13:17 Ýarym Aý şekiliniň manysy | |
SORAG
Edebi makalalar
METJITLERIMIZIŇ GÜMMEZINDE ŞEKILLENDIRILEN "ÝARYM AÝ"-YŇ MANYSY NÄME? JOGAP Indi dünýä jemgyýetçiligi metjitlerde, medreselerde we yslam guramalarynda görünýän ýarym aýyň şekilini musulmanlaryň aýratyn nyşany hökmünde ykrar etdi. Bu nyşanyň Yslam dünýäsinde özboluşly alamat hökmünde ulanylyşynyň taryhyna seretsek, dürli garaýyşlara we pikirlere şaýat bolup bileris. Hadys kitaplarynda Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) Allanyň rugsady bilen Aýy iki bölege bölendigi aýdylýar. Käbirleri ýarym Aý nyşanynyň daşky görnüşini bu waka bilen baglanyşdyrýarlar. Emma bu nyşanyň XV asyrdan ozal gurlan binagärlik ýadygärliklerinde ulanylmandygy bu pikiriň hakykata ýakyn däldigini görkezýär. Şeýle hem, ýarym Aý nyşanynyň durmuşa geçirilmegi Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) Mekgeden Medinä göçmegi bilen baglanyşyklydyr diýen pikir bar, sebäbi şol gije Mekgäniň asmanynda şuňa meňzeş täze Aý şöhle saçýardy. Başga bir çemeleşmä görä, ýarym Aýyň nyşany Stambulyň basyp alynmagy bilen baglanyşyklydyr (1453). Bu basybalyjylykdan soň, ýarym aýyň nyşanyny metjitleriň minaralarynyň üstünde goýmak adata öwrüldi. Soňra beýleki ýurtlaryň binagärleri hem bu nyşany metjitleriň we medreseleriň gurluşygynda ulanyp başladylar. Malaýziýanyň Halkara Yslam Uniwersitetiniň professory Ammar Fazl şeýle diýýär: "Ýarym Aý nyşany metjitleriň we medreseleriň barçasynyň üstünde diýen ýaly peýda bolup başlady. Soňra, uzak ülkelerde kyblany kesgitlemek kyn bolansoň, yslam alymlary metjitleriň, medreseleriň gümmezindäki ýarym Aýyň uç tarapyny kybla tarapa gönükdirilmelidigi bilen ylalaşýarlar. Gaýry ýurtdan gelen nätanyş bir adam bu nyşany görende, kyblanyň haýsy tarapdadygyny, entäk minaraň içine girmänkäde bilip biler. Emma, Allatagalanyň her bir zatdan beýikligini beýan etmek üçin, yslam alymlary Masjid-ul-Haramyň depesindäki ýarym aý şekilini ýokaryk bakdyrmaly diýen karara geldiler". #internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |