17:46 Gadymy Dehistanyň geçmişi | |
GADYMY DEHISTANYŇ GEÇMIŞI
Taryhy ýerler
Türkmenistanyň territoriýasynda gadymy medeni mirasymyzyň meşhur ojaklarynyň biri-de Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda yerleşýän Misrian düzlügidir. Orta asyryň dürli arheologik hem-de binagar lik ýadygärlikleriniň uly toplumyny özünde jemleýän düzlük özüniň gözbaşyny goñşy Eýrandan alyp gaýdýan Etrek derýasynyň aşak akymynda orun alyp, ýazuw çeşmelerinde Dehistan diýlip atlandyrylypdyr. Alymlaryň bellemegine görä, Dehistan (parsça «dahlaryň ýurdy») sözi öz töweregine birnäçe obalary, galalary birleşdirýän ýurt manysyny aňladypdyr. Etrek merkezinden 90 kilometr töweregi demirgazykda ýerleşen Dehistan oturymly ekerançylaryň baş şäheri bolupdyr. Şonuň üçin-de Misrian düzlügi ýazuw çeşmelerinde Dehistan welaýaty ady bilen ýatlanylýar. Bu gadymy ekerançylyk yaýlasynyň dürli arheologiýa, kartografiýa we topografiýa edebiýatlarynda birnäçe atlary saklanypdyr. Şolaryň biri Maşady-Misrýan ýa-da Maşat we Misrian bolup, «Maşady Misirýan» jümlesi etimologiýasy boýunça pars dilinden gelip çykypdyr hem-de ilkinji ýola XVIII asyryň birinji ýarymyna degişli çeşmelerde yatlanylýar. Nedir şanyň goşunlarynyň Hazarýaka etraplaryna we Balkana eden ýörişlerini muña mysal hökmünde getirmek bolar. Misirýana «Mest Döwran» diýilmegi hem yöne ýere däldir. Misirýanyň «müsür» sinoniminden (hasyl, hasylly) gelip çykanlygy, onuň bolsa gadymyýetde suwarymly ekerançylyk ýurdy bolanlygy alymlar tarapyndan anyklanyldy. Gadymy Dehistan düzlügi özboluşly geçmişe eýedir. Ol rysgal-berekediň mekany hökmünde biziň nusgawy edebiýatymyzda telim ýola ýatlanylýar. Magtymguly atamyz bu ýurdy özüniň şygryýet bossanynda buýsanç bilen ýatlap, şeýle beyan edýär. ...Şol jaýyndan nazar salsaň, Ulug Dehistan görüner. Käbir maglumatlarda Magtymguly Pyragynyň uly dosty, asly şamly türkmenlerden bolan Nury Kasym ibn el-Bahrynyň hut şahyryň özi tarapyndan "Maşat baba" gonamçylygynda jaýlanandygy bellenilýär. Bir delil anykdyr: akyldarymyz yaşlyk ýyllarynda Buharanyň, Hywanyň we Halajyň medreselerinde talyplyk eden döwri onuň ýoly nijeme gezek Dehistanyň üstünden düşüpdir. Ýene bir aýratynlyk bolsa, käbir alymlaryň Dehistan toponiminiň soňky XVIII-XIX asyrlarda ýatdan çykarylandygy dogrusynda nädogry kesgitleme bermekleridir. Magtymguly Pyragynyň öz ýaşan asyrynda bu gadymy ýurduň Dehistan adyny tutmagy hakykata doly gabat gelýär. XIX asyryň birinji ýarymyndan başlap, Dehistanyň ýadygärlikleri, esasan, rus syýahatçylarynyň, harbylarynyň, diplomatlarynyň, şol sanda ýewropaly syýahatçylaryň biziň döwrümize gelip ýeten İşlerinde öz beýanyny tapypdyr. 1875-nji ýylda rus generaly A.A.Lomakin Bugdaýly obasynda düşläp, gezelenç üçin Misriana barypdyr. Onuň esgerleriniň arasynda P.A.Şetihin atly bir nakgaş bolup, ol Dehistanyň yadygärlikleriniň (esasan, binagärçilik desgalary) suratyny çekip, Sankt-Peterburgda çykýan žurnalda çap etdiripdir. XX asyryň ellinji ýyllarynda akademik M.Ý.Massonyň ylmy yolbaşçylygyndaky toplumlaýyn ekspedisiýada alymlar G.A.Pugaçenkowa, A.M.Pribytkowa, W.M.Masson Dehistanyň gadymy we Orta asyr ýadygärliklerini öwrenmekde saldamly işleri bitirdiler. Soňlugy bilen otuz ýyldan gowrak wagtyň içinde bu gadymy toprakda türkmen alymlary düýpli arheologiýa barlaglaryny alyp bardylar. 1994-1997- nji ýyllarda irki Orta asyryň gökjük gorganynda fransuz alymy, professor O.Lekontyň ýolbaşçylygynda Türkmen-fransuz halkara ekspedisiýasy» ylmy barlaglary amala aşyrdy. Bu halkara ekspedisiýanyň düzüminde bolmak Türkmen döwlet medeniýet institutynyň arheolog-talyplaryna we makalanyň awtoryna hem miýesser etdi. Dehistan düzlüginde adamzat ýaşaýşy biziň eýýamymyzdan ozalky 2000 ýyllygyň ahyrlarynda başlanypdyr we uly bolmadyk arakesmeler bilen 3000 ýylyň dowamynda özboluşly ekerançylyk medeniýetine eýe bolupdyr. Onuň taryhyny, esasan, üç döwre bölüpdirler: Birinji döwür b.e. ozalky 3000 ýyllygyň ahyry-1000 ýyllygyň başlary. Arheologiýa boýunça edebiýatlarda bu döwür «Dehistanyň gadymy arhaik döwri häsiýetine eyedir. Ilkinji oturymly obalar ýüze çykypdyr, emeli suwaryş desgalary (kanal, bent, nobur) gurlupdyr we Etrek derýasynyň aşak akymlary özleşdirilipdir. Maldarçylyk hojalygy ösdürilipdir. Maddy medeniýetdäki meňzeşlik dogrusynda aýdylanda, keramiki gap-gaçlar Eýranyň demirgazyk-günbatar etraplarynyň döwürdeş ýadygärliklerine meňzeşdir. Dehistanyň taryhynyň ikinji döwri V-VIII asyrlary öz içine alyp, ekerançylyk ýurdunyň ilatynyň etniki düzümi dah-massaget, hionit, eftalit we beýleki gadymy türki kabylalardan durupdyr. Bu döwürde Etrek derýasynyň aşak akymlarynda birnäçe oturymly obalar täzeden döräpdir. Suwarymly ekerançylyk möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Şonuň bilen birlikde maldarçylyga üns berlipdir, deňiz ýakasyndaky ilat bolsa balykçylyk bilen meşgullanypdyr. Bu döwrüň öwrenilen in belli ýadygärligi Kerpiçli harabalygydyr. Ol Bugdaýly obasyndan 12 kilometr günortada, Garagumuň ürgün çägeleriniň içinde yerleşýär. Misirýan düzlügindäki iň meşhur we uly ýadygärlik bolan Dehistan Orta asyr döwrüne degişli şäherdir. Onuň meýdany 200 gektardan gowrakdyr. Şäherde arheologiýa maglumatlaryna laýyklykda, IX-XIV asyrlarda ýaşaýyş bolupdyr, XI-XIII asyrlarda nijeme ajaýyp binagärçilik ýadygärlikleri gurlupdyr. Häzirki wagtda olardan diñe harabaçylyklar saklanyp galypdyr. Emma ýadygärlikleriň abat saklananlary hem bolup, olara, esasan, 2 sany minara hem-de käbir metjitler degişlidir. Şäheriň 7 kilometr demirgazygyndaky Maşat gonamçylygynda yerleşýän «Şir kebir metjidi, alymlaryň tassyklamagyna görä, tutuş Merkezi Aziýada iň gadymy dini ymaratlaryň biri bolup, bina IX-X asyrlara degişli edilýär. Umuman, Dehistanyň çäginde bina edilen binagärçilik desgalary-kümmetler, metjitler, galalar, kerwensaraýlar, ýaşaýyş jaýlary şäheriň Orta asyrlarda ösen medeniyetinden habar berýär. Bu ýadygärlikler uzak ýyllaryň dowamynda alymlar tarapyndan öwrenildi we olar dogrusynda ençeme ylmy işler ýazyldy. Ýakynda geçiriljek ''Täze Galkynyşlar zamanasy we Dehistanyň gadymy taryhy'' atly halkara ylmy maslahatynda bu gadymy ekerançylyk we maddy medeniyetli ýurduň geçmişi dogrusynda, oňa gatnaşjak alymlar tarapyndan täze ylmy maglumatlaryň hödürlenjekdigine ynanýarys. Bäşim ANNAGURBANOW, arheolog. "Edebiýat we sungat" gazeti, 22.08.2008 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |