ABA SERDARYÑ GOZGALAÑY
■ Aba serdaryñ gozgalañynyñ sebäpleri
XVI asyryñ ortalarynda Etrek-Gürgen boýlarynda ýaşan "Söýünhan" ýa-da "ýaka türkmenleri" esasan gyzylbaşlaryñ döwleti bilen Horezmiñ arasynda, ýagny iki oduñ arasynda heläkçilik çekýärdiler. Bularyñ üstüne bir tarapdan-a gyzylbaşlar häkim belleýärdiler, ikinji tarapdanam Horezmiñ Durundaky ýarym özbaşdak häkimleri öz agalygynu dikeltjek bolup synanyşýardylar.
Durun häkimi Aly-soltan Eýrana garşy duşmançylykly syýasaty Astrabat türkmenleriniñ üsti bilen amala aşyrmaly bolýardy. Ol bu ýerlere ýöriş edip, okly-gökleñlerden salgyt ýygnamak bilen meşgullanypdyr. Umuman, Astrabat türkmenleriniñ syýasy ýagdaýy çylşyrymlaşýardy. Eýran olary Horezmiñ raýaty diýip ykrar etse-de, özüne bähbitli pursat bolan wagty "Söýünhan" ýa-da "ýaka türkmenleri" Astrabatdaky gyzylbaşlaryñ dikmesine tabyn bolmalydyr diýip talap edýärdi.
Bu türkmenler ekerançylygy maldarçylyk, balykçylyk we awçylyk bilen utgaşdyryp alyp barýardylar we isleseler-islemeseler-de Astrabat häkimine baglydylar. Olar Astrabada täze häkimdar bellenipdir diýip eşitseler, ony gutlamaga gelýärdiler, sowgat berýärdiler. Bu bolsa türkmenleriñ belli bir derejede Astrabat häkimlerine tabyndyklaryny görkezýär. Emma bu tabynlyk örän ýüzleýdi, durnukly däldi. Şonuñ üçin hem şa Tahmasp türkmenlerden ätiýajy elden bermejek bolup, Gürgen derýasynyñ kenarynda Mübärekabat diýen galany gurdurýardy. Bu gala Astrabadyñ 18 km demirgazyk-gündogarynda türkmenleriñ oturýan ýerinde, häzirki Akgala şäheriniñ territoriýasynda ýerleşen bolmaly. Özem diñe Astrabady türkmenlerden goramak maksady bilen salnypdyr.
Emma bu galanyñ gurulmagy-da türkmenleriñ Astrabada salýan howpunyñ öñüni alyp bilmändir.
■ Okly türkmenleri kim?
Biz ýokarda "Söýünhan" ýa-da "ýaka türkmenleriñ" kimdigi barada, oña okly, gökleñ, salyr, eýmir taýpalarynuñ girýändigi, okly bilen gökleñleriñ ýakyndygy, "Söýünhan" toparlarynyñ has giñ many berýän bolmagy barada durup geçipdik.
Okly türkmenlerini parsy dilli çeşmelerde "ohlu" diýip ýazýarlar. Abulgazy bolsa gös-göni "okly" ýa-da "okly-gökleñ" görnüşinde, ýagny türkmenleriñ öz dilinden eşidenini ýazýar.
1550-nji ýylda Astrabada gyzylbaşlaryñ Şahberdi soltan atly dikmesi gelýär (A.Ý.Ýakubowskiý onuñ adyny "Keleç Şahberdi", ýagny "sakaw Şahberdi" diýip tutýar). Türkmenler ony gutlamaga gelipdirler, sowgat getiripdirler. Gutlamaga gelenleriñ arasynda Aba atly bir ýaş görmegeý ýigit bar ekeni. Şahberdi soltan şoña gözüni dikipdir, ýagny gözi gidipdir. Sene ýazyjy Hasan bek Rumly Şahberdini "akmak emir" diýip atlandyrýar we türkmenleriñ şol samsyga sowgat getirenini geñ görüpdir.
Aba okly taýpasynyñ serkerdesidi. Oña Şahberdi soltanyñ gözüni aýyrman seretmegi beýlekiler üçin Abany ýañsylamaga bahana bolupdyr we onuñ gulagyna ýakmajak zatlary diýipdirler. Abulgazy Abanyñ adyny diñe "Aba beg" diýip tutýar.
Aba beg bu masgaraçylyga gahar edip, Astrabady taşlap gaýdýar we öz taýpasynyñ içine gelip, Şahberdiniñ okly taýpasyna wekil edip iberen garyndaşy Şatyr begi şatyr-şutur öldürýär. Ol öz töweregine batyr ýigitleri ýygnap, atly otrýad döredýär. Aba bege temmi bermek üçin Astrabatdan çykan Şahberdi soltan bilen bolan söweşde üstün çykyp, onam öldürýär. Şeýlelikde Aba beg, Aba serdar adyny alyp, türkmenleriñ Astrabat häkimlerine, umuman gyzylbaşlara garşy gozgalañyna ýolbaşçylyk edýär. Abanyñ Şahberdi soltana eden gahary gozgalañ üçin bahana bolýar.
Aba serdaryñ gozgalañy başlanan döwürde şa Tahmasp günbatarda Osmanly imperiýasy bilen uruşýardy. Ol osmanlylaryñ geçirýän harby operasiýalaryna çydaman, öz paýtagtyny Töwrizden Kazwine (Gazmine) geçirmäge mejbur bolupdy.
Aba serdar şa Tahmaspyñ dikmesini öldürdenden soñ, basym Astrabady eýeleýär, onuñ gozgalañy bäş ýyla golaý üstünlikli dowam edipdir. Şa Tahmaspyñ Aba serdaryñ gozgalañyny basyp ýatyrmaga eli degenokdy. Ol osmanlylaryñ garşysyna alyp barýan uruşlary bilen başagaýdy. Şu ýagdaýdan peýdalanyp, Aba serdar tä 1555-nji ýyla çenli Astrabady bir özi sorapdyr. Haçan-da şol ýyl Eýranyñ goşunlary onuñ gozgalañyny basyp ýatyrmak maksady bilen Astrabada gelende, Aba serdar Horezmiñ Durundaly dikmesi Aly-soltana kömek üçin ýüzlenýär.
Elbetde, Eýranyñ regulýar goşunlary gelýänçä gyzylbaşlaryñ ýerli häkimleri Aba serdaryñ gozgalañyny basyp ýatyrmaga birnäçe gezek synanyşyk edipdirler. Emma hötdesinden gelip bilmän, her gezek ýeñilýärdiler we özlerini men diýip öñe çykan adamlarynyñ köpüsini ýitiripdirler.
Eýran ýazuw çeşmelerinde Aba serdaryñ ýaka türkmenlerindendigi, pitneçilik üçin ata çykyp, gan döküşlik edesi gelýändigi, bulagaýlyk isleýändigi we onuñ bu tutan işiniñ we aýdýan zatlarynyñ boş samramadygy bellenýärdi. Aba serdar barada näme ýazsalaram, astrabatly gyzylbaş häkimleri oña hiç hili degerli garşylyk görkezip bilmändir. Elbetde, bu ýagdaý Aba serdaryñ at-abraýynyñ arşa çykmagyna, umuman Astrabat türkmenleriniñ owazasynyñ artmagyna getirdi.
■ Aba serdar bilen Aly soltanyñ gatnaşygy
Eýranyñ regulýar goşunlarynyñ Astrabada ýöriş etmegi mynasybetli Aly soltan Aba serdaryñ kömek baradaky haýyşyny kanagatlandyrýar we agyr goşun bilen bärden barýar. Emma iki goşunyñ arasynda söweş bolmandyr. Eýran çeşmeleriniñ berýän maglumatyna ynansañ Aly soltan Eýranyñ goşunlarynyñ has köpdügine göz ýetirip, açyk söweş etmäge gorkupdyr we gepleşige başlapdyr. Eýranlylara-da geregi şoldy. Olar derrew ylalaşyga gelip, iki arada şertnama baglaşypdyrlar.
Şertnama boýunça Aly soltan Aba serdaryñ öz taýpasyna dolanyp, Asrtabat häkimleri bilen ylalaşykly ýagdaýda ýaşajakdygyna söz berýär. Gyzylbaşlaryñ harby serkerdeleri bolsa oña hiç hili azar bermejeklerini aýdypdyrlar. Şeýle şertnama baglaşyp, Aly soltan yzyna dolanypdyr. Bu şertnamanyñ gyzykly ýeri Aba serdary çetde galdyryp, onuñ adyndan Aly soltanyñ wada berip, onuñ gelejekde özüni oñat alyp barjakdygyna kepil geçmegidir. Bu bolsa, birinjiden-ä, Aba serdaryñ jogapkärçiligini Aly soltanyñ öz boýnuna almagyny añladýar. Ikinjidenem, Aly soltanyñ diñe öz bähbidini araýandygyny, Aba serdaryñ gozgalañyny öz peýdasy üçim ulanýandygyny görkezýär.
Ol Astrabada baranda, wagtyny biderek ýitirmä, gozgalañ eden türkmenlerden Horezmiñ gaznasyna ýygnalmaly salgytlary doly ýygnap alypdyr. Bu işe onuñ hut özi baştutanlyk edipdir. Şeýlelikde, ol Aba serdaryñ gozgalañynyñ beren miwesini ýeke özi ýygýar. Astrabat türkmenleriniñ arasynda öz täsirini güýçlendirip, olary özüniñ salgyt töläp ýören raýaty hasap edipdir.
Emma Aba serdaryñ hem astrabat türkmenleriniñ arasynda abraýy uludy. Oña diñe okly taýpasy tabyn däldi, eýsem bütin türkmenleriñ arasynda, ähli Astrabat welaýatynda ol ykrar edilen baş serkerde hökmünde tanalypdyr.
■ 1557-1558-nji ýyllarda Astrabatda bolan aýgytly söweş
Aly soltanyñ gyzylbaşlar bilen Aba serdaryñ indiden beýläk özüni ylalaşykly (loýal) alyp barjakdygy barada eden şertnamasy basym bozulýar. Eýýäm 1557-1558-nji ýyllarda Aba serdar Astrabady ýamaşgan gutarnykly suratda basyp alypdyr. Ýerli häkimler bu gezek hem hiç hili garşylyk görkezip bilmändirler. Kazwinden "Aba serdary ýok etmegiñ çäresini tapmaly" diýen wezipe bilen bir topar serkerdeleri regulýar goşuna baştutan edip iberipdirler.
Aba serdar gyzylbaşlaryñ goşunlary bilen ençeme gezek söweşler edip, yza çekilmäge we ýene-de Aly soltana kömek üçin ýüz tutmaga mejbur bolupdyr.
Abulgazynyñ maglumatyna görä, Aly soltan şol wagt 3.000 goşun bilen Astrabada türkmenlerden nobatdaky salgydy ýygnamaga gelen ekeni we garaşylmadyk ýerdsn Eýran goşunlary bilen ýüzbe-ýüz bolup sataşypdyr. Ol Gürgen kenaryna çekilip, gyssagly goranmaga taýynlanypdyr. Içi çägeli haltalardan, çöküp oturan düýelerden berkitme ýasap, lageriñ daşyna hendek gazypdyr. Onuñ üç müñ esasan pyýada goşunyny gyzylbaşlaryñ 12 müñ regulýar goşuny gabapdyr. Aly soltan güýjüñ deñ däldigi zerarly zordan goranypdyr. Diñe gyzylbaş serkerdeleriniñ ýaýdanmaçlyk edip, aýgytly herekete geçmezligi we olaryñ agzalalygy ony ölümden halas edipdir.
Bu söweşiñ gidişi barada we onuñ dowamybda Aba serdaryñ tutan orny, eden hereketleri barada Abulgazynyñ berýän maglumatlary üns bermeklige mynasypdyr.
Söweşiñ iñ dartgynly pursatynda Aba serdar Aly soltandan öz atlylary bilen gyzylbaş goşunlarynyñ arkasyndan (tylyndan) urmaga rugsat bermegini haýyş edýär. Şu rugsady almak üçin Aba serdar Aly soltanyñ lagerine ýany bilen 300 sany tanymal adamlardan ybarat atlysyny alyp, ýörite gelýär. Ol lageriñ öñündäki açyk sähra meýdana gelip, hemme atlylara atdan düşüp, atlarynyñ jylawundan tutup durmagy haýyş edýär we Aly soltan göwnüne hiç hili müñkürlik getirmesin diýip, bir özi onuñ huzuryna barýar.
Aba serdaryñ şeýle seresaplylyk etmegi Aly soltandan ätiýajy bolany üçin gerek bolupdyr. Ol özbek hany özüne ynanmaz, Aba serdar dönüklik etjek bolýandyr öýdüp, müñkür bolar diýen niýet bilen bir özi kellesini etegine salyp, Aly soltanyñ ýanyna barýar. Aba serdaryñ özüni şeýle batyrgaý alyp barmagy netijesinde Aly soltan oña ynanypdyr we gyzylbaşlaryñ arkasyna aýlanyp, çozuş etmegine razylyk beripdir.
Aba serdar öz atlylaryny alyp gidenden soñ Aly soltanyñ ýakynlary oña "Sen ýañkyny nähak sypdyrdyñ, ol hökman dönüklik eder" diýip igenipdirler.
Aba serdaryñ gyzylbaşlaryñ arkasyndan hüjüm etmegi örän şowly bolupdyr. Aly soltanyñ goşunlary bilen birleşip, Eýran goşunlaryny ýeñipdirler, köp adamlary gylyçdan geçiripdirler, Gürgeniñ suwuna müñ adam çemesi gark bolupdyr. Aly soltan bilen Aba serdar ummasyz mukdarda olja alypdyrlar. Hasan bek Rumlynyñ ýazmagyna görä, süri-süri atlar eýesiz galyp, jylawlaryny basyp, altyn çaýylan eýerlerini ýalpyldadyp, eýeriñ aşagyndan salynýan galyñ gyzyl teletinden edilen eýerligini lowurdadyp (çepraki), sährada iki ýana gezmeleşip ýördüler.
Özbekleriñ alan oljasynyñ möçberiniñ köpdügini Aly soltanyñ diñe öz atbakarlarynyñ 700 at ýygnandygy görkezýär. Bu bolsa Aly soltanyñ paýyna düşen ähli oljanyñ diñe ondan biridi. Ol Aba serdary öldürenlerinden soñ hem telim gaýta (1561-1565-nji ýyllarda) Horasana talañçylykly ýörişler edip, olja ýygnamasyny dowam etdirýärdi.
■ Aba serdaryñ ölümi
Aba serdar 1558-nji ýylda gyzylbaşlardan üstün çykandan soñ Astrabatda iñ bir täsirli ruhany Hoja Muhammediñ gyzyny zor bilen alyp gaýdýar. Hoja Muhammediñ we onuñ atasy Hoja Muzaffaryñ bu ýagdaýa gaty namys eden bolmaklary mümkin. Olar gyzyñ gullugyna öz hyzmatkärlerini iberipdirler we Aba serdaryñ kastyna çykypdyrlar. Bu hyzmatkärler gyz bilen dilleşip, serdary öldürmegi maslahat edipdirler. Aba serdar muny añypdyr we şol hyzmatkärleriñ birnäçesini ýanyna çagyryp: "Siz meni öldürmek barada özara dilleşipsiñiz. Basym meniñ gazabyma duçar bolarsyñyz" diýýär.
Hyzmatkärler gorkusyna sandyraşyp, onuñ bu eşiden habarynyñ galatdygyna ant içipdirler. Olar Aba serdaryñ ýanyndan saññyldaşyp çykanlaryndan soñ onuñ aýalyna, ýagny şol Astrabatdan alyp gaýdan gyzyna bolan ahwalaty habar beripdirler.
Ýaraly ýolbarsa dönen aýal olara: "Pylan ýerse pylança aty häzirläp goýuñ-da, dolanyp geliñ, çadyra giribem bu ynanjañ akmakdan dyndaryñ" diýip buýruk beripdir. Şol gije hyzmatkärler tabşyryklaryñ hemmesini berjaý edip, Aba serdaryñ ýatan çadyryna gelipdirler. Garawul diýlip goýlan adamlar başlary bilen keçä dolanyp, uklap ýatyrdylar.
Aba serdaryñ kastyna gelen hyzmatkärler kimiñ çadyra girip, bu işi bitirmelidigini maslahatlaşanlarynda, Muhyp Aly atly biri ýüregine daş baglap çagyra girýär we serdaryñ süýji ukuda ýatandygyny görüp, gylyjy bilen urup, onuñ kellesini alypdyr.
Aba serdaryñ kellesini hem-de onuñ aýal edinen gyzyny alyp, Astrabada gaýdýarlar. Soñra Aba serdaryñ kellesini şa Tahmaspa sowgat edip iberipdirler.
Şeýlelikde, halk hereketine serkerdelik eden serdar gaflat ukusynda ýatyrka dönükligiñ we dildüwşügiñ pidasy bolupdyr. Aba serdaryñ iñ soñky gün dildüwşenleriñ ähdi-peýmanyna ynanyp, arkaýyn ýatandygy onuñ türkmene mahsus bolan sadadan ynanjañ adamdygyny görkezýär.
# "Türkmenistanyñ taryhyndan materiallar" okuw kitabyndan.
P.S.: Türkmen halkynyñ milli gahrymany Aba serdaryñ gahrymançylykly ömri we halkymyzyñ garaşsyzlygy ugrunda alyp baran göreş ýoly çeper edebiýatda tanymal ýazyjy Annatagan Nurgeldiýewiñ "Aba serdar" atly taryhy romanynda şöhlelendi.
Taryhy makalalar