22:17 Gybat | |
GYBAT
Jemgyýetçilik tankydy
Pygamberimiz bir gün ýoldaşlaryna: - "Gybat nämedir, bilýärmisiñiz?" diýip ýüzlenipdir. "Ony Alla we Pygamberimiz has gowy biler" diýip, beýlekiler jogap beripdirler. Şonda pygamberimiz: - Gybat ~ bu dogany ýanynda ýok wagty ony kemsidip, ol barada göwnüne ýaramadyk bir zady agzyna almakdyr - diýipdir. Diñleýänler: "Eger aýdylan kemçilikler doganymda bar bolsa, onda näme?" diýip sorapdyrlar. Onda Pygamberimiz: "Eger aýdan aýybyñyz doganyñda bar bolsa, onda siziñ gürrüñiñiz gybat bolýar" diýýär. Diýmek, gybat bir adamyñ arkasyndan onuñ gowy görmejek, halamajak zatlary hakynda sözlemekdir. Ol adama töhmet atmakdyr, ynsan hökmünde kemsitmekdir. Kurany-Kerimde şeýle buýrulypdyr: "Biriñiz beýlekiñiziñ gybatyny etmesin. Beýle ýagdaýda Alladan gorkuñ. Alla tobalary kabul eder. Örän dözümsizdir". ("Hujurat" süresi, aýat 12). • Ynsan başga biriniñ gybatyny näme üçin edýär? Uly alym Ymam Gazaly "Gybatyñ belli-başly sebäplerinden birisi kinedir. Bir kişiniñ başga birine bolan kinesi sebäpli onuñ gybatyny etmekden keýp alýar" diýýär. Emma mömin kine saklamaz. • Gybatyñ başga sebäbi-de göriplikdir Aýratyn hem ynsan özünden zor, başarjañ bolan, halk köpçüligiñ içinde abraýy, hormaty uly bolan, ylymly bolan kişini onuñ üstünlikleri, artykmaçlygy sebäpli göriplik edýär, ony aýyplamaga çalyşýar. Pygamberimiz musulman doganynyñ arkasyndan gybat edenlere kyýamat gününde azap çekdiriljekdigini bildirip, şeýle buýrupdyr: "Men magraç edilen gijäm (Pygamberimiziñ asmana çykarylan gijesi) bir topar adamyñ ýanyndan geçdim. Seretsem, olar mis dyrnaklary bilen ýüzlerini we gözlerini dyrnaçaklaýardylar. Men: "Eý, Jebraýyl, bular kimlerdir?" diýip soradym. Jebraýyl aleýhissalam: "Bular gybat edenler, adamlaryñ namys we abraýlaryn dokunanlardyr" diýdi. Gybat etmek günä bolşy ýaly, edilen gybaty diñlemek-de günädir. Musulman dogany bir ýerde gybaty edilýärkä, onuñ namys we abraýyna dil ýetirilýär, muny diñleýän kişä düşýän wezipe oň garşy bolmakdyr. Çünki bir musulmanyñ gany we maly ýaly, abraý-namysy-da dokunylmazdyr. Pygamberimiz buýurýar: "Bir kişi doganynyñ namys we abraýy hakynda gybat edene garşy çykyp, ony gorasa, Allatagala kyýamat güni ol kişini dowzahdan uzaklaşdyrýar". Musulman doganynyñ arkasyndan gybatyny edip, günä giden kişiniñ bu günäden gutulmak üçin toba etmegi ýeterlik bolmaz. Ol hem toba etmeli, hem-de gybatyny eden doganynyñ bagyşlamagyny gazanmalydyr. Diñe şeýle edilen wagtynda gybat eden günäsinden gutulyp biler. Baýram GUMMANOW. # adalat | |
|