17:07 Hudaýa tarap bir ädim ät | |
HUDAÝA TARAP BIR ÄDIM ÄT
Edebi makalalar
• Ol saña on ädim äder Pikir ber, gadyrdan! Eger-de eliñe ýekeje tiken çümse, onda onuñ siziñ imisala kalbyňyzy biynjalyk etjekdigi düşnükli, şeýle halatda oýa batyp görüñ, siz şol gün Taňrynyň şuglaly ýolundan ters gidyän nähili işe baş goşupsyňyz?! Pikir ediñ, Allatagalanyň şol halatda size näme üçin lezzet ibermän, agyry iberenliginiň sebäbine göz ýetirjek boluñ! Siz ýola çykdyňyz. Siziñ näme üçin, nirä, näme niyet bilen barýandygynyz bir-ä Hudaýa, birem diñe özüñize aýan. Tep-tekiz ýol, gidip barýarsyňyz, entek siziñ barmaly ýeriñize çenlem ep-esli menzil bar. Birdenkä-de hiç zat ýok ýerden büdrediñiz. Şeýle halatda diñe ýagşyny niýetläñ-de yöräberiň, büdremersiñiz. Jennetdir dowzaha iberilmezinden öñinçä Münkürdir Neñkiriñ günü-sogaby seljerişi hakynda şeýle bir rowaýat bar. Ine, bir bendäniň günäsi hem sogaby des-deñ gelipdir diýýär. Tereziniñ iki tarapy-da egin deňläp durmuş, jennete iberjeginem biler ýaly dälmiş, dowzaha iberjeginem. Teý ahyry bolmansoñ, ýañkynyň durmuşynda eden günä işlerini täzeden saýpallap, gözden geçirip ugraýarlar. Emma öňkülerden başga ýekeje günä-de göze ilmeýär. Gezek sogap işlere ýetýär. Agtarýarlar, gözleýärler, seljeryärler. ahyrda-da tapýar duruberýärler. Günäsi hem sogaby deň gelip duran bende ýagty ýalançyda diri gezip ýörkä, bir ýas yerine barypmyş. Öûe girmezinden öñinça, gapyñ agzynda agdarylyp ýatan bir taý köwşi görüpdir-de, ony dogrulap goýupdyr. Ine, sol sogap işi hem onuň jennete düşmegine sebäp bolupdyr. Haýyr bilen şeriñ, günä bilen sogabyň göreşi dünýä döräli bäri bar zat hem boljak zat. Haýyr Hakyñkydyr, şer şeytanyňkydyr, sogap Allanyňkydyr, günä Iblisiňkidir. Sizi ýaradan Alladyr, Iblis däldir. Haýyr işiñiz üçin, iman päkliginiz üçin jennetden ýer berjek ýene-de Alladyr, Şeýtan däldir. Diñe Hudaýdan başga ähli zady aldap bilersiniz, ine, şuña düşünmeýän kişileriñ biri garaňky köçeleriñ biri bilen gelyärkä, güpür-tapyr çukura gaçyar duruberýär. Urunýar-urunýar, teý çykar ýaly dälmiş. Onsoñ Hudaýa nalyş edip ugraýar. - Eý, Beýik Tañry, şu gezek çukurdan çykarsaň, bir tamdyr çöregi seniñ ýoluña bererin. Jan Alla, özüñden medet! Allanyñ eradasy bilen ýaňky kişi gudrat bilen çukurdan çykyar. Düz ýola düşen bendäniň ýene-de örüsi giñeýär. Päli, niýeti dagy hem üytgäberyär. - Päheý, Hudaýam aldap boljak eken asyl. Näme diýseň, ynanyp dur-la bi. Şu sözi diýen badyna-da, ol garaňky köçede öňküdenem has çuň çukura güpürdäp gaýdýar. Hezreti Muhammet şeýle diyipdir. «Nirede bolsaň-da, Allatagala takwaçylyk et. Bir günä iş etseň, yzyndan derrew bir ýagşy iş et, günäñi ýok eder ýaly. Adamlar bilen ýagşy gylyk-häsiýetli gatnaşykda bol Elbetde, Allatagala bagyşlaýjydyr. Bagyşlamagy gowy görýändir». Bagyşlaýjy Allanyň bagyşlamagyna esas döretmek bolsa özümize baglydyr. Durmuşda ýalňyşmaýan adam ýokdur. Ýöne ýalňyşasy gelip ýalňyşýanlaryň iki dünýäsiniňem bibatdygyny bilip goýsaňyz hergiz zyýan dāldir. «Alla bagyşlar-la» diýip, gözüňizi gyzardyberseňiz, belanyň özi üstüñize geler. Sebäbi päl azman bela gelýän däldir. Kyrk öýi gyzyldan dolduran Karunyň gözi humdan asyl-ha doýmansoň, teýahyr gumdan dolandyr. Haçan-da günäňizi ýazyp oturan perişdäniň ýüki ýeňläp, sogaby hasaplaýan perişdäniň ýüki agralan halatynda bagyşlanarsyñyz. Adam Atadyr How enäniñ behiştden kowulmagyna şeýtan sebäp bolandyr. Şeýtan böwrüňize dürtgüläp-dürtgüläp, teý günüňize goýmasa-da, onuň iterýän tarapynda elpe-şelpelik bar ýaly bolup görünse-de soňy puçdur. Dünýäniñ lezzeti Allanyňkydyr. Günä şeytanyňkydyr, sogap Allanyňkydyr. Şonuň üçin hem diñe öz haýyr işleriniz bilen Hudaýa tarap bir ädim ädiň. Ol size on ädim äder! Aşyrberdi GURBANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |