18:48 "Gözellik öýüni" goraýan jandar | |
"GÖZELLIK ÖÝÜNI" GORAÝAN JANDAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Geçen asyryñ ellinji ýyllarynda alymlar Türkmenistanyñ öz gözbaşyny iñ gadymy döwürlerden alyp gaýdýan taryhyny ýazmaga, dürli golýazmalary, arheologik hem-de arhitektura ýadygärlikleri has içgin öwrenmäge girişdiler. Aýratyn-da, Änewiñ Seýit-Jemaletdin metjidiniñ gadymyýeti ylmy taýdan derñelende, ymaratyñ ýüzünde şekillendirilen dürli kysymly aždarhalar alymlaryñ ünsüni özüne çekipdir. Aslynda aždarhalar äpet ýylan görnüşinde teswirlenip, ynsan hyýalyndan döredilen eýmendiriji bir fantastik mahluk bolmaly. Gündogar halklarynyñ (türkmen, özbek, täjik, eýran, owgan, azerbaýjan) folklorynda, ertekilerinde, rowaýatlarynda olar ynsany gyrýan elhenç jandar hökmünde suratlandyrylýar. Käbir edebiýatlarda aždarhalar adamlary hazyna goýbermeýän ýa-da çöldäki guýularyñ, dag-derelerdäki çeşmeleriñ, hatda derýanyñ daşyny gallap ynsanlary suwdan mahrum edip ýatan gudrat edip görkezilýär. Aždarhalaryñ dürli gap-gaçlaryñ, möhürleriñ, çäýnek-käseleriñ ýüzündäki şekilleri dogrusynda dürli döwürlerde taryhçy alymlar dürli pikir ýöredipdirler. Ýöne bu janawerleriñ Änewiñ metjidi bilen näme dahyly barka? Biziñ size hödürlemekçi bolýan şu rowaýatymyz halk arasynda giñden ýaýrap, aždarhalaryñ başgarajyk gylyk-häsiýetleri barada söhbet açýar. Esasy zat hem rowaýatyñ tötänden döremänligidir. * * * Bir mahallar rysgally Änew topragynda adyllykda gyly darka ýarýan parasatly Jemal şa ýurdy dolandyrýan eken. Şol zamanlar şäheriñ merkezi derwezesiniñ gabadyndaky uly agaçdan kakylanda ses töweregi lerzana getirýän jañ asylgy durar eken. Başyna iş düşen her bir ýolagçy jañy kakmak bilen şäher halkyndan haraý soraýar eken. Günlerde bir gün halaýyk gün şol jañyñ gaty we howsalaly kakylýandygyny eşidipdir. Her kim edip oturan işini taşlap derwezäniñ agzyna ylgaşlap gelse, owsun atyp duran ägirt uly aždarhanyñ jañy kakýandygyny görüpdirler. Aždarhanyñ daş keşbi aýylganç bolsa-da, onda adamlardan özüne bolan haraý duýlupdyr. Ol bir zady görkezýän ýaly edil, daga tarap ümläpdir. Soñra bolsa öz daşuna tegelenen märekäniñ arasynda duran gollary paltaly we pyçgyly iki ussa yşarat edip, yzyna - daga tarap ugrapdyr. Üýtgeşik ahwalat keseden synlap duran Jemal şa ussalara aždarhanyñ yzy bilen gitmegi perman kylypdyr. Bilesigelijilik märekäni hem öz erkine goýmandyr. Barsalar, dagyñ gowagynda agyr jebir çekip ýatan başga bir aždarhany görüpdirler. Ol aždarha bir dag tekesini diriligine ýuwdupdyr. Emma ki onuñ buýraly uly şahlary aždarhanyñ bokurdagyna ilişip galypdyr. Köpi gören edermen ussalar aždarhanuñ açylyp ýatan agzyna girip tekäniñ etini-şahynu bölek-bölek edipdirler. Aždarha jebirden halas bolupdyr. Şundan soñ birinji gelen aždarha ussalary genji-hazynadan doly bolan bir gowaga eltipdir, şol hazynadan gereklerini almaga ygtyýar beripdir. Ertesi säher bilen şäheriñ ilatyny ýene-de jañyñ sesi biynjalyk edipdir. Olar galadan çykanlarynda iki aždarhany görüpdirler. Aždarhalar ummasyz altyn-kümüş, gymmatbaha daşlary alyp gelen ekenler. Olar getiren hazynalaryny Jemal şanyñ alnynda goýup, özleri ýene-de daga tarap gidipdirler. Jemal şa bu getirilen zatlardan uly ymarat bina etmegi, onuñ ýüzüne bolsa aždarhanyñ şekilini çekmegi hem-de ymaraty "Gözellik öýi" diýip atlandyrmagy perman kylypdyr. Şeýdip aždarhalar ençeme asyrlaryñ dowamynda "Gözellik öýüni" gorap gelipdirler. Bu rowaýt hiç üýtgedilmezden halk arasyndan alyndy. Änewli ýaşulularyñ aýtmaklaryna görä bu hekaúat azyndan iki-üç asyrlap ilat arasynda meşhur bolup, biziñ günlerimizde-de şol meşhurlygyny saklaýar. Bäşim ANNAGURBANOW. # turkmensesi_98 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |