22:57 8-nji mart – Halkara zenanlar güni | |
8-nji MART HALKARA ZENANLAR GÜNI
Publisistika
Bahar pasly gülleriň müşk ysynyň burk urýan, tebigatyň durkudyr howasy bilen täzelenýän döwridir. Bu paslyň ilkinji günlerinde, ýagny, 8-nji martda Halkara zenanlar güni dünýä ýüzünde giňden bellenilýär. Dünýä ýurtlarynda bellenilip geçilýän bu baýramçylygyň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri hem zenanlaryň zähmete bolan hukuklarynyň goralmagy hem-de ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligine goldawlara mynasyp bolmaly diýen düşünje bolýar. Ol 1857-nji ýylyň 8-nji martynda Nýu-Ýorkda zenanlaryň köpçülikleýin ýöriş etmeklerine sebäp bolýar. 1908-nji ýylda bu ýagdaý ýene gaýtalanýar. Halkara zenanlar gününi her ýyl baýram etmek baradaky karar 1910—njy ýylda aýallaryň Kopengagende geçen 2-nji Halkara Konferensiýasynda kabul edilýär. Soňra bu gün ähli amerikan zenanlary üçin baýramçylyga öwrülýär. Ol ilkinji gezek 1911-nji ýylda Germaniýada, Awstraliýada, Şweýsariýada we Daniýada geçirilýär. Russiýada 1913-nji ýylda ilkinji gezek geçirilýär. 8-nji mart baýramçylyk däbi Awstriýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Niderlandyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Şweýsariýanyň we başga ýurtlaryň aýallarynyň hut şol güni baýramçylyk hökmünde belläp geçmeklerinden soňra hasda pugtalanýar. 1975-nji ýylyň mart aýyndan bäri BMG-de “Halkara aýallar güni” bellenilip geçilýär. Zenanlaryň we gelin-gyzlaryň hormatyna bagyşlanan bu baýramçylyk Ýaponiýada “Gyzlaryň baýramy” ady bilen bellenilýär. Hindistanda bu baýramçylyk oktýabr aýynyň başynda bellenilip, 10 gün dowam edýär. Serbiýada hem “eneler güni” ady bilen geçirilýän baýram täze ýylyň öňüsyrasynda bellenilýär. Hytaý adatlary esasynda şol gün zenanlar dynç alýarlar. Ähli işleri bolsa öýüň erkekleri ýerine ýetirýär we agşamlyk nahary hökmünde “kädi wepadarlygy” atly sowgady taýynlaýarlar. Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda 8-nji mart Halkara zenanlar güni giňden bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň gülläp ösmeginde zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp hormatly Prezidentimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň zenanlaryna 60 manat pul sowgadyny bermek hakynda buýruga gol çekdi. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda başlanan üstümizdäki ýylyň 1-6-njy marty aralygynda hem hormatly Prezidentimiziň pul sowgady dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Milli gylyk-häsiýetleri özinde jemleýän, Watana, il-güne, maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, mähir-muhabbetini, söýgisini nesil terbiýesine bagyş edýän güler ýüzli, mylaýym sözli zenanlarymyz, mylakatly, dilleri senaly enelermiz, bahar gülleri ýaly owadan gyzlarymyz ajaýyp baýramyňyz gutly bolsun! Hatyja DÖWLETNAZAROWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |