22:23 Kem biler | |
KEM BILER
Goç ýigide nisbet däldir gedemlik, Şir bolsa, barçadan özün kem biler. Bedasyl ýigide ýetişse beglik, Tumak baglap, hatyrasyn jem biler. Tilki, şagal inmez şiriñ läşine, Çekmäge ner gerek asýa daşyna, Mert gutular her iş düşse başyna, Namart gurap, sähel işi gam biler. Doýan güni döw "taý gelmez" özüne, Boýun almaz aýbyn diýseñ ýüzüne, Namart ýigit girmez merdiñ sözüne, Mert ýigitler merdiñ sözün em biler. Birniçe ýigide salyngy düşek, Birniçeden ýegdir sygyr hem eşek, Akylla - yşarat, akmaga - kötek, Kimse dile düşer, kimse üm biler. Şabende, syn et, bu-da bir zaman, Adam-adam parhy ýer bilen asman, Selmany-päk bolsañ ýa kazy-Lukman, Mir Alyşir bolsañ, gadryñ kim biler. Abdylla ŞABENDE. | |
|
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Dünýe sen / Goşgular - 27.05.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Agyr meseläniň ýeňil çözgüdi / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |