17:40 Sufizmiñ rowaçlanmagy | |
SUFIZMIÑ ROWAÇLANMAGY
Edebi makalalar
Soňky döwürde Ýewropada we Amerikada sufizmiñ rowaçlanyp başlandygy aýdylýar. Ýüz ýyl mundan öñ günbatarda ýekeje-de tanalýan hindi swamy, zen rahyby ýa-da sufi şeyhi ýokdy. Emma häzir günbatarda olaryň ýüzlerçesini görmek mümkin. Günsaýyn tarapdarlary artýan günbatarly sufiler uniwersitet münberlerinde, žurnallarda, konferensiýalarda we kitaplarda öz la öz pikirlerini beýan etmäge we ýaýratmaga çalyşýarlar. Sufizm yslam dinindäki tasawwufdan parhlydyr. Ylahyýetçiler sufizm bilen tasawwufyñ bir aýakdan sürülmegine garşydyklaryny nygtaýarlar. • Günbatarda sufizm Angliýanyň Lankaster uniwersitetiniñ dini bilimler bölüminiň mugallymy Andrew Rawlinson günbatara sufizmiň gündogardan gelendigini aýdýar. Soňky 25 ýylyň içinde Günbatarda-da sufizm öwredýänler ýüze çykdy. Olar öñden gelýän sufi akymlaryny dowam edijiler däldir. Olaryň her biriniň öz ugry bar. Sufizmiň akymlary häzirki döwürde günbatarlylaryň öz ýaşaýyş şertlerine görä, öz dünýägaraýyşlaryna görä özgerdilipdir. • Ruhy terbiýe Rowlinson añ-düşünjäni ruhy tälim-terbiýe bilen özgerdip bolýandygyny aýdýar. Münlerçe günbatarly bu tälim-terbiýäni almak isleýär. Günbatarda sufizmiň muşdaklary günsaýyn artýar. Sufizm hereketini başda gündogarly ruhanylar, hindiler we sufiler başlapdy. Ýöne ýuwaş-ýuwaşdan günbatarlylar öz akymlaryny döretmäge başladylar. Elbetde, gündogarly ruhanylar hem ähmiýetini ýitirenok, ýöne häzirki döwürde ähli işleri günbatarly ruhanylar alyp barýarlar. Günbatarly ruhanylar sufizmiň gadymdan gelýän akymlaryndan düýpgöter başga, özlerine mahsus akymlary döredipdirler. • Sufizm ruhanysy Idris şah Günbatarly sufizm ruhanylary 1950-nji ýyllara çenli o diýen mälim däldi, olar birnäçe ýerde biri-birinden bihabar işleýärdi. Günbatarly sufizm ruhanylarynyň ilkinjileriniň biri J.G.Benett. Ol "Gurdjeff and Ouspensku" mekdebiniň uçurymy. Bennet hindi ruhanylaryndan öwrenen ylmyny katolikçilik bilen utgaşdyryp, täze bir akym döredipdir. 1953-nji ýylda tälim-terbiýe alan ruhanylary aradan çykandan soň, Ýakyn Gündogara syýahata çykypdyr. Ol Türkiýä, Siriýa, Yraga we Eýrana barypdyr. Şol ýyllarda heniz sufizm ruhanysy däldigine garamazdan, onuň 200 talyby bar ekeni. Bennet Idris şah Hasan, Şuhud Süleyman Dede atly sufi ruhanylaryndan sapak alypdyr. Angliyada ýaşaýan Idris şah Hasanyň sufizm barada ýazan ilkinji kitaby 1964-nji ýylda çap edildi. Ol kitap häzirki döwürde hem sufizm barada ýazylan iň gowy kitap hasaplanýar. • Sufizmiñ merkezleri "The Golden Sufi Center" atly merkeziń esasy maksady sufizmi yayratmakdyr. Ol merkezde tälim alyanlar kalbyń sessiz meditasiýasy boýunça türgenleşýärler. Amerikanyñ Nýu-Ýork, Los-Anželes, Çikago ýaly şäherleriniň birnäçesinde meditasiýa toparlary bar. Ýewropada bolsa şeýle toparlar Germaniyada, Şweýsariýada, Angliýada, Ispaniýada, Awstriýada bar. • Uly akymlar Türkiyäniñ Wan uniwersitetiniñ ylahyýet fakultetiniñ mugallymy dosent Abdulhakim Ýüje yslam tasawwufy hakynda gürrün edilýärkä, "sufizm" we "mifologizm" adalgalaryny ulanmaly däldigini nygtaýar. Sufizm adalgasynyň Günbatarda anladýan manysy bilen yslamdaky tasawwufyň aňladýan manysy biri-birlerinden düýpgöter parhlydyr. Ýüje Idris şahyň kitabyna salgylanyp, tasawwufyň günbatardaky kökleriniň gaty gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyny belleýär. Günbatarda "derwüş" adalgasy 1585-nji ýyldan bäri, "pakyr" adalgasy 1609-njy ýyldan bäri, "sufi" (sopy) adalgasy 1653-nji ýyldan bäri, "tasawwuf" adalgasy bolsa XIX asyrdan bäri ulanylyp gelinýär. Günbataryň yslamy kabul etmegine tasawwuf barada ýazylan kitaplaryň täsir edendigini aýdan Ýüje, aýratyn-da, Demirgazyk Afrikadan gözbaş alyp gaýdan şazeliýe tarykatynyň täsiriniň uly bolandygyny aýdyp: Ýewropada 1992-nji ýylda 55 müň adamyň arasynda ýaýradylan anketa berlen jogaplara görä ýewropaly musulmanlaryň 38 prosenti Möwlanadan, 32 prosenti "Risaleýi-Nur" atly dini eserler toplumyndan täsirlenip musulman bolupdyrlar. Ýewropada şazeliýe tarykaty" dini akymynyň bir pudagy bolan alewiýe akymy, Amerikada halwetiýe atly dini akymyñ bir pudagy bolan jerrahiýe akymy, Ispaniýada Endulusda täzeden yslama giriş" atly jemgyýetçilik guramasy iñ uly akymlar hasaplanýar. • Sufizm näme üçin rowaçlanýar? Ylahyýetçi Mustafa Tahraly tasawwufyñ günbatarda rowaçlanmagynyň sebäbini tasawwufyň Ybraýym pygamberden gelýän ruhy akymy dowam edýän ýeke-täk ýoldugy bilen düşündirýär. Mysal üçin, ýahudy üçin sufi bolmak başga bir akyma goşulmakdan has ýeňil. Marşal Bermanyň pikirine görä bolsa, sufizmiň ýaýbaňlanmagyna özgeren dünýäniň ýürekgysgynç ýaşaýşyndan baş alyp çykmak üçin adamlaryň ruhy taýdan päklenmäge bolan islegi sebäp bolýar. Ýewropaly sufizm ruhanylary täze ýaşaýyş şertlerinde-de ruhuny päk saklamagyň mümkindigini, erkini elden bermän, tämiz ýaşamagyň mümkindigini öne sürýärler. Hakan ÝYLMAZ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |