19:59 Jeñnama / poema | |
JEÑNAMA
Poemalar
BISMILLAH ER-RAHMAN ER-RAHYM HUDAÝ, KÖŇLÜMIZE GIŇLIK BER HEM DERTLERIMIZI DEP ET! Rehim-şepagatly mähriban huda, Men seniň adyna aýtdym köp sena. Mynasyp sen saňa tagzym kylmaga, Sen bir özüň, ýoldaş ýokdur Allaga. Baý sen, ýokdur seniň zada mätäjiň, Adyň Alla, ýokdur ada mätäjiň. Mähri-şepagatyň kän seniň Rahman, Berýärsiň, mömin u kapyrlara nan. Sen juda rehimli, öz rehmiň bilen, Magşar gün günämiz geçersiň bir sen. Ýokdur başlangyjyň, bolmaz tamamyň, Waspyňa serhet ýok, ýokdur gumanym. Halk etdiň, ýaratdyň bütin barlygy, Nuruňdan ýagtyltdyň lälezarlygy. Öz keşbiňden, öz nuruňdan sen berip, Ýaratdyň ajaýyp diniň serwerin. Sen oňa asmana ýetýän täç berdiň, Ýakyn eýläp, kän syra alaç berdiň. Jebraýyldan oňa kelam iberdiň, Kelam bilen ýene salam iberdiň. Hem at goýduň oňa Ahmet Muhammet, Pygamberler içre hormaty belent. Kanun rowaç bolsun diýip dost berdiň, Niçelerni oňa goşup iberdiň. Ýagny, ýoldaş kyldyň dört çaryýary, Bolsun diýip habybyň çyn dosty-ýary. Ýene niçelerni hyzmatkär berdiň, Kän garşydaş, asy-günäkär berdiň. Habybyňa kim bolmasa wepadar, Diýdiň: meň ýanymda bolar günäkär. Pygambere golaý-ýakyn bolanlar, Soňky geljeklerden belent bolarlar. Pygambere duşmançylyk edenler, Kyýamat gün köp muşakgat çekerler. Pygambermiz wepat bolandan soňra, Gör, niçeler saldy halk içre gowga. Kimseleri duşman boldy Alyga, Oň mukaddes giewisi — welige. Garasöýmezlere lebzinden dänen, Diýdiler ýoldaşy niýeti-pälem. Ýene özgeleri boldy oňuşman, Ebubekir, Omar, Osmana duşman, Eger-de kim bolsa Alynyň dosty, Hasan-Huseýni bil, sözüň rasty. Kast edenleň rafyz-kapyrdyr ady, Istär olar ýene müň şepagaty. Gowsy, bu wakany edeýin beýan, Olaryň kimligi, goý, bolsun aýan. Ymamy Ahmetiň dosty Alydan Tymsal galan Aly atly weliden. Aýdardy ol iki älem serweri: Heläk boldy iki Mesih mezhebi. Ýehudylar diýrler olaryň birine, Kän azar berdiler Bibi Merýeme. Diýdiler: “binika doglupdyr Isa, Atasyz dogulmak geň dälmi eýse. Belli däl seň ogluň kimiň kowmundan». Howp etmeýen olar huda howpundan. Isa pygamberi inkär edenler, Olaň bary jähenneme gidenler. Hristianlardyr ikinji mezhep, Ýöne olar Isa ýetirmezler şek. Diýdi olar: «Onuň enes-ä Merýem, Atasydyr, bilgin, onuň huda hem.» Ol kowum hem gödek, hemem biderek, Olaryň agzyna daş atmak gerek. Huda dogmaz hem dogurmaz bil, eý jan, Habardar bol, şudur mazmuny-Kurhan. Kimse inkär etse bu sözi eger, Magşar gün sözüniň jogabyn berer. Bilip goý, soňundan Isa näm boldy, Huda buýrugyndan zybana geldi. Diýdi: «Bir hudanyň bendesi men hem, Meniň bilen juda ýürekdeş Merýem. Özum Hakyň pygamberi bolar men, Hak sözüm diňläne nazar salar men. Niçeler ynanyp imanly boldy, Hem ýollary uçmah taýa uzaldy. Habybulla diýdi: «Eý, ibni Talyp, Ýagylarňy ýeňdiň - hudaga taryp. Seniň şanynda hem iki mezhep bar, Ol iki kowum hem ýoldan azaşýar. Biri haryjylar21—Ýezide ýardyr, Oň «möý sokan» diýen lakamy bardyr. Diýýändirler olaň düýp-mekiri, Söýýäs Omar, Osman, Ebubekiri. Aly Murtuzany ýigrenýär olar, Hasan-Hüseýnem öldüren şolar. Golaý diýp özlerine Mustafany hem, Berdiler oň öýne müň jepany hem. Diýrler: «Muhammediň ýoly ýolumyz, Şonuň namysyndan ugur alýas biz». Şeýle diýen bolup, özlerem, eý jan! Gan dökdüler çölünde Deşt-Kerbelaň. Diýmezler Hüseýne Muhammet nesli, Ahmet gyzy Patma ejesi — asly. Bihaýa, şermi ýok, uýalmaz olar, Gaýta özlerini ymmat saýarlar. Bu kowma hudanyň rehmeti ýetmez, Pygamber bir zerre şepagat etmez. Huda bizar, resul eshaplary hem, Lagnata sezewar bolarlar her dem. Ýene bir kowum bar rafizi22 diýmiş, Babalary şaýylar diýp at goýmuş. La:f ederler ”Alyň dosty biz” diýip, Hem Alynyň dostlaryn duşman bilip. Kişi kişi bilen dost bolsa eger, Hem onuň dostlaryn dost saýsa eger. Beýle dostluk gider tamama, eý jan, Iň bolman, dost saňa bolmazdy duşman. Muhammede ýarlar, Ala-da dost men, Diýer Ebubekir, Omar hem Osman. Bu üçüň duşmany rafyzlar erer, Alydan kän menzil yrakda gezer. Huda hemem pygambere dost bolar, Derejesi ondan sähel pes bolar. Muhammet pygamber aýdypdyr açyk, Her işde ýar bolan Ebubekir syddyk. Kyn günümde hemra, dost-ýar boldy ol, Tar basan gowakda hossar boldy ol. Ebubekir meniň naýyp-jenabym, Hem namaz okamda ulug ymamym. Ýene-de aýdypdyr Hakyň resuly, Ähli älem barlygynyň wekili: Omardyr din kanunynyň rowajy, Omar iki dünýäň şamçyrag täji. Ilki ýaranlarmyň ilkinjisi ol, Ýagyma ýagydyr ol menden ozal. Syýasat tygyny alyp eline, Göz görkezdi ähli küffar iline. Adalat nuruny saçyp, kimligin Aýan etdi ýyrtyp zulum tümlügin. Resulylla aýtdy: menden soň eger Bir pygamber bolsa, goý, bolsun Omar. Ýene aýtdy şalaň şasynyň, şasy: Üçünji ýaranym Osman, yhlasy. Birlen meň söýgime wepadar Osman, Ikinji gyzymy berýän saňa men. Ýene-de bir gyzym bolan bolsady, Diýerdim ony hem Osman alsady. Ýene zer beslenen bir toý lybasyn, Berdi-de, Muhammet kyldy dogasyn. Ylmyň genji-käni, haýr-yhsany ol, Osmandir düzen mukaddes Gurhany bil. Indi dördünji ýar, eýse, Alydyr, Tamam öwlüýäleň ol serweridir. Aly Mustafaga doganoglandyr, Huda şiri bolmak üçin doglandyr. Ýykan şoldur derwezesin Haýbaryň, Aly janyn alan Ämriň, Änteriň. Batyrlyk ylmy-da bellidir Alyň, Hatyny-kyýamat (Patma) gelnidir Alyň. Bulaň waspyn aýtsam kyýamata çen, Eý, dana hiç haçan gutarmaryn men. Eý, halaýyk çaryýarlary bilşiň deý, Haryjlary, rafyzlary bilip goý. Rafyz leşgeri ýigrenji-şeýtan, Gargar mydam dostlaryna Mustafaň. Üç ýarany ýaman ýigrenip olar, Mustafany gowy gören bolarlar. Bardyr pygamberiň, jübüti Äşe, Gaýry hatynlardan abraýy aşa. Rafyzlar şoňa-da töhmet atyban, Huda, pygambere boldular duşman. Rafyzlaryň, işi mydam töhmetdir, Haky gizläp, nähaky hak etmekdir. Etmişleri üçin ryzy-magşar, Hersine bir tüýsli jeza garaşýar. Edýär olar şerigata hyýanat, Olaryň başynda bolar kyýamat. Şeýtanyň özünden ders alan olar, Olaň jaýy otly jähennem bolar. Olary öldüren gazy bolarlar, Jennetde hüýr gyzy goýna salarlar. Kim olaň elinden öläýse eger, Şehitdir, uçmaha soragsyz geler. Paň-paň, güp-güpleriň ady gyzylbaş, Olaryň agzyna toprak bilen daş. Jähennemde köýer olar enşalla, Beýle kowumlardan daş etsin Alla! *** Gel indi sen, söz bagyna nazar kyl, Gysga sözde öz beýanyň habar kyl Maňa diýdi birniçeler höwesläp, Geldik seň ýanyňa täze söz isläp. Çünki, şaýy bilen goňşy biz mydam, Uruşýas, ýaşamzok oňşup elmydam. Bir gün gyzylbaşyň şasy ah dartyp, Adamçy ner kimin gözün alardyp. Hazyna — baýlygnyň baryn harç edip, Gitmek üçin ýurdumyzy torç edip. Goşun ýygnap, ýarag-esbabyn düzäp, Geldi türkmenlere bermäge güzap. Şikest eýläp, baryn ýegsan kyldyk biz, ýykyp, sanjyp, baryn bijan kyldyk biz. Bolsun söz şol urşuň gamy-gussasy, Beýan kyl şol jeňiň agyr kyssasyn. Kim bu ahwalatdan bihabar bolsa, Bilsin «Jeňnamany» eline alsa. Eşdenler, diňlänler köp şat bolsunlar. Gaýgydan, gussadan azat bolsunlar. Ýene şondan soňra köp pişe kyldym, Başarmaryn öýdüp endişe kyldym. Şondan soň ýat etdim hudany — ýary, Muhammet Mustafa, dört çaryýary. Men mynajat edip, diýdim: hudaýym, Dilim sözlemäge eýlegin gaýym. Habybyň Muhammet ady haky üçin, Öz garybyň ah-perýady haky üçin. Onuň eshablarnyň ýary haky üçin, Säherlerde kylan zary haky üçin. Tamam enbiýalar hormaty üçin, Ýene arşyň-kürsüň hormaty üçin. Dergähiňde bolan gullar haky üçin, Sen diýip ýyglan ol ogullar haky üçin. Ymmat üçin wepat bolan ýigitleň, Gazy23 bolanlaryň hemem şehitleň. Haky üçin güýç diläp, ýüzlendim Taňra, Töwekgellik bilen bu işe gümra. Bolup, özüm ram kyldym bu işe, Huda bize ýardyr her -dem, hemişe. • • • Rawylar şeýle bir beýan kylarlar, Nakyl edip, aýdarlar şeýle habarlar. Şol zaman Tähranyň bardy bir şasy, Ol şa erdi şaýylaryň penasy. Ýakut hem zümerret soly hem sagy, Almaz, tylla hemem Badahşan lagly. Düzülgi täjinde lagly-zer ile, Gaýgy-elem getirmezdi serine. Ýakut monjuk tesbisi bar destinde, Oturardy tylla tagtyň üstünde. Bezäp-besläp ýasapdyrlar tagtyny, Tagt üstünde gurupdy öz bagtyny. Ony ýasan hünärli bir ussady, Şalyga laýyk tagt dünýä nusgady. Dünýäň gaýgysy ýok onuň ýanynda, Göýä ki Feridun öz hyýalynda: «Tylla tagtym, zerden täjim başymda, Ýene ençe sypaýylam daşymda. Hyruç etsem, her diýara barar men. Bir ýurdy däl, ýer ýüzünem alar men. Munça gudrat, ygtybarym bar meniň, Her iş kylsam, ygtyýarym bar meniň. Näçe gezek agyr leşger iberdim, Sertip, serheň, müňläp esger iberdim. Tekeden basylyp, syrym paş edip, Gelýär bihaýalar gözün ýaş edip. Gelýärler ýok edip beren zerlerim, Gyzylbaşlam aşak sallap serlerin...» Ýygnap öz daşyna sypaýylaryn, Diýdi: — Siz bu işiň geňeşin beriň. Şol şanyň bir ýagşy weziri bardy, Özem deňiz-taýsyz bir akyldardy. Diýdi ol: — Eý, şahym, men sana gurban! Aýdaýyn öz sözüm, berseňiz perman. Tekede Ahal diýp welaýat bardyr, Bihasap sähraly uly diýardyr. Eşdipdim men onuň taryhyn, eý, şa! Diňle menden waspyn, tarypyn, eý, şa! Gadymdan şäherli owadan ildir, Köp patyşa geçen abadan ildir. Nedir şadan soňra gelip tekeler, Aldy şäherleri ýeke-ýekeden. Şäherleriň ilin taraç etdiler, Esir edip, basyp, ýenjip, satdylar. Galan jemendäni goýup azara, Horasana çenli kyldy awara. Ony tire-tire eýläpdir ykbal, Beýan etsem saňa göwnüňi ýykman. Onda mesgen tutup, emläk ederler, Gelen duşmanlary heläk ederler. Daýhanlary ekin ekip, çekip keş, Ötürýär günlerin parahat hem hoş. Iýerler, içerler, söýüp serwi-näz, Hoşamatdyr onda gyş bolsun, ha ýaz. Sap ýürekli, batyr, arly ýigit kän, Sözleri dürs, ygtybarly ýigit kän. Münüp düldül kimin bedew atlary, Bardyr endamynda boz sowutlary. Elde ellik, başda çaraýna24 bardyr, Bilde guşak, golda tyg-naýza bardyr. Ýene-de göterip kän-kän ýaragy, Deperler duşmana boz argymagy25. Gyzylbaşlar bilen din urşun eder, Olardan bu ile ýeter köp zeper. Rafyzlar olardan köp dat ederler, Tekeleň derdinden perýat ederler. Eger Ahal sary goşun iberseň, Maly-döwletiňi goşup iberseň. Bäri tarapyňda Garrygalasy, Şol galadyr Ahal ilniň penasy. Ana, şony alyp, ýokary gitseň, Ýeňse bor şeýleräk bir ýöriş etseň. Şu ýerde weziriň sözüni saklap, Makullady şasy ony apalap. Tanap goýuň, ol şo Nasreddin şady, Ady Nasyr, ýöne gasreddin26 şady. Diýme Gasyr, has dogrusy, dinsiz ol, Betbagt hem ýigrenji bar zatdan ozal. Şondan Soň diýdi şa: —Asylly wezir, Hemme sypaýymdan akylly wezir! Hyýalymdyr makul bilseň sen eger, O ýana göndersek agyr bir leşger. Ynjalman ol ili bijan etmesem, Hem gara ýer bilen ýegsan etmesem. Öjüm bar, olardan almasam arym, Armandyr, oturyp ýetmez kararym. Wezir aýtdy: —Şahym, men saňa gurban, Janym bolsun seniň derdiňe derman. Gyzylbaşyň şasy berdi permany: «Leşger düz, gurat27 kyl ähli esbaby!» Wezir şondan leşger düzmäge gitdi, Patyşa-da şähdi-şeker noş etdi. Diýdi: — Saky, getir munda şerabym, Ýene gowrup getir guşuň kebabyn! Taýyn edip şerap getirdi saky, Dodagyn titredip meý içdi ýaňky. Soň diýdi şa: —Sahyplar u-emeldar, Eý, adamlar, dälmisiňiz habardar. Heý bir araňyzda päliwan barmy, Edepli, edenli gahryman barmy? Bolsa, içsin jam doly bu şeraby, Soň gidip, şol ile bersin jezany. Kim toba kyldyrsa oşol diýary, Damaryndan kim çykarsa damary! Taraç eýläp ähli gyz, aýalyny, Gyryp erkeklerin, talap malyny. Ol ýerden göçürip özge diýara, Derbi-dagyn edip, kylsa set para. Şonuň ygtyýarna geçer Horasan, Ýene-de berermen köp sylag, engam. Şol mejlis içinde Japarguly han28 Turup geldi şaha tagzym ediban. Diýdi: — Şahym, eger makul görseňiz, Taýyndyr guluňyz perman berseňiz. Şa uzatdy oňa şeraply jamy, «Makul!» diýip, berdi berekellany. Çekdi Japarguly jamy başyna, Soň sözledi şerap gelip hoşuna: —Merhemetli şahym, gullugňa taýyn, Nirä buýrsaň, edil häzir ugraýyn. Eger nirde bolsa duşman, eý, şahym, Etdirermen oňa puşman, eý, şahym! Olaň müň janyndan bir jan gutulmaz, Rustem, Zal bolsa-da, asan gutulmaz. Diýdi hoşal bolup ýaňky sözden şa, — Bar, seni göz-dilden saklasyn huda. Bar, indi men seni salar eýledim, Özüňi leşgere serdar eýledim. Bu sözleri aýdyp, köp engam berip, Japargula wadalary kän berip. Şalyk halatlardan serpaý ýapdy ol, Göwne ganat berýän sözler tapdy ol. Diýdi ol Japara: — Hanlar hany sen, Batyrlykda bolsa Suhrap ýaly sen. Teke ilin göçürseň, sen etekden, Başyň belent bolar asman-pelekden! Bu sözleri aýdyp, her bir diýara, Hat ýazyp, berdiler çapyksuwara: «Gelsin häkimlerim leşgerin ýygnap, Serbazyn, sertibin, esgerin ýygnap». Häkimleri şadan alansoň nama, Derrew düşündiler işbu permana. Leşgerlerin toplap, berdiler enjam, Şanyň buýrugyny kyldylar berjaý. Ondan soň ýene-de geldi bir atly, Atlynyň horjuny habarly-hatly: Her kim pähm eýlese täze permana: «Barmaly — diýlipdir — Mazendarana. Toplanan leşgeriň bary ugrasyn, Şol ýerdäki tokaý sary ugrasyn». Sap-sap bolup, tekeleriň üstüne, Ýöriş kyldy agyr goşun dessine. Diýlen ýerde äpet goşun düzüldi, «Biz taýyn!» diýp, şaha bir hat ýazyldy. Ýaňky salamnama derrew geldi şa, Goşun jem bolanyn äşgär bildi şa. Sorady ol: — Eý, wezirim, bu işde, Ahmal bolma, eçildiňmi serişde? Wezir aýtdy oňa: — Älem serweri! Berdim men goşuna düri, merweri. Sandyk-sandyk doly sim u-zer taýyn, Kem etmedim serkerdeler serpaýyn. Atlaz lybaslardan kän halat berdim, Her hil parçalardan gatbar-gat berdim. Goşunyň enjamy bolanda üpjün, Islendik duşmandan çykar ol üstün. Berlen zat — sanasaň yzy tükenmez, Berdim kän-kän ýarag—top hem tüpeňler. Toplarymyz duşman sary garadyp, Goýdum nilin päkläp, agzyn garaldyp. Näme derkar bolsa goşuna ýene, Diýlen zatlar taýýar bolar dessine. Aýtdy şa: — Wezirim, diýdiň dogrusyn, Indi goşun duşman sary ugrasyn. Soňra şa çagyrdy Japar hanyny, Beýan etdi oňa öz permanyny. Hem diýdi şa oňa: — Japarguly han! Garrygala sary berildi perman. Ýene bir bölek il bar diýp eşitdim, Gökleňden kim geldi anygna ýetgin. Baryp al olardan pajyn, hyrajyn, Hergiz elden berme sen ätiýajyň. Ondan soňra ötgün teke sary sen, Eýlegin ol ili tary-mary sen! Eger-de tekäni salmasaň, raýa, Höwes edip, gelip ýörme bu taýa. Şol söweşde ýeňiş — seniň ömrüňdir, Ýeňilseň, biliber, — ol seň ölmüňdir. Ondan soňra diýdi: — Bar, alla ýaryň, Hasan Käşi29 bolsun seň medetkäriň! Bar indi tokaýy-Mazenderana, Ondan ötüp, bolgun ýola rowana! Alyp Japarguly şanyň patasyn, Diňläp öz şanyna okan dogasyn. «Salam aleýkim!» diýip, başyny atyp, Gaýtdy ol patyşaň ýanyndan çykyp... Baryp Japarguly diýdi wezire: — Sensiň deňsiz-taýsyz bu zaman üzre. Gel indi sen meni bu ýola ugrat, Bu şanyň emridir, eý, akly-gudrat! Wezir şonda surnaý-kernaý çaldyryp, Naýza, tyg, tuglaryn göge galdyryp. Alyp baýlyk soltanlygyň toplaryn, Ýöretdi titredip üstün topragyň. Goşunbaşy Japar leşgerin tartyp, Türkmen topragyna gelýärdi ýortup. Üstüne saýadyr zerli başgaby, Egninde bar idi şalyk esbaby. Sertip, serheň tokaý sary ýördüler, Iki ferseň ara golaý bardylar. Habar ýetdi tokaýdaky goşuna, Indi goşun goşun üste goşula. Çykýar kernaýlaryň sesi zyýada, Bildiler kim atly, kim paý-pyýada. Ahyr Japarguly gelip golaýa, Baryp düşlediler işbu tokaýa. Ýygylyp, sap tutup serheň-sertipmi, Hemme gelip baş egdiler tertipli. Ondan soňra üýşüp geňeş etdiler, Ertesi çaş wagty ýöriş etdiler. Ýygyn köp ýol ýöräp Gürgen ýetişdi, Gelip bir lälezar meýdana düşdi. Çadyr gurap, her kim ýazdyrdy goşun, Giň meýdany tutup ýatyrdy goşun. Diýdiler serdarlar bir geňeş eýläp: «Ýatalyň az salym wagty hoş eýläp!» Gel, indi bu gürrüň bu ýerde ýatsyn, Agyr goşun bolsa demin düzetsin. Muhammediň taryhyndan bilsene, Mün iki ýüz ýetmiş bäşdir30 ol sene. Biz habar alalyň Garrygaladan, Hemem ol ýerlerde bolan wakadan. Gürgen gökleňinden habarçy geldi, Ýetip gelýän howpy äşigär kyldy. Diýdi ol habarçy: — Eý, kowmy bibaş! Ýetip geldi size sansyz gyzylbaş. Siz duşman ilinden ähtiýaç eýläň, Galaňyz mäkämläp, bir alaç eýläň. Agzybirlik edip, bir karar eýläň, Ýogsa, duşman sizi tary-mar eýlär. Tamam gökleň ili jem boldy derrew, Baý, garyp, şa, geda deň boldy derrew. Diýdiler: «Galaňy gaýym ediň tiz, Uruş enjamlaryn taýyn ediň tiz...» Eger küffarlary öldürsek, gyrsak, Magşar güni gazy bolarys bişek. Ölsek, şehit borus, kyýamat ahyr, Çaryýarlaryň dosty boljagmyz zahyr». Tizden mäkäm eýlediler galany, Sowmak üçin geljek ýowy-belany. Gözegçilik etsin diýip her zaman, Duşman geljek taýa gitdi dideban. Gelen duşman aldyrarly däl ýekä, Nama gönderildi ýomuda, tekä. Ähli obalara çaparlar gitdi, «Eglenmän geliň!» diýp, habarlar gitdi. Hata ýazlan sözler «Gardaş hemmämiz, Musulmanlykda hem syrdaş hemmämiz. Gelýär hüjüm edip iliň duşmany, Hudanyň, resulyň, diniň, duşmany». Çar ýana gönderip ulug nama il, Taýyn dur ýurt üçin uruşmana il. Zar kyldylar huda eller göterip, Hemem bir-birege göwünlik berip. • • • Gel, indi bu habar bu ýerde dursun, Döwet — galam özge ýerden gep ursun. Maru-şahy-jahan diýen il bardyr, Köp merdanlar ötüp-geçen diýardyr. Gadymdan abadan onda şäherler, Sorap öten ençe gadyrdan ärler. Derýasy ýokardan aşaga akar, Onuň suwy göýä bal bilen şeker. Mes toprakly ýeri çakyňdan artar, Bir ýyl ekseň, on ýyl iýmäge ýeter. Pelegiň elinden çekip nesibe, Mekan boldy saryk, tekä — iki ile. Bu ýeriň, üstünde oňuşman olar, Bir-birne tokunyp, agzala bolar. Duşmançylyk kylyp, etdiler dawa, Topraga gan döküp, saldylar gowga. Niçe mahal ikisi deň uruşdy, Duşmançylyk juda hetdinden aşdy. Özlerem gandüşer gardaş tiredir, Bir göwrede ösen syrdaş tiredir. Iň soňy saryklar iki suwary, Iberdiler şaýyň şahyna sary. Ýetip bardy iki atly dat edip, Tekeleň elinden köp perýat edip. Diýdiler: «Eý, jahan şasy, kömek et, Ýogsa biziň ahwal-halymyz erbet». Soň şaýylaň şasy toplady leşger, Ençeme sertib u-serheň u, esger. Soňra ony Mara tarap ugratdy, Top-tüpeň, müň, dürli ýarag ugratdy. Ýaňky goşun ençe menzil ýol geçip, Ahyr bardy Mary ýurduna ýetip. Saryklar uýalman oňa goşuldy, Diýdi: «Gulluk, näme diýseň, hoş indi!» Şeýdip saryk şaýy bilen goşluşdy, Teke bilen gaş-gaş bolup uruşdy. Ençe möhlet uruş-jeň boldy onda, Gije bilen gündiz deň boldy onda. Ahyr şa ýygyny tap gelmän jeňe, Atdy özlerin bir gorkusyz ýere. Bir agşam köp mekir-hileler birlen, Öwrüm edip, saryklara bildirmän. Howlukmaç ýördüler Saragta sary, Bäri gelen saýry ýurduň ganhory. Dynç alyp ýatdylar ençeme günläp, Parahat boldular demlerin dürsäp. Onda bir ullakan gala saldylar, Gala däl-de, belki, bela saldylar. Ol galada ençe serbazyn goýup, Gitdi şaýy öz ýurduna güm bolup. Tähranyň şasyna habar ýetişdi: Goşunyň şu hili ýagdaýa düşdi. Ine, şonda hasrat bilen ah dartdy, Ah-wah edip, ala gözün alartdy31. Japargulyň goşun sürüp gelmesi Şu sebäpli, uzyn sözüň keltesi. Iberilen tekäni raýa salsyn diýp, Olardan köýdürlen ary alsyn diýp. Ine, Japarguly gelip ýetişdi, Öz leşgeri bilen Gürgene düşdi. Goý, ýatsyn eplenip nun ýaly olar, Enşalla, bu işiň çäresi bolar. Teke, saryk nämişledi? Bir sowal! Öňki boluşlarny etdiler dowam. Saryklar gajara dostana boldy, Bu hem tekä ýagşy bahana boldy. Diýdiler: «Saryg-a ýoldan azaşdy, Maly hem emlägi talaňa düşdi. Gajar ilatynyň işi jenaýat, Jan ynansaň, öz janyňa hyýanat. Etdigiňdir, öz janyňdan üz eliň, Bu şeýle bolýandyr — diýdiler — biliň!» Teke ili bir pikire uýdular: «Saryk taýa ýol ýapyldy — diýdiler — Goý, indi ýakynlar, daşlar ýygnansyn, Ähli urug-garyndaşlar ýygnansyn. Şondan soň sygynyp kadyr hudaýa, Ibäris janlaryn jähennem taýa. Tapyň bir zeberdest32 batyr bir merdi, Bolsun köpügören hem nazarkerde. Iberiň, tiz Ahal taýa gitsin ol, Goşun toplap, basym gelip ýetsin, ol.» Diýdiler: «Şu ýanda bir batyr bardy, Özi parasatly, Gultendir ady. Özi batyr hemem uly -pälwandyr, Elguş kibi eden işi rowandyr. Totyguş tetelli suhangöýlükde, Sözlände da:şy mum etmäge ökde. Hem ýetikdir onuň akly-kemaly, Gepi—gep, ýok onuň hilesi-aly. Her işe gabyldyr başyna barsa, Gaýratlydyr, taýdyr gaplaňa, barsa». Elkyssa, ol äre bir nama berip, Hem söz bilen aýdyp, hem howlukdyryp. Iberdiler Ahal sary rowan, Gitdi ol är sähel oýlanyp durman. Şondan soň galanlar geňeş etdiler, Başga boljak işleň adyn tutdular. Tejen etrapynda merdana är bar, Oň adyna pylan pylan diýerler. Ýagny ki, Baýdursun adydyr onuň, Ýagşylyk köňlüniň şadydyr onuň. Garyp-binowalaň hossarydyr ol, Ýetim halasgäri, dost-ýarydyr ol. Biçäre bendäge dözümsiz erer, Esiri boşadyp, göwnüni görer. Derwüşler derdiniň dermanydyr ol, Jepakeş bendeleň, bil, janydyr ol. Ýamanlyk etjekleň ýoluny tutar, Ýamanlyk edilse, özi unudar. Ulus-iliň köňül aramydyr ol, Adalat bagynyň bagbanydyr ol. Adalat bagyndan alyp kän hasyl, Ile berer, alar iliň dogasyn. Ýowuzlyk edene daramaz ýowuz, Päk tyga daýanmak käridir onuň. Adalatyň gaznasyndan dürleri, Saçar il başyna, düzuw öz seri. Onuň kibi adyl tapylmaz asyl, Eger bolaýsa-da, ol Şirwan adyl. Sahylyk möwjüne ol dürden täçdir, Diňe iliň alkyşyna mätäçdir. Sylagy ýetikdir baýa-garyba, Garbu-şarka, maşryga hem magryba. Ondan haraý tapar ýakyn u-saýry, Däldir oň rysgaly il-günden aýry. Säherler dilinde hakyň senasy, Hakdan özge bolmaz onuň penasy. Halasdyr hak gazabyndan, töhmetden, Umyt eder hudasyndan — rehmetden. Dünýä gamyna däl, özi şükr eder, Elmydama ahyretin pikr eder. Allanyň erkine tabyn elmydam, Her işi hudaýa tabşyr elmydam. Töwekgellik eder özi her işde, Şu röwüşde ýaşady bar perişde. Kimse munça haýra mynasyp bolsa, Elbetde, ol dogry barar uçmaha. Onuň akly kämil, kämillerdenem, Kämil özi iň bir kämil serdenem. Jenňi-jedellerde parasatly ol, Oýlanar dawany çözmezden ozal. Iň soňunda diýdiler: «Eý, halaýyk, Alyp geliň, ol är bizlere laýyk. Goý, gelsin bu ýana, gelsin Baýdursun, Bize munda geňeş berip otursyn. Kabul ediň onuň her bir diýmişin, Anyk bilýär çözgüdini her işiň». Iberip birniçe çapyksuwary: «Alyp gel — diýdiler — ol şähriýary». Gidenler ol äri köp ram eýläp, Getirdiler hormat hem ekram eýläp. Uly-kiçi ýygylyşyp bir jaýa, Diýdiler: «Hoş gelipsiňiz biz taýa!» Uruş hakda geňeş etdiler üýşüp, Çäresin tapdylar ýene kän işiň. Olar munda öz işlerin düzetsin, Indi gürrüň başga bir ýana gitsin. • • • Rawy şeýle bir rowaýat eder, Gulten bahadyry Ahala gider. Ulus iliň aladasyn edip ol, Kömek sorap, Ahal sary gidip ol. Ýetişdi Ahala iliň janany, Soradylar: «Ne habar, eý, pylany?» «Eşdensiňiz teke-saryk urşuny, Gije-gündiz bir-birini gyrşyny. Iberdiler meni hemaýat üçin, Garyndaşlyk üçin, raýat üçin.» Diýdiler: «Hoş geldiň, biziň ýanlara, Habarňzy aýdyň ulug hanlara!» Rowan boldy ondan zeberdest kişi, Sähel wagtdan gala sary ýetişdi. Salam berip, girdi hanyň jaýyna, Dergähe arz aýdyp, bardy ýanyna. Horjunyndan çykdy gönderlen nama, Okatdy ol hatyn Nurberdi hana. Okap, Nurberdi han boldy habardar, Ýene ýetip geldi bir çapyksuwar. Salam berip, girdi köp hormat bilen, Gulten-şahbaz bilen otyrdy ol hem. Ol hem hana berdi oşol namasyn, Okatdy ol başdan-aýak barysyn. Bildiler Gürgene dolupdyr efgan33, Leşgerli gelipdir Japarguly han. Bildiler duşmanyň pyglyn-hyýalyn, Tekäniň, gökleniň düşjek ahwalyn. «Eý, bahadyr! — diýdi Gultene Weli — Sabr eýle ençe gün, pikir edeli. Bilýäňmi sen, din duşmany gelipdir, Höwes eýläp uruşmany, gelipdir. Ilki bilen işbu duşman sap bolsun, Ondan soňra Mary sary barylsyn!» Ine, şondan soňra Seýilhan34 hany Diýdi habarçylarna: «Jar çekiň, hany! Jarçylar jar çekip külli diýara, Dura-bara habar ýetdi bar ýere. Az möhletde müňläp esger jem boldy, «Jem kyldyk!» diýp, hana habary geldi. Hem diýdiler: «Eý, şähriýar, taýyn biz, Her ne diýseň, gullugyňa gaýym biz. Näme perman bolsa, indi duruş ýok, Urşmadan özge bir ýagşy röwüş ýok. Her näçe bolsa-da sany duşmanyň, Damagyndan çykar jany duşmanyň.» Ondan soň jem kylyp ýarag-esbaby, Ýöriş kyldy türkmen ilniň Sohraby. Hemme geňeşdarlar, köpgörenleri, Hem başdan köp söweş ötürenleri. Ýola düşdi, polat sowut eginde, Egri gylyç bilde, naýza — elinde. Tez bedewler kükräp, atýarlar owsun. Mündüler olaryň gowudan-gowsun. Naýzalarna ýalaw dakyp gitdiler, Ýigit bary ýasaw dartyp gitdiler. Nyzam bilen Garrygala golaýlap, bardy olar gylyç, naýza bulaýlap. Gördi gökleň ili gerdi-gubary, Ýetip gelen on müň çapyksuwary. Tanadylar ony, Nurberdi handyr, Merdana, il bilen bir ten u-jandyr. Öňlerinden çykyp, aldylar garşy, Uly-kiçi aýdyp ýüz-müň alkyşy. Düşürip, olara yzzat etdiler, Ähli leşgerlere hormat etdiler. Aýtdy olar: «Eýa, hany Seýilhan! Eýlediňiz biziň ili şadyýan! Ýaşuly, ýaşkiçi ýygnanyp bary, Diýdiler: «Hoş geldiň, eý şährý-ýary! Jahan durdugyça, sen baryň bolsun, Huda birle resul seň ýaryň bolsun!..» Bular aýdyp gutarmanka alkyşyn, Giden gözegçiler geldi ylgaşyp. «Topar-topar duşman gelýär — diýdiler, Giň, dünýä sygyşman gelýär» — diýdiler. Zaman ötmän, munda geldiler ýetip, Toplaň tozan-gerdi asmany tutup. Kernaý-surnaý ýene top sesi bilen, Ene şeýtan kimin was-wasy bilen. Baýyrlaryň arasynda durdular, Daşa daňyp, çadyrlaryn gurdular. Gaçyp bardy bir habarçy o ýana, Türkmeniň ýagdaýyn aýtdy duşmana. «Gelipdir tekeden on müň suwary, Baş bolup gelipdir Nurberdi hany. Ählijesi demir-polat eşikli, Ýaş ýigitler bir-birinden gelşikli. Ählisi jeň küýsäp, söweşe taýyn, Gollary berdaşly, ýaragy gaýym» Bildi duşman ýomut ilinden goşun, Gelip ýatyr onda jem kylyp başyn. Gelýär günbatardan leşger dembe-dem, Duşman gördi: bu ilatyň başy jem. Gaýgy-gussa batdy peläket ýagy, Garşysynda görüp bir apat, ýagy. Habarçynyň sözi howsala saldy, Ne akyl, ne ýürek, ne-de huş galdy. Bu gije ol kirpik çalyşman ýatdy, Gabagy gabagny alyşman ýatdy. Ahyr daň atdy, gün nuruň saçdy, Göýä pelek täji başyndan gaçdy. Şol mahalda olar garap görseler, Tutupdyr ýer ýüzün bihasap leşger. Seýilhanyň hany bakyp durupdyr, Söweş meýdanyna çykyp durupdyr. Biri hesret bilen: «Japarguly han, Turawer, başyňy gutargyl aman! Gelip dostuň durupdyr, bol habardar, Tamam biziň şirin jana hyrydar». Tisginip turdy han: «Düýş gördüm - diýip, Tapyň siz bu düýşe bir ýordum» — diýip. Diýdi: «Hasan Käşi gelip düýşümde, Sakgalymdan tutup, kyldy şermende. Ýorgun bu duýşümi pylany» — diýdi, Pylany: «Görýärmiň duşmany?» — diýdi. «Üstüňi basdyrdyň eý, han — diýdi ol, Gelipdir ummasyz duşman» — diýdi ol. Goý, galsyn bu ýerde bu söz, bu beýan, Türkmenden bir ýigit bu taýa rowan. Boldy edermen hem gaýratly ýigit, «Pälwan beriň!» diýdi haýbatly ýigit. Ýokdy ol zamanda onuň dek gerçek, Günbatarly, ismi Öwezli tentek. Haýbat bilen gygyrdy: «Eý, gyzylbaş, Är dileýän, çyksyn maňa başa-baş! Ýekme-ýek çykaly, görkezip zory, Damagmyzdan çykarşaly damary!» Zamandan soň, ýene talap etdi är, Ýene bar gyzylbaş göýä ki bimar. Diýdi: «Eý, kapyrlar, gorksaňyz eger, Täk özüme iki garşydaş iber. Bolmasa ärlerňiz top-top eýläň-de, Ähli serbazlarňyz sap-sap eýläň-de. Iberiň bir uruş kylalyň elin, Görenler, eşdenler diýsin: «Aperin! Ýöne welin gyzylbaşyň topundan, Bir är çykmaz gorkup onuň howpundan. Ýene-de nazm eýläp, gygyrdy batyr: «Näme, gorkýaňyzmy, kylyp howatyr? Heniz naýza sunup, bir el uzatman, Tygyň zäherinden bir zerre datman. Ýatyrsyňyz gorkup, endişe eýläp, Gorky-howatyry bir pişe eýläp». Hassa-bimar bolup Japarguly han, Ýatyrdy ahwaly-haly perişan. Hasan Käşi girip onuň düýşüne, Masgara edipdir ony, görsene. Eşdip ol batyryň ýorgudyny han, Sözledi ýüzüni urup, ýyrtyban: «Aýdyň, meň düýşümi niçik bildi ol, Bar görenim ile aýan kyldy ol...» Diýdi oň mähremi: «Eý, han aga, Gören düýşüň goýup, bak bu gyraga. Üstümize duşman süýşüp gelipdir, Tamam daşymyza üýşüp gelipdir...» Soň huşuna gelip Japarguly han, Buýrdy jarçysyna: «Jar çekiň, durman!» Kyldy jarçy jaryn ähli leşgere: «Ýygylyň, sap tutup bu meýdan içre!» Iki leşger bir-birine barabar, Gelip durdy meýdan içre sera-ser. Çykardy han ol meýdana bir pälwan, Çykdy pälwan elne ýarag tutuban. Hem diýdi ol pälwan: «Gel, munda batyr, Özüňe barabar ýigitler bardyr. Lap urup, kezzaplap, diýdiň hamana, Taý tapylmaz özüň kibi pälwana». Ol hem at debsiläp tiz geldi bu ýan, Ýanma-ýan durdular iki goç pälwan. Jeň-jedelde garşy-garşy durdular, Bir-birege gylyç salyp gördüler. Biziň pälwan, ady Paly mergendi, Gyzylarbat diýaryndan gelgendi. Oň özi sünniniň batyry erdi, At sürüp ýagynyň gaşyna bardy. Birden gylyç urdy onuň serine, Iki bölüp, ýetdi at eýerine. Diýdi Japarguly: «Bu niçik mahal?» Gurraçysy aýtdy: «Wagty bimahal». Gaýtardy leşgerin çadyra sary, Gelen gelen ýerne ýygyldy bary. Yslamyň leşgeri şadyýan bolup, Gaýtdylar o ýerden baş aman bolup. Uruş etmän ençeme gün ýatdylar, Ahyr habarçylar habar etdiler. Habar tapdy ýene ähli musulman, Ertir ýene geljek Japarguly han. Geňeş eýläp hemme serheň-sertibi, Toplaryny päkläp, kylyp tertibi. Diýdi: «Geldik ençe parsaň ýöräp biz, Iş bitmän otursak, haly harap biz. Sünni bilen birýanalak bolunsyn, Baş berilsin, ýa başymyz alynsyn». Diýdiler: «Şol ýerde bardyr bir baýyr, Şony eýelesek, işimiz haýyr. Şol baýra topumyz çykaran zaman, Alarys biz ol galany bigüman.» Möminler hem bu habary eşidip, Tizden-tiz kyldylar söweş geňeşin. Çykardylar baýra birniçe mergen, Bary iş bitiren hem köpügörgen. Garaz, ahyr taýyn boldular jeňe, Bir ten-u hem bir jan boldular hemme. Alkyş okap, çagyrdylar allany, Goý, ýaradan bolsun olaň ýarany. Ondan soňra gije bolup, daň atdy, Asman ýere öz naýzasyn uzatdy. Güneş göge çykyp, gündizlik boldy, Älem rewşen bolup, tämizlik boldy. Küffar ili uruş teblini urup, Her haýsysy buýruk berip, gygyryp. Ýörütdi topçular sary toplaryn, Sertip-serheň, düzdi goşun saplaryn. Öňe salyp pyýadasyn serdarlar, Uruş meýdanyna çykdy küffarlar. Bu ýandan tamamy musulman ýörüp, Girdi meýdan içre azmlar urup. Barýar öňlerinden sahypkyrany — «Buýsanç bilen iliň, Nurberdi hany. Tugçular baýdagy naýza başyna, Dakyp, ýöridiler duşman gaşyna. Ýasaw bilen topar-topar barýarlar, Göýä assa akyp barýan derýalar. Ýada salyp, ine, ýer bilen arşy, Durdy iki goşun garşyma-garşy. Bulut gelip, zemin üste seçildi, Gyzyl güller ýyldyrym dek açyldy. Tämiz şemal gelip, syrdy dünýäni, Röwşen kyldy köňli öwlüýä ýaly. Şeýle bir päk boldy roýy35 dünýäň, Jeň üçin amatly, bar zat görünýän. Soň Seýilhan hany diýdi: «Bilsinler, Goý ýigitler bu meýdana gelsinler!» Debsiläp, meýdanda at oýnadyban, Çykdy teke tarapyndan Durdy han. Özi gylyç gemren batyrdy örän, Garşy gelse, duşman kastyna dörän. Başynda köp uruş ötüren ýigit. Ganym başyn naýza ötüren ýigit. Azm bilen çykdy meýdan içre ol, Özüne ram berip söweşden ozal. Ýene bir nowjuwan gamçylap atyn, Çykdy görkezmäge güýjün-kuwwatyn. Çary batyr diýrler ol ýigdiň ismi, Meýdana çykanda aç böri misli. Ýene-de bir batyr syçmaz halkyndan, Ony görse, duşman ýerden galkynman. Asly Börmelidi, gaýratly ärdi, Batyrlar içinde ulug serdardy. Harby käri örän ökde bilerdi, Ol hem batyrlaryň ýanyna bardy. Goşun içre ýene bir kişi bardy, Elmydama ýowuz günde derkardy. Aslyny sorasaň ýazyrhandan ol, Heder etmez idi hiç duşmandan ol. Ol hem gelip girdi jeň meýdanyna, At oýnadyp, bardy mertleň ýanyna. Günbatardan peýda boldy çaň-tozan, Şol çaňyň, tozanyň arasy bilen. Göründi, kän leşger ýetip gelýärdi, Bir kişi oň başyn tutup gelýärdi. Pygamberiň täji bardy serinde, Ählem serweri ol öz illerinde. Ýaşyl donly, eli ýaşyl hasaly, Köňlünde hak ýady, dili senaly. Mahmyt işan diýrler onuň ismine, Gelýär ol baş bolup ýomut iline. Ýasaw tutup, munda häzir boldular, Söweş meýdanyna ýöriş kyldylar. Gelip, möminlere goşuldy olar, Ýetişdi küffara agyr gussalar. Barýar bular bir tarapdan sap tutup, Çykdy batyrlary atlar oýnadyp. Teke, ýomut, gökleň bary birleşip, Batyrlary ýasaw tartyp, arlaşyp. Bir-birege gaýrat berip, güýç berip, Ýekme-ýekden duşman läşlerin serip. Naýza sunup, at oýnadyp ol ärler, Ýaga: «Geliň söweş sary» diýýärler. Eşdip olar batyrlaryň sözüni, Bäri bakdyrdylar toplaň ýüzüni. Ençe topy bu ýan sary boşatdy, Yslam leşgerine onlap ok atdy. Ýürekliler gorkman duşman topundan, Ýetip bardy serbazlaň öň sapyndan. Naýza urdular tä düşýänçä ysgyndan, Tyglar çykdy ýagyň ýagyrnysyndan. Ençe serbazlary perýat etdiler, Gyzylbaşlar olardan dat etdiler. Diýdi Japarguly «Eý-waýy, leşger, Ýuwtdular goşunmy misli bir aždar. Türkmeniň ilinden bir bölek atly, Az salymda kän goşunym dargatdy. Alla bendeleri — sertib u-serheň, Göz görkezip, kylyň siz şeýle bir jeň! Bu sözleri aýdyp, buýruk berdi ol, Leşgerlerin çepden-sagdan sürdi ol. Ýörütdi ol toplaryny atdyryp, Giň jahany goýry tüssä tutduryp. Toplaň gümmürdisi ýetip asmana, Asman zemin, ýer-gök geldi lerzana. Sap-sap eýläp, leşgerlerni ýörütdi, Top-tüpeňiň sesi pelege ýetdi. Zor salyp, kapyrlar söweş kyldylar, Biziň batyrlara agram saldylar. Olar döne-döne urşup, söweşip, Ahyry Nurberdi hana ýetişip. Diýdiler: «Merdimiz Seýilhan hany, Küffar ili aljak amanat jany. Basyp barýar bizi duşman leşgeri, Haýykdyrýar toplaň gümmürdeşleri...» Ýygrylyp yslamyň leşgeri kem-kem, Gylawlanyp ondan küffar ili hem. Baýyrlardan çykyp ol depe sary, Toplaryn ýörüdip gelýärdi bäri. Ýakynlaşyp geldi topun atdyryp, Dünýäň ýüzün ajy tüssä tutduryp. Haýran-serasyma bolup musulman, Duşmanlaň güýjüne boldular haýran. Zar ýyglaşyp galaň içindäki il, Hudaýa ýalbaryp, diýdiler: «Jelil» Kabul eýle ejizleriň dogasyn, Arzuw-myradyny eýlegin hasyl...» Ýagşy Mergen atly parasatly är, Başy gan-gowgaly harasatly är. Diýdi: «Kethudalar, begler u-hanlar, Ýetip geldi aç it kimin kapyarlar. Hudaýy ýat edip, duşman kastyna, Döneliň tiz küffar iliniň üstüne. Özün ýat edeni huda ýat eder, Küffar ili bizden köp perýat eder...» Hemme birden aýtdy: «Bu dogry gepdir», Ulug-kiçi her kes gowga talapdyr. Bir-biregi goldap, gaýym boldular, Ýaraglanyp, derrew taýyn boldular. Dolanyp, at goýup duşmana sary, Çagyrdylar ol Allahy-ekberi. Güýç-gaýrat, kuwwatyn jemläp bardylar, Tozan turzup, jylaw deňläp bardylar. Sag-sola seretmän kafyr üstüne, Ýakynlap bardylar bärden dessine. Ýykyp küffar ilniň ähli binasyn, Çagyrdy möminler rebbenasyn. Çar ýandan top sesi çykdy pakyrdap, Ýetip bardy gylyç-naýza şakyrdap. Iki leşger garşy durup serbe-ser, Uruş boldy dowzah bilen barabar. Her kimse tyg urup duşman başyna, Ýyldyz dek süýnerler şeýtan başyna. Nurberdi han ýygnyň başyny başlap, Bir ýowuz şir kimin atyp, gylyçlap. Çepden, rastdan çapyp, kylyp oýun-baz, Naýza sünjer, synar sertib u-serbaz. Sag ýanyndan gelip Çopan Kir hanyň, Aždar dek demine dartar duşmanyň. Hyrçyn dişläp, sunup, naýza urardy, Kä ýagy ommalar ýa çommalardy. Niçäni tyg bilen taşlardy çapyp, Ýatyr ýagy agzy-burny gum gapyp. Hem ýene ýantaşyp iki goç merdan, Biri Gulten onuň, biri —Durdy han. Gyryp, gyzylbaş ilin ýegsan ederler, Niçe janlyklarny bijan ederler. Emele girizip ähli tyglarny, Nazarlaşyp indi küffar tuglarny. Çykdy bir tarapdan dört sany arslan, Gelerdi tyg urup ol şiri-barslar. Birisý Çarydy — gardaşy bilen, Birisi Eşrepdi — ýoldaşy bilen. Olaryň elinde tyglar ýalpyldap, Sürýär serbazlary birýana toplap. Ýene bir nowjuwan —bir hoş sypatly, Ismi-namyn sorsaň Batyr beg atly. Tazy deýin ýüwrük atyn sürdi ol, Tomaşa kyl näçe duşman gyrdy ol. Çakganlanyp, girdi söweş sary ol, Tyg bilen gorady namys-ary ol. Niçelerni urup, set-para eýläp, Jähennem tarapa rowana eýläp. Gyzylbaş başagaýlap, el üzýär jandan, Gyryp, goç ýigitler çykýar armandan. Duşmana çekdirip köp ahy-pygan, Akdyrdy ýigitler derýa kimin gan. Hem ýomut ilinden sermest ýigitler, Gyrgyn eýläp, çepden gelip ýetdiler. Gyzylbaşyň çep ýanyn gysyp-gowuryp, Ganyn döküp, üstüne ot sowuryp. Garaz, ýaga bermän aman-zamany, Gopdurdy başyna ahyrzamany. Şonda Nurberdi han eýledi höküm, Goçaklarym, duşman tuguna depiň. Batyrlar jem bolup, baýdaga depdi, Barşyna ýagyny urdy hem çapdy. Oşol wagt diýdi Japarguly han: «Sünnüleň ýeňnne galmady güman. Ejizledik biz mundaky uruşdan, Gaçan hoşdur bu ýerlerde duruşdan.» Ondan soňra ýygnap nökerlerin han, Gaçdylar bu ýandan yza garaman. Batyrlarmyz olaň gaçanyn görüp, Tizara baýdagy çapdylar baryp. Biliňler, küfr ili boldular harap, Gitdi gelen ýolun gaýtadan ýöräp. Hüjüm bilen ýörüp ähli musulman, Gyzylbaş halyny kyldy perişan. Batyrlarmyz bu döwüşden ardylar, Soň nobaty gorkaklara berdiler. Elkyssa, jesetden kän depe turdy, Duşman gol göterip, omma oturdy. Bolup Japarguly haly perişan, Topun taşlap, ölen-ýitenin alman. Agyr hasrat bilen ýurduna gaýtdy, Janyn alyp barýar gam-gussa, gaýgy. Köp buz-ýagmyr ýagyp asmandan, Zat goýmady jeset bolan duşmandan. Müň bir hasrat bilen diýip: «Wah, arman» Gürgen taýda ýitdi Japarguly han. • • • Möminler söweşde ýeňiji bolup, Yza dolandylar gülüp-şatlanyp. Soň gelip düşdüler gökleň iline, Garrygala atly sermenziline. Diýdiler: «Eý, hanlar, begler, beýikler, Dynç alyň siz çekip sapa-keýipler». Ençe gün ýatdylar bolup parahat, Dem rastlap, bedene berip rahat. Teke, ýomut aýtdy gökleň iline: «Rugsat bolsa, gaýtsak öz menzilmize.» «Kim, bu ýerde galsa, hormaty bolar, Abraýy, şöhraty, yzzaty bolar. Huda size rehmet nazaryn salsyn, O dünýe, bu dünýe hossarlyk kylsyn». Bir-birege ýagşy sözler aýtdylar, Hoşlaşyban öýli-öýüne gaýtdylar. Öz goşunyn alyp, Nurberdi hanam, Ýeňiş bile boldy iline rowan. Öz iline geldi ýeňiji bolup, Goşun hem dargady rugsat alyp. Soňra Nurberdi han diýdi Gultene: «Senem indi uzak ýola gitsene. Sen baryp bu işi söýünjilegin, Gyzylbaşlaň tar-mar bolup ýeňlenin». Han oňa uzatdy ýazlan namany, Ol är gitdi Mary sary rowany. Ençe günläp köp ýollary ýördi ol, Ahyrynda Mara ýetip bardy ol. Ol habardar kyldy Mary halkyny, Şatlandy il, göwünleri galkyndy. Ýene aýtdy: «Geljek Nurberdi han hem, Leşger ýygyp, biziň sahypkyran hem». Muny eşdip, göwün hoşlady olar, Gadymky dessurna başlady olar. Ýene-de söweşi etdiler dowam, Gyrmyz gan reňkini üýtgedip howaň. Saryk bilen teke gabatma-gabat, Goşun saklap durka meýdanda, şo wagt. Göründi ilerden uly çaň-tozan, Baýdakçy göründi bar zatdan ozal. Öňün başlap gelýän bir nowjuwandy, Ýagny ki, oň özi Nurberdi handy. Alyp geldi munda agyr leşgerni, Agzalalyk dogan ile gelşermi? Gelip durdy bu meýdanda ýaňky är, Her ýana iberdi bir çapyksuwar. «Teke, saryk kethudasy gelsin» —diýp, «Hemem gelip, bizden habar alsyn» diýp. Geldi iki ýanyň aksakallary, Halkyň kethuda diýp at dakanlary. Hem görüşip, hem soraşyp, diýdiler: «Gelipsiňiz aryp-aşyp» diýdiler. Soradylar: «Ne habar, eý, şähriýar, Siziň bu gelişde niçik many bar?» Parasat hem pähim-paýhas bilen han: «Eşitdik, dökülýär munda nähak gan. Geldik biz sizleri ýaraşdyrmaga, Iki gardaşlary baryşdyrmaga. Ýaraşyň, kinäni döküp köňülden, Habar alyp pygamberiň sözünden. Pygambermiz aýdan: «Eger il ile, Ýagy bolsa, zeper ýetýändir dine.» Diýdiler sarygyň kethudalary: «Ile baryp, ýygnap bar adamlary. Geňeş kylyp, soň jogabyn aýdaly, Häzir rugsat bolsa, ile gaýdaly. Diýip, rugsat alyp gaýtdylar olar, Ýagdaýy il-güne aýtdylar olar: «Gelipdir tekäniň Nurberdi hany, Teklip edýär bize ol ýaraşmany. Şeýle haýyş bilen bize ýüzlendi, Goý, agzybir bolsun diýýär ol sünni.» Ýöne saryk ili bolup jeň talap, Ýeke uruş ýolun aldylar saýlap. Ençe gün uruşyp hem aryp-aşyp, Saryk biçäreleň agmaly çaşyp. Ahyr «El-aman!» diýp, köp dat etdiler, Musulmanlyk diýip, perýat etdiler. Diýdi teke ähli: «Garyndaş, etseň, Aman bardyr mundan baş alyp gitseň» Saryklar bu sözi kabul kyldylar, Göçdüler, watandan jyda boldular. Şondan soňra Maru-şahy-jahan, bil, Boldy teke ilne watan u-menzil. «Ýalňyşýandyr ýüwrük bilen çapyşan, Ýa özünden güýçli bilen çaknyşan.» Bu sada nakyly saryk unutdy, Watandan aýrylyp, pytyrap gitdi. Dowamy bar >> | |
|
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |