13:33 Russiýada rewolýusiýanyñ başlanmagy | |
RUSSIÝADA REWOLÝUSIÝANYŇ BAŞLANMAGY
Taryhy makalalar
Ženewa, çarşenbe 25 (12)-nji ýanwar Russiýada iň beýik taryhy wakalar bolýar. Proletariat sarizme garşy gozgalaň etdi. Proletariat gozgalaň etmek derejesine hökümet tarapyndan ýetirildi. Işi harby güýç ulanmaklyga çenli ýetirmek isläp, staçka hereketiniň birneme päsgelçiliksiz ösmegine we giň demonstrasiýalaryň başlanmagyna hökümetiň bilgeşleýin ýol berendigine indi şübhe bolup bilmese gerek. Hökümet bu işi şol derejä ýetirdi hem! Müňlerçe adam öldürildi we ýaralandy – Peterburgda 9-njy ýanwardaky ganly ýekşenbäniň jemleri şeýledir. Goşun ýaragsyz işçileri, aýallary we çagalary ýeňdi. Goşun bagryny ýere berip ýatan işçileri atyp, duşmandan üstün çykdy. Indi patyşa hyzmatkärleri we bularyň konserwatiw buržuaziýadan bolan ýewropaly hyzmatçylary: “biz olara oňat sapak berdik!” diýip, görlüp-eşdilmedik haýasyzlyk bilen aýdýarlar. Hawa, beýik sapak boldy! Rus proletariaty bu sapagy ýatdan çykarmaz. Patyşa sadalyk bilen ynanan we halys bolan halkyň haýyşyny “patyşanyň özüne” asuda gowşurmagy tüýs ýürekden arzuw eden işçiler synpynyň iň taýýarlyksyz we iň yzagalak gatlaklary, bularyň hemmesi patyşa tarapyndan ýa-da patyşanyň kakasynyň dogany beýik knýaz Wladimir tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän harby güýçden sapak aldy. Işçiler synpy graždanlyk urşunyň beýik sapagyny aldy; proletariatyň rewolýusion terbiýesi bir günüň içinde öňe örän uly ädim ätdi, ol öçügsi, adaty, aýak astyna salnan durmuşyň aýlary we ýyllary hem şeýle ädim ädip bilmejekdi. Gahryman Peterburg proletariatynyň: “ýa ölüm, ýa-da azatlyk!” diýen şygary ýaňlanyp, indi bütin Russiýa ýaýraýar. Wakalar haýran galdyryjy çaltlyk bilen ösýär. Peterburgda ähliumumy staçka ösýär. Bütin senagat, jemgyýetçilik durmuşy we syýasy durmuş ysgyndan düşürildi. 10-njy ýanwarda duşenbe güni işçileriň goşun bilen çaknyşyklary has gazaplaşýar. Hökümetiň ýalan habarlarynyň tersine paýtagtyň köp we köp ýerlerinde gan dökülýär. Kolpino işçileri aýak üstüne galýarlar. Proletariat ýaraglanýar we halky ýaraglandyrýar. Işçiler Sestroseskiý ýarag sakladyny eýelediler diýip aýdýarlar. Işçiler sapança bilen ýaraglanýarlar, özleriniň instrumentlerinden özlerine ýarag ýasanýarlar, azatlyk ugrunda gazaply göreşmek üçin bombalary ele salýarlar. Ählumumy staçka welaýatlary öz içine alýar. Moskwada 10.000 adam eýýäm işi taşlady. Moskwada ertir (13-nji ýanwarda penşenbe gününde) ählumumy staçka geçirmeklik bellendi. Rigada pitne turzuldy. Lodzda işçiler manifestasiýa geçirýärler, Warşawa gozgalaňa taýýarlanýar, Gelsingforsda proletariatyň demonstrasiýalary bolýar. Bakuda, Odessada, Kiýewde, harkowda, Kownoda we Wilnoda işçileriň närazylyk hereketleri ösýär hem-de iş taşlaýyş giňelýär. Sewastopolda deňiz wedomostwosynyň skladlary we gorhanasy ýanýar we goşun gozgalaň eden matroslara ok atmakdan ýüz dönderýar. Rewelde we Saratowda staçka bolýar. Radomda işçileriň we zapasdakylaryň goşun bilen ýaragly çaknyşygy bolýar. Rewolýusiýa ulalýar. Hökümet eýýäm urnup başlaýar. Ol ganly jeza-çäreler syýasatyndan ykdysady eglişiklere geçmäge we bermit bilen ýa-da dokuz sagatlyk iş gününi wada etmek bilen sypmaga synanyşýar. Emma ganly günüň sapagy biderek galyp bilmez. Gozgalaň eden Peterburg işçileriniň talapy – ählumumy, göni, deň we ýaşyryn saýlaw hukugy esasynda uçreditel ýygnagy derrew çagyrmak talaby bolmalydyr. Hökümet derrew agdarmaly – hatda patyşa ynanan Peterburg işçileri-de 9-njy ýanwaryň gyrgynyna şeýle şygar bilen jogap berdiler, özleriniň serdary, swýaşennik Georgiý Gaponyň dili bilen şeýle jogap berdiler, Gapon şol ganly günden soň şeýle diýdi: “Indi biziň patyşamyz ýok. Patyşa bilen halkyň aralgynda gan derýasy bar. Ýaşasyn azatlyk ugrundaky göreş!” Biz: ýaşasyn rewolýusion proletariat! Diýeris. Ählumumy staçkalar işçiler synpynyň we şäher garyplarynyň barha has giň köpçüligini aýak üstüne galdyrýar we mobilizleýär. Halky ýaraglandyrmak rewolýusion pursatyň iň ýakyn wezipeleriniň birine öwrülýär. Halk azatlygynyň hakyky daýanjy diňe ýaraglanan halk bolup biler. Şeýle bolansoň, ýaraglanmak proletariata näçe tiz başartsa, ol özüniň iş taşlaýjylyk-rewolýusionerlik harby pozisiýasynda näçe köp durup bilse, goşun şonça-da tiz tisginer, ahyrda, özleriniň näme edýändigine düşünjek adamlar, ýezitlere garşy, zalyma garşy, ýaragsyz işçileri, olaryň aýallaryny we çagalaryny öldürijilere garşy halkyň tarapyna geçjek adamlar soldatlaryň arasynda şonça-da köp tapylar. Peterburgyň özünde häzirki gozgalaň nähili gutarsa-da, her halda, ol öňküden-de has giň, has düşünjeli, has taýýarlykly gozgalaňyň gürrüňsiz we hökman birinji basgançagy bolar. Hökümet hasaplaşmak sagadyny, belkem, uzaklaşdyryp biler, emma uzaklaşdyrmaklyk rewolýusuon zor salyşyň indiki ädimini diňe has äpet ädime öwrer. Uzaklaşdyrmakdan diňe sosial-demokratiýa guramaçylykly urşujylaryň hatarlaryny jebisleşdirmek we Peterburg işçileriniň başlan işi hakyndaky habarlary ýaýratmak üçin peýdalanar. Proletariat fabrikleri we zawodlary taşlap, özüne ýarag taýynlap, göreşe biriger. Azatlyk ugrunda göreş şygarlary şäher garyplarynyň arasyna, millionlarça daýhanlaryň arasyna barha giň we giň ýaýrar. Her bir fabrikde, şäheriň her bir raýonynda, her bir uly obada rewolýusuion komitetleriň düýbi tutular. Gozgalaň turzan halk patyşa samoderžawiýesiniň hemme we her hili hökümet edaralaryny agdaryp, uçreditel ýygnagyň derrew çagyrylmagyny jar eder. Hökümet häkimiýetlerini we edaralaryny ýok etmek üçin işçileri we umuman ähli graždanlary derrew ýaraglandyrmak, rewolýusion güýçleri taýýarlamak we guramak praktiki esas bolup, umumy zarp urmak üçin hemme we her hili rewolýusionerler ine şol praktiki esasda birleşip bilerler we birleşmelidirler. Sosial-demokratik partiýa bilen özüniň aragatnaşygyny gowşatman, özüniň beýik ahyrky maksatlaryny – ähli adamzady her hili eksplutasiýadan halas etmek maksadyny ýatda saklap, proletariat hemişe özüniň özbaşdak ýoly bilen gitmelidir. Emma sosial-demokratik proletar partiýasynyň şol özbaşdaklygy häzirki rewolýusiýa pursatynda umumy rewolýusion zor salyşyň möhümligini ýatdan çykarmaga bizi hiç wagt mejbur etmez. Biz, sosial-demkratlar, proletariatyň synpy özbaşdaklygyny gorap, buržuaz demokratiýasynyň rewolýusuonerlerine garaşsyz gidip bileris we gitmelidiris, emma biz gozgalaň wagtynda, sarizme garşy gös-göni zarplar urlanda, goşuna gaýtawul berlende. Bütin rus halkynyň näletlenen duşmanynyň bastiliýasyna hüjüm edilende eli-ele berip olar bilen bile gitmelidiris. Indi bütin dünýäniň proletariaty örän sabyrsyzlyk bilen bütin Russiýa proletariatyna garaýar. Biziň işçiler synpymyzyň Russiýada sarizmi gahrymanlyk bilen agdaryp başlamagy ähli ýurtlaryň taryhynda öwrülişik punkty bolar, ähli döwletlerde, ýer şarynyň ähli künjeklerinde hemme milletleriň ähli işçileriniň işlerini ýeňilleşdirer. Şoňa görä-de goý, her bir sosial-demokrat, goý, her bir düşünjeli işçi indi ählihalk göreşiniň öz gerdenine düşýändigini ýatda saklasyn. Ählihalk duşmanyna garşy bütin daýhanlaryň-da, bütin zähmetkeşler we eskplutatirlenýänler köpçüliginiň-de, bütin halkyň-da, hajatlaryny we bähbitlerini özüniň bildirýändigini, goý, ol ýatdan çykarmasyn. Indi Peterburgyň gahryman proletariatynyň göreldesi hemmelriň gözüniň öňünde dur. Ýaşasyn rewolýusiýa! Ýaşasyn gozgalaň eden proletariat! # “Вперед” 1905-nji ýylyň 31(18)-nji ýanwary №4. Eserleriniň doly ýygyndysy boýunça çap edilýär, 9-njy tom, 201-202-nji sah. W.I.Lenin “Saýlanan eserler”, “Türkmenistan” neşirýaty, Aşgabat-1990 ý, sah 1-4. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |