21:48 Ýakyn Gündogarda Eýranyñ örüsi daralýar | |
ÝAKYN GÜNDOGARDA EÝRANYÑ ÖRÜSI DARALÝAR
Publisistika
Eýran 1979-njy ýylyñ rewolýusiýasyndan bäri sebitde alyp barýan giñ gerimli işleri bilen şaýy ýarymaýy arzuwyna ýetmegi maksat edinýär. Soñky asyrdaky dartgynly wakalardan biri bolan Homeýniniñ ýolbaşçylygyndaky rewolýusiýa heniz sallançakdaka Liwan, Yrak, Siriýa, Ýemen, Palestina, Owganystan ýaly ýurtlar ýa ýaragly toparlary gurduryp ýa-da öñden bar toparlara hemaýat berip, şol arzuwyna ýakynlaşmaga dyrjaşdy. Aradan geçen kyrk ýylyñ soñunda şaýy mollalaryñ liderligindäki eýran rewolýusiýasy şaýy ýarymaýy we Ýakyn Gündogaryñ kesgitleýji güýji bolmagy belli bir derejede başardy. Häzir Siriýanyñ, Yragyñ, Ýemeniñ, Palestinanyñ, Liwanyñ döwlet edaralarynda gönüden-göni Eýrana garaşly täsirli güýje eýe ýaragly toparlar bar. Şol sanda Nigeriýa, Owganysyan ýaly ýurtlar bilen birlikde Aziýanyñ, Ýakyn Gündogaryñ birnäçe ýurdunda özüne garaşly partiýalardyr toparlary saklaýar. Eýran 2000-nji ýyllardan soñ ABŞ-nyñ we Günbatar dünýäsiniñ "selefi jihatçylygy" ýa-da "yslamçy radikalizmi" nyşsna almagy bilen 2001-nji ýylda Owganystany Waşingtonyñ basyp almagyna sesini çykarman oturandygy bilenem çäklenmedi, gaýtam oña açyk goldaw berip, howa çäklerini ulanmaga rugsat etdi. Eýran 1991-nji ýyldaky Birinji Pars aýlagy urşunda bolşy ýaly, 2003-nji ýyldaky Ikinji Pars aýlagy urşunda-da özüniñ "baş duşmany" yglan eden ABŞ bilen bir hatarda durdy. • Eýran we oña garaşly toparlar hemişe ylymly signallar bermäge jan edýär Tährandaky şaýy mollalaryñ elindäki hökümete Ysraýyl, ABŞ hiç wagtam "birinji nobatdaky mesele", "ganym duşman" ýa-da "esasy garşydaş" bolmady. Gaýtam ol režimler has köp giñemek, molla režimiñ güýjüniñ içindäki güýjüni berkitmek üçin "amatly argumentler" hökmünde ulanyldy. Eýran bilen Günbatar dünýäsi ýa-da ABŞ-Ysraýyl gatnaşyklary rewolýusiýadan bäri geçen kyrk ýyllyk müddetde hemişe utmak-artykmaçlyk gazanmak prinsipinde ýöredildi. Ysraýyl-ABŞ Pars aýlagy ýurtlaryny ýanynda saklamak we Ýakyn Gündogardaky güýçleriniñ işini gurnamak, molla režimi-de de içerdäki konsolidasiýasyny ýola goýmak üçin biri-birlerine hemişe mätäçdirler. Agzalýan taraplaryñ arasynda duşmançylyk hiç mahlam hakyky manysynda orta çykmady. Gelinen sepgitde bähbitler ters gelende taraplar pozisiýasyny güýçlendirmek üçin biri-birlerine el salgan bolýarlar. Tegelek stoluñ başynda söwdalaşyk paýynyñ pese düşmezligi üçin hakykatda güýçli dartgynlylygyñ bolmagy gerek. Eýran şu manyda geçmişde has köp mümkinçiliklere eýedi. Liwanda, Pars aýlagynda, Yrakda we başga-da birnäçe ýerde ABŞ-nyñ bähbitlerini howp astyna salybiljek "şaýkalary" bardy. Ol şeýtmek bilen ABŞ-na garşy tegelek stolda hasam güýçli oturýardy. ABŞ bilen Eýranyñ arasynda Owganysyan boýunça edilen söwdalaşyklar hakda birgiden makalalar we kitaplar ýazyldy. Bular indi gizlin syr däl. Yrak boýunça eden söwdalaşyklaram gizlin däl. Muny öñki prezident Mahmud Ahmedinejadyñ hut özü-de agzapdy. Ahmedinejad täze söwdalaşyklaryñ we ylalaşyklaryñ indi bolmajak zat däldigini tekrarlapdy. ABŞ-nyñ prezidenti Donald Tramp düýn eger saýlawlarda üstün çykan ýagdaýynda Eýran bilen täzeden ylalaşyk baglaşyp biljekdigini aýtdy. Munuñ jogaby gijikdirilmedi, Eýranyñ prezidenti Hasan Ruhani Trampa sanksiýalar babatda yza ädim ätmegini isledi. Trampyñ nämedir bir üýtgeşme bolup geçmezden ala-böle beýle diýmejegi belli. Munuñ özi ýedi gat ýeriñ aşagynda gizlin gulluklar tarapyndan ýöredilen diplomatiýanyñ netijesidir. • Beýrut partlamasy Eýranyñ Liwandaky güýjüni gowşadar Liwanyñ öñki baş secretary Subhi Tufeýli Eýranyñ Liwandaky täsirine garşy çykýar we Beýrutdaky partlama Nasrallah bilen Hamaneýi sebäpkär hasaplaýar. Şunuñ bilen baglanyşykly "Hizbullah" partlamada "ogurlygynyñ üstünde" tutuldy. Nasrallahyñ Kasym Süleýmanynyñ öldürilmeginden soñ eden çykyşynda ellerinde güýçli raketalaryñ, ammonium nitrat partlaýjylarynyñ bardygyny aýtmagy we köp sanly ysraýyllyny ýok etjekdikleriniñ haýbatyny atmagy şu babatda ünsi çekijidir. Partlamanyñ yzysüre Eýranyñ we oña garaşly toparlaryñ örüsi daralandygy üçin has sowukganly hem-de parahatçylykly signallary bermäge ýykgyn etdiler. Emma muña ynanan bolmady. Ýadro boýunça ylalaşyga ähmiýet berýän Angliýa, Fransiýa, Germaniýa ýaly ýurtlaram özleriniñ Eýrana garşy girizen ýarag sansksiýasynyñ möhletini uzaltjakdyklaryny mälim etdiler. • Ýadro ylalaşygynda arada galan ÝB ýurtlary Eýranyñ derdine dowa bolup bilenok Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny saklaýandygy üçin uly bähbitleri bar üç ýewropa ýurdy-da Tähran hökümetini goldap, onuñ başdan geçirýän krizisinden çykmagy üçin ýeke ädim ädenok. Çünki olaryñam Eýrana ynamy ýok. Eger öz aýdyşlary ýaly Eýran ýadro ylalaşygyna eýerýän we howply ýaraglary öndürmeýän bolsa, nämüçin girizen sanksiýalarynyñ müddetini uzaldýarlar? ÝB ýurtlary Eýran babatda ikirjiñlenmeli syýasat ýöredýän bolsa, onuñ ýaranlary hasaplanýan Russiýadyr Eýran ölüm dymyşlygyna çümüpdirler. Ýaran ýurtlar Russiýanyñ, Hytaýyñ Eýranda näçe sany bankynyñ bardygy hakdaky sowal bu boýunça jogabyna garaşýan möhüm sowaldyr... Ruhani çarşenbe güni Fransiýanyñ prezidenti Emmanuel Makron bilen gepleşdi. Munuñ sebäbi Liwandaky partlamalardyr. Günbatar dünýäsi mundan beýläk Liwana has köp ýardam etmek üçin "Hizbullah" şertini goýar. Munuñ özi "Hizbullahyñ" öñküsi ýaly güýçli pozisiýany eýelemejekdigini añladýar. Beýrutdaky partlama Yrakdaky Mustafa Kaziminiñ iş başyna gelmegi, Owganysganda Taliban bilen ABŞ-nyñ arasynda baglaşylan ýaraşyk şertnamasy, Russiýa bilen Siriýada bolup bilen düşünişmezligiñ döremegi, Ýemendäki işleriñ çataklygy Tähranyñ giñelme syýasatyny köp derejede kyn ýagdaýa salan üýtgeşmelerdir. Bular Eýranyñ örüsiniñ daralýandygyny görkezýän möhüm görkezijilerdir. • Ruhaniden Makrona Liwan jañy Ruhani gepleşigiñ dowamynda Makrona şeýle diýýär: "Liwan derñew edaralaryna partlamanyñ günäkärlerini tapmakda goldaw bermelidiris. Liwanyñ syýasy toparlarynyñ arasynda agzybirlige hemişekisinden has köp zerurlyk duýulýar. Muña hökman ýardam etmeli". Eýran edil şumat ýöredýän syýasy ugurlaryny goldaýan güýç tapanok we ýalñyzlyga tarap barýar. Sanksiýa astynda bolansoñ, ykdysady çökgünligi başdan geçirýär we özüne garaşly ýaragly ýa-da ýaragsyz toparlara öñküsi ýaly esewan edip bilenok. Bulam onuñ şol ýerlerde täsiriniñ gowşamagyna getirýär. Kowid-19 pandemiýasyndan soñ Eýran bilen aradaky gümrük nokatlaryny ýapan iñ esasy söwda partnýorlaryndan Türkiýe we Türkmenistan bu ýurda häzirem ýollaryny açanok. Türkiýe söwda gatnawlaryna ýollary bölekleýin açanam bolsa, muña dowa bolardan ejiz gelýär. Türkmenistan bolsa Eýran gatnawlaryna ýoluny doly ýapyk saklamagyna dowam edýär. Yrakda halk köpçüliginiñ mundan beýläk Eýrana garaşly toparlary görmek islemeýändiklerini dillenmegi, Kaziminiñ "Içerki işlerimize goşulmañ" duýduryşy bu ýurtda mundan soñky müddete degişli möhüm yşaratlardyr. Liwanda bolsa "Hizbullaha" ýapja Hasan Diýabyñ hökümet apparaty partlamanyñ yzyndan wezipeden gitmäge mejbur boldy. Munuñ özi bir tarapdan "Hizbullahyñam" bir gyra çekilmegini añladýar. Şol sanda şuny-da aýdyp geçmek mümkin: ABŞ ýa-da Ysraýyl Eýran bilen hasaplaşygy Pars aýlagyndan Ortaýer deñziniñ kenarlaryna süýşüren bolmaly. Liwan hem şunuñ üçin biçilen köýnekdir. Eýran Liwanda gowşasa, Siriýada-da gowşar we Siriýada saklanyp bilmese, ylla kekirtlewüginden tutulana döner. Şol sebäpli ABŞ-nyñ we Ysraýylyñ "Hizbullahy" güýçsüzleşdirmegi birinji wezipesi edip goýan bolmagy ähtimal. • Eýran režimi strukturalaýyn krizisiñ penjesindedir ABŞ-nyñ noýabrdaky saýlawlary we Trampyñ täzeden saýlanyp-saýlanmazlygyna dahylsyzlykda eýran režimi strukturalaýyn krizisiñ penjesindedir. Rewolýusiýanyñ arabasy kyrk ýylyny doldurmanka jygyldamaga başlady we içerdäki bimazalyk artybildigine artdy. Režim gyssaga düşende ýazylganlyga şert döredip we dünýä seredip bilýän ýumşak-oñşukly ýüzli reformistler döwletden doly çetleşdirilýär. Ýurduñ ähli edaralary radikallaryñ eline geçdi. Bulam ýurduñ manýowr etme başarnygyny kemeldýär. Eýran režimi mundan soñky müddetde ýolaýyrda sary barýar. Ol ýa-ha tizara çagşamaly ýa-da uly eglişikleri edip ömrüni dowam etdirmeli bolar. Başga hili bolanda häzirki ýagdaýy dowam etdirme mümkinçiligi ýok. Sanksiýalar aradan aýrylsa-da, ýurduñ örüsi barha daralýar we öñler asssyrynlyk bilen ýöredilýän giñelme syýasaty indi aç-açan ýöredilýändigi üçin sebit halklary tarapyndanam berk garşylyga uçraýar. Eýranda çapdan çykýan reformist žurnallardan "Ümid-i Jewan" Eýranyñ 2020-nji ýylyñ noýabryndaky arzuwyny şeýle beýan edipdir: "Trampyñ saýlawlarda ýeñilmegi, Ruhaniniñ Baýdene jañ edip gutlamagy, dollaryñ has pese düşmegi, ýadro ylalaşygynyñ täzeden durmuşa geçmegi we başgalar..." Elbetde, bularyñ gury arzuwlygyna galjakdygyny we Baýdeniñ Tährany has agyr ýagdaýda goýup biljekdigini-de hasaba goşmak gerek… Serbest FERHAN SINDI / @serbesttsindi Şenbe, 15.08.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |