22:12 Suw perisiniñ gözleginde | |
SUW PERISINIŇ GÖZLEGINDE
Geň-taňsy wakalar
Türkmen halkynyň kökleri müňýyllyklara uzalyp gidýän gadymy geçmişinde entege deňiç açylmadyk syrlar nänälim bolmagynda galýar. Olar arheologiýa barlaglary, ýazuw çeşmelerinde hem doly beýan edilmändir. Muňa garamazdan örän az sanly hem bolsa käbir hadysalar hakynda umumy düşünjäni berýärler. Şolaryň biri bolsa tutuş adamzat ähliniň taryhynda, edebiýatynda, folklorynda we mifologiýasynda uly meşhurlyk gazanan deňiz derýalarda ýaşaýan, belki-de, häzir hem bolup biljek suw perileri hakyndaky meseledir. Olaryň göwresi ynsan, guýrugy bolsa balyk görnüşinde bolupdyr. Biz şu ýazgymyzda öz toplan maglumatlarymyza esaslanyp olar dogrusynda söhbet açmakçy. Mälim bolşy ýaly gadymy Turanyň halklarynyň biri türkmenleriň taryhynda we edebi mirasynda saklanan adatdan daşary güýçler hakyndaky düşünjelerde rus rusalkalaryna deň gelýän «suw gyzy»- suw perileri kän bir ýatlanylmaýar. Emma biziň ýurdumyzda ýerleşýän derýalary, kölleri hem-de deňzi göz öňünde tutanyňda suw perileri barasynda düşünjeler saklanan bolmaly. Aslynda bu meseläni ilkinji bolup gozgan akademik A.N.Samoýlowiç (1880-1938 ýý.) bolmaly. Ol 1922-nji ýylda Russiýa arheologiýa jemgyýetiniň Gündogar bölüminde çykyş edip, XV asyryň çagataý şahyry Ataýynyň suw perisi hakyndaky gazalyna çeşme hökmünde salgylanýar. Bu şahyr özüniň kenarda oturan söýgüli gyzyny taryplaýan şygrynda «suw-gyzyny» görendigi, olaryň käwagt göze görünýändigi barada rowaýatlaryň hakykatdygyny ýazypdyr. Ýeri gelende bellesek slawýan halklarynyň eýýäm XIX asyrda rusalkalar hakyndaky ynançlary we rowaýatlary ýatdan çykarlyp başlapdyr. Emma hut şol asyrda Gündogar Ýewropa halklarynyň edebi keşpleriniň ösüşinde olar görnükli orny eýeleýärler. Mysal üçin, rusalkalaryň keşbi görnükli şahyrlar W.A.Žukowskiniň (1783-1852 ýý.), A.S.Puşkiniň (1799-1837 ýý.), T.G.Şewçenkonyň (1814-1861 ýý.) eserlerinde duş gelýär. Grek mifologiýasynda suw perileri «naýadalar» diýlip, atlandyrylyp, derýalaryň we ýata kölleriň ruhy hökmünde berilýär. Suw perileri hakyndaky düşünjeleriň biziň ýurdumyza yslam dini ýaýramazdan-VII asyryň ortalaryndan has ozal ornaşandygyny belläliň. Akademik A.N.Samoýlowiç hem bu ýagdaýy doly anyklamagy aýratyn mesele edip goýupdyr. Ýeri akademik M.Ý.Massonyň «suw-adamy» (adamy-aby) hakyndaky maglumatyna ünsi çekeliň. Alymyň ýazmagyna görä XIX asyrda Mekgä haç towabyn etmäge giden türkmen ulamasy (gündelikde ady tutulmandyr-B.A.) «suw adamlaryny» gözi bilen görüpdir: olar haja gelenleriň münen gaýyklarynyň ýanyndan geçselerde, deňziň kenarynda gorkman durupdyrlar. «Suw adamlarynyň» teni gara, derisi hem haýwanlaryňky ýaly tüýli bolup, saçlary garaköli baganasy ýaly buýralanyp duran gözleri sary jandarlar eken. Olaryň aýratynlygy maýmynlar ýaly bir ýerde topbak bolup ýaşaýanlygydyr. Görnükli alymyň tassyklamagyna laýyklykda şeýle sypatly adama meňzeş jandarlar mundan müňlerçe ýyllar owal biziň ýurdumyzyň deňiz derýalarynda hem ýaşapdyrlar. Şunlukda, meşhur şahyr Alyşir Nowaýy (1441-1501 ýý.) «Mejalisu-nefais» (II-nji Mejlis) eserinde Ataýynyň adyny Lutfi şahyryň soňundan we Sekkaki şahyryň öňünden getirýär. Ol «Muhakamatu-l Lugateýn» eserinde bolsa Ataýynyň Ysmaýyl ataň (şu ýerden Ataýy tahallusy-B.A.) neslinden gelip çykandygyny takyklaýar. XV asyryň ikinji derejeli çagataý şahyrlarynyň (Sekkaki, Haýdar Horezmli, Mukymy, Ýakyny Emiri, Gedaýy) arasynda Ataýy hem uly meşhurlykdan peýdalanypdyr. Biziň pikirimizçe ol horasanly teýmirleriň paýtagty Hyratda ýaşan bolmaly. Sebäbi bu şäher onuň şygyrlarynda köp ýatlanylýar. Ataýynyň eserleriniň dili we görnüşi sadadyr. Ataýynyň suw perisi hakyndaky şygyry şeýle başlanýar: «Ol sonam-kim, suw ýakasynda peri dek oturar»: Ol sonam-kim, suw ýakasynda peri dek oturar, Suw bilen ýuwdup boljak, ol şeýle bir näzli. Selsebil çeşmesine seýle çykan dek, Behişt bagyndan Köwser çeşmesine gelipdir. Ol golun ýuwmaýar, suwdan arassa, Goly bilen ýuwýar suwy, ol tämiz bolar ýaly, Indi men ynandym, didelerim bilen gördüm, aýdýarlar dogry, Kä mahallar göze görünýän, atlandyrylýan «suw-gyzy», Ataýy, seň gaşlaryňda ýaýy göreli bäri, Bu, aramgäh söýgüsiniň sütünleri ýaly, Ol, säherler mährabyň alnynda Ýasyn süresin okaýar! Bu şygyrdan aýan bolşy ýaly şahyr öz söýgülisini taryplanynda iki lenç bolan deňeşdirmäni peýdalanýar: «peri» bilen, «hüýri». Akademik A.N.Samoýlowiçiň tassyklamagyna görä bu iki deňeşdirme ortaziýa-türki edebiýatynda «suw-gyzy», ýa-da rusalka bilen meňzeşlikde gabat gelinmeýär. Biz gadymy türki dilleriň deňeşdirme sözlüginden «suw-gyzyny» rusalka manysyny berýän adalgany tapmadyk. Ataýy şahyr owadan gyzy sülük (hüri) bilen deňeşdirendir öýdemizok. Biziň pikirimizçe «hüri» (sülük, balykgulak) wengr türkşynasy A.Wamberiniň we Pawle-de Kurteliň işlerinde, şyh Süleýmanyň çagataý diliniň sözlüginde «suw-gyzy» manysyny aňladýar. Muňa W.W.Radlowyň (1837-1918 ýý.) we R.A.Budagowyň (1910-1978 ýý.) umumytürk sözlüklerindäki deňeşdirmäni mysal getirmek bolar. Şahyryň «suw-gyzyny» taryplaýan şygryna başgaça many berip bolmaýar. Sebäbi Ataýynyň ýaşan wagtynda deňizlerde we derýalarda täsinden owadan, käwagtlar adamlara görünýän «suw-gyzlarynyň» ýaşaýanlygy hakyndaky gürrüňler ýoň bolupdyr. Türkmenistanyň ýerinde suw-perileri bilen baglanşykly taryhy we tebigy ýadygärlikler köp gabat gelýär. Mysal üçin, häzirki Bäherden etrabynyň gadymy ady «Bahry-zen»- «zenanyň köli» diýmekligi aňladyp, ol rowaýatlara görä şol etrabyň çäginde ýerleşýän Durun (meýdany 9,6 ga, galadan we şähristandan ybarat: IX-XVIII aa.) şasynyň gyzy Mäherremiň ady bilen düşündirilýär. Etrap merkezinden 3-4 km. demirgazyk-gündogarda ýerleşýän oba-Abhadaranyň ady hem suw bilen baglanşyklydyr. Diýarymyzyň demirgazygynda ýerleşýän meşhur Sarygamyş kölüniň geçmişde tutulan ady Gyzdeňzi bolmaly. Ol häzirki wagtda uly çöketlik bolup, Üňüzden suw akýan wagtynda köl derejesine (boýy 150,ini 90 km) ýetipdir. Ensiklopediýaçy alym Abu Reýhan Beruni (973-1050 ýý.) ony Gyzdeňzi görnüşinde ulanypdyr. Bize bu deliliň özi suw perileriniň yzlaryny azyndan müň ýyl ozal gözlemäge iterýär. Onsaňam türkmen mifologiýasynda duş gelýän kölleriň, umuman suwuň piri-Ylýas pygamberiň keşbi nusgawy şahyrlarymyzda («Ylýas kimin köllerde», Magtymguly) ýatlanylýar. Ol Nuh aleýhyssalamyň çowlugy bolup, biziň eýýamymyzdan ozalky 880-nji ýylda arşa göterilipdir. Rowaýatlara görä Ylýas pygamber öz duşmanlaryndan suwuň astynda gizlenipdir. Sözümizi jemläp aýdanymyzda, bu ýazgynyň geljekgi derňewleriň başlangyjy boljakdygyna ynandyrasym gelýär. Sebäbi aýdanyňda adamzat taryhynda meşhurlyga eýe bolan mesele alymlaryň ünsini hökman özüne çeker. Munuň özi bolsa mundan müňlerçe ýyllar ozal ilkinji ýola ynsanýetiň hakydasynda galan hyýaly suw perileri hakynda täze maglumatlaryň gözlenip tapyljakdygyna subutnamadyr. Bäşim ANNAGURBANOW, arheolog. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||