18:37 Abdylla Şabende | |
ABDYLLA ŞABENDE
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Abdylla Şabende (1720-1800), takmynan, 1720-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň golaýyndaky Was diýen ýerde eneden bolýar. Şahyryň çyn ady Abdylla bolup (käbir maglumatda Abdylnazar), Şabende onuň edebi lakamydyr. Onuň bu lakamy alşy barada halk arasynda şeýle rowaýat bar: Şabende şahyryň gowy görüşýän dostlarynyň biri Eýran şasyna ýesir düşüpdir. Şabende ony ideg-sorag edende, oňa biri: «Seniň dostuň şanyň zyndanynda bendilikde ýatyr» diýip aýdypdyr. Şonda ol öz-özüne: «Sen şu günden beýläk özüňe hudaýyň nazar salan adamy, ýagny Abdylla, Abdylnazar diýip ýörme. Sen hudaýyň gargan adamy. Şanyň zyndanynda bendilikde ýatan dostuňdan seniň näme tapawudyň bar? Şonuň üçin goý, meniň hem adym Abdylla däl-de Şabendi bolsun» diýenmiş. Halk bolsa ony birneme üýtgedip «Şabende» diýip aýdanmyş. Şabende lakamyny şahyryň özi zyndana düşende alanmyş diýen maglumat hem bar. Belki-de, beýleki türkmen klassyklarynyň köpüsinde bolşy ýaly, şahyryň edebi lakamy hut öz döredijiligi bilen baglydyr. Şabende adamzat gözelligini dünýädäki ähli gözelliklerden, hatda dini hem mifiki gözellikden-de ýokarda goýupdyr. Bize belli bolşuna görä, geçmişde şahyrlar wasp edýän gözelini «gül, serwi, aý, toty, gumry, jeren, soltan, şa» diýen ýaly sözler bilen atlandyrypdyrlar. Eger şeýle bolsa, Abdylla Şabendäniň-de: «Men adamzat gözelliginiň aýdymçysy, ýagny adamzat gözelligine bendi — şaha bendi» diýen manyda eserlerinde bu edebi lakamy ulanan bolmagy mümkin. Şabendäniň kakasyna Mämi diýer ekenler. Ol hatly-sowatly adam bolup, halk arasynda uly abraýdan peýdalanypdyr. Mämi molla ogluny ylymly-bilimli adam edip ýetişdirmek üçin alada edipdir. Şabende ilki oba mekdebinde, soňra Hywa medreseleriniň birinde okapdyr. Şol döwrüň mekdep-medreselerinde okuwyň dini-sholastik häsiýetde bolandygyna garamazdan, Şabende pars hem türki dildäki edebiýaty, Gündogaryň taryhyny, filosofiýasyny we beýleki birnäçe ylymlaryny oňat öwrenipdir. Şabende ýaşlykdan seýisçilik bilen hem gyzyklanypdyr. Ol köp toýlara, ýaryşlara gatnaşyp, bu hünäre gitdigiçe türgenleşipdir. Soňra ol atly seýis bolup ýetişýär. Şabendäniň bakyp-bejeren atlary diňe Hywa etrabynda däl, eýsem Türkmenistanyň beýleki ýerlerinde, Etrek, Gürgen, Ahal sebitlerinde geçirilen ýaryşlara-da gatnaşyp, uly baýraklara eýe bolupdyr. Bir rowaýatda Şabendäniň Musa garyn diýen adam bilen Gürgende bolan bir toýda ýaryşa gatnaşyşlary barada gürrüň berilýär. Şahyr ýoldaşy Musa garyn bilen toý ýerine baranlaryndan soň, beýleki ýaryşa gatnaşjak atlaryň ýagdaýyny bilmegiň ugruna çykýarlar. Şol toýa Ahaldan hem bir tejribeli, seýisçiligiň gizlin syrlaryny gowy bilýän garry adam gelen eken. Ol haýsy atyň nähilidigini görenden bilýän eken. Bir gün öňünden toý ýere ýygnanan adamlar onuň ýanyna üýşüp, haýsy atyň ozjakdygyny öňünden aýdyp bermegini haýyş edýärler. Şonda ol: «Tamda gulak bar» diýipdirler. Men häzir haýsy atyň nä haldadygyny, nähili keminiň bardygyny aýtsam, olar ertire çenli ony düzederler. Şeýdibem biz baýraksyz galarys» diýýär. Şonda onuň ýanyndakylar: «Aý, hiç kim ýokla, sözläbersene!» diýip, ýalbaryp oturanlaryndan soň garry seýis öz pikirini aýtmaga razy bolýar. Ol töweregine göz aýlap şeýle diýýär: «Hywadan gelen at hemme atlardan ýyldam bolmaly. Ýöne onuň biraz kemi bar. Uzak ýoldan gelensoň, ol birneme argyn, az-kem sowuk hem degipdir. Eger ertir irden bir toklyny ýa-da geçini soýup, onuň derisini gyzgynlygyna arkasyna ýapsalar, ondan soň hem bir derletseler, baýrak şolaryňky bolmaly». Garry seýsiň bu gürrüňlerini Şabende eşidip, ertesi edil şonuň aýdyşy ýaly edip atyny seýisleýär. Şeýdibem ol uly baýragy alýar. Şahyryň seýisçilik bilen meşgullanandygy barada başga-da maglumatlar bar. Hatda halk oňa «seýisler seýisi» diýen at hem beripdir. Şabendäniň ökde seýis bolandygyny onuň «Arap at» atly goşgusy-da, dessanlarynda aty wasp etmäge uly orun bermegi-de tassyklaýar.Şabende birnäçe türkmen şahyrlary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklapdyr. Magtymguly Hywadaky gökleňleriň arasyna baranda, Şabende onuň bilen duşuşýar. Magtymguly birnäçe günläp Şabendäniňkide myhmançylykda bolýar,. onuň bilen toýda, oturlyşyklarda jemagata goşgular okap berýärler, ötenden-geçenden gürrüňler edýärler. Wasa, Uzboýa, Üstýurda gezelenje çykýarlar. Soň Magtymguly öz obasyna gaýdýar. Ol Şabendäni Etrek, Gürgene myhmançylyga çagyrýar. Şabende Magtymgulynyň watanynda birňäçe gezek bolýar. Ol ýerde şahyryň ýakyn garyndaşlary hem bar ekeni. Başga bir maglumatda Şabendäniň Magtymguly bilen tapmaça goşgy aýdyşandygy habar berilýär. Şabende, Kemine, Talyby üçüsiniň gezelençleri baradaky rowaýat halk arasynda has-da giňden meşhurlyk gazanypdyr. Bu üç şahyr ilki Hywada Şabendäniňkide myhmançylykda bolýarlar, Soň Ahala, Mara gezelenje gaýdýarlar. Ýolda bir obada Gözel atly gelniňkide myhmançylykda bolanlarynda, Sabende meşhur «Gözelim» atly goşgusyny ýazýar. Şonda gemine «Zülpüň», Talyby bolsa «Gezme ýyrtyk jinde bilen» Atly goşgusyny döredýär. Şahyrlaryň özara dostlukly gatnaşyklary, edebi hyzmatdaşlyklary olaryň döredijiliginde-de käbir umumylyklaryň döremegine getiripdir. Olaryň poeziýasynda ideýa-mazmun, çeper beýan ediş, stil babatdan azda-kände ýakynlygyň bardygy aýdyň duýulýar. Hiç hili edebi guramanyň ýok wagtynda şahyrlaryň şeýle gatnaşyklary ýola oýmagynyň türkmen klassyky edebiýatynyň ösüşine oňaýly täsir edendigi şübhesizdir. Beýleki birnäçe türkmen şahyrlary ýaly, Şabende aýdym-saz sungatyny-da gowy bilipdir. Belli saz öwreniji professor W.Uspenskiniň «Türkmen sazy» atly kitabynda birnäçe utly sazanda-bagşylaryň arasynda Şabendäniň-de ady getiirilýär. Şahyr aýdym-saza örän uly hormat goýmak bilen, poeziýasyny-da onuň bilen utgaşdyrypdyr. Şabende öz goşularyny, türkmen dessanlaryny saza goşup, halkyň öňünde ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir. Ol türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmegine-de ep-esli goşant goşupdyr. Bar bolan maglumatlara görä, Şabende birnäçe saz hem döredipdir: «Nejep» («Jygaly»). Şabende gezende şahyr bolupdyr. Ol – türkmen topragynyň köp ýerlerini aýlanyp çykyldyr. Şonuň ýaly-da ol Orta Aziýanyň birnäçe uly şäherlerinde, Kawkazda, Astrabatda, Tähranda, Ispyhanda bolupdyr. Şabende ençeme ýerleri gezip çykandan soň, «Syýahatnama» atly eser hem ýazypdyr diýen mag1umat bar. Şahyryň gezelençleri, esasan, onuň ömür boýy meşgullanan seýisçilik, şahyrçylyk, bagşyçylyk kesbi-käri bilen baglanyşyklydyr. Şabende syýahat etmekden haýsydyr bir başga maksady göz öňünde tutmandyr. Ol bolan ýerlerinde at çapyşyklara gatnaşypdyr, goşgular okapdyr, aýdym aýdyp, saz çalypdyr. Şeýdibem ol il-halka hezil beripdir, köpçüligiň alkyşyny alypdyr. Mahlasy, şahyr il halar adam bolupdyr. Şabende XVIII asyrda dowam eden taryhy wakalaryň jümmüşinde ýaşapdyr. Ol Hywa hanlygynyň, Buhara emirliginiň, Eýran şasynyň türkmen topragyna geçiren ençeme talaňçylykly çozuşlarynyň gözli şaýady bolýar. Şahyr döwürdeşi Hojamberdi han bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Belli bolşuna görä, Hojamberdi han Eýran şasy Agamuhammet şanyň aldawyna gidip, onuň ençeme talançylykly ýörişlerine gatnaşýar. Ahyrda hem onuň ykbaly tragiki ýagdaýda gutarýar. Şabende oňa bagyşlap, özüniň «Hojamberdi han» dessanyny ýazypdyr. Emma şahyr dessanynda bu hanyň halk bähbidinden daşlaşandygyny, onuň, ykbalynyň tragiki ýagdaýa uçramagynyň-da şonuň üçindigini aýdyň görkezip bilmändir. Bu Şabendäniň öz döwrüniň käbir çylşyrymly taryhy wakalaryndan doly baş çykaryp bilmändigini aňladýar. Şonuň üçin onuň «Hojamberdi han» dessany şowly çykmandyr. Şabende «Şabähram» dessanyny döredijiliginiň irki döwründe döreden bolsa gerek. Sebäbi bu dessanda öne sürlen ideýalar onuň ömrüniň ahyrky ýyllarynda döreden «Gül-Bilbil» dessanynda ösdürilýär. Şabende takmynan 1800-nji ýylda aradan çykýar. Onuň gubury Wasda, Aşykaýdyňyň gümmeziniñ golaýynda bolmaly. Şabendäniň nebereleri Daşhowuz oblastynyň Tagta raýonynyň «Türkmenistan», Köneürgenç raýonynyň «Leningrad», «8-nji Mart», «Gyzyl Ýyldyz» kolhozlarynda ýaşaýarlar. • DÖREDIJILIGI Şabende türkmen folkloryna we halky edebiýata ýakyn stilde birnäçe goşgular döredipdir. Olar ideýa-mazmunynyň durmuşylygy, halk köpçüligine düşnükli dilde ýazylanlygy, gyzykly hem täsirliligi bilentapawutlanýar. Şabendäniň lirikasynda kitaby stiliň täsiri ýok diýen ýalydyr. Ol köplenç folklor eserleriniň hem-dehalky edebiýatyň däplerine eýeripdir. Şonuň üçin hem onuň poeziýasynda umumy hem abstrakt häsiýetde ýazylan, düşünmesi kyn eserler duş gelmeýär diýen ýaly. Şahyr wakalary, obrazlary, mümkin boldugyça, dogruçyl suratlandyrmaga çalşypdyr. Şabende şygyrlarynyň köpçülige düşnükli bolmagy, olaryň gyzykly okalmagy üçin, halky formalary saýlap alypdyr. Onuň belli-belli eserleri bolaýmasa, goşgularynyňagramly bölegi goşuk (murapbag) formasynda ýazylypdyr. Onda ýazuw edebiýatyna mahsus kasyda, müstezat, mesnewi, muamma, taryh, nama ýaly formalar duş gelmeýär. Her halda Şabende kitaby stilde ýazylan edebiýat bilen orta asyr arap-pars, türki poeziýanyň gazalçylyk, mesnewiçilik däpleri bilen tanyş bolmandyr, olary bilmändir diýip aýdyp bolmaz. Onuň dessanlaryny okan wagtyňda, Gündogar poeziýasynyň täsiri belli derejede duýulýar. Hatda şahyr dessanlaryndaýazmasy kyn hasaplanýan gazal formasyny-da peýdalanypdyr. Ýöne olaryň sany köp däl. Şonuň üçin Azady, Gaýyby ýaly tutuş döredijiligini kitaby stilde ýazan şahyrlar-a däl, hatda Andalyp, Şeýdaýy, Magrupy dagy bilen deňeşdireniňde-de Şabendä Gündogar poeziýasy, onuň gazalçylyk, mesnewiçilik däpleri az täsir edipdir.Şabendäniň lirikasynyň möçberi şeýle bir köp däl. Onuň bary-ýogy otuz-kyrk töweregi şygry bar. Olar esasan, yşky-liriki, öwüt-nesihat, hem-de tapmaça häsiýetli goşgulardyr. Şabendäniň döredijiliginde bu temalaryň hemmesiniň-de işlenilişi bir sydyrgynrakdyr. Olaryň haýsydyr birinde şahyryň ussatlygy has ýokary derejede görünýär diýip hem aýdyp boljak däl. Beýleki türkmen klassyklary ýaly, Şabende hem döredijiliginde yşky-liriki tema ep-esli orun beripdir. Onuň bu temada ýazan şygyrlarynda gelin-gyzlaryň gözellikleri hem-de adamkärçilik mertebeleri wasp edilýär. Olaryň belli-bellileri çeperçilik ussatlygy babatdan has-da tapawutlanýar. Şahyr «Gözelim», «Dört gözel» («Magruplykda bellidir»), «Tylla seniň yşkyňda», «Söwer ýarym, Meňli», «Meňli hany nätdiň?» atly goşgulary muňa mysal bolup biler. Şabendäniň «Gözelim» atly goşgusy diňe bir onuň öz döredijiligi boýunça däl, eýsem tutuş klassyky edebiýat boýunça-da saýlama eserleriň biri hasaplanýar. Tematikasynyň bitewiligi, şahyryna pikir-duýgularyň hyjuwly, göçgünli hem dabaraly halda beýan edilmegi epitetleriň, metaforalaryň we beýleki çeperçilik serişdeleriň diýseň köp hem-de ýerlikli ulanylmagy «Gözelim» atly goşgynyň şeýle şowly çykmagyna oňat ýardam edipdir. Bar bolan maglumatlara görä, şahyr bu goşgusyny Gözel atly gelniň haýyşy bilen döredipdir. Ozal hem ýatlanylyşy ýaly, Şabende, Talyby, Kemine üçüsi ilki birnäçe gün Hywada bolanlaryndan soň, Ahala, Mara gezelenje gaýdýarlar. Ýolda gum etegindäki obalaryň birinde myhman bolýarlar. Olara oňat hezzet-hormat edýärler. Ertesi Kemine: «Bu öýüň ýaşulysy bir ýere gitdimi ýa-da ýokmy?» diýip soraýar. Şonda öý eýesi adamsynyň üç ýyl mundan öň aradan çykandygyny aýdýar. Kemine onuň ýaňy ýigrimi-ýigrimi üç töweregi ýaş, şeýle görk-görmek bilen ömrüni kül edip oturman, kime-de bolsa birine durmuşa çykmagyny maslahat berýär. Ol gelin hem kim bir bent goşguda ýedi aşygyň adyny getirip,özüne bagyşlap goşgy goşup berse, şoňa durmuşa çykmaga razydygyny aýdýar. Nobat Şabendä berilýär. Ol şol ýerde horjunyndan galam, kagyz alyp, «Gözelim» goşgusyny ýazýar we okap berýär. Goşgy gelne ýaraýar. Ol öz şertinde durmaga razydygyny aýdýar. Şabende bolsa oňa ýaşlarynyň deň däldigini, şonuň üçin ataly-gyz bolmagy teklip edýär. «Gözelim» atly goşgynyň döreýiş taryhy barada aýdylýan bu rowaýatyň esasynda Şabendäniň durmuşy bilen bagly haýsy-da bolsa bir real hakykatyň ýatandygy belli zat. Bu goşgynyň gyzykly döreýiş taryhy akademik A.N.Samoýlowiçi hem gyzgyklandyrypdyr. Ol «Nepis türkmen edebiýatyna umumy syn» (13-nji aprel, 1909-njy ýyl) atly çykyşynda (leksiýasynda) ony peýdalanandygyny, Orta Aziýa halklarynyň taryhynda şeýle materiallaryň kändigini, olary öwrenmegiň möhüm ähmiýete eýedigini belläp geçýär. Şabende «Gözelim» goşgusynda şol döwürde we ondan öňki edebiýatda ulanylan epitetleri, deňeşdirmeleri, meňzetmeleri, metaforalary we beýleki çeperçilik serişdelerini örän ýerlikli ulanypdyr. Şahyr aýtmyşlaýyn, ol Gözel «perileriň soltany, hany, toty kimin suhanwer, şirin zyban, kirpikleri hanjar, gaşy keman, lebleri şähdi-şeker, açylan ter gunça, bakyşy hun bahaly, älem görki-guwanjy, serwi-rowan, çölüň maraly, galam gaşly, gözleri jellat, dür-ýakut bilen bezenen, sahypkyran» gelin bolmaly. Göräýmäge şeýle taryplamalar örän umumy ýaly. Emma şahyr olary güýçli ritoriki ýüzlenme hem ritoriki sorag bilen utgaşdyrýar weli, olar täzeçe öwüşgiň alýar. «Gözelim» goşgusynda real durmuşa,ýaşaýşa, gözellige bolan güýçli çagyryş onuň ideýa-çeperçiligini öňküden-de artdyrýar. Öňki öten aşyk-magşuklary ýatlamak bilen, liriki gahryman magşugyna: «Öter üşbu gözellik, bäş gün söhbet guraly, Ýalançyda galmasyn janda arman, Gözelim» - diýip ýüzlenýär hem-de real durmuşy lezzetini, hözirini görmegi, erkana ýaşamagy maslahat berýär. Yslam dininiň wagyz-nesihatçylarynyň adamlary göwnüçök-günlik, terkidünýälik ruhunda terbiýeläp, olary passiwleşdirmek, şeýdibem ähli sagdyn hem erkin pikirli adamlardan dynmak ugrunda güýçli göreş alyp barýan döwründe, Şabendäniň adam ömrüniň gysgadygyny, onuň geçip barýandygyný ýatlatmak bilen, döwürdeşlerini ýaşaýşa, göreşe aktiwleşmäge çagyrmagy uly ähmiýete eýedir. Şabendäniň ýörelgesine eýerip, onuň «Gözeliminiň» äheňinde eser döreden şahyrlar bolupdyr. Olardan Mollanepesiň, Berdinazar Hudaýnazarowyñ «Gözelim» atly goşgularyny görkezmek bolar. Bular tematika, beýan ediş, stil, kapyýa babatdan Şabendäniň däplerine eýeripdirler. Şahyryň «Peri görmedim» goşgusyda özünden soňkulara nusga bolupdyr. (Mollanepesiň hem Seýdiniň «Tapylmaz» atly goşgulary bilen deňeşdir).Şabendäniň «Dört gözel» atly goşgusy-da onuň original eserleriniň biridir. Şahyr bu şygrynda gelin-gyzlary taryplamagyň özboluşly tärini ulanypdyr. Ol dört gözeliň biri-birinden bezemendigini, owadandygyny, şirin dillidigini nygtamak bilen, olaryň hemmesiniň-de mertebesini arşa çykarýar. Gelin-gyzlary şeýle usulda wasp etmek türkmen halk döredijiliginiň we klassyky edebiýatynyň taryhynda başga-da duş gelýär. Türkmen klassyklarynyň köpüsinde bolşy ýaly, Şabendäniň hem söýgi lirikasynda onuň şahsy durmuşy bilen bagly eserler bar. Ol söýgülisi hem baş ýoldaşy hakynda «Söwer ýarym, Meňli», «Meňli hany nätdiň?» atly goşgularyny döredipdir. Şahyryň «Söwer ýarym, Meňli» goşgusy onuň ýaş ýigitlik ýyllaryna degişli bolup, onda Meňliniň juwanlyk döwründäki görk-görmegi taryplanýar. «Meňli hany nätdiň?» goşgusy gam-gussaly motiwde bolup, ol şahyryň aýalynyň ölümi bilen baglanyşykly düzülipdir. Şabende goşgynyň bütin dowamynda ençeme öten-geçenleri ýatlap, pelekden şikaýat edýär hem-de olaryň hemmesini Meňliden jyda düşmegi bilen baglanyşdyrýar. Şabende lirikasynyň uly bölegini öwüt-nesihat tema bagyşlapdyr. «Kim biler», «Aty bolmasa», «Haýyr-patasyn almanyň», «Ynsan ugraşsa», «Nä bilsin», «Ganatlanyp uçmaga», «Ussatdan tälim alanyň», «Haty ýagşydyr» atly goşgularynda namart, gorkak, husyt, harsydünýä, gedem, öwünjeň; utanç-haýasyz, ýaňra, samsyk, il derdine ýaramaýan adamlary kötekleýär hem-de şeýle häsiýetleriň adamkärçilik bilen bir ýere sygyşmaýandygyny öwran-öwran nygtap geçýär. Şahyr pikirlerini-kontrast usulda beýan etmek bilen, batyr, edermen, dogumly, mert, pähim-paýhasly, sahy, il derdine ýaraýan adamlary otrisatel tiplere garşy goýýar. Şabendäniň öwüt-nesihat temasynda ýazan goşgulary gumanizm ideýasyna ýugrulandyr. Şahyr adamkärçiligi wasp etmegi, adam mertebesini belent tutmagy özüne şygar edinipdir. Ol «Jepa eýledim» atly goşgusynda bu barada şeýle diýýär: Kimseler bolupdyr äleme soltan, Birnäçeler gezer akyly haýran, Adam abraýy üçin eýledim jöwlan, Men bu jana şeýle jepa eýledim. Şahyr adam häsiýetlerini örän synçylyk bilen suratlandyrypdyr. Ol bir degimsize emel ýetse, gözi ýer görmeýändigini, doýmaz-dolmazlyga, harsydünýälige ýüz urýandygyny aýdýar hem-de şeýle adamlary paş edýär: Bedasyl ýigide ýetişse beglik, Tumak baglap, hatyrasyn jem biler. Ýa-da: Suw üstünde ýergesize ýer gelse, Garny doýman, sarkyt bermez içmäge. Şahyr batyr, edenli, dogumly, akylly adamlary göze sürme hasaplaýar. Şabende ýaşan jemgyýetinde başarnygyň, adamkärçiligiň mal bilen, baýlyk bilen ölçenilýändigini uly gynanç bilen ýatlaýar. Gürrüňde ýigidiň ady tutulmaz, Gylygy, gylyjy, aşy bolmasa. Ol Gündogaryň beýik söz ussady Alyşir Nowaýynyň durmuşyndan mysal getirip, öz pikirlerini has-da täsirli beýan edipdir. Bize belli bolşuna görä, Nowaýy Hüseýin Baýkaranyň köşgünde mürze bolup, döwlet işini dolandyrmakda, oňa köp peýdaly maslahatlar berýär. Şeýdibem ençeme ganly çaknyşyklaryň öňi alynýar, ýurduň, il-günüň hal-ýagdaýynyň gowulaşmagyna, ylmy-medeniýetiň ösmegine uly ýardam edýär. Emma şonda-da hiç kim onuň gadyryny bilmeýär. Gaýta tersine köşk adamlary tarapyndan oňa her hili şyltaklar atylýar, ol ençeme gezek döwlet işinden çetleşdirilýär. Beýik söz ussadynyň şeýle şowsuzlyklara uçraýşy, häkim toparlar bilen alyp baran göreşleri, onuň parasatlylygy, dilewarlygy türkmen halk döredijiligindäki anekdotlar toparynda örän çeper beýan edilipdir. Şabende hem «Kim biler» atly goşgusynda şu ýagdaýy ýatlap geçýär: Selmany-päk bolsaň ýa kazy-lukman, Myraly şir bolsa, gadryň kim biler. Şabende öwüt-ündewlerini watançylyk ideýasy bilen-de baglanyşdyrypdyr. Ol halkyň erkinlik, özbaşdaklyk ugrunda daşary ýurt basybalyjylaryna garşy alyp baran göreşinde il-gününi söýýän batyr, gahryman, edenli ýigitleri terbiýeläp ýetişdirmegiň zerurlygyna düşünipdir hem-de olary taryplapdyr («Kem biler», «Ynsan ugraşsa», «Ganatlanyp uçmaga»). Şahyr halky birek-biregiň sarpasyny belent tutmaga, agzybirlige çagyrypdyr. Baş-başdaklygy, duşmançylygy, agzalaçylygy ýazgarypdyr: Tutan işi barmaz başa, Täsipli bolan iliň. Şabendäniň ahlak-didaktiki goşgularynyň öz döwri üçin uly terbiýeçilik ähmiýetiniň bolandygy belli zatdyr. Olar häzir hem öz güýjüni ýitirmän gelýär. Geçmişde Gündogar edebiýatynda, şol sanda türkmen ede-biýatynda-da tapmaça häsiýetli goşgular döretmek däbe öwrülip gidipdir. Onuň muamma, lugaz, çistan, aýdyşyk, adaty tapmaça ýaly birnäçe görnüşleri bolupdyr. Muamma, lugaz düzmesi kyn bolup, ol köplenç köşk edebiýatynda giň gerim alypdyr. Olar XVIII—XIX asyr türkmen edebiýatynda duş gelmeýär diýen ýalydyr. Bu döwür türkmen edebiýatynda aýdyşyk hem-de adaty tapmaça häsiýetli goşgulary düzmek ýörgünli bolupdyr. Magtymguly, Şeýdaýy, Seýdi, Zelili dagy bilen birlikde Şabende hem ençeme tapmaçalaryň awtorydyr. Ol bu topara girýän goşgularynda halk döredijiliginiň matalçylyk däplerini ýerlikli peýdalanypdyr. Şahyr «Dagy bäş», «Wallasy kyrk», «Kaýdadygy bilinmez», «Zamany nedir», «Kaýsydyr erur» atly goşgularynda näme hakynda pikir ýöredilýän bolsa, onuň häsiýetli hem özboluşly aýratynlyklaryny aýlawly sözler arkaly ýatlatmak bilen, oýlap tapmasy kyn soraglary orta atýar. Oýlanyp tapylmaly jogaplar astronomiýa, anatomiýa, taryh, edebiýat we beýleki ylymlar bilen bagly bolup, oňa dini äheň berilýär. Şabendäniň «Dagy bäş» hem «Wallasy kyrk» atly goşgularynda Aý, Gün, ýyldyzlar, bir ýyl, dört pasyl, on iki aý, hepde, gije gündiz barasynda söz açylyp, olar bäş wagt namaz, kyrk parz (Yslam dini boýunça ýerine ýetirilmeli kada-kanunlar) bilen baglaşdyrylýar: Habar bergil, Haşym hojam, Ne çölüstandyr, dagy bäş. Agzynda kyrk müň kyrk dişi, Ne ýylandyr aýagy bäş. Synamda yşkyň dagy bar, Dilsiz, agyzsyz ýagy bar. Üç ýüz altmyş aýagy bar, Her aýagnyň barmagy bäş. Birinji bentde şahyr gije-gündizi asty ak, üsti gara ýylana, gijäniň garaňkylygyny agza, asman ýyldyzlaryny bolsa dişe meňzedýär. Ikinji bentde, «Üç ýüz altmyş aýakly, dilsiz-agyzsyz ýagy» bir ýyl diýen manyny aňladýar. Milady hasabyndan tapawutly hijri senesi oýunça bir ýyl üç ýüz altmyş gün hasaplanýar. Onuň «Kaýdadygy bilinmez» atly goşgusynda şol maglumatlaryň üsti ýetirilýär: Ol nedir kim, dört ýanynda ýüzi bar, Ol nedir kim, synasynda gözi bar, Ne kelamdyr üç ýüz altmyş sözi bar, Ýerde, gökde, Aýdadygy bilinmez? Bu bentdäki «Dört ýanynda ýüzi bar — dört pasyl, synasynda gözi bar — Aý hem Gün (iki göz), üç ýüz altmyş söz — üç ýüz altmyş gün» bolmaly. Beýleki birnäçe şahyr ýaly, Şabende «Kaýsydyr-Erur» atly tapmaçasynda sorag we onuň jogabyny bilelikde beripdir. Şahyr tapmaça häsiýetli goşgularyny, bir tarapdan, Kasym hojam ýaly (kä ýerde Bakyr hoja) din wekilleriniň ylym-bilimini, olaryň dünýägaraýşyny barlap görmek, olary synagdan geçirmek, ikinji tarapdan bolsa, döwürdeşleriniň tiz pähimliligini, oýlanyşyny, ylym-bilimlerini ösdürmek maksady bilen düzüpdir. Ol ruhanylary sowatsyzlykda, nadanlykda aýyplaýar. Hatda ylym-bilimi bolmasa-da, halk köpçüliginiň öz aýdanlaryna düşünýändigini olara ýatladýar. Şabendäniň tapmaça ýaly goşgulary onuň öz döwrüniň ýokary sowatly adamy bolandygyny, onuň köp zatlar bilen gyzyklanan-dygyny, pähim-paýhasly, ýiti zehinli, dilewar, gepe-söze çeper adam bolandygyny görkezýär.Şabende «Lailaha illalladyr», «Lälezar etgen jelil» ýaly dini-mistiki äheňdäki goşgulary hem ýazypdyr. Olarda dini düşünjeler öwüt-ündew edilýär. Bu şahyryň döredijiliginiň çäkli tarapydyr.Şabende lirikasyny türkmen şygyr sungatynyň gowy nusgalary bilen bezäpdir. Ol halk gepleşiginiň iň saýlama sözlerini kapyýa hökmünde ulanypdyr. Onda arap-pars sözleri örän az duş gelýär. Şabendäniň goşgularynyň köpüsi 8-11 bogundan ybarat bolup, olaryň hemmesi diýen ýaly goşuk (murapbag) formasynda ýazylypdyr. Onda 14-15-16 bogunly muhammes (bäşleme), on ikileme formasynda ýazylan şygyrlar-da duş gelýär. («Kaýsydyr — Erur», «Gözelim»). Möçber taýdan şeýle köp bolmasa-da, hil babatdan gowy goşgulary bilen Şabende türkmen poeziýasyna gymmatly goşant goşupdyr. Ol XVIII asyr türkmen edebiýatynyň taryhyndaky realistik ugruň ösmegine uly ýardam edipdir. Çeşme: Ataýew K. XVIII asyr türkmen edebiýaty: Ýokary okuw jaýlarynyň filologiýa fakultetleri üçin okuw kitaby. – A: Magaryf, 1986. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |