16:48 Şirk | |
ŞIRK
Gurhany öwreniş we Hadys ylmy
Günäleriñ iñ ulusy şirkdir. Şirk Allaha ýoldaş goşmak, Alladan başga hudaýyñ bardygyna ynanmakdyr. Has açyk bir düşündirişde, Allaha ybadat etmän, hajatyny dilemän, başga zatlara ybadat etmek. Alladan başga "Mana kömek ber" diýip dileg etmek şirk bolýar. Şirk diñe bir günä bolman, ol şol bir wagtyň özünde kapyrdyr. Ýagny Alladan başga ybadat edyän kişi mömin-musulman däldir. Pygamberimiziň zamanyndaky müşrikler Tanra şärik, taý goşanlar, ýagny Alladan başga medet ber diýýänler, Allaha ynanýardylar. Emma Allaha ybadat edendikleri üçin olar mömin-musulman hasaplanmaýardylar. Kurany-Kerimde şeýle buýrulypdyr. "Allahymyz bir täk ylahdyr. Ondan başga ylah ýokdur. Ol rahmandyr, rahymdyr» ("Bakara" süresi. aýat: 162). "Diý ki, ol Alla birdir. Alla samatdyr. Ol dogurmadyk we dogrulmadykdyr. Hıç bir zat ona taý ýa-da deñ däldir" ("Yhlas" süresi). Eger ýerde we gökde Alladan başga tañrylar bar bolsady, onda ýer we gök hökman bozulyp giderdi. Diýmek ki, Arşyň Rebbi bolan Alla, olaryň gelişdiryan, düşünýän sypatlaryndan uzakdyr, tämizdir" ("Enbiýa" süresi, aýat: 22). Bu aýatlar Allanyñ birdigini, onuñ taýynyñ we deñiniñ ýokdugyny subut ediji bir delildir. Alla şärik, taý goşan (ýagny Alladan başga ybadat eden) kişinin in uly günāni etdigidir. Şeýle adam toba etmese, ýagny şirki terk etmese, Allatagala ony bagyşlamaz. Kurany-Kerimde ýene şeýle buýrulypdyr. «Alla özüne şärik goşulmasyny, elbetde, bagyşlamaz, mundan başga zady dileýän kişini bagyşlar. Allaha şärik goşan kışı uly güna bilen töhmetde boldugydyr» ("Nisa" süresi, aýat: 48). Bu aýatda hemme günäniñ bagyşlanjakdygy, emma şirkiñ bagyşlanmajakdygy aýdylýar. Gije-gündiz namaz okap, näçe sogap gazansañam, şırki ret etmeseñ, edýän ähli ybadatyñ kabul bolmayar. Käbir kişiler bilmezlikden bu günä duçar bolýarlar. Öwlüýälere, atly pirlere ýykylyp, medet soraýarlar. Şeýle etmek bilen olar Alladan ötri gudratlara yüzlenip, özleriniñ duran ýerlerinde dinden çykyp, kapyr bolýandyklaryny bilmeýärler. Haramdan gaçmaýan, halal-haram tapawudyny bilmeýän kişinin dogasyny Alla kabul etmez. Haram bilen edilen haýyr işin sogaby-da bolmaz. Pygamberimiz Muhammet (s.a.w) şeyle buyuryar: «Eý ynsanlar. Alla tämizdir we tämizi (halal bolany) kabul eder. Alla pygamberlere emir edenini möminlere-de emir edendir. Pygamberimiziñ ündeýşı yaly, biz dime halal ybadatda bol.aly: ýalñyz Allaha ybadat etmeli. Pygamberimiz ýene şeýle buýrupdyr: "Allaha şärik goşmazlyk, ogurlyk etmezlik, zyna etmezlik, çagalary öldürmezlık, özünizden toslap, hiç bir ýalan şyltak we töhmetden bolmazlyk, dogry işde garşy çykmazlyk bilen maña sygynyň" Buhary, "Iman" 11.5. Müslim "Iman", 24). Pygamberimiziñ "Maña sygynyñ" diýdigi hadyslarymy öwrenip. sünnetlerimi yerine yetirin diýdıgıdır. "Menden medet dilan diýdigi däldir. Hatda pygamberimizden hem medet dilesek şirk bolýandyr. Ilki Alladan soñ pygamberlere ýa-da gudratly işan-pirlere sygynmagam şirk bolýandyr. Biziñ her gün bäş wagtyna okaýan namazymyzyñ "Fatiha" ("Elham") süresinde: «Iýýäke nagbudu we iyyake nestagyn» ("Eý, Rebbimiz, yalnyz Saña ybadat edip we ýalñyz Senden kömek dileýäris") diýýäris. Biz Alladan dileýäris, işan-pirlerden dileg etmegin peýdasy yok. Şirk musulmana, biziň neslimize uly howp salyan beladyr. Alladan başga ybadar etmek dinden çykyp, är-aýalyñ nikasynyň öz-özünden bozulýandygyna has gowy düşünmelidiris. Nika bozulsa, dünýä inýän çaganyň şeýtanyň çagasy bolýandygyny unutmaly däldiris. Pygamberimiz Allatagalanyň şeýle buýrandygyny bildiripdir. «Men taý-şärikleriñ in müstagny (doýguny) bolanydyryn. Her kim eden amal we ybadatynda maña başgasyny taý, şärik etse, ony maña goşan şärigi bilen baş-başa goýaryn (Müslim, "Zühd", 5). Biz Alladan daşlaşyp şeýtana gulluk etmeli däldiris. Ýagşy-ýaman başymyza näme inse, Alladan gelýändigine ýüregimiz bilen ynanmalydyrys. Yrymlaryň hem hemmesi şirkdır. Günlerde bir gün Muhammet pygamber ýoldaşlaryna: "Uly günäleriñ iñ ulusyny size aýdaýynmy?" diyip sorapdyr. Oturanlar: "Hawa, ayt!" diýenlerinde, pygamberimiz "Allaha şärik goşmak, ene we ata garsy gitmek" diyidi (Buhary, "Şehadat", 10. Müslim, "Iman", 38). Allanyň kelamy Kuranyñ üsti bilen Alla bize dogry yoly görkezýärkä, pygamberimiz bize hadyslaryň üsti bilen gowulyklary ündeýärkä, biz name, üçin başga gudratlardan medet soramaly?! Kurany Kerimde şeýle buýrulypdyr: «Her kim Rebbine gowuşmagy umyt edýän bolsa, haýyrly, gowy iş etsin we Rebbi ybadatda hiç bir zady oňa taý, şärik goşmasyn» ("Kehf" süresi, aýat: 10). Eziz doganlar, Alla ryzasy bilen hemme ybadatlarymyzy kämil edeliñ, bilýänlerden öwreneliñ, ruhdan düşmäñ. dogry ýöräliñ! Sabyr-takatly, ruhy belent bolalyñ! Baýram GUMMANOW. "ADALAT" gazeti, 25.02.2000 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |