklaryñ yzysüre Eýran owgan okkupasiýasyna goldaw berdi we Talibanyñ ýykylmagyndan soñ ýurtdaky täsirliligini artdyrdy. Taliban bolsa häzir Tähranyñ täsirinde hereket edýän gurama öwrüldi. Eýran Liwandaky içerki gapma-garşylyklardanam örän oñat peýdalanyp, ýurtda gurduran "Hizbullah" toparynyñ üsti bilen täsirliligini mazaly artdyrdy we häzir "Hizbullah" ýurt dolandyryşynyñ iñ täsirli güýji. Yrakda bolsa YŞYD bilen dörän howpsuzlyk boşlugyny şaýy ulamasy Ali Sistaniniñ çagyryşy esasynda gurlan "Haşdi Şabi" toparyny Hadi Amiri we Ebu Mühendis ýaly Eýranyñ Rewolýusion gwardiýasynda tälim alan adamlaryñ üsti bilen gözegçilik etdi. Kasym Süleýmanynyñ hut özi şul işiñ iñ aýgytlaýjy tapgyrlaryna gatnaşdy. • Näme etse-de zowaly soralmadyk ýurt Eýran regional we global güýç bolmak üçin girişen ýadro maksatnamasyny 5+1 ýurtlary bilen baglaşan ýadro şertnamasynyñ yzyndan togtatmaga razylyk berdi, emma kagyz ýüzünde galan bu ylalaşyga Tähran hökümeti hiç haçanam eýermedi. Şertnamanyñ talaplaryna laýyklykda sebitleýin hereketlerini-de kemeltmegi wada beren Tähran hökümeti giñeme syýasatyny barha artdyrdy we sebitde "imperial" güýç hökmünde ünsleri özüne çekdi. Aýratynam, soñky ýyllarda Siriýada, Yrakda, Ýemende häkimiýeti astyna alan giñ ugry ýadro ylalaşygynyñ baş aktýory ABŞ-ny düýpli ynjalykdan gaçyrdy. Iş başyna gelen badyna özünden öñki baştutanyñ baglaşan şertnamasyny ýerden ýere uran ABŞ-nyñ prezidenti Donald Tramp wagt ýitirmezden şertnamadan talaplaryndan çekilip, Tährana garşy girizilen sanksiýalary dikeltdi. Tähran hökümeti müñ ýyllyk diplomatik tejribesini ulanyp, Waşington hökümetiniñ bu ädimlerini "halkara ylalaşyklaryñ bozulmagy" hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiñ dykgatyna ýetirmegi başardy we Trampyñ şu mesele ýeke galmagyny gazandy. Eýranyñ sebitara giñeme syýasatyny ýöredýändigine, ýadro maksatnamasynyñ üstünde işleýändigine, ballistik raketalaryñ täze görnüşleriniñ üstünde işleýändigine ÝB-indäki ýaranlaryny ynandyryp bilmedik Tramp 1,5 ýyla golaý wagt dowam etdiren ykdysady sanksiýalarynda tama eden netijesini gazanyp bilmedi. ÝB ýurtlary Eýran bilen ykdysady bähbitleri bar bolandygy sebäpli Tähran hökümeti bilen aralaryndaky köprüleri ýykman saklamagy makul bildi. Eýranyñ strategik ýaranlary Russiýadyr Hytaý bolsa Ýakyn Gündogarda imperiýa gurmaga ýakynlaşýan düzgüni ýola goýan Hamaneýi ikelläp goldap, ezeli garşydaşlary Waşingtona-da her pursatda badak atmagy ýatdan çykarmaýarlar. Eýran sebit ýurtlarynyñ ýeterlik inisiatiwa almaýandygy, agressiw syýasat ýöretmeýändigi, sebitdäki sünni güýçleri dogry ugrukdyrmaýandygy sebäpli birnäçe ýurtda harby güýç saklaýandygyna garamazdan "basybalyjy" hökmünde baha berilmeýär we höküm sürýän ýerlerinde "ýurtlaryñ içerki işlerine goşulmakda aýyplanmaýar. ÝB ýurtlarynyñ peýdakeş, ABŞ-dyr Angliýanyñ ikigöwünli, Ysraýylyñ biperwaý, Saud Arabystany bilen ýaranlarynyñ taýynlyksyz syýasatlary sebäpli täsir ediş giñişligini barha ulaldyp barýan Tähran hökümeti ýurtlaryñ içerki işlerine dürli ýollar bilen sokjarýandygyna garamazdan öñüne taýak oklaýan ýok. Basra aýlagynda geçen aý ýitileşen dartgynlylykda ABŞ-na degişli ucarmansyz istrebiteli urup düşüren we şu hepdäniñ ahyrynda Saud Arabystanynyñ "Saudi Aramco" nebit kompaniýasynyñ urulmagyny gazanan Tähran hökümeti sebitde eýelik edýän täsir giñişligi sebäpli haýsydyr bir garşylyklaýyn jogaba uçranok. Tähran Ormuz bogazyny ýapjakdygy, Saud Arabystanyna we Birleşen Arap Emirligine çozjakdygy haýbatyny atyp, ABŞ-nyñ we onuñ ýaranlarynyñ bolup biläýjek harby jogabyny has uly ekspansiýa howpunyñ başyndan sowýar. • Eýran garşydaşlarynyñ syýasy we harby şowsuzlygy Ýakyn Gündogarda regional güýçler hökmünde öñe çykan we Eýrana garşydaş hasaplanýan ýurtlardan Türkiýe, Saud Arabystany Tährana garşy bireýýäm ýeñildiler. Türkiýe Siriýada ýöredýän syýasatyndan yza tesip, Eýran bilen dil tapyşmagy saýlap aldy. Eýranyñ döwlet ygtyýarlylary bu babatda özleriniñ aýdanlarynyñ bolandygyny öwünmek bilen dile getirmekden çekinmeýärler. Eýranyñ Mejlisiniñ başlygy Ali şol wagtyñ Daşary işler ministri Ahmet Dawutoglynyñ Siriýa urşunyñ başlarynda Tährana bolan resmi saparlary barada şeýle diýýär: "Käbir döwletler Siriýadaky wakalaryñ başlangyjynda Eýrana geldi. Bu döwletler Siriýany goldaýandygymyz üçin bizi ýazgarýardy. Iki hepdäniñ içinde "Emewi" metjidinde namaz okajakdyklaryny aýdýardylar. Oña "Arkaýyn bolaýyñ, beýle zat ("Emewi" metjidinde namaz okamak) bolmaz" diýdim. Ondan bäri birnäçe ýyl geçdi, birgiden gan döküldi. Siriýa meselesiniñ harby ýollar bilen däl-de, syýasy gepleşikler bilen çözüp boljagyny aýtdy. Saudlar we käbir sebit ýurtlary ýalñyşdy. Bu ýurtlar siriýa režimini harby ýollar arkaly agdaryp biljeklerini oýladylar, megerem, indi ýalñyşandyklaryna düşünen bolsalar gerek. Larijaniniñ bu sözleri Türkiýäniñ gelen ýagdaýyny görkezmek üçinem ünsi çekijidir. Beýleki bir ýandan Türkiýe Siriýada bolşy ýaly Yrakda-da kürtleriñ has köp hak-hukuga eýe bolmagynyñ öñüni almak üçin Tähran hökümeti bilen dil birikdirdi we garaşsyzlyk üçin referendumyñ yzysüre Kerkuk peşmergäniñ (kürt ýaragly güýçleri) alyndy. Sebitiñ ýene bir uly güýji Saud Arabystany bolsa Owganystanda, Yrakda, Siriýada, Ýemende Eýrana garşy güýç halkasyny emele getirmäge dyrjaşsa-da, muny belli bir derejede diñe Ýemende amala aşyryp bildi. Ýemende-de saudlar dünýä jemgyýetçiliginiñ gözüne ilerlik gowy işleri edip bilmedi. Şol sebäpli Germaniýa ýaly ýurtlar ýarag söwdasyny togtatdy. Saud Arabystany Eýranyñ goldawyndaky husileri togtatmak üçin birnäçe ýurtdan ybarat uly koalizasiýa gurdy, ýöne şonda-da netije gazanyberenok. Saud Arabystany Siriýada käbir ýaragly toparlary goldanam bolsa, olar Eýranyñ goldawyndaky toparlara garşy düýpli garşylyk görkezip bilmedi. Yrakda bolsa YŞYD-niñ kowum-kowahada sygmaýan terrorçylykly işleri sebäpli sunnier garawsyz galdyryldy we "Alynyñ ala meýdany" tutuşlygyna şaýylara - Eýrana galdy. Yrakda ilaty 10 milliona golaý sünnileriñ agramly bölegi häzir goñşy ýurtlarda we Kürdüstan sebitlerinde bosgun bolup ýaşaýar. Ýurtlarynda galanlar bolsa agyr şertleriñ astynda ýaşamaga dyrjaşýarlar. • Netijede Eýran zoñtar režimi, agressiw daşary syýasaty, şaýylyk ideologiýasy-motiwasiýasy we imperiýa döwründen miras galan diplomatik ukyp-başarnyklary arkaly sünnileriñ öñüni almak üçin birnäçe tagallalary eden "şaýy ýarymaýyny" durmuşa geçirýär. ÝB ýurtlarynyñ pragmatist (bähbitparaz, peýdakeş) syýasatlary sebäpli Tähran hökümeti öte arkaýyn hereket edýär. Trampyñ ykdysadyýeti öñe tutýan öñümizdäki ýyl geçiriljek saýlaw gönükmeli syýasatlary sebäpli-de Eýran sebitdäki perwaýsyzlygyny güýçlendirýär. Eýranyñ alyp barýan häzirki syýasaty şeýlekin arkaýyn we artykmaçlyklar bilen dowam eden ýagdaýynda Saud Arabystany, BAE, Bahreýn, Katar, Kuweýt gysga wagtda onuñ täsiriniñ astyna girer. Mirasdüşer şazada Muhammet bin Selmanyñ "Urşy Eýranyñ içine aralaşdyrarys" sözüni eýran hökümeti saudlaryñ jan damarlaryna aralaşyp amala aşyrýar. Dünýäni paç-hyraja baglama syýasatyny ýöredýän we bu babatda hiç hili päsgelçilige uçramaýan eýran hökümeti şu tizliginde ýoluny dowam etdirse, sünni dünýäsi ähli ýerlerini elden giderer we sünni hinterlandy dolulygyna şaýy häkimiýetiniñ golastyna geçer. Şu sebäpli Eýrana garşy sebitleýin we global derejede garşylyk sesleriniñ ýokarlanmagy hem-de diplomatik ýollar arkaly Tähran hökümmetiniñ agressiw syýasatyndan el çekip, halklaryn ynanjyna we ýaşaýyş-durmuş formalaryna goşulmagy bes etdirmek gerek. Gürrüñimiziñ özeni bir halka ýa-da ýurda duşmançylyk etmek däl-de, eýsem, sebitde asudalygy, durnuklylygy we parahatçylygy gazanmak ugrunda göreşmek hakdadyr. Serbest FERHAN SINDI, @serbesttsindi Şenbe, 05.10.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |