10:46 Näme boldum?!. | |
NÄME BOLDUM?!.
Oýlanmalar
Ýazgyda "Hiç" Bir ýaşuly melleginde işläp durka, şol döwrüñ hökümdary tüýsüni üýtgedip, geçip barýan ötegçiniñ sypatynda onuñ ýanyna barypdyr. Olar salam-helik edip, saglyk-amanlyk soraşypdyrlar... Ýaşuly ötegçi yssydan haýygandyr öýdüp, oña bir jam çal mürähet edipdir. Soñam özara gürrüñe başlapdyrlar. Hökümdar ýaşulynyñ gürrüñine imrigipdir we ondan kimdigini sorapdyr. Ýaşuly oña şeýle jogap beripdir: - Hiç. Hökümdar geñ galyp sorapdyr: merakla şöyle sorar: - O näme diýdigiñ?.. Seniñ hökman adyñ ýa-da tutulýan adyñ bardyr-a! Ýaşuly arkaýynlyk bilen ýene ýañky jogabyny beripdir: - Hiç. Hökümdar bu gezek öz üstünden gülünýändir öýdüp, şeýle diýipdir: - Sen meniñ kimdigimi bilýärmiñ? Men şu ýurduñ patyşasy. Ýaşuly şondan soñ ýagdaýy düşündirmäge çalşypdyr: - Ýeri, hüñkärim, siz häzir şu ýurduñ patyşasy. Mundan soñ näme bolaryn öýdýärsiñiz? Hökümdar näme diýjegini bilmän: - Hiç - diýip jogap beripdir. Dana ýaşuly ýene göwnaçyklygyny elden bermän: - Hüñkärim, şol siziñ patyşalykdan soñky ýetjek mertebäñizdäki adam-da men - diýipdir. Durmuş ýoly uzak. Adamyñ dünýä inen maşgalasy we jemgyýeti durmuşynyñ haýsy ugurda dowam etjekdigi babatda esasy paýa eýedir. Şonuñ bilen birlikde adam şeýle ýagdaýy üýtgedip bilme mümkinçiligine-de eýe. Ene-atasy okap-ýazyp bilmeýän çaga alym bolup ýetişip bilýär. Ýarlykly garyp maşgalada doglan çaga baý hem bolup bilýär. Şular ýaly ýagdaýlaryñ sanardan köp mysallar bar. Durmuşyñ uzak ýolunda adamyñ görmeli ýagşy we ýaman günleri bolýar. Durmuşyñ hemişe gowy ýa-da erbet dowam etmegine garaşmaly däl. Adam oglunyñ şeýle ýagdaýda edip biljek zady: gowy gününde şükür etmek - şükürini eda etmek (şüküriñ edasy nygmatyñ jynsyndan bolmaly), erbet gününde-de tükeniksiz sabyrly bolmaly. Adam hiç wagt näme boldum diýmeli däl, näme bolarkam diýmeli. Çünki hiç kimiñ ertire çykjagy belli däl. Häzirki ýagdaýyñ gowy bolsa, munuñ bilen öwünjek bolup ýörmän, ertirki günüñi meýilleşdirmeli, şu günki gowy ýagdaýyñy gorap saklamagyñ we hasam gowusyna ýetmegiñ gamyny iýmeli. Eger ýagdaýyñ erbet bolsa, umytsyzlyga özüñi aldyrman, gowulandyrmak üçin eliñden geleni gaýgyrmaly däl. Şeýle ýagdaýa mysal bolup biljek başga bir atalar sözi bar: "Buýsanma görküñe - düwürtik barka, buýsanma gezip ýöreniñe - ýyldyrym barka". Gowy günde ýaşaýan, durmuşy ugruna bolýan adamlar geljekde duş gelnäýjek erbet günlere taýýarlykly bolmaly. Bu taýýarlyk gerek bolsa maddy manyda-da, gerek bolsa dost-ýaryñ, tanyş-bilişiñ köp bolmagy manysynda-da bolup biler. Erbet we kynçylykly günleri başdan geçirýän adamlar sabyrly bolmaly, ertirki gowy günleri umyt edip işlemekden el çekmeli däl. Kynçylyklaryñ garşysynda ýan bermezlik gowy günleriñ açarydyr. Adam geçmişi bilenem, geljegi bilenem dahylyny ýitirimeýän ýeke-täk jandar. Beýleki jandarlarda şeýle ýagdaý barmy?!. Meselem, haýwanlaryñ geçmişini ýatlap bilmäge ukyby ýok, geljegini-de göz öñüne getirip bilmeýändigi üçin gorky-ürküsi-de ýok, gaýgy-aladasy-da... Geçip giden wagtyñ gaýgy-elemleri we ertirki günüñ gorkusy her bir lezzetiñem geçip gidenden soñky elemi onuñ berjek keýpi-sapasyny bozýar. Diñe şunuñ özem adamyñ ahwalyny nähili gowy açyp görkezýär. Esasy zat üstünligiñ köplügi däl-de, onuñ öñküdenem ýokarlandyrylyp dowam etdirilmegidir. Her bir adamyñ ýaşan ömründe özi üçin kesgitlän maksady we şol maksada ýetmek üçin göz öñüne tutýan pozisiýasy bolýar. Ol işlerini şol maksada ýetmek üçin dowam etdirýär. Käbir maksat uzak wagtyñ dowamynda, käbiriniñ talap edýän zähmetini harçlap, käbiri bolsa dürli-dürli sferalaryñ we şertleriñ kömegi bilen has gysga wagtda maksadyna artygy bilen ýetýär. Şondan soñ ol şeýle ýagdaýlaryñ dowamly boljagyna ynanyp we daş-töweregine dik ýokardan bakyp olary özüçe görmän başlaýar. Bular ýaly adamlar geljegi göz öñüne getirmeýän, şu günüm gowy geçse bolýar - ertir näme bolsa şo bolsun edip ýaşaýan adamlardyr. Bular ýalylaryñ geljekde garaşylmaýan pursatda juda erbet ýagdaýa düşmekleri mümkin. Wagtynda özlerini erbet tarapdan tanadandyklary üçinem hiç kimiñ olara kömek edesi gelmeýär. Wessalam. Ömer ÖMERI. Anna 16.10.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||