20:30 8-nji mart Halkara zenanlar gününiñ taryhy | |
8-nji MART HALKARA ZENANLAR GÜNÜNIÑ TARYHY
Taryhy makalalar
8-nji mart Halkara zenanlar güni ýa-da Bütindünýä işçi zenanlaryñ güni - aýal-gyzlara garşy jynsparazçylykly düşünjä garşy göreşmegiñ günüdir. Mundan 153 ýyl öñ deñhukukly işe deñ aýlyk hakyny talap edip we iş ýerlerindäki ýaramaz şertlere garşy janlaryny orta goýup aýaga galan aýal-gyzlaryñ bu günki-gün atlary ýatdan çykyp gidenem bolsa, olar başyny başlan göreşli ýollarynyñ häzirki günlerde-de gahrymany bolup gelýärler. Bu gün ýer ýüzüniñ zenanlary şol döwüriñkiden kän-kän tapawut etse-de, dowam edip gelýän bökdençlikleri şol atsyz gahrymanlaryñ başyny başlan göreşinden mysal tutup dillenip bilýärler. 1857-nji ýylyñ 8-nji martynda ABŞ-nyñ Nýu-Ýork şäheriniñ tekstil kombinatynda işleýän ýüzlerçe aýal aýlyk haklarynyñ pesligine, iş wagtynyñ kadadan artykdygyna we adamkärçilige sygmajak ýaramaz şertlere nägilelik bildirip iş taşlaýyş yglan edýärler. Iş taşlaýyşlar dowam edip durka, ýüze çykan ýangynda kombinatyñ öñünde gurlan barrikadalary taşlamandygy sebäpli 129 işçi zenan ölüpdir. Elli ýyl owalky pajygaly wakany ýatlamak üçin 1908-nji ýylyñ 8-nji martynda ýene Nýu-Ýorkuñ tekstil kombinatynda işleýän aýal-gyzlar "Zenanlaryñ uly ýörişi" diýip at berilen mitingde has oñaýly iş şertleri, aýal-gyzlara ses berme hukugy, kämillik ýaşyna ýetmediklerñ işledilmeginiñ bes edilmegi ýaly meseleleri gozgaýarlar. 1910-njy ýylyñ 26-27-nji awgustynfa Kopengagende geçirilen Halkara Zenanlar konferensiýasynda şol konferensiýanyñ sekretary bolan nemes syýasatçysy Klara Zetkin zenanlaryñ ýylda bir gezek gününi bellemegi teklip edýär. Bu teklipden soñ 1911-nji ýylda zenanlar güni ilkinji gezek Awstriýada, Daniýada, Germaniýada, Şweýsariýada bellenilipdir. Kän wagt geçmänkä, 1911-nji ýylyñ 25-nji martynda Nýu-Ýorkda gapylara gulp urulyp zor bilen işledilýän "Triangle" köýnek fabriginde ýangyn ýüze çykýar. Ýangynda 148 aýal ölýär. Bûtindünýä işçi zenanlaryñ güni 1921-nji ýyla çenli mart aýynyñ haýsam bolsa bir gününde bellenilipdir. Zenanlar gününiñ 8-nji mart güni diýip 1921-nji ýylda Moskwada geçirilen Internasioal zenanlar konferensiýasynda kesgitlenýär. Birinji jahan urşy ýyllaryndan başlap tä ikinji jahan urşunyñ soñky ýyllaryna çenli birnäçe ýurtda gadagan edilen Halkara zenanlar güni 1960-njy ýyldan soñ ABŞ-da-da bellenilip başlanýar. Bu bolsa 8-nji mart gününiñ bütin dünýäde uly joşgun bilen bellenilmegine sebäp bolýar. 1975-nji ýylda Bütindünýä zenanlar ýyly diýip yglan eden Birleşen Milletler Guramasy 1977-nji ýylyñ 16-njy dekabryndan her ýylyñ 8-nji martyny Halkara zenanlar güni diýip bellenilmegi hakynda karary kabul edýär. Dünýä derejesinde alanymyzda aýal-gyzlaryñ hukuklary boýunça soñky ýyllarda oñyn öñegidişlikler gazanylsa-da, aýal-gyzlar babatda alanda köpsanly meseleler entek çözülerden ir. Dünýäniñ iñ garyp adamlarynyñ aglaba bölegini häzirem aýal-gyzlar düzýär. Dünýäniñ sowatsyz adamlarynyñ aglabasy-da aýal-gyzlar. Şonuñ üçin Halkara zenanlar gününiñ aýal-gyzlaryñ hukuklarynyñ dikeldilmeginde, olaryñ ýaşaýyş-durmuş şertleriniñ gowulaşdyrylmagynda, bilim berilişiniñ ýokarlanmagynda, umuman şular ýaly aktual meseleleriñ orta atylmagynda ähmiýeti diýseñ uludyr. 8-nji mart ýaly belli günlerde aýal-gyzlara garşy urp-adatlara duwlanyp edilýän dürli jenaýatlara, aýal-gyzlara we kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy dürli bidüzgünçiliklere, zorlukly jynsy jenaýatlara, mekdep ýaşyna ýeten gyzlaryñ bilim almaga bolan hukugyndan bilkastlaýyn mahrum edilmelerine garşy çykyşlarymyzy has-da güýçlendirmek mümkinçiligi bar. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||