12:40 Ähde wepa | |
ÄHDE WEPA
Oýlanmalar
Hezreti Omar egindeşleri bilen gürrüñleşip otyrka, ýanyna üç sany ýaş ýigit kürsäp girýär we olaryñ ikisi üçünji ýigidi görkezip: - Eý halyf, şu ýigit biziñ kakamyzy öldürdi, näme edilýän bolsa ediñ - diýýär. Hezreti Omar aýyplanýan ýigide ýüzlenip: - Aýdýanlary dogrumy? - diýip soraýar. Aýyplanýan ýigit "Hawa, dogry" diýýär. Halyf: - Gürrüñ ber bakaly, nähili beýle bolaýdy? - diýýär. Ýaş ýigit gürrüñ berip başlapdyr: - Men ýaşaýan ýerimde gurply ýaşaýan adamdym. Maşgalam bilen bile gezim etmäge çykypdyk. Ykbal bizi bul oglanlaryñ bolýan ýerine getirdi. Ýanym bilen getiren haýwanlarymyñ arasynda bir owadan atom bardy, oña bir sereden ikilenç gözüni aýryp bilenokdy. Onsoñ ýañky atym bul oglanlaryñ bagynda ýetişen miwä agzyny uzadýardy. Men näme etsemem atyma diýenimi etdirip bilmedim. Birdenem bul oglanlaryñ kakasy içerden atylyp çykdy-da, atyma daş zyñdy, atym şol duran ýerinde öldi ýatyberdi. Menem nebsime buýrum bilmedim, ýañky daşy aýlap ýaşulyñ özüne saldym welin, olam öldi. Gaçjak boldum, emma merhumyñ çagalary yzymdan ýetip meni ele saldylar. Ýagdaý şeýle. Mundan soñ Hezreti Omar: - Başga aýtjak zadyñ bolmasa, munuñ jezasy ölüm, özüñem günäñi boýun alyp dursuñ - diýýär. Günäkär ýigit söz gezegini alyp: - Hojaýyn, bir haýyşym bar. Men öz ýurdumda baý ýaşaýan adam. Kakam aradan çykmanka maña ep-esli altyn miras goýdy. Şu ýere gelmänkäm jogim entek kiçi bolandygy üçin oña görkezmän gizläp goýupdym. Häzir siz meni jezalandyrsañyz, ýetimiñ hakyny iýendigiñiz üçin Allanyñ huzurynda jogap bermeli bolarsyñyz. Maña üç gün rugsat berseñiz, şol amanaty joined gowşuryp geleýin. Men goýberjek üç günüñiz üçin ýerime girewine galjak adam taparyn - diýýär. Hezreti Omar durup bilmeýär: - Seni bärlerde tanaýan ýog-a seniñ ýeriñe kim galar öýdýäñ? Ýigit töweregine göz aýlap: - Ine, şul adam meniñ ýerime galar. Ol Hezreti Pygamberimiziñ iñ ýakyn egindeşlerinden Ebu Zerden başga hiç kim bolup bilmez. Halyf Ebu Zere ýüzlenip: "Ebu Zer oglanyñ diýýänlerini eşidýäñmi?" diýýär. Beýik sahaba şonda ikirjiñlenmän: "Hawa, men kepil geçýärin" diýýär we günäkär ýigit goýberilýär. Üçünji günüñ ahyrynda berlen möhlet tamamlanyp gelýänem bolsa, goýberilen ýigitden habar-hatyr bolmandyr. Medinäniñ sylanýan kethudalary Hezreti Omara ýüzlenip, günäkäriñ indiden soñ gelmejegini, şonuñ üçinem Ebu Zere beriljek ölüm jezasynyñ ýerine merhumyñ hunynyñ tölenmegini teklip edýärler. Emma ýigitler razy bolmandyr we "kakamyzyñ ganynyñ ýerde galmagyny islämzok" diýýärler. Hezreti Omaram özünden garaşylýan jogaby berýär: - Berlen kepillik kakam bolsa-da maña tapawudy ýok, jezany ýerine ýetirerin. Ebu Zer bolsa boýunsunujylyk bilen: - Biz sözümizde durýan adamlar - diýýär. Edil şol wagtam köpçülik hereketlenip başlapdyr. Adamlaryñ arasyndan iñ soñky deminde ylgap gelýän ýañky ýigit görünipdir. Hezreti Omar oña ýüzlenip: - Ogul, gelmänem bilerdiñ, nämüçin geldiñ? - diýýär. Ýigit buýsanç bilen kellesini galdyryp şeýle diýipdir: - Ähdiýalanlyk etdi diýmäñ diýip geldim. Hezreti Omar bu gezek Ebu Zere ýüzlenip: - Eý Ebu Zer, sen bu ýigidi tanañogam-a, nädip oña kepil geçip, zamuna galyp bildiñ? - diýýär. Ebu Zer şeýle diýýär: - Şunça adamyñ içinden meni saýlady, menem "adamkärçilik öldi" diýdirmejek bolup kabul etdim. Gezek dawagär ýigitlere gelýär. Olaram: - Bizem dawamyzdan el çekýäris - diýýär. Mundan soñ Hezreti Omar olardan: - Size näme boldy beýle, dek ýañam kakamyzyñ gany ýerde ýatmasyn diýip durduñyz, näme boldy-da el çekäýdiñiz - diýip soraýar. Doganlaryñ beren jogabyna seretseñizläñ: - Merhemetsiz adam galmandyr diýdirmäliñ diýdik. "Wepa näme, bilýäñizmi? Wepa - yzyñda galdyranyñy, gideñde ýakanyñy bir gyra zyñmazlykdyr. Wepa - dostlugyñ mynasyplygyna, dogadan soñ berilen sözlere, hyýallara hyýanat goşmazlykdyr. Wepa - otükileriñ soñsuz mylakatynyñ garşysynda dowzahy äwmezlige salmazlygyñ, belent mertebeli gözellikleri dünýäge satmazlykdyr". (Jelaleddin Rumy) Söýgi - dostlukda we wepalylykda tutanýerlilik görkezmek, sözüñde durmak. Üns beriñ: tutmak däl, durmak. Wepa bilen mütewwepa kapyýalarynyñ köp ulanylýan döwründe ýadyma düşen birinji söz: "Wepa bilen hoşlaşmañ, gören adamyñyzy unutmañ". Birem kanuny duýduryş: Wepa - imanyñ hut özüdir. Nämüçinmi? Çünki imany kesgitläp bilmek üçin ilki "küpüri" kesgitlemek gerek. Küpür - bir zadyñ üstüni örtmek, bukmak, görünmez ýaly etmek, nygmatyñ gadryny bilmezlik... Daýhanyñ ýere atan tohumynyñ üstüni gum bilen örtmäge-de şeýle diýilýän ýerleri bar. Beýleki bir ýandan hiç kim özüniñ wepasyzdygyny boýun alasy gelmeýär. Hemmeleriñ özüçe "özünkini dogry hasaplaýan" tutaryklary bar. Hatda görlüp-eşdilmedik gadyrbilmezligiñ içinde ýüzüp ýörenlerem wepadan-ygrardan söz açyp bilýär. Ýöne ýere diýmändirler: Bu neneñsi dünýä, hekaýaty kyn. Ýaramaz mysallaryñ meni getirýän ýeri-de şu: Wepa - özüñi tanamak. Yzyña öwrülip seretmek. Ýatdan çykarmazlyk. Elbetde, bular añsat zat diýjek bolamok. Añsat däldigi üçinem hemişe bir ýere gelip durýarys: wepa we wepat. Aýralykdan gaçmak we kejeñeklik bilen bile bolmaga dowam etmek nesihatyna garamazdan, adamlaryñ ýoly aýrylyp bilýär, öñde tutýan maksatlary üýtgäp bilýär. Ilkinji nobatda ähmiýet sanawy uzyn sanawdyr. Meselem, peýzaž bolsun diýip, öýñüziñ howlusyna agaç ekersiñiz. Başga birem peýzažyñ öñüni baglaýar diýip, agaçlary çapyp aýryp biler. Şolar ýaly. Biziñ paýymyza her dürli oñaýsyzlyklara garamazdan wepa ýodasyna ot bitirtmezlik düşýär. Ýodanyñ soñunda garaşýan gowy zadyñyz bolmanam biler. Bolman geçsin. Meñ ynanşymça, wepa diýilýän zat dogabitdi bar, wepasyzlyk bolsa soñ edinilýär. Meselem, "syýasatda we işde wepa bolmaz" diýýän bolsañyz, wepasyzlygy adaty zat hasaplaýandygyñyzy görkezdigiñiz bolar. Ýagdaý durmuşyñ islendik ugrunda-da şeýle. Aýdylýar-a, adamyñ terbiýesi başyna musybat inende ýüze çykýar diýip. Wepaly bolup-bolmandygyñyzam oñaýsyz şertlerde, kynçylykly wagtlarda belli bolýar. Bizde haky-hukugy bar adamlaryñ kyn gününde ýanynda bolup bilýärismi, ýa başga ýerlerde entäp ýörüsmi? Ýa-da aramyz az-owlak daşlaşan badyna bizi şu günlere ýetirenleri görmezlige salýarysmy? Gynanyp aýdýaryn, ýerin salmagyñ dürli görnüşleri bar, bularyñ birem wepa. Elbetde, edilen ýagşylyklary, çekilen zähmetleri hökman yzyna gaýdyp almaly diýen zat ýok. Emma wepa diýip bir zat bar bolsa (bardygyna şübhe ýok), ine, şoña garaşylýar. Gynansak-da, zähmetlerden, ýagşylyklardan, sözlerden gutulmagyñ iñ añsat ýoly, wepasyz bolmakdyr. Wepasyz adam özüne goýlan gadyr-gymmaty we bildirilen ynamy döwüp, ulanyp öñe gidýär. Ýogsam bolmasa, dünýä göterip bolmajak mal ahyry, mundan näme äkitjegimiz belli. Aýyp gözlemäge başlasak, aýypsyz adam ýokdugyny göreris. Gözlemäñ. Ýöne aýby wepasyzlyk bolanyñ aýbyny örtmäñ. Ilki özümizden başlalyñ. Wessalam. Ömer ÖMERI. Anna, 13.11.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |