ABLAK HAN GALASY
Häzirki döwürde müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdan geçmişimizden galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz ýüze çykarylýar we ylmy taýdan düýpli öwrenilýär. Ýurdumyzda doly öwrenilmedik arhelogiýa ýadygärlikleri sanardan kän. Şeýle ýadygärlikleriň biri Aşgabat-Baharly ýolunyň ugrunda ýerleşýän Ablak han galasydyr. Galanyň tutýan meýdany 7,5 ga. Gowrak bolup, ol gönüburç görnüşe eýedir. Ol deňiz derejesinden 4-6 metr, käbir ýerlerde 4-7 metr belentlikde ýerleşýär, onuň üstüniň relýefi deň däl. Bu antik we orta asyr galalaryna, goranyş berkitmelerine mahsus alamat bolup durýar. Ýerleşişi hem-de gurulşy galanyň medeni gatlagynyň biziň eýýamymyzyň I-II asyrlaryna degişligidi hakynda aýtmaga mümkinçilik berýär. Bu gala antik Änewiň görnüşini berýär. Galanyň ady XIX asyryň ortasynda ýaşan Arkaçly türkmenleriň serdary Ablak hanyň ady bilen baglanşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, 1847-nji ýylda Maşatda “Salaryň pitnesi” ady bilen halk hereketi tutupdy. Bu halk tolgunyşygyna Gowşut han, Täç Gök serdar, Nurberdi han, Gajarbaý ýaly meşhur serkerdeler bilen bir hatarda Ablak serdar hem gatnaşypdyr. Harby kartalarda, resminamalarda gala şu at bilen atlandyrypdyrlar.
Ablak han galasyndan toplanan ýerüsti keramiki materiallar, ýukajyk faýans gaplaryň bölekleri Baharly etrabynyň territoriýasyndaky Şähryslam şäherinden hem-de gürrüňi gozgalan ýadygärlikden Günbatar tarapda ýerleşýän Täjibatyr galasyndan hem tapyldy. “Hytaý hatarlary” çekilen gaplaryň galyndylary XIII asyryň ahyrlaryndan XV asyryň ortalaryna çenli, asman reňkli we gara tegmiller şekillendirilen keramikanyň bölekleri, bolsa esasan, XV-XVI asyrlary häsiýetlendirýär. Galada XIX asyryň ahyrlaryna çenli ýaşaýşyň bolandygyny bellemeli. Ahal ýaýlasynyň ilatlaşdyrylmagynda, daşky duşmanlardan goranmakda gala esasy orna eýe bolupdyr.
XIX asyryň ahyrynda gala diňe gözegçilik üçin peýdalanylypdyr. Galanyň üstünde alynky saklaw ýerleşipdir, eger-de haýsydyr bir howp bolsa uzakdan görner ýaly gije uly ot ýakylypdyr, gündiz bolsa tüsse edilipdir.
Bäşim ANNAGURBANOW,
arhelog.
Taryhy ýerler