18:05 A.M.Gorkä hat | |
A.M.GORKÄ HAT
Edebi makalalar
25.11.1908. Gadyrly A.M.! Siziň hatyňyza dessine jogap bermedim, çünki Siziň makalaňyz barasynda ýa-da şonuň bilen käbir baglanyşyklylykda bizde, bu birinji gezek göräýmäge nähili geň bolsa-da, redaksiýada Al. Al. bilen örän agyr çekeleşme boldy... Hm, hm... meniň aýdanym Siziň pikir eden ýeriñiz barada we Siziň pikir eden meseläñiz barada däl! Iş şeýle boldy. "Marksizm filosofiýasynyň oçerkleri" diýen kitap bolşewikleriň arasynda filosofiýa meseleleri boýunça köpden bäri dowam edip gelýän agzalalyklary aýratyn-da ýitileşdirdi. Men metbugat ýüzünde çykyş etmeklige gyssanyberer ýaly özümi şu meseleler barada ýeterlik komponentli hasap etmeýärin. Emma meni filosofiýa boýunça özümiziň partiýalaýyn çykyş etmelerimize, 80-nji ýyllaryň ayaklarynda we 1895-nji ýyla çenli Plehanowyň Mihaýlowskä hem-de onuň kompaniýasyna garşy alyp baran göreşinden başlap, hemişe dykgat bilen syn edip geldim, soñra edil şonuň 1898-nji we ondan sonraky ýyllarda kantçylara garşy alyp baran göreşine-de (eýýäm men bu ýerde diñe bir syn edip durman, eýsem 1900-njy ýyldan başlap "Zarýanyň" redaksiýasynyň çleni hökmünde birneme gatnaşypdym hem), galyberse-de, ýene şonuň empiriokritiklere we olaryň kompaniýasyna garşy alyp baran göreşine-de syn etdim. Bogdanowyň filosofiýa baradaky eserlerine men onuň "Tebigata taryhy garaýyş" hakyndaky energetiki kitabyndan syn edip başladym, şu kitaby men Sibirde bolan mahalym örän pugta öwrendim. Bogdanow üçin şol pozisiýa diñe beýleki filosofiki garaýyşlara geçiş bolupdy. Men onuň hut özi bilen 1904-nji ýylda tanyş boldum, şonda biz derrew biri-birimize sowgat berişdik: men "Ädimlerimi" sowgat berdim, ol özüniň şol wagtky filosofiki işiniň birini berdi. Şeýlelikde, özüniň garaýyşlarynyň dogrudygyna meniň ynamymy öz ýazgylary bilen düýpli suratda gaçyrýandygy we Plehanowyň garaýyşlarynyň dogrudygyna meniň ynamymy öz ýazgylary bilen düýpli suratda ynandyrýandygy barada men oña dessine (1904-nji ýylyň ýazynda ýa-da başlarynda) Ženewadan Parile hat ýazdym. Biz Plehanow ikimiz, bile işlän mahalymyzda, Bogdanow hakynda telim gezek gürrüňleşipdik. Plehanow Bogdanowyň garaýyşlarynyň ýalňyşlygyny maña düşündirýärdi, emma bu gyşarmany şeýle bir uly diýip asla hasap etmeýärdi. "Realistik dünýägaraýşyň oçerkleriniň" redaksiýasyndan gelen delegat bilen 1903- nji ýylyň tomsunda Plehanow ikimiziň "Zarýanyň" redaksiýasynyň adyndan Ženewada gürrüň edenimiz oňar ýadyma düşýär, şonda men agrar mesele boýunça, Plehanow Maha garşy filosofiýa boýunça hyzmatdaşlyk etmäge razylaşypdyk. Plehanow özüniň Maha garşy çykyş etmegini hyzmatdaşlygyň şerti edip goýupdy, - bu şerti "Oçerkleriň" redaksiýasynyň delegaty doly derejede kabul edipdi. Plehanow şol wagtda Bogdanowa rewizionizmiň garşysyna bolan göreşdäki soýuzdaş, emma Ostwaldyň yzy bilen we sonra hem Mahyň yzy bilen gidýändigi sebäpli ýalňyşýan soýuzdaş hökmünde garaýardy. 1904-nji ýylyň tomsunda we güýzünde biz, bolşevikler hökmünde, Bogdanow bilen gutarnykly suratda barlyşypdyk, şeýlelikde sessiz-üýnsüz we filosofiýany bitarap pudak hökmünde sessiz-üýnsüz aradan aýyrýan bileleşik baglaşypdyk, şol bileleşik rewolýusiýanyň bütün döwürnde dowam edip geldi hem-de rewolýusion sosial-demokratiýanyň (=bolşewizmiň), meniň gözümiň örän ýetişine görä, ýeke- täk dogry taktikasyny rewolýusiýa bileleşip geçirmeklige bize mümkinçilik berdi. Rewolýusiýanyň jygba-jygly wagtynda filosofiýa bilen az meşgullanmaly bolýardy. 1906-njy ýylyň başlarynda Bogdanow türmede ýene-de bir zat ýazypdy, "Empiriomonizmiň" III goýberilişi bolsa gerek. Ol 1906-njy ýylyň tomsunda şony maña sowgat berdi we men ony dykgat bilen okap öwrenmeklige girişdim. Okap görüp, biçak gaharlandym we gazaplandym: onuň marksistik ýol bilen däl- de, barypýatan nädogry ýol bilen barýandygy meniň üçin has-da aýdyň boldy. Men şol wagt oňa "söýgi hatyny", filosofiýa barada üç depderjik möçberinde hatjagaz ýazdym. Men şol hatymda oňa özümiň filosofiýada, elbetde, rýadowoý marksistdigimi, emma hut onuň aýdyň, populýar, ajaýyp ýazylan eserleriniň meni onuň aslyýetinde bimamladygyna we Plehanowyň mamladygyna gutarnykly suratda ynandyrýandygyny beýan edipdim. Şol depderjikleri men käbir dostlara (şol sanda Lunaçarskä) görkezdim we "Rýadowoý marksistiň filosofiýa hakyndaky bellikleri" diýen mowzug bilen çap etmekligi pikir etdim, emma ugruna çykmadym. Şony şol wagtyň özünde ur-tut çap etmändigime indi ökünýärin. Şol depderjikleri agtaryp tapmaklygy we maña ibermekligi haýyş edip, ýaňy-ýakynda Pitere hat ýazdym. Häzir "Marksizm filosofiýasynyň oçerkleri" çapdan çykypdyr. Men Suworowyň makalaasyndan başga (ony okaýaryn) hemme makalalary okap çykdym we her bir makalany okadygymça, gahar-gazapdan ýaňa hut içim ýandy. Ýok, bu marksizm dal! Şeýlelikde, biziň empiriokritiklerimiz, empiriomonistlerimiz empiriosimwolistlerimiz çalpawa batýarlar. Daşarky dünýäniň reallygyna "ynanmaklygyň" "mistikadygyna" okyjyny ynandyrjak bolmak (Bazarow), materializmi we kantçylygy in erbetlik bilen garjaşdyrmak (Bazarow we Bogdanow), agnostisizmiň (empirikritisizm) we idealizmiň (empiriomonizm) dürli görnüşlidigini ündemek, işçilere "dini ateizmi" we ýokary ynsan potensiýalarynyň öňünde "baş egmekligi" öwretmek (Lunaçarskiý), - Engelsiň dialektika hakyndaky taglymatyny mistika diýip yglan etmek (Berman), - "akyl ýetirmegiň simwolistik teoriýasy" bilen haýsydyr bir fransuz "pozitiwistleriniň" - agnostikleriniňmi ýa-da metafizikleriniňmi, şeytan bilsin, aňkap duran çeşmesinden susup almak (Ýuşkewiç)! Ýok, bu juda çenden çykma bolýar. elbetde, biz, rýadowoý marksistler, filosofiýada okamyş adamlar däldiris, - emma şoňa meňzeş zatlary bize marksizmiň filosofiýasy hökmünde hödürläp, biziň şeýle göwnümize degmekligiň nämä geregi bar? şoňa meňzeş zatlary ündeýän organa ýa-da kollegiýa gatnaşmaklyga razy bolanymdan men özümi parçalatdyranymy has gowy görerin. "Rýadowoý marksistiň filosofiýa hakyndaky belliklerine" meniň ýene-de yhlasym göterildi we men olary ýazyp başladym. Al. Al.-çe bolsa meniň "Oçerkleri" okamagymyň prosesinde - men özümde galan täsirleri, elbetde, gös-göni we gödek suratda beyan etdim. Bu yerde meniň makalamyň näme dahyly bar? diýip, Siz sorarsyňyz. Onuň dahyly şundan ybarat: bolşewikleriň arasyndaky şol pikir aýralyklary aýratyn ýitileşmek wehimini salan wagty bolan hut şeýle bir mahalda, Siz "Proletariý" üçin öz yazan eserinizde bir akymyň garaýyşlaryny äşgär suratda beyan edip başlaýarsyňyz. Tutuşlaýyn alanyňda Siziňkide neneňsi we näme bolup çykjagyny men, elbetde, bilmeýärin. Ondan başga-da, hudožnik her bir filosofiýadan özi üçin peýdaly köp zatlary alyp biler diýip, men hasap edýärin. Galyberse-de, çeper döredijilik meselelerinde Sizin örän ussatdygyňyz bilen we özüňiziň bütin çeperçilik tejribäñizden-de, hiç bolmanynda idealistik filosofiýadan-da şoña meňzeş garaýyş alyp, Siziň işçiler partiýasyna ägirt uly peýda getirjek netijelere gelip biljekdiginiz bilen men doly derejede hem-de gürrüňsiz ylalaşýaryn. Bularyň hemmesi şeýle. Şeýle hem bolsa, ugur hökmünde, rus sosial-demokratlarynyň rewolýusion ganatynyň taktiki liniýasy hökmünde bolşewikleri empiriokritisizm ýa-da empiriomonizm bilen baglanyşdyrmak üçin okyjylara hiç bir esas bermän, "Proletariý" biziň filosofiýadaky bütin pikir aýralygymyza bütinleý bitarap bolup durmalydyr. Men Siziň makalaňyzy okap we gaýtadan okap, A.A.-çe onuň çap edilmegine men garşy diýip aýdan mahalymda, onuň ýüzünden gar ýagdy. Biziň aramyzda gös-göni bölünişik ýagdaýy ýüze çykdy, biz meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin düýn özümiziň redaksion üçlügimiziň ýörite mejlisini çagyrdyk. Bu yerde "Neue Zeit" žurnalyndaky bir kelesaňlyk çykyşy bize duýdansyz kömek etdi. Bir näbelli terjimeçi 20-nji nomerde Bogdanowyň Mah hakyndaky makalasyny ýerleşdiripdir, onda-da sözbaşysynda ol Plehanow bilen Bogdanowyň agzalalyklarynyň rus s.-d.-leri arasynda bolşewikleriň we menşewikleriň fraksion agzalalygyna öwrülmek meýli bar diýip samsyklapdyr! Şol sözbaşyny ýazan samsyk erkek adam ýa-da samsyk aýal bizi şol sözleri bilen jebisleşdirdi. Biziň bitaraplygymyz hakynda häzir "Proletariniň" birinji nomeriniň özünde beýan etmekligiň zerurdygyna biz bada-bat ylalaşdyk. Bu meniň "Oçerkler" çykandan soňraky pikir-hyýalyma örän laýyk gelýärdi. Beýannama düzdük, biragyzdan tassykladyk, ol ertir "Proletariniň" 21-nji nomerinde çykýar we Size iberilýär. Siziň makalaňyz barasynda aýdanymyzda bolsa, "Proletariniň" üç redaktorynyň her biriniň aýratynlykda ýazan hatynda, ýagny üç hatda işiň bütün ýagdaýyny beýan edip we meniň hem-de Bogdanowyň Siziň ýanyňyza barmagymyzy çaltlaşdyryp, şol makala hakyndaky meseläni häzirlikçe galdyrmagy karar etdik. Diýmek, Siz Al. Al.-den-de, üçünji redaktordan-da hat alarsyňyz, men ol hakda Sizi ozal bir gezek ýazypdym. Men öz pikirimi Size doly dederjede gös-göni aytmagy zerur hasap edýärin. Men filosofiýa hakyndaky mesele boýunça bolşewikleriň arasynda garaz bir çekeleşmäniň bolmagy indi bütinleý gutulgysyzdyr diýip hasp edýärin. Emma şol sebäpli bölünişibermeklik, meniň pikirimçe, akmaklyk bolardy. Biz işçiler partiýasynda belli bir taktika ýöretmek üçin bileleşik baglaşypdyk. Biz şol taktikany agzalalyksyz ýöredip geldik we häzire çenli hem ýöredip gelýäris (III Dumany boýkotlamak hakynda diñe bir gezek agzalalyk bolupdy, emma ol, 1- njiden, hiç wagt biziň aramyzda bölünişigiň hatda bir yşaratynyň-da emele gelmegine çenli ýitileşmāndi; 2-njiden, ol materialistleriň we mahistleriň agzalalygyna laýyk gelmeýärdi, çünki, mysal üçin, mahist Bazarow, meniň bolşum ýaly, boýkota garşydy we bu barada "Proletaride" ullakan felýeton ýazypdy). Materializmmi ýa mahizm diýen jedellere kowalaşyp, işçiler partiýasynda rewolýusion sosial-demokratiýanyň taktikasyny ýöretmek işine päsgel bermeklik, meniň pikirimçe, bagyşlanuwsyz akmaklyk bolardy. Biz filosofiýa üstünde çekeleşenimizde şunuň bilen "Proletariniň" we partiýa fraksiýasy hökmünde bolşevikleriň çetine degilmez ýaly edip çekeleşmelidiris. Munuň özi-de doly derejede mümkindir. Siziň-de, meniň pikirimçe, şoňa kömekleşmegiňiz gerek. Siz edebiýat tankydynyň, publisistikanyň hem-de çeper döredijiligiň we ş.m.-leriň bitarap (ýagny filosofiýa bilen hiç bir baglanyşygy bolmadyk) meseleleri boýunça "Proletaride" işlemegiñiz bilen kömek edip bilersiniz. Öz makalaňyzy bolsa, eger öňüni almaga kömek bermek isleýän bolsaňyz, Siz täzeden üýtgedip ýazmaly bolarsyňyz: Bogdanowyň filosofiýasy bilen hatda gytaklaýyn-da baglanyşykly bolan zatlaryň hemmesini başga ýere geçirmeli bolarsyňyz. Siziň, hudaýa şükür, "Proletariden" başga-da ýazara ýeriñiz bar. Bogdanowyň filosofiýasy bilen baglanyşykly bolmadyk zatlaryň hemmesini, Siziňkide bolsa makalanyň köp bölegi şol filosofiýa bilen baglanyşyksyzdyr, "Proletariý" üçin ençeme makalada beýan etmek gerek. Siziň özüňizi başgaça alyp barmagyňyz, ýagny öz makalaňyzy täzeden üýtgedip ýazmakdan yüz döndermegiñiz ýa-da "Proletaride" hzymatdaşlyk etmekden ýüz döndermegiňiz, meniň pikirimçe, bolşewikleriň arasynda konfliktiň ýitileşmegine, täze çekeleşigiň öňüni almagyň kynlaşmagyna, Russiýada rewolýusion s.-d.-leriň wajyp, praktiki we syýasy taýdan zerur işiniň gowşadylmagyna gutulgysyz suratda alyp barar. Meniň pikirim şeýle. Men Size aýtmakçy bolan zatlarymyň hemmesini aýtdym we indi Siziň jogabyňyza garaşjakdyryn. Biz Siziň ýanyňyza şu gün gitmekçidik, emma azyndan bir hepde, belki, iki-üç hepde gaýra goýmaly bolaýdy. Eliňizi berk gysýaryn. Siziň N.Lenininiz. # Ženewadan Kapri adasyna (Italiýa) iberildi. İlkinji gezek 1924-nji ýylda birinji Lenin ýygyndysynda çap edildi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |