15:22 Türkmen diplomat zenany: Aksoltan Ataýewa | |
TÜRKMEN DIPLOMAT ZENANY: AKSOLTAN ATAÝEWA
Zenan şahsyýetler
Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen giň gerimli, özara bähbitli, söwda, ykdysady hem-de medeni, ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýýar. Halklary birleşdirýän bu iri halkara derejeli, milletler bileleşigi tarapyndan her ýylda 300-den gowrak Kararnama kabul edilýär. Olar, adatça bolşy ýaly, häzirki zamanyň iň möhüm meselelerini öz içine alýar. Kabul edilýän şeýle möhüm resminamalaryň birnäçesiniň Türkmenistanyň, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryna degişli bolmagy aýratyn bellärlikli ýagdaýdyr. Milletler Bileleşiginde Türkmenistanyň adyndan wekilçilik edýän, dünýä ähmiýetli wakalaryň içinde ýaşaýan , Türkmenistanyň Gahrymany, Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi Ataýewa Aksoltan Töräýewna ýurdumyzyň BMG-da öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde döwletimiziň adyndan wekilçilik edýär. Hormatly Prezidentimiz dünýäniň belent münberlerinden dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Ony dünýä ýurtlaryna ykrar etdirmek bolsa ýurdumyzyň halkara guramalardaky, daşary ýurtlardaky diplomatlaryň paýyna düşýär. Türkmen diplomatlarynyň bu işiň hötdesinden gelmegini uly buýsanç bilen aýtmak bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň BMG-daky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa hem özüniň diplomatik işinde wepalylyk, ak ýüreklilik, birek-biregi hormatlamak ýaly asylly ýörelgelerden ugur alyp zähmet çekýär. Diplomat, ilki bilen wekilçilik edýän ýurdunyň bähbitlerini gorap, dünýä döwletleri, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşmaly. 1994-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili Aksoltan Töräýewna bu ugurda diplomatiýanyň inçe syrlaryndan baş çykarýan, tejribeli türkmen diplomat zenanydyr. Aksoltan Töräýewa Ataýewanyň gatnaşmagynda Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegi bilen 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 50/80 belgili Kararnamasy kabul edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylyk etmeginde, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde türkmen diplomatlaryna bildirilýän ýokary ynamy ödemek bilen yhlasly, halal hem-de arassa zähmet çekýän, ýokary hünär ussatlygy we uly zähmet üstünlikleri üçin Aksoltan Töräýewna Ataýewa ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylagy bolan “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen hormatly at dakyldy we “Altyn Aý” aýratyn tapawutlandyryş medaly bilen sylaglandy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasat strategiýasy halkara derejesinde, dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa mynasyp bolýar. Bu ugurda türkmen diplomatlarynyň ak ýürekden, türkmen halkyna wepaly gulluk etmekleri, ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirip yhlasly zähmet çekmekleri uly hormata, ýokary baha mynasypdyr. Bu gün BMG-da Bitarap Türkmenistan döwletimiziň adyndan wekilçilik edýän Aksoltan Töräýewna Ataýewa özüniň baş maksadynyň irginsiz zähmet çekip, döwletimiziň halkara derejesindäki abraýyny has hem berkitmek hem-de türkmen diplomatlaryna bildirilýän uly ynamy ödemekdigini belläp geçip, Watana hyzmat etmek bagtyna mynasyp gören hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan edýär. Hatyja DÖWLETNAZAROWA, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |