23:52 Jeñnama / poemanyñ dowamy | |
ÝEŇLENDEN SOŇ, GAM-GUSSA ÇEKIP JAPARGULYNYŇ ASTRABAT TÖWEREGINDE ÖLŞI WE GAÇAKÇY GOŞUNYŇ TÄHRANA BARŞY HAKYNDA Bir hekaýat tamam boldy, şahyrym, Gel, beýan et indi kyssaň ahyryn. Japarguly çekip ençe zyýany, Ütelgiden³⁶ gaçan togdary ýaly. Ýetip bardy bärden Gürgen hetdine, Onuň Astrabat bilen serhetine. Tähranyň şasyna berende wada, «Kylar men tekäni ýer-ýegsan, ýa-da...» Diýipdi şa: «Işi bitirseň eý, han, Seniň ygtyýarňa geçer Horasan...» Heläk boldy çekip kän gaýgy-gussa, Indi baryp, häkim boldy dowzahda. Ýene rawy aýtdy: Ençe merdana Ýetip bardy bärden şähri-Tährana. Baryp sözlediler: «Eý jahan şasy, Habar bar, aýtma kyn, bolduk biz asy37. Pähimläp, göwnüne bir güman gelip, Aňdy leşger çekdi köp heläkçilik. Ýöne ynanman şa olaň sözlerne, A:larlyp seretdi gamgyn ýüzlerne. Tabpşrdy olary derhal jellada, Gulak-burnun kesip, asyň diýp darda. Zaman ötmän, tutup hatar u-tertip, Niçe serbaz bilen serheň u-sertip. Diýdiler: «Bu işler çyndyr eý, şahym, Leşger heläk boldy, bilgil, eý, häkim.» Beýhuş bolup, ýykyldy ol tagtyndan, Niçema ýel ösdi oň arkasyndan. Oň ýanynda bardy şazadalar hem, Synaýy, mähremler, azadalar hem. Şazadalar pähim eýläp bir pasyl, Diýdi mähremlere: «Turuzyň basym.» Turuzdy mähremler ony söýgetläp, Tagtda oturtdylar düşek gat-gatlap. Diýdi olar: «Şahymyza bu sagat, Meger, dew-periden ýetdi bir apat.» • Hemze Mürzäniň Mara hüjümi Elkyssa, ol zamandan soň aýyldy, Agzalaň ýüzüne ýagty çaýyldy. Ol özüni rastlap, kaddyn düzetdi, Saky oňa bir jam şerap uzatdy. Agzyn açyp, pallap oturan şanyň, Jany şypa tapdy içip şerabyn. Mest boldy ol içip jam doly şerap, Hökümetden urup başlady ol lap. Diýdi: «Hökmüm rowan meň Yspyhana, Dünýäň merkezi ol -nisfi-jahana³⁸. Ýene Şiraz bilen Kaşan meniňdir, Sorarmen Gazwin u-Tähran meniňdir. Ýene Häzirbegjan u Damgan bil, Hemedan bilen Mazenderan bil. Meňki Şahrud, Bostam, Astrabadam, Mazlumlary maňa ýetirýär dadyn. Bir ýany H:af bilen Tun u-Tebes-dir, Sistan hem Hirat — şu maňa besdir. Ki, elkyssa, tamam yklymy Eýran, Maňa tagzym kylyp, ýollaýar salam. Bolup munça iliň hökümdary men, Çekmelimi gaýryň azaryny men? Bilermen tekeler bir bölek şeýdir, Gelip, köle gaçan bir tüweleýdir.» Gahar-gazap bilen dilin çeýnäp ol, Özüni Feridun hasap eýläp ol. Her diýara dellal ýygyp iberdi, «Leşger toplap geliň» diýip iberdi. «Bolsun olar Maşat sary rowany, Gelsin welaýatlaň hökmürowany. Goý, şol ýerde olar çadyr gursunlar, Herne buýrugyma häzir dursunlar.» Ondan soňra alyp şeraply jamy, Diýdi: «Barmy iliň bir päliwany? Eger-de bar bolsa şeýle bir pälwan, Gidip, teke ilin ýer bilen ýegsan. Eýlesin-de, alsyn olardan arym, Ar almasa, haram bolsun şerabym.» Oň ýanynda bardy bir «men-men» adam, «Batyr men!» diýp, öz kimligin unudan. Turup, tagzym edip: «Men size gurban, Men gideýin, eger kylsaňyz perman. Kylaýyn bu işi ähtibar özüm, Edeýin duşmany tary-mar özüm. Esir eýläp ähli aýal-ebtadyn, Taraç edip, äkeleýin bar zadyn.» Oň adyna Hemze Mürze diýerler, Her sözi herseňňi, herze diýerler. Ki, elkyssa, ony kabul eýläp şa, Ibär boldy, bol habardar hem ägä. Berdi elindäki şeraply jamy, Ol başa göterdi, noş boldy jany. Soň diýdi şa oňa: «Tüýs päliwan sen, Bu jahan içinde sahypkyran sen! Bar, seni leşgere salar eýledim, Dogrusy, leşgere serdar eýledim.» Oňa engam-yhsan bihasap berip, Hem goşunyň ykbalyny tabşyryp. Diýdi: «Sen hem tutgun sapar esbabyň, Taýyn kyl ýol üçin ähli derkaryň. Ine, ondan soňra Maşada baryp, Geçgin Ymam Ryza zyýarat kylyp. Ondan soňra bolsa, sen Mara ötgül, Tizden teke halkyn kül-peýkun etgil. Gabap, gabsap, ýykyp ili har kylgyn, Aljyradyp, ýurdy bimydar kylgyn. Eger-de bu ýumşy berjaý etmeseň, Ýok bolgun, bu taýa nazar etme sen.» Bu sözleri aýdyp, pata berdi şa, «Bar, işiň şow bolsun, ýar bolsun Alla!» Tiz şanyň ýanyndan çykansoň Hemzäň, Beden agzalary kyldylar lerzan. Puşman boldy kylan bu işinden ol, Teke bilen urşuň teşwişinden ol. Ondan soňra diýdi şa: «Eý, wezirler, Beriň siz salara esbap-nezirler. Harajatyn, ýol harjysyn bol beriň, Topun-tophanasyn besläp iberiň. Gysylman, gyýylman, baryn düzediň, Üpjün edip, ony ýola uzadyň...» Derhal şa ýanyndan wezirler gaýdyp, Topy, gorhanany tiz taýyn edip. Harwar-harwar zeri gatyra ýükläp, Berdiler goşuna ýene-de köp zat. Düýelere mawut, haly ýüklendi, Gaznada bar zatlaň bary ýüklendi. Ýene, onsoň üýşüp sertib u-serheň, Buýrdular çalyň diýp şeýpur bilen çeň. Ýördüp altmyş alty topuny olar, Hem tertipläp goşun sapyny olar. Hem şahzada Hemzä dünýäň gelşigin Berip, geýdirdiler şalyk eşigin. Münüp argymaga³⁹ assa-assadan, Ýörup sertip-serheň desse-desseden. Toplaryny ýeke-ýeke atdyryp, Jahany tusse hem çaňa tutduryp. Ýola dabaraly boldular rowan, Uzadyp, wezirler dolandy aman. Kän mahal ýol ýöräp, köp ýatym edip, Ahyr Maşat sary bardylar ýetip. Harby guýç düzedi ençeme günläp Esgerlerni uly-kiçi tükelläp. Jem kylyp, leşgerin, bildiler sanyn, Hem olaryň iýjek owkadyn, nanyn. Goşun sany laýyk ýetmiş müň boldy, Jeminden Maşadyň etrapy doldy. Hemme hanlar sertip, serheňler gelip: «Indi şa, ýol heňin çalalyň» diýip. Şol ýerden bat alyp, düzlün nyzama, Ugradylar Mar u-şahy-jahana. Ýörüp, ençe menzil ýollardan ötüp, Marynyň golaýna bardylar ýetip. • • • Bir habarçy geldi ýüzün çaňjardyp, Diýdi: «Küffar ili gelipdir ýetip. Gelýär ýaldyradyp toplaryn olar, Düzäp sertip, serheň saplaryn olar. Boluň, durmaň, düzediň öz işiňiz, Kylyp taýynlygňyz— röwüşiňiz,» Aýtdy Gowşut — ol bu ile han erdi, Han däl-de, ol ile jana-jan erdi: «Ýygylsyn bu ýere birniçe batyr, Duşman üste sürüp, alsynlar badyn. Galanlary gala sara ýygylsyn, Aýal, oglan-uşak- bary ýygylsyn.» Bada-bat jarçylar ýaýratdy perman, Perman ile-güne tiz ýetdi durman. Eşidenler derrew ýetip geldiler, Boz bedew atlaryn depip geldiler. Ýygnandy ýüzlerçe jahyl-juwanlar, Hemmesi jeň gören — sahypkyranlar. Demir donlar geýip, geldi haşlaşyp, Ýaraglanşyp, hemmesi leb dişleşip. Hemmejesi taýyn söweşe, jeňe, Seredip görünýän tüssedir çaňa. Diýdiler: «At goýup ýeriň pestinden, Gizlenip, süreliň, duşman üstünden.» Gelýär küffar ili uly goh edip, Ýer ýüzüni tozan, tüsse, ot edip. Birden buky ýerden tekeler çykyp, Asmany düňderip, zemini ýykyp. Ýetip baryp, ýaga naýza urdular, Söweşip, bir zaman duşman gyrdylar. Ýagynyň ençesin bijan kyldylar, Duşmanlaram dört tarapdan geldiler. Ýygylyp, bir ýere jem bolup bary, Gylyç gezäp durdy küffara sary. Ýöne aljyraman küffar ili hem, Dargatman, goşunyň başyn kylyp jem. Jemläp goş-golaňyn, ählije zadyn, Iki parsaň ýere dikdiler çadyr. Niçe günler ýatyp bu ýerde bary, Göçdüler nazarlap Nyýazmet galany. Top atdyryp, dünýä ýüzne ýaň salyp, Sertip, serheňleri serenjam kylyp. Baryp orun tutdy olar galadan, Düzedip oň, için-daşyn ýaňadan. Niçe günläp pikirlenşip ýatdylar, Uluglarny ýygnap, geňeş etdiler. Galada birniçe saryk bar erdi, Duşmanlara maslahatlar bererdi. Gerek bu geňeşiň maksadyn bilmek: «Gyssap, tekeleri gabawa salmak.» Tebil kakyp, deprek urduryp ýene, Sesin ýetirdiler dokuz pelege. Haýbatly çaldyryp şeýpur bilen çeň, Ýöriş kyldy ähli sertib u-serheň. Düzetdi saplarnyň düzgun-nyzamyn, Görkezip meýdanda oýun u-bazyny. Ýöräp serbazlary dik tutup boýun, Aýaklarny deň göterip, deň goýup. Ýörişleri sygan hatarlary dek, Deň gadam urýarlar, gadamlary bek. Tertip tutup barşy oruslar kimin, Saç-sakgalyn alşy andolesler40 kimin. Bolup gelişleri bisyrat örän, Belki-de şeýtanyň bilinden dörän. Gümmürdedip, ähli toplaryn atyp, Ahyry ol ile bardylar ýetip. Düşdi duşman tekäniň öň ýanyndan, Teke habar tapdy öz myhmanyndan. Bildi teke ili geldi gajarlar, Myhmana nygmatly saçak açarlar. Din ýolundan azan myhmanyň hakyn, Bu ilde goş ýazan myhmanyň hakyn. Kimdigne seredip gelen myhmanyň, Öýüň eýeleri berýändir nanyn. Bererler bu hili myhmana hem nan, Ýuguryp ujunda gylyçdyr naýzaň. • • • Ne iş kyldy bu pursatda, işbu hal, Teke ilniň howandary Gowşut han? Ýygnady öz ilniň ähli hanlaryn, Ähli aksakalyn, bar serdarlaryn. Diýdi: «Geňeş bilen ilçi ibersek, Ilçi bir bahana, synçy ibersek?» Hemme hoşlap, sözi makul diýdiler, Batyrlary gözden gizläp goýdular. Iberer boldular bir juwan ýigdi, Sözleşmäge örän suhangöý erdi. Paýhas bilen aýyk sözlärdi ýigit, Han-beglere laýyk gözlärdi ýigit. Rahmanguly handy ýigidiň ady, Niçe söz tabşyryp, ili iberdi. Ine, bardy kufr iline ýakynlap, Bäri ýanda durdy goşuny synlap. Iki goşun durdy a:rap amatyn, Jemläp ähli güýç-gaýratyn, kuwwatyn. Ýöne urşa başlamady tekeler, Suwçy, odunçysyn tutdy ýekeden. Geňeş bile diýdi ähli gyzylbaş, Goýmaz bizi teke galdyrmaga baş. Dört top bilen müň atlyny çykarsak, Bukulyp, golaýa bildirmän barsak. Çäş wagtyna çenli şol ýere baryp, Soň başlalyň söweş teblini urup. Gijäň ýarymynda müň atly gitdi, Hem alyp ýanlary dört toply gitdi. Baryp ýetişdiler nowhana olar, Düwlanadylar şonda pynhana olar. Aňdylar möminler bu bolan işi, Soňra üýşüp, eýlediler geňeşi. Ýygnandy eneçeme jahyl ýigitler, Elguş dek jeň diýseň, dahyl ýigitler. Rowan boldy olar duşmana tarap, Küfr iliniň busan ýerin agtaryp. Sürdüler duşmana, göýä bihabar, Öz ugruna barýan bölek atlylar. Bir-birekden gizlin habar alyşyp, Gyzylbaşyň busan ýerin aňlaşyp. Pähimläp busgyny iki pyýada, Habar berdi ýoldaşlaryna şobada. Tupeňçiler tüpeňlerin saz edip, Gylyç, naýza ujun olar tiz edip. Ýakynlap bardylar bilmedik bolup, Olara at goýup gelmedik bolup. Hem ýat eýläp hudaýi-laýezaly⁴³, Ýene-de enbiýa — öwlüýalary. Hemmesi jemlenip boldular taýýar, Diýdiler: «Tekbiri — allahy-ekber44! Bada-bat at goýup, duşmana depip, Bardylar küfr ilniň üstüne ýetip. Ýöne gyzylbaşlar bu işi aňlap, Jeňtalap boldular ýaragyn çaglap. Barabar boldular iki leşger hem, Uruşdylar esli salym deňme-deň. B:ardy onda niçe şahbaz ýigitler, Uruş, jeňde mydam serdar ýigitler. Biri pälwansnpat Hally batyrdy, Goçak bir pälwandy, ýeke-täk ärdi. Çepe-saga gylyç urup barýar ol, Gyzylbaşy gaýgyrmazdan gyrýar ol. Dökýärdi ol kuffar ilniň ganyny, Aman bermän, alýar olaň janyny. Naýza urup, gylyç salyp zor bile, Uruşýar ol gelen bu agýar45 bile. Aždarhalar kimin demlerne dartyp, Küffarlary zary-zelil agladyp. Geçip arkasyna hem eýlesine, Ýetip bajysyna hem enesine. Çykdy bir tarapdan birniçe şahbaz, Kuffarlaň başyna boldular perwaz. Olar Şamyratdy hem Öwez handy, Gylyç Gapan bilen Muhammedamandy. Biri Ketjat biri Peýrew bahadyr, Her haýsy duşmana bir aždarhadyr. Naýza urup, gylyç bilen çapdylar, Duşman gany Jeýhun bolup akdylar. Urup-çapyp, garpyşdylar serbe-ser, Duşmanyň ganyndan läle boldy ýer. Sunsa naýza gursagyndan duşmanyň, Ujy çykar arkasyndan duşmanyň. Gapyrgalar oňurgadan söküldi, Gyrmyz ganlar gök damardan pürküldi. Ýene bir tarapdan birnäçe arslan, Haýkyryp ýetişdi döküp gyzyl gan. Berdinyýaz, özi Oraz han ogly, Gyljy kesgir, aty ýyndam, gylawly. Utamyşyň batyrlarna baş bolup, Duşmanlary urdy-ýykdy hoş bolup. Tyg uranda her küffaryň başyna, Ujy baryp ýetýär eýer gaşyna. Gyrgyn eýläp, apardylar dembe-dem, Munça ýagy ýuwtmaz bir aždarha hem. Karar eýläp, küffar ili bu ýerden, Gaçyp başladylar barysy birden. Toplaryny süýräp, atyp barýarlar, Möminler arkadan ýetip barýarlar. Uruş tygyn, naýza sünjüp synadan, Çykdylar ýigitler göwün-kineden. Hususan bir batyr bardy tekede, Batyrlykda tenha özi — ýekedi. Naýza çenäp, ýeriň pestinden baryp, Topçyň arkasyndan bir naýza urup. Ondan iki topy aldy dessine, Derrew çykdy ýaňky topuň üstüne. Diýerler kim, onuň ady Nepesdir46, Uruşmaga, söweşmäge hewesdir. Bil, ahyr küfr ilniň leşgerniň bary, Gaçyp bardy gazan garymna sary. Gaçakçylaň öňi baryp ýetdiler, Ýetip baryp, şazada habar etdiler. Diýdiler: «Şazada, mürewwet kylgyn... Ýok boldy leşgeriň, sen muny bilgin» Ol şazada bu habary eşidip, Gussa batdy, boldy gaýgysy ýetik. Bu gün ahyr bolup, düşdi garaňky, Ähli han-beglerin ýygnady ýaňky. Şeýdip, geňeş bilen o gije geçdi, Soň gündiz gijäniň ornun çalyşdy. Şol geňeşiň hullasy47 şu bolmaly: «Uruş eýläp, almaly ýa ölmeli!» Goh turuzyp, uruş teblin kakdylar, Muň owaz çykaryp, pygan dartdylar. Çalyp şeýpur bilen çeňlerin olar, Barysy bir ýere jemlenip olar. Gümmurdedip toplaryny atdylar, Howlukman, nyzamly ýöriş etdiler. Uruş meýdanyna geldiler ýetip, Durdy serbazlary bir hatar tutup. Olaň serkerdesi Gara sertipdi, Durnukly, uruşgan, edep-tertipli. Bärden musulmanlar ýetip bardylar, Meýdan içre ýasaw tartyp durdular. Olar hem saplaryn düzgüne salyp, Durdular duşmanyň alkymyn alyp. Durdy iki leşger garşyma-garşy. Serenjamy düzüw, bir-birde hyrşy⁴⁸. Ol zaman şemal hem buludyn ýygdy. Oşol meýdan üste bir ýagyş ýagdy. Rewşenlik ýetip meýdan ýüzüne, Ýagty saçdy musulmanlaň köňlüne. Ondan soňra Gara sertip gygyrdy, Adyn tutup: «Pylany! —diýp çagyrdy. — Geliň şahymyza ediň siz hyzmat, Kylsaňyz, hyzmata tapar siz hormat. Kylmaň şahymyza biedepligi, Biedebiň, ýokdur ýagşy gepligi». Bu ýandan gygyrdy Rahmanguly han, Belent owaz bilen diýdi ol: «Eý, jan! Bu işlere seniň aklyň ýetmeýä, Türkmenler seň şahyň ykrar etmeýä» Durşy gahar-zäher boldy serkerde, Topçularna buýruk kyldy serkerde: «Ähli topçularam toplaryn atsyn, Olary ot aždarha dek ýuwutsyn!» Top atdy topçular durman bir pursat, Ot-tüsse jahany tutdy burugsap. Bu ýandan Gowşut han häzirläp topun, Topuň nillerine salýardy okun. Öňki bolan jeňde ençe merdanlar, Söweş eýläp, dökdi gyrmyzy ganlar. Olaryň atlaryn beýan eýledim, «Pylan, pylany» diýp, aýan eýledim. Olar ýene meýdan içre geldiler, Söweşe özlerin gaýym kyldylar. Ýene-de bu halkyň bir merdi bardy, Jeňňi-jedel tapsa, çyn bagtyýardy. Ýaş başyndan küfr üstüne giderdi, Batyrlar içinde bir batyr erdi. Goç ýigitler ýygnanardy daşyna, Daş bolup ýagardy duşman başyna. Ýalňyz özi ýagty salardy tünde49, Musulman ähline oldy görelde. Mertdi, bir garadan gaýtmaz pälwandy, Ady Amanseýit — sahypkyrandy. Hem şahana harby lybas geýip ol, Leňňer atyp, daga meňzäp gelip ol. Ýetişdi ol atyn-ýaragyn besläp, Duşman taýa ýöriş kyldy höwesläp. Goç ýigitler oň daşynda jem bolup, Bardy olar jeň ýerine atylyp. Topar tutup bardy oşol meýdana, Biz bir göz görkezsek diýip duşmana. Ýasawyndan çykyp ýene kän ýigit, Bulara goşulyp, boldular jübüt. Ki elkyssa, goçak ýigitleň bary, Ýetişdiler söweş meýdanna sary. Bir-birege goldaw, gaýrat, gop berip, Bir-biregiň göwünlerin göterip. Baryp ki duşmana urdular hemle, Olara aýtdylar birniçe jumle. Amanseýit diýdi ki: «Eý, gyzylbaş! Gelip, biziň hanymyza egiň baş. Kabul eýläp biziň dinimiz hem, Tutuň yhlas bilen däbimizi hem. Ýogsa, kesip Gara sertibiň başyn, Itlere oklarys biz onuň läşin. Başyňza salarys biz gara günler, Gonar läşyňize siňek-çybynlar». Soň çagyryp huda bilen resuly, Hem ýat edip ençe sahyp ulusny. At goýdular diýip: «Allahy-ekber!» Naýza çenäp eňdi ençeme esger. Baryp tyg urdular serbaz sapyna, Ýakyn baryp Gara sertip topuna. Ondan soňra tamam ähli musulman, Paý-pyýada, atly, ählisi durman. At goýdy duşmana agyr bir leşger, Diýdiler: «Tekbiri-allahy-akber! Gyrgyn eýläp, döwüşdiler bir zaman, Küffarlar başyndan akdyryp al gan. Gylyç syryp, salyp duşmana dowly, Çozdy Berdinyýaz Oraz han ogly. Gylyç-naýzaň sesi şakgada-şakga, Sesi eşdilýär dokuz pelege. Guşak-kemerinden niçeleň tutup, Göterip zyňýarlar asmana atyp. Soň olar dik-başşak gaýdyp zemine, Bolýar süňk-süýegi hem rize-rize. Kä kelläni kellä çaknşdyrýarlar, Içiniň maňzyny döküşdirdiler. Rüstem dek är gazap edýär duşmana. Indi basym ýagy geler amana. Şol pursatda ýene iki är gelip, Alýar gyzylbaşyň käkilli serin. Boldy göýä düşdi gamyşlyga ot, Duşmanyň başyna gopdy bir haýhat. Alyp aýpaltasyn saldy depeden, Öz ilini kuffarlardan dep eder. Iki müň adama baş bolup olar, Nyzam bilen duşman üstüne geler. Olaň ismin il içinde bilerler, Agaly hem Täçli mirap diýerler. Ine çykdy, bir tarapdan şiri-ner, Päk ýürek, ýüzleri röwşen erer. Salyp tygyn, gyzylbaşdan döküp gan, Boýady ýer ýüzün göýäki reýhan. Ýer üstüni tutdy ala-galmagal, «Häh» diýip, duşmanyň başyny alar. Gysyldy, gowruldy kuffar leşgeri, Gylaw tapdy ondan mömin illeri. Asyl ady Mukym edermen äriň, Ýagşy bilýär söweş tilsimin, tärin. Ki elkyssa, akyp derýaýy-ganlar, Küffar ili çekdi ahy-pyganlar. Küde50 kyldy maslyk-jesetden olar, Her üýşmegi dag dek esetseň51 olar. Serbazlaryň hatarlaryn bozdular, Gysyp-gowrup, çar tarapdan çozdular. Şerigatdan sahyp bir Weli bardy, Tarykat, hakykat hatm eden ärdi. Ol är erdi ulus ile görelde, Her kes hormat eder ony görende. Juda aňry giden erdi ylymda, Diýerdiler oňa şyhy-Abdylla. Uruşmaga ol hem çykdy gör, eý, jan! Öz dinsöýen dostlarna baş boluban. Uruş heňňamyna tiz ýetip geldi, Müritleri bilen sap tutup geldi. Doga kylyp, el göterdi zar ýyglap, Allahy-ekbere mynajat eýläp. Diýdi ol «Halk eden⁵² bu dünýäni sen, Öz ejiz bendeleň mähribany sen. Egisgin53 sen küfr iliniň gaýratyn, Rahmet birlen ber yslama kuwwatyň. Öz asly päkligiň hormatyna sen, Barlygyň-ýoklugyň hormatyna sen. Öz habybyň — enbiýanyň hakyna, Ol Muhammet-mustafanyň hakyya. Hem hezreti Adam ataň hakyna, Barçanyň enesi Howaň54 hakyna. Kufr ilinden ança jepalar çeken, Nuh pygamber — enbiýanyň haky üçin. Saňa köp zar kylan Halyl hakyna, Nemrud oduny gülzar kylan hakyna. «Ýüsübim!» diýp, hijran oduna köýen, Ýakubyň haky üçin— allany söýen. Tenni gurt iýp ýatan Eýýup hakyna, Bir huda diýp ýatan Eýýup hakyna. Balyk içre ençe suwhanlar aýdan, Hakyna Ýunusy-Zakiriň eý jan! Zikriýa pygamber, Ýahýaň hakyna, Öz gurdugyň beýik asman hakyna. Ýedi weli — Muhammetniň dostlarnyň, Onuň ýolun tutan aamu-haslarnyň55. Jübti Ahmet, Hatyjanyň haky üçin, Muhammetniň gyzy Patmaň haky üçin. Mustafanyň görer göznüň hakyna— Hasan bilen Hüseýiniň hakyna!» Ol är dogasyny kyldy tamamyň, Gol eltip ýüzüne diýdiler «Ämin!» Doga salan okun atdy şo halat, Kabul boldy doga, kylnan mynajat. Müritleri birlen güwläp eňdiler, Duşmanyň üstüne dübläp eňdiler. Ine, küffar ili gaçyp başlady, Musulyanlar ýetip, çapyp başlady. Tiz ýetdiler duşmanyň öň sapyna, Ýagny ki ol Gara sertip topuna. Peýda boldy bir är şo pursatda, gör, Gyzylbaşlar dagap, boldy derbeder. At debsiläp, baryp topa ýapyşdy, Ony alyp, öz iline ýetişdi. Indi musulmanlaň kellesi gyzyp, Tyg urup, duşmanyň serlerin pyzyp. Gazap bilen urup-sanjyp ýykdylar, Eltip, gazan hendegine dykdylar. Küfr iliniň güýji gaýtdy, Gün batdy, Kirpi dek düýrüldi, sesleri ýatdy. Bolup küffar ilniň haly perişan, Girip hendegine, boldular pynhan. Görüp bu ahwaly Hemze şazada, Huş başyndan uçdy, ýykyldy bada. Ine, şondan soňra tamamy-yslam, Yza döndi şady-horram boluban. Şahyr, seňem bolup bu ýeňişe ýar, Bolgun bir bäşleme ýazmaga taýýar. • • • Şükür alla, tapdy ýardam bar musulmanlar bu gün, Çekdiler küffar başyga tygy-bürranlar bu gün. Akdyryp küffar iliden läle dek ganlar bu gün. Kyldylar duşman leşgerin ýerge ýegsanlar bu gün. Müşgil işler häl bolup ki, boldy asanlar bu gün. Ýetdi külpet rafyzlara, boldular haly zebun. Gam iýip hasrat odundan, gussasy tutdy ýüzün. Baş götergen gaýry dinler boldular çün sernigun. Hiç bir pena tapmaýyn, düşdi başlarna gara gün. Gitdi bizden külpeti gam, geldi döwranlar bu gün. Eý, pelek, sen gähi-gähi şeýdip bir şat et meni. Ötürip gamly günümni gamdan azat et meni. Ýagşylyk kylgan elinden käte bir ýat et meni. Dep edip ähli şeriň, haýryňa erşat et meni. Eýlediň gussam tamam ki, goýmaý armanlar bu gün. Geldiler gün rafyzylar ýarag dakynyp tamam, Sap tutup serbazy serheň birle sertip, has u-a:m. Hem şahy-şazadalar çün niçe ha:ly-bakeram⁵⁶, Ýörüdip otly toplaryn, kän eýläp düzgün-nyzam, Tapmady hiç haýsysy derdine dermanlar bu gün. • • • Ahyry rafyzlar, bilginiň, eý, jan! Gazan hendeginde boldular pynhan. Ýygyldy döwletiň emeldarlary, Diýdiler: «Almak kyn bolar arlary. Biziň nobatymyz ötdi — diýdiler, Nobat tekelere ýetdi» — diýdiler. Şazada hem diýdi: «Eý, sertip, serheň, Boldy biziň üçin peýdasyz bu jeň. Indi biz bu ýerden göçüş edeliň, Tizden-tiz Nyýazmet gala gideliň. Ondan soň ederis başga bir karar, Eger pelek bize berse bir mydar. Ýöne entek sabyr edeliň biraz, Töwerek-daşymyz kylyp ähtibar. Ýogsa olar ejizlänmiz duýarlar, «Gyzylbaş-a gorkup gaçdy» — diýerler. Duralyň bir möhlet syrymyz saklap, Nähili ýagdaýda gitmegi çaklap». Içlerinde bir sypahy bar erdi: «Eý, şahym, bir habar eşitdim» — diýdi. Ýagşy habar däldir, bil, eý, şazada, Men habar aýdaýyn, sen bol habardar. Gelýärmişin Nurberdi han Ahaldan, Belli däl geljegi näçe mahaldan. Wada beren güni şu gün ýa erte, Leşger tartyp gelse, ömrümiz kerte. Indi Maryň tekeleri erkimiz, Elden aldy, gördük gaty berki biz. Eger-de Ahaldan köp atly gelse, Gelip, ýene bular bilen goşulsa. Şonda niçik bolgaý biziň ahwalmyz, Ýa-da yza gaýdan wagtda ykbalmyz? Geç bu ýerniň peýdasyndan, diýara, Gaýdaly, özge ýer bähbidin ara. Gijä goýman bu işi sen bir zaman, Kaýda barsaň bolgun şoňa rowan». Bu habar şazada täsir etdi tiz, Serine gam-gussa gelip ýetdi tiz. Ýarym agşam geňeş etdiler üýşüp, Hem karar etdiler göçmeli diýşip. Eder işin bilmez, derdi zyýada— Leşgerlerne buýruk berdi şazada: «Tä sähere çenli ot ýakmasynlar, Ýalpyldadyp çakmak hem çakmasynlar. Hemem taýyn boluň saba-säherden, Assa-assa gideliň biz bu ýerden. Bildirmän hendekden çykyp gideliň, Ýeriň pessi bilen gaçyp gideliň...» Buýrdy luggalykdan bar bilýänini, Ahyrsoňy tanap öz duşmanyny. Akylsyz, betbagt huşy çaşan gul, Ýöne teke aňlap oň pikirni, bil. Duşman degresinde bardyr ýigitler, Edermen, tizpähim, batyr ýigitler. Gyzylbaşyň gaçmak islänin aňlap, Süýşmegi ýürekde beslänin aňlap. Birin iberdiler habarçy edip, «Gelsin— diýp, — tekeler eglenmän ýetip. Pyýada ýu-atly durman gelsinler, Duran bolsa, tiz, oturman gelsinler. Ýetişsinler ýaraglanşyp, bolup saz, Küffaryň başynda ursunlar perwaz. Agyr zarba urup ulug duşmana, Getireliň küffarlary puşmana». Zamandan soň ýyglyp ähli musulman, Pyýada ýu-atly barysy, eý, jan! Alyp küffar ilniň daşyn-degresin, Gurşadylar olaň belendin-pesin. Diýdi olar birek-birege şonda: «Dursunlar hemmeler ýerli-ýerinde. Duşmanlar hendekden çykan badyna, Arkasyndan zarba uruň baryna. Söweşip, çekdiriň perýady-zary, Damagyndan çyksyn olaň janlary». Bilenokdy bu ahwalaty şindi, Küfr ili daşyny gabar diýp sünni. Daňyň garaňkysy düşdi şo halat, Ençe top zalp bilen göçdi şo halat. Şoldy hüjüm etmek üçin alamat, Duşmanyň başyna gopdy kyýamat. Çykyp serbazlary desse-desseden, Gaçyp başladylar assa-assadan. Bil, ahyry çykdy leşgeriň soňy, Ýaýyldy äleme taňrynyň daňy. Duşmanyň elinde bir esir bardy, Saparak han erdi esiriň ady. Öz ilinde wagty batyr, pälwandy, Indi duşman ilde bendi-zyndandy. Duşman ony öňne salyp gelipdi, Peýdasy deger diýip, alyp gelipdi. Ýene-de ýanlaryna aldylar ony, Düýä ýükläp, mäkäm daňdylar ony. Rowan boldy duşman hendekden çykyp, Aglady ol merdan ýurduna bakyp. Onuň gözýaşlary dür monjuk ylla, Ýüpe düzlen lagly-merjen u-tylla. Garyplykdan doga okap başlady, Doga sunbul kimin kükäp başlady. Diýdi: «Eý, hezreti wajyp-tagalla! Hijrandan dyndaryp, ýetir wysalga. Küfr ilniň başyna kyýamat kylgyl, Ähli musulmana hemaýat kylgyl. Seň özüňe aşnalara haýyr kyl, Kim bigäne bolsa, oňa gabyr kyl. Ki solmazdan burun ömür haýýatym, Boşat küfr elinden açyp ganatym!» Kabul boldy onuň kylan dogasy, Säherler geçilýär mömin günäsi. Kim säherler turup, eýlese nalyş, Alladan bitermiş edilen haýyş. Biri gelip, üzüp zynjyr-tanapyn, Boşatdy bendiniň elin-aýagyn. Ol zeberdest kişi boşan dessine, Surnup bardy duşmanynyň üstüne. Ýumruk urup onuň rast ýeňsesinden, Hanjaryn sypyryp urdy pesinden. Çekip hanjar, gyzylbaşdan döküp gan, Kyldy zemin ýüzün läleýi-reýhan. Soň bozup duşmanyň hatarlaryn ol, Gyryp pyýadasyn, çaparlaryn ol. Ýöne entek az-kem ýaradar erdi, Esirlikden ýana bimydar erdi. Biraz sust57, näsag u-halsyzam bolsa, Hezl edýär küffaryň janyny alsa. Yslam leşgerine golaýlap bardy, Aryp-aşyp ahyr şol ýerde durdy. Yslamyň leşgeri ýerin peýleşip, Topar tutup, ýaraglaryn tizleşip. Ýöriş kyldy, duşman sary eňildi, Tomaşa kyl boljak söweşe indi. Içinde jansöýen biri bar erdi, Tekepbir, tewekgel bir serdar erdi. Birniçe goçagy alyp ýanyna, Hem özi baş bolup olaň baryna. Ýetip küffar iliň ilerisinden, Buky gözläp bardy ýeriň pesinden. Baryp bir pes ýerde boldular pynhan, Olaryň baryndan bihabar duşman. Ol batyr, ol goçak Kyýas serdardy, Il içinde batyr lakamam bardy. Ähli mömin ili ýagysyn synlap, Nyzam bilen bardy oňa ýakynlap. Kyýas serdar çykyp ýeriň, pesinden, At goýdy serbazlaň dik depesinden. Küffarlaň olara gözleri düşdi, Toplaryna däri salyp ýetişdi. Pakyrdaşyp çykdy toplaryň sesi, Ýetişdi pelege oklaryň sesi. Ine, birden top okunyň zarbyndan Kyýas serdar zyňlyp düşdi atyndan. Aty heläk bolup çukura gitdi, Gara gum özüniň döşüne ýetdi. Çusty-çalak58 bolup turdy ýerinden, Wehim etmen küffarlaryň ilinden. Rowan boldy gyljyn alyp eline, Bardy topçularyň duran ýerine. Gyljyna duşmanyň serin çapdyrdy, Niçelerniň agzyny gum gapdyrdy. Niçelere syhyn sokup, süsdürip, Duşman janyn jähennemde öwsdürip. Topçulary ýeke-ýekeden kaklap, Top üstüne çykdy başyn dik saklap. Aldy ençe topy ol är oljalap, Duşmanlarny ýykyp, eýledi heläk. Geldi jeň ýerine möminler ýetip, Dünýäniň ýüzüni ala-goh edip. Ötüp geçip ýaňky toplaň üstünden, Kowup ýetip rafyzlaryň pestinden. Gyzdy jeň, gapyşdy asman u-zemin, Namys üçin bary bir adam kimin. Gajarlar hem tygy-hanjaryn urup, Serbe-ser söweşdi gaýtmaýyn durup. Musulmanlar urup tygy-naýzany, Gyryp, küfre ýetirdi kän zyýany. Boldy bu garpyşyk hetdinden aşa, Pelek bilen melek kyldy tomaşa. Ýere ýyldyz ýaly ýagdy ýaraglar, Şeýtan urluşy dek boldy, ýaranlar! Ýene iki arslan bardy söweşde, Duşman ganyn guma gardy söweşde. Biri Soltan batyr, biri Fazyl beg, Iş gaýtmadyk bolsa sen olara deg. Olar uruş heňin çalyp söweşdi, At üste üzeňňä galyp söweşdi. Darka bölýär olar duşman jesedin, Ölýärdi duşmanlar çykarman sesin. Rowan bolup olaň janlary eý, jan! Jähennem içinde boldular myhman. Dowzahda olara hossarlyk eden Biliňler, dowzahyň mäligi eken. Soň olara ýalyndan59 don geýdirip, Ýandyrarlar kömür kimin köýdürip. Içirler şeýle bir içgini saýlap, Köýer içi-daşy lakyrdap, gaýnap. Bil, ahyr bu uruş bazara döndi, Gyzaryp, bu bazar gülzara döndi. Peýda boldy aždar kimin mest ýigit, Dälişgen, serhoş u hem sermest ýigit. Muhammet Şyh ogly, tanap goý ony, Çeker küffar başyna ol tyglarny. Gähi gylyç, gähi naýza urup ol, Kapyrlary astyn-üstün kylyp ol. Duşman görse oňa gözün çerreldip, Ýykar erdi at üstünden serreldip. Aman-zaman bermän, alardy aryn, Gyryp gutarjak ol gyzylbaş baryn. Niçelerni çikge60 düşürýärdi ol, Niçelerni tükge düşurýärdi ol. Gylyç-naýza bilen sanjyp duşmany, Gopdurýar başlarna ahyrzamany. Dökdi küfr ilinden läle dek al gan, Kylyp azgynlary ýer bilen ýegsan. Garma-gürmelikden ýene-de bir är, Duşmanyň üstüne atylyp gelýär. Ençe ýigde özi baştutan, pähm et, Diýerler adyna Baýguly Ahmet. Görer göze özi bir kem ýalydy, Uruşan mahaly Rüstem ýalydy. Niçelerni urdy bärsinden baryp, Niçelerni gyrdy ardyndan baryp. Rüstem dek är söweş kylyp bir zaman, Küfr iline diýdirýärdi: «El-aman!» Ýene çykdy bir tarapdan kän aždar, Urup tygyn, duşmanlary agdarar. Olar Täç Gök bilen Sopy Mergendi, Ikisem jeňlerde iş bitirgendi. Saga-sola bakman gelýärdi olar, Duşmanyň serlerin alýardy olar. Gyzylbaşdan ar köýdürmän, urdular, Kä duýduryp, kä duýdurman urdular. Bulaň ýandan ýene üç daýaw kişi, Görüp, küffar ili kylar teşwişi. Olar Mämmetryza hem Berdi batyr, Elinde köp uruş tälimi bardyr. Biri Hojanepes, burkaz ilinden, Başyn alar azaşanyň dininden. Tyg geçirip duşmanlaryň garnyndan, Ujun çykarýar ol ýagyrnysyndan . Söweş eýläp bular Bähram-gur kimin, Gyrgyn eýlediler Sohrap-şur kimin. Bulaň gapdalynda ýene ençe är, Söweş eýläp, duşman amatyn peýlär. Magtym ilindendir, Nazardyr biri, Uruşmaga ökde, ganymyň piri. Birleri Garrybaý hem Agajandyr, Bulaň her haýsysy sahypkyrandyr. Biri Babahandyr, sadalaç61 ýigit, Hilesi ýok, işi bir söweş ýigit. Onuň özi Ýazyrhanyň neslidir, Gözsuz — onuň mekanydyr, aslydyr. Bular öz iliniň howandarlary, Öz döwrüniň iň saýlama ärleri. Göz görkezdi möminler, ki elkyssa, Rafyzlar ejizläp, düşdüler basga. Gaçmaga ýüz urdy küffar leşgeri, Düşdi ellerinden tygy-hanjary. Nazarlap eňdiler şazadasyny, Şazada göterdi gam badasyny. Şazadasy synlap bu ahwalaty, Diýdi: «Wadaryga62, bagtymyz ýatdy!» Haýran-serasyma bolup ol indi, Öz ýurdunyň sypahlarna ýüzlendi: «Ýeke pursat durman, garymlar gazyň, Pena bolsun, oňa goşuny salyň». Derrew işe başlap, garym gazdylar, Ýöne ýene möminler zor saldylar. Çozdy olar gykuwlaşyp çar ýandan, Rafyzylar ýene el üzýär jandan. Garym gazmak işin etdirmän tamam, Başlaryna gowga saldy musulman. Şo halat şazada ýagdaýy duýup, Töweregne garap bir pursat durup. Diýdi şeýpur çalýana: «Eý, pylany, Şeýpuryň dilinde çal «El-amany!» Şol pursat bir owaz dünýä ýaň salyp, Başlady şeýpurçy surnaýyn çalyp. Esrafil sury dek çalynýar şeýpur, Ýene dürli owaz bäri gelip dur. «Teke ili — diýdi şeýpuryň dili — Aman bergin, biz bu ýerden gideli. Gideli, biz munda bir işimiz ýok, Uruş, dawa, söweş röwüşimiz ýok. Herne alsaň al-da tylladan, zerden, Aman birle ötür howpdan-hatardan. Aman beriň, geldik biz el-amana, Boldy ki biz üçin ahyrzamana. Aman beriň, toba kyldyk, ynanyň, Alla hatyryna mürewwet kylyň». Amanseýit diýdi: «Eý, şaýy mezhep, Şeýtan a:ly bilen bolup biedep. Boýna towky-lagnat63 aldyňyz sizler, Tobaň kabul bolmaz, günä geçmezler». Diýdi şaza: «Eý, hanlar, beýikler, begler, Bilgiçler ýene hem sertip-serheňler. Indi munda durmak sowukdyr, garaz, Biz göýä bimahal gygyran horaz. Eger horaz gygyraýsa bimahal, Urarlar ýa ony öldirler şo hal. Ahyr bijan kyldy bu pelek bizi, Ýere ýegsan kyldy bu pelek bizi. Boş goýdy bizi şahy esbapdan, Çykardy hyrkadan, çadyrdan, zatdan. Ýene altmyş alty topum ýok edip, Serbaz-sertiplermiň sapyn ýok edip. Şikest eýläp, başymyzy bozdular, Eger dursak, galanmyzam tozdurar». Bu sözleri aýdyp, ejizledi ol, At başyny öwrup, ýol tizledi ol. Karar eýläp, ençe janlary bilen, Hem ýanynyň matamhonlary bilen. Derýaň kenaryndan gitdi ýol salyp, Gitdi ähli il gözünden gum bolup. • • • Çopan gitdi, galdy eýesiz goýun, Musulmanlar saldy goýunga oýun. Ýetmiş müňe golaý serbazlaryny, Niçe han-beglerni, mümtazlaryny. Musulmanlar esir edip aldylar, El-aýagna gandal-zynjyr saldylar. Iberdiler Hywa hemem Buhara, Satylyp, her haýsy boldy awara. Bir eşek bahasy bar gymmaty hem, Käbiriniň gymmaty ýene ondan kem. Ençe gatyr ýüki-harwary bilen, Üstüniň tyllasy hem zeri bilen. Kime döwlet guşy baýlyk eçildi, Başlaryna kümuş u-zer seçildi. Ýetmiş müň düýede dürli harytlar, Bibaha mallardan aldy garyplar. Hemme kişä ýetdik haky berildi, Il-günüň ýüzünde şatlyk göründi. Ýüz müňden kän alnan ýaraglaň sany, Lawurdaşyp, tutup ýatyr dünýäni. Müňläp gylyç, Şam ilniň jöwheri, Muňläp naýza hem dürre, hem hanjary. Sapyna, gyýnyna altyn çaýylan, Müňläp pyçak ýalawy çuň oýulan. Niçe müň çakmagy tüpeňi birlen, Goşa nil sapança-pereňi birlen. Niçe müňlük galkany-zer gupbalyk, Sowut, saba, çaraýna hem jüpbelik. Niçe müňläp ýene şemhallarny64 hem, Topu-zemerrig65 u barlaryny hem. Olja eýläp aldy ähli musulman, "Nesip tartyp, aldy hoşwagt boluban. Tylla sapak bilen bejerlen donlar, Olaň hasabyna ýetmeýär sanlar. Ýene mata-marlak, dürli parçalar, Atlaz düşekçeler, haly barçalar. Niçe müň kişilik Pereň mawudy, Öwsüp duran, reňbe-reň mawudy. Niçe müňläp gymmat bahaly çadyr, Iň, gowy atlazdan ýerligi bardyr. Niçe kitap, Kelamylla — hoş zyban, Tylladan jildi bar reňki zerewşan. Ençe kyssa kitap, içi suratly, Iň hatdat göçüren owadan haty. Hemmeler döwletli, mally boldular, Garyp kişilerem barly boldudar. Baýlar ýene öňküden baý boldular, Han-begleri şalyga taý boldudar. Bil, niçeler içip şehitlik jamyn, Il-gün üçin gurban berdiler janyn. Eşdip bu habary, bilgin, eý, adam, Başa her iş gelse, geler Alladan. Şu ýerde kitaby eýledim tamam, Ýardam u-güýç berdi gudratly suwhan! • • • Jemşit tagtynyň burçunda baýguş urar her dem nida, Möýler indi mesgen tutmuş şahy Bähram galada. Hakykatyň pür jamynda Gün şöhlesi boldy peýda, «Ýar jemalyn meýde gör! diýp, jamdan çykdy bir seda. Nowaýy. *** Ýa huda, şahyr-a ýazdy eserin, Sogabyny gazylara sen bergin! Abdysetdar KAZY. _____________________________________ 21 Dinden çykanlar. 22 Şaýy. 23 Gazy, urşda ýaralanan adam. 24 Urş esbaby. (آئنه چار) 25 Gadymy Türküstanda gymmat baha at tohumunyň ady 26 Bu ýerde söz oýnadylýar. Nasreddin — dini goraýjy, gasreddin — dini ýok ediji. 27 Gurat kylmak - kämilleşdirmek. 28 Horasanyň häkimi Salaryň, Tahrana garşy pitinesiniň basylyp ýatyrylmagynda rol oýnan doganlar Jafarguly we Haýdarguly patyşadan köp sylag-hormat alýarlar, her iki kürt dogant Astarabat we türkmenlere häkim edilip bellenýärler. 29 Baş wezir, Mirza aga han Nury-dan maksat. 30 Hüjüm senesi 1275 h.k/ 1858. 31 Bu waka 1271/1854-nji ýylda Horasanyň häkimi Fereýdun mürzäniň döwründe bolupdy. Hywa hany Mara çozup gelende Eýran, Mämmetemine garşy goşun sürýär we türkmenler tarapyndan derbi-dagyn edilýär. (A.G) 32 ökde, ezber. 33 pygan 34 Nurberdi hanyň lakamy. 35 Ýer ýüzi. 36 Ütülgi - aw guşy, togdary - kepderi. 37 Gozgalaňçy. 38 Isfihana, jahanyň ýarysy diýlen at berlipdi, nisfi - ýarysy 39At tohumy, goňur reňekli, gymmat baha at. 40 Andoles - Häzirki Ispaniýa. 41 Muhammethasan sertip Farahany. 42 Garym - jar, seňňer. 43 Baky 44 Alla adyny tutmak, alla hu ekber. 45 Ýat, nätanyş. 46 Şahyr Mollanepes-de şu urşa gatnaşyp ýaralanypdyr, ol biraz soňra şol ýara zerarly aradan çykýar. 47 Mahlasy - gysgasy 48 Urşmaklyga, güýç synanşmaklyga bolan isleg, hyýal. 49 Tün - Garaňky gije. 50 Topbak, doly. 51 Dykgat bilen seretmek. 52 Ýaradan. 53 Azaltgyn. 54 Howana. 55 Ähli bendeler. 56 Hormatly. 57 Kuwatsyz, ejiz. 58 Tiz, çakgan. 59 Ýalyn, ot. 60 Çikge, tükge=aşyk oýnalanda, aşygyň dürli tarapynyň atlary. 61 Sada, göwni arassa. 62 Gaýgy, ökünç sesi. 63 Gul bolmak. 64 Şemhal - Bir nilli tüpeň. 65 Top. Gadymy Orta Aziýa türküçesinden häzirki türkmen diline geçiren Atamyrat ATABAÝEW. "Sowet edebiýaty" žurnaly, 6-7/1991. | |
|
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |